"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Änew sardobasy

2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilen Änew şäheri köp müňýyllyk taryhly medeniýetimiziň genji-hazynasydyr. Gadymy şäher tutuş sebitde ekerançylyk, gadymy suw desgalary, maldarçylyk, binagärçilik medeniýetiniň dörän, tutuş sebitiň siwilizasiýa merkezi hökmünde şöhratlanýar. Watanymyzyň çar ýanyny gurşap alýan taryhy-medeni ýadygärlikleriň goýnunda şöhratly taryhymyzyň täsin wakalary, olaryň binagärliginde bolsa pederlerimiziň yhlas-zehininiň, döredijilik gözlegleriniň netijesi bolan baý tejribeleri jemlenýär. Şu jähtden, beýik pikir-garaýyşlar siňdirilen her bir taryhy ähmiýetli binagärlik ýa-da gadymy desga biziň şanly geçmişimize, watansöýüji ata-babalarymyza bolan hormat-sarpamyzy has-da belende göterýär.

Medeniýet diplomatiýasynyň ähmiýeti

Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryndan gözbaş alýan medeniýet diplomatiýasy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ýurdumyzda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda-da ylmy esasda hemmetaraplaýyn öwrenilýär.

Döwletli döwrandyr üsti bedewiň

Milli buýsanjymyz bolan türkmen bedewleri gadymy hem-de müdimi milletimiziň erkanalygynyň we erkliliginiň ölçegidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy zamanasynda halkymyzyň çüwen bagtynyň owadan nyşany, toýlarymyzyň, milli baýramlarymyzyň, şanly senelerimiziň bezegi bolup, bu günki gün dal bedewlerimiziň at-owazasy Äleme ýaň salýar. Halkymyzyň milli guwanjy bolan türkmen bedewi öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Olaryň owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy, berk bedenliligi, ajaýyp häsiýetleri bolsa elmydama dünýä jahankeşdleriniň, şahyrlaryň, ýazarlaryň dilinde wasp edilipdir. Behişdi bedewler biziň taryhymyza, däp-dessurlarymyza, medeniýetimize çuňňur ornaşypdyr. Ata-babalarymyzyň öz atyny maşgala agzalarynyň biri hökmünde görendigine bolsa “Ertir turup ataňy gör, ataňdan soňa atyňy” diýen nakyl hem doly şaýatlyk edýär. Dogrudan-da, ata-babalarymyz özi iýmän atyna iýdiripdirler. Özi geýmän atyny bezäpdirler. Atlaryna höregine derek gözüniň agyny, ýüreginiň ýagyny, suwa derek süýt içirip, gymmat bahaly şaý-sepler, atlas-lybaslar bilen beslän, ýele ýelken, Güne galkan bolup, olary dünýädäki ahli baýlykdan ileri tutup, goraglap gezen türkmen halkynyň gözünde bedew atyň gadyr-gymmaty düýpgöter başgaçadyr.

Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi

Biziň redaksiýamyza özüniň çeken ajaýyp suratlaryny ugradan ýaşajyk suratkeş deň-duşlaryňyzyň biri Baýramaly etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Begli Garaýewdir. Ol etrabyň çagalar sungat mekdebiniň 2-nji synpynda okap, surat çekmegiň inçe tärlerini öwrenýär. Onuň şu işlerini synlanymyzda bolsa geljekde ökde suratkeş boljakdygyna göz ýetirýäris. * * *

Nesil dowamaty

ýa-da meşhur kompozitordan ylham Halkymyzyň ruhy dünýäsine kybap, ajaýyp saz eserlerini döreden Nury Halmämmedowy tanamaýan az-az bolsa gerek. Ussat kompozitor hakynda ençeme işler edilip, ýazgylar, makalalar, oçerkler, ýatlamalar ýazyldy. Biziň bu makalamyz meşhur ussadyň özüne däl-de, onuň neberelerine bagyşlandy.

“Ýaşlar - Watanyň daýanjy”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda kämil nesilleri kemala getirmekde alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, Watanymyzyň şan-şöhratynyň belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýy bar. Biz - ýaşlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kämil paýhasynyň, durmuşa geçirýän ynsanperwer syýasatynyň netijesinde bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eýesi bolduk. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi röwşen gelejegiň eýeleri bolan biz - ýaşlaryň kämil bilim almagymyza, döretmegimize, zähmet çekmegimize, berkarar döwletimize ak ýürekden gulluk etmegimize uly mümkinçilikleri döredýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda Watanymyzyň gülläp ösmeginde ýaşlar uly güýç bolup durýar. Muny Gahryman Arkadagymyz hem, Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem yzygiderli nygtaýar, ýaşlara bil baglaýandyklaryny aýdýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilkinji eserini ýaşlara bagyşlap, oňa “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” diýip at bermegi ýöne ýerden däl bolsa gerek. Ýurdumyzda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin ähli şertler döredilip, olara jogapkärli wezipeler ynanylýar. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň adynyň b

Bäşgeldi Garajaýew — teatr sahnasynda ýaşaýan suratkeşlik

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde ussat türkmen teatr suratkeşi Bäşgeldi Garajaýewiň 75 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp döredijilik sergisi guraldy. Sergide Nazar Geldiýewiň «Seýdi», Setdar Garajaýewiň «Görogly», Berdi Kerbabaýewiň «Japbaklar», belarus dramaturgy Alekseý Dudarewiň «Agşam», Nadežda Ptuşkinanyň «Gitme», Gylyçmyrat Kakabaýewiň «Nejep oglan», Bazar Amanowyň «Mollanepes» pýesalarynyň sahna bezegleriniň we eşikleriniň eskizlerini görmek bolýar. Şeýle hem sergi diwarlygynda kinofilmlere döredilen bezeg eskizleri we portret teatr-bezeg sungaty ýerleşdirilipdir. Bäşgeldi Garajaýew 1964-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebine teatr-bezeg sungaty bölümine okuwa girýär. Ol turuwbaşdan Şamuhammet Akmuhammedow we Annadurdy Almämmedow ýaly mugallymlardan galamda we reňkde surat çekmegi, teatr taslamalaryny tapmagy öwrenýär. 1969-njy ýylda okuwyny üstünlikli tamamlan ýaş zehin Marynyň Kemine adyndaky drama teatryna işe ýollanýar. Ol ilkinji gezek režissýor Durdymämmet Öräýew bilen bilelikde gyrgyz dramaturgy Mar Baýjyýewiň «Duel» atly dramasyny sahnalaşdyrýar. Soňra režissýor Abdylla Ýakubow bilen «Oba durmuşy», «Bilezik», «Gurluşykçylar» ýaly sahnalaryň üstünde işleýär. Suratkeş öz döreden eserlerinde elmydama adamy öňe sürmäge çalyşýar. Bu bolsa aktýorlaryň

«Magtymguly, öwüt bergil söz bile...»

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy türkmen halkyna gymmatly edebi hazynany miras goýdy. Onuň eserlerinde iň köp ýüzlenilýän mesele-de ahlak gymmatlygydyr. Hut şonuň üçinem ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde, sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde Pyragynyň döredijiligine yzygiderli salgylanýarys. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirýän wagyz-ündew çärelerimizde hem akyldaryň öwütleri biziň üçin iň esasy gollanma. Şahyryň şygyrlary her bir ynsana durmuşda dogry ýoly salgy berýär. Şol gymmatly setirleri özüne hemra edinen adam jemgyýetde öz mynasyp ornuny tapyp bilýär. Sebäbi şahyr: Ýagşylykda ile özün tanydan, Alkyş alyp derejesi zor bolar –

Habar beriş serişdeleriniň ykdysadyýetine bagyşlanan neşir

Golaýda «Ylym» neşirýatynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Agamyrat Mämmedowyň «Habar beriş serişdeleriniň ykdysadyýeti we menejmenti» atly okuw kitaby neşir edildi. Ol bazar şertlerinde hereket edýän köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ykdysadyýetine, menejmentine we marketingine bagyşlanandyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow žurnalistleriň jemgyýetiň öňünde durýan wezipelerini kesgitlemek bilen, «Dünýä tejribesini öwrenmek we özleşdirmek, täze media-tehnologiýalary işjeň peýdalanmak hem-de bilelikdäki maglumatlar taslamalaryny işläp taýýarlamak, ýurdumyzyň žurnalistleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak zerur» diýip nygtaýar.

Nesil terbiýesinde milli türkmençilik mekdebi

Halkyň ýaşaýyş-durmuşy bilen deň derejede ösýän edep-terbiýe kämilleşýär, arkama-arka dowam edýän ýörelgelere öwrülýär. Ýaş neslini eý gören ata-babalarymyz nesillere asylly däpleri, halallyk ýoluny hem-de edep-terbiýäni miras galdyrypdyr. Asyllylyk, halallyk, Watana wepalylyk, zähmetsöýerlik ýaly ýörelgeleri ýaşlaryň aňyna guýmak döwrümiziň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Ýaşlaryň maşgalada, köpçülik ýerlerinde özüni alyp baryşlary ýaşulularyň nazaryndan sypmandyr. Olar durmuş tejribelerini dilewar, märekesöýer, şahandaz, guýmagursak zehinli adamlar tarapyndan döredilen halky eserlere siňdirip, perzentleriniň aňyna guýmagyň hötdesinden gelipdirler. Ýiti aňyň, dury akyl-paýhasyň, ýatkeşligiň eýesi bolan pederlerimiz özleriniň döreden eserlerini hakydalarynda aýawly saklap, nesilden-nesle geçirip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly hem-de öňdengörüjilikli syýasaty bilen dolandyrylýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne-de ýetiripdirler. Türkmenlerde nesil terbiýesine uly üns berlipdir. Ýaş nesli halal, dogruçyl, zähmetsöýer adamlar edip ýetişdirmek hakda aladalanylypdyr. Çaga ilkinji terbiýäni maşgalada alýar. Ýaşlaryň ruhy-ahlak terbiýesinde maşgalanyň orny uludyr. Agzybir, halal zähmet çekýän maşgalada kämil şahsyýetler kemala gelýär. Türkmen maşgalasynda terbiýe diňe öwüt-ündew bilen däl, eýsem, görüm-görelde bilen berilýär. Şonuň üçin terbi

«Kompozitor»

hakda kelam agyz Golaýda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardamy bilen Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde «Kompozitor» atly täze çeper film surata düşürilip, teleýaýlymlarda halk köpçüligine ýetirildi.

Buýsançly taryhymyz — beýik geljegimize badalga

Türkmen halkynyň Milli Lideri Alym Arkadagymyzyň adamzadyň bagtyna gönükdirilen sahawatly işlerini üstünliklere besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpmilletli agzybir halkymyzy jebislik, bitewülik we Watanymyzyň beýik ösüşleriniň hatyrasyna yhlasly hem-de döredijilikli zähmete joşdurýan, beýik üstünliklere ýetirýän kämil mekdepdir. Ol kämil mekdep şöhratly geçmişimiziň durmuş sapaklaryny okadyp, milli taryhymyza hormat goýmagy öwredip, ýagty geljegimize şugla saçýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan çykan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň baýram edilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giň okyjylar köpçüligi üçin gymmatly sowgat boldy.

Änew — taryhy mekan

Änew şäheriniň üstümizdäki ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýen derejäni götermegi mynasybetli şu günler welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan gyzykly çäreler geçirilýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat, etrap birleşmeleri tarapyndan edara-kärhanalardaky işjeň agzalarynyň arasynda guraýan “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikler, maslahatlardyr duşuşyklar, taryhy ýerlere syýahatlar uly gyzyklanma eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Änew—müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly täze kitaby Änewiň baý taryhyny öwrenmekde gymmatly hazynadyr. Şoňa görä-de, ildeşlerimiziň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çärelerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserine salgylanyp, gadymy Änewiň şöhratly ýoly, şeýle-de şu güni dogrusynda täsirli gürrüň edilýär. Adamzat medeniýetiniň ilkinji ösen merkezleriniň biri hökmünde ykrar edilen Änewdäki Seýit Jemaleddin ýadygärligi, gadymy galalar we beýleki taryhy ýerler bu topragyň şan-şöhratyndan habar berýär.

Gadymy medeniýet ojagy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda biri-birinden zyýada gelýän her bir ýyl türkmen halkynyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly şygary astynda geçýän şanly ýyl hem taryhy ähmiýetli wakalara sapýar. Üstümizdäki ýylda welaýat merkezimiz Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýen derejäni götermegi bilen bagly geçirilýän çäreler taryhy ähmiýetliligi bilen ünsi çekýär. Türkmenler gadymyýetde we orta asyrlarda edermen hem merdana millet hökmünde dünýä taryhynda şöhratly yz galdyrypdyrlar. Dünýäde iň gadymy ekerançylyk medeniýetleriniň biri bolan Jeýtun, Änew medeniýetlerini, Altyndepe siwilizasiýasyny, Marguş şalygyny döredenler biziň şöhratly ata-babalarymyzdyr. Bu barada Arkadagly Gahryman Serdarymyz “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynda aýratyn belläp geçýär. Alymlar bu topragyň her daban ýeriniň taryhdygyny, gymmatly tapyndylara baýdygyny biragyzdan tassyklaýarlar.

Köňül söýgedi — saz

Şahyr aýtmyşlaýyn, ömür diýip berlen zady abraý bilen başdan sowaýmada iş bar. Şonuň üçinem adamzat dünýä gelensoň, mynasyp ýaşamaga çyr-çytyr ýapyşýar. Manyly ömür ýaşap, il-güne haýyrly iş edip, gerekli adam bolmaga çalyşýar. Şunda welin, göwün söýen kesbi-käriň, hünäriň wajyp. Ýakynda tomaşaçylara ýetirilen «Kompozitor» atly çeper film hem saz sungatyny kesp-kär edinen adam baradaky tolgundyryjy wakalary beýan edýär. Bu film Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýakyndan ýardam bermeginde surata düşürildi. Filmiň şowly çykmagynda režissýor Maksat Gylyjowyň mynasyp artistleri saýlamagyň hötdesinden gelendigini turuwbaşdan bellän ýagşy. Biz hem filmiň baş gahrymany — Merdanyň ululygyndaky keşbini ýerine ýetiren Atageldi Rozyýew bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik. — Atageldi, sözümiň başynda şowly çykan filmiňiz bilen gutlaýaryn. Höwri köp bolsun!

Mahmal owazly aýdymçy

Ýaşlykda çaganyň zehinini, başarnygyny ýüze çykarmak onuň geljekki ykbalyna, uly durmuşda mynasyp ornuny tapmagyna özüniň täsirini ýetirýär. Gep şol zehin uçgunlaryny wagtynda duýup, ony dogry ýola gönükdirmekde. Bu babatda Jepbargulynyň bagty çüwdi. Ol sungata sarpa goýulýan maşgalada doguldy, kemala geldi. Jepbarguly ýaşlykdan aýdym-saza höwesek bolýar. Entek ol çagaka kakasynyň gullukdaş dosty, meşhur aýdymçy Annaberdi Atdanow welaýatymyzda döredijilik saparynda bolýan wagtynda olaryň öýlerine myhmançylyga gelýär. Ol çagajygyň aýdym aýdyşyny diňläp, Jepbargulynyň kakasyna ýüzlenip: «Şu ogluňda zehin bar, geljekde ol ussat aýdymçy bolup ýetişer» diýip, oňa uly baha berýär.

Milli gymmatlyklarymyza belent sarpa

Türkmen halkynyň ady äleme dolan meşhur ahalteke bedewleri milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi hasaplanylýar. Çünki kyn günüňde dosta, toý günüňde gardaşa deňelýän bedewlerimiz dünýä medeniýetiniň, adamzat ýaşaýşynyň ösüşine mynasyp goşant goşan halkymyzyň uçar ganatydyr, köňül telwasydyr. Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen milli atçylyk pudagyny ösdürmekde durmuşa geçirilýän giň gerimli işler behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny tutuş dünýäde dabaralandyrmakda giň mümkinçilikleri açýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininiň miwesi bolan «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Gadamy batly bedew» atly kitaplarynda hem halkymyzyň şöhratly ahalteke bedewlerine bolan garaýşy öz beýanyny tapýar.

Müňýyllyklaryň ýaňy

Golaýda Aşgabat şäher häkimliginiň mejlisler zalynda gurluşyk we senagat toplumynyň guramagynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň aýdym-sazly tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara medeniýet we sungat ussatlary, döredijilik işgärleri, Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän, gadymy Änew şäheriniň taryhyndan habar berýän «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze eserini okanyňda, halkymyzyň şöhratly geçmişiniň bardygyna aýdyň göz ýetirip, ata Watanymyza bolan söýgiň has-da beýgelýär. Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň halk köpçüligi, aýratyn-da, ýaşlar üçin gymmatyny we ähmiýetini belläp geçdiler. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň galamynyň ýiti, gymmatly eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.

Kalplary gözelleşdirýän gözellik

Zähmet rugsadymda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň kaşaň myhmanhanalarynyň birinde dynç almak miýesser etdi. Ol ýerde aýratyn täsir galdyran zat myhmanhananyň gözelligine gözellik goşýan surat eserleri boldy. Suratkeşleriň döreden biri beýlekisinden çeper, täsirli eserlerini synlap durşuma «Uly tolkun» diýlip atlandyrylan peýzaž has-da ünsümi özüne çekdi. Görüp otursam, bu eseri döreden balkanabatly suratkeş Nazmämmet Satlykgulyýew eken. «Uly tolkunyň» täsirinden çykyp bilmän durşuma Balkanabada bardygym suratkeşiň özüne sataşyp, beýleki döreden eserleri bilen içgin tanyşmak islegi döredi.

Nusgawy şahyryň nesilleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň «Arkadag» teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda Magtymguly etrabynda geçirilen «Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy» atly dabaraly çärä gatnaşmak miýesser etdi. Aýdym-sazly çäre tamamlanandan soňra, Gyzylarbat etrabyna tarap ýola düşüp, ol ýerde Magtymguly Pyragynyň ýegeni Gurbandurdy Zeliliniň çowlugy Ogulbike Jumaýewanyň öýüne myhmançylyga bardyk. Şonda bizi töri bezäp oturan eneler — uýalaryň ulusy, 88 ýaşyndaky Ogulnur ene, ortanjysy, 79 ýaşyndaky Durdybike ene, kiçileri, şol ojagyň eýesi, 75 ýaşyndaky Ogulbike ene güler ýüz bilen garşyladylar.