"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Aýdym bolup ýaşaýar

(oçerk) Köplenç, dynç alyş günleri Türkmenistanyň at gazanan artisti, daýym Habyp Mämmetýarowlara myhmançylyga barardyk. Daýymyň ýanýoldaşy Jeren Mämmedowa-da şygyr ýazmagyň ussadydy. Onuň sözlerine ýazylan «Halyçy gelin» aýdymy şu günler hem adamlara lezzet berýär. Şeýle bolansoň, Maýa Kulyýewa, Annagül Annagulyýewa, Hoja Annaýew, Hojaw Annadurdyýew, Myrat Sadykow ýaly sungat ussatlary hem bu ojagyň hormatly myhmanlarydy, sungata degişli gürrüňler bolsa hemişe gyzykly bolýardy. Bir gezek göwresi owadan keşbine ýaraşyk berýän Annagül Annagulyýewa aňyrdan ýylgyryp gelşine:

Palçykdan gözellik döredýän zenan

Bahtiýar külalçynyň gyzy Habiba ata kesbiniň diňe ogla däl, gyza-da halaldygyny subut etdi. Ol çagalykdan kakasynyň ýanynda bolup, bu gadymy senediň inçe tärlerini birkemsiz öwrendi. Habiba ilki surat çekip başlady. Surata ökdelänsoň, kakasynyň ýasaýan keramiki gap-gaçlaryny owadan nagyşlar bilen bezäp çykdy. Palçykdan türkmen halk ertekileriniň, multfilmleriň gahrymanlarynyň şekillerini ýasap başlanda halypasy, külalçylyk senediniň ussady Bahtiýar Hojaniýazow gyzynyň bu käre ýüregi bilen berlip, çyn yhlas edýändigini duýdy. Habiba ilkinji gezek zenan heýkelini ýasaýşy barada şeýle gürrüň berdi:

Ýaş, meşhur aktrisa

Ýaşlygyna garamazdan, gözelligi we zehini bilen köpleriň ünsüni özüne çeken Afra Saraçogly 1997-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Stambul şäherinde dünýä inýär. Afra Saraçogly orta bilimi Antalýa şäherinde alyp, okuwyny Osmangazy uniwersitetinde dowam etdirýär. Onuň ejesi Lütfiýe Saraçoglynyň Afranyň suratlaryny meşhur kinorežissýor Özjan Deňize ugratmagy netijesinde Afra 2016-njy ýylda uniwersitetde okaýan döwründe «Ikinji mümkinçilik» atly filmde ilkinji keşbini janlandyryp, sungat älemine gadam basýar. Kino sungatyna bolan höwesi, şeýle hem tutanýerliligi we erjelligi bilen tanalan Afra 2017-nji ýylda «Fazylet hanym we gyzlary» serialynda Ejäniň keşbini janlandyryp, ähli kinosöýüjiler tarapyndan gyzgyn garşylanýar. Sungat dünýäsiniň ýaş we zehinli aktrisalarynyň arasynda ilkinji hatarda durmagy başaran Afra Saraçogly gysga wagtyň içinde üstünligiň basgançaklaryna örän çaltlyk bilen çykmagy başarýar. Ol 2017-2018-nji ýyllarda «Erbet çaga», «Gowy oýun», «Bu söýgümi?» atly seriallarda baş keşpleri ussatlyk bilen janlandyrýar. Bu keşpleriň üsti bilen Afra diňe bir Türkiýäniň çäginde däl, eýsem, dünýä ýüzünde özüni tanatmagy we meşhurlyk gazanmagy başarýar. Sungata ymykly girişen Afra 2019-2020-nji ýyllarda «Doganlaryň çagalary», «Mugallym» seriallarynda baş gahrymanyň keşbini janlandyrýar. Ýerine ýetirýän keşpleriniň üsti bilen has-da kämilleşen Afra 2022-n

Akyldar şahyr kino sungatynda

Magtymguly Pyragy türkmeniň guwanjy, onuň paýhasa eýlenen şygyrlary akyl-paýhasyň, ruhubelentligiň belent nusgasy. XX asyryň 40-njy ýyllarynyň başlarynda akyldar şahyrymyzyň hormatyna dabaraly çäre geçirmek göz öňünde tutulypdyr. Emma, 1941-nji ýylyň 22-nji iýunynda Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagy bilen şeýle çäre goýbolsun edilipdir. Ýöne şol döwrüň teatrlarynda iki-ýeke spektakllar, operalar sahnada goýlupdyr. Mysal üçin, Berdi Kerbabaýewiň «Halk şahyry» atly spektakly 1941-nji ýylyň dekabrynda sahnalaşdyrylypdyr. Şol ýyl ilkinji türkmen operasy bolan «Zöhre-Tahyr» atly opera sahnada goýlupdyr. Ýazyjy Gylyç Kulyýewiň Magtymguly şahyra bagyşlap ýazan «Gowgaly günler» romany boýunça teatryň sahnasynda oýun goýlupdyr. Magtymguly Pyragy hakynda ilkinji çeper film bolsa 1968-nji ýylda döredilipdir. Bu jogapkärli iş Türkmenistanyň halk artisti, meşhur artist we režissýor Alty Garlyýewe ynanylypdyr. Elbetde, 1966-njy ýylda «Aýgytly ädim» ýaly dünýä belli filmi döreden ussada şeýle filmiň ynanylmagy ýerine düşen hakykat. Kino sungatynda milli gahrymany ynandyryjy edip görkezmegi, mili däp-dessurlary, edim-gylymlary çeper beýan etmegi başaran Alty Garlyýew bu işe tüýs laýyk gelen sungat adamydy. Onsoňam, ol entek «Aýgytly ädim» çeper filmini surata düşürip ýören wagty Magtymguly Pyragy barada maglumatlary ýygnap, onuň döredijiligi bilen gyzyklanypdyr. Ol şol wagtlar hatda Magtymgu

Söz ussadynyň owazly şygyrlary

XVIII asyryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen halkynyň ruhy gymmatlygyna öwrüldi. Magtymgulynyň dünýägaraýşy türkmen halkynyň durmuşynda tutuş bir döwri şekillendirdi. Akyldar şahyryň şygryýet mirasy onlarça meşhur sazandalardyr döredijilik adamlaryny ruhlandyrdy we ruhlandyrýar. Magtymgulynyň poeziýasynyň özboluşlylygyny kesgitleýän — goşgularyň içki mukamlylygy, şahyrana sözleýşiň üznüksizligi ýaly aýratynlyklar ony saz pikirlenişiň esasy bilen ýakynlaşdyrýar. Magtymgulynyň poeziýasy diňe bir saz sungatynyň ösüşini höweslendirmän şeýle hem, aýdymçylaryň we sazandalaryň şahsy eserlerini döredenlerinde salgylanýan özboluşly nusgasy bolup durýar. Halk-professional aýdymçylaryň aýdýan aýdymlarynyň agramly bölegi Magtymgulynyň goşgularyna degişlidir. Şahyryň pähimli öwütleri, nesihat beriji, pikir alyşýan şeýle hem yşky-liriki, filosofiýa ýugrulan eserleri aýratyn söýgä eýedir. Magtymgulynyň goşgulary köplenç aýdym hökmünde aýdylypdyr ýa-da mukam çalynýarka okalypdyr.

Gadymy toprakda halyçylyk sungaty

Ýakynda Milli Liderimiz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyranda geçen asyryň 20-nji ýyllarynda döredilen Gökdepe çeper haly fabrigi barada aýdyp, onuň öz döwründe ýurdumyz boýunça öňdebaryjy kärhanalaryň biri bolandygyny nygtady. 1927-nji ýylda rus alymy S.Dudin: «Türkmenleriň we parslaryň haly önümlerini taýýarlamakda ulanýan usullarynyň, dokma stanogynyň gurnalyşynyň, haly dokamakda materiallary ulanmagyň tärleriniň, reňkleriň utgaşyklylygynyň, şeýle-de halylaryň çeperçiliginiň biri-birinden düýpgöter tapawutlanmagy türkmenleriň halyçylyk senedi bilen has gadymy döwürlerden bäri meşgullanyp gelýändigini görkezýär» diýip ýazypdyr.

Medeniýet hepdeligine

Milli medeniýetiň galkynyşy Medeniýet umumadamzat üçin düşnükli bolan umumy dildir, halklaryň köňül zybanydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň milli medeniýeti halkyň kalbyna deňemeginde ägirt uly many bardyr. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap teatrlaryň, muzeýleriň, kitaphanalaryň, medeniýet öýleriniň we döredijilik merkezleriniň gurlup ulanmaga berilmegi hem milli medeniýetimizi ösdürmek, halkymyza hödürlenilýän medeni hyzmatlaryň gerimini giňeltmek babatda durmuşa geçirilýän ägirt uly işleriň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini tassyklaýar.

Sungata maýyl suratkeş gyz

Ýurdumyzyň ösüşlerini, gözel tebigatymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik işlerini öz eserlerinde wasp edýän ýaş suratkeşleriň biri-de Hatyja Gurbanowadyr. Ol çagalar çeperçilik mekdebimizde zehinli okuwçylaryň hatarynda tanalýar. Ýaş suratkeş mekdebimiziň mugallymlary Göwher Hojanazarowadan, Zelili Amanjaýewden sungatyň inçe syrla- ryny öwrenýär. Suratkeş gyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli ýagly reňkler bilen kendire çeken «Watan jemalyndan joşa düşüp sen» atly suraty örän şowly çykypdyr. Onuň Magtymguly Pyraga bagyşlap döreden eserinde şahyryň keşbi, türkmen tebigatynyň gözellikleri açylyp görkezilýär. H.Gurbanowanyň bu eseri häzir Balkanabat şäherindäki öz okaýan 22-nji orta mekdebiniň giň zalyny bezeýär.

Hakydada ýaşaýan ýatlamalar

Beýik şahsyň ýaşan, okan, atasyndan tälim alan, öçmejek yz galdyran setirlerini dünýä inderen, Magtymguly Pyragy bilen baglanyşykly gören, eşiden we ýadymda galan wakalary paýlaşmagy ýerlikli hasap edýärin. Men Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Gerkez obasyndaky Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän orta mekdepde 1960-1961-nji okuw ýylynda birinji synpda okuwa başladym. Şol ýylyň güýz aýlary mekdebimiziň meýdançasynyň görnükli ýerinde «Bu ýerde Gündogaryň beýik akyldary Magtymgyly Pyragynyň heýkeli oturdylar» diýen ýazgyly owadan daş goýuldy. Hut şol ýyl hem Magtymguly Pyragynyň doglan senesine bagyşlanan dabaralar geçirildi. Etrap merkezine Aşgabatdan artistler geldiler. Biz olaryň çykyşlaryna sabyrsyzlyk bilen garaşypdyk. Ine-de, artistleriň ýerine ýetirmeginde akyldar şahyryň ömür pursatlaryna degişli sahna oýny görkezildi.

Mukamçy kompozitor

Türkmen döwlet teleradiosynyň halk saz gurallary ansambly Pürli Saryýewyň ýolbaşçylygynda. 1962 ý.Çepden saga, birinji hatarda: Giçgeldi Amanow, Hangeldi Annamyradow, Pürli Saryýew, Tugur Berdinyýazow, Dörtguly Durdyýew; ikinji hatarda: Kiçi Geldimyradow, Ýagmyr Nurgeldiýew, Geldi Ugurlyýew, Garýagdy Alyýew. Gahryman Arkadagymyz «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda: «Türkmen sungatynyň ösüşinde öz aýdym we saz eserlerini halkyň ruhunda döreden bagşy-sazandalaryň tutýan orny uludyr. Halk arasynda bu bagşylar we sazandalar «mukamçy» diýen ada eýe boldular. XX asyryň 30-njy ýyllarynda Täçmämmet Suhangulyýew, Pürli Saryýew we Sahy Jepbarow tarapyndan başlanan bu däp soňra Geldi Ugurlyýew, Durdy Saparow, Tugur Berdinyýazow, Çary Täçmämmedow, Ata Ablyýew, Dörtguly Durdyýew, Döwletgeldi Ökdirow, Hangeldi Annamyradow, Jepbar Hansähedow, Ýagmyr Nurgeldiýew tarapyndan üstünlikli dowam etdirildi» diýip belleýär.

Änew — älemiň buýsanjy

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) yglan etmegi bilen baglylykda, Änew şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen derejäni göterýär. Munuň özi türkmen topragynyň tutuş dünýäde ösen medeni ojaklaryň kemala gelen ýeridigini, gadymy Änewiň umumadamzat gymmatlyklaryny bitewüleşdirmekde we kemala getirmekde örän uly ornunyň bardygyny görkezýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadymy türkmen topragynyň taryhy künjegi — Änew has-da ösüp özgerýär, ylmy taýdan giňişleýin öwrenilýär, halkara çärelerini we täze taslamalary durmuşa geçirmäge hemişe taýýardygy nukdaýnazardan ünsi çekýär. Şoňa görä-de, üstümizdäki ýylda buýsançly derejä eýe bolan bu şäherde guralýan dabaralar, baý mazmunly çäreler diňe bir ýurdumyzyň däl, tutuş Türki dünýäsiniň taryhyna hem altyn harplar bilen ýazylýar.

Çalsana, bagşy!

Ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäginde ýurdumyzyň dutarçy bagşy-sazandalarynyň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry guramaçylykly geçirildi. Änew şäherindäki Medeniýet öýünde geçen bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna gatnaşan bagşy-sazandalaryň zehin-başarnyklaryny, ussatlyklaryny görkezmegi üçin ähli şertler döredildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň baý geçmiş mirasyny, dutar ýasamak senetçiligini, dutarda ýerine ýetirijilik, bagşyçylyk sungatyny geljekki nesillere ýetirmek we dünýäde giňden wagyz etmek, halypa-şägirtlik däplerini pugtalandyrmak, şeýle-de täze zehinleri ýüze çykarmak babatdaky uly ähmiýete eýe bolan döredijilik bäsleşigi özboluşly sungat baýramçylygyna öwrüldi. Onuň barşynda bäsdeş bagşy-sazandalar türkmen halk aýdym-sazlaryny, mukamçy kompozitorlaryň döreden eserlerini ýerine ýetirmek boýunça başarnygyny aýan etdiler.

Edebi we ebedi gatnaşyk

Azerbaýjan Respublikasynyň milli Ylymlar akademiýasynyň Nyzamy Genjewi adyndaky Edebiýat institutynyň bölüm müdiri, filologiýa ylymlarynyň doktory Tohfe Talibowa ýakynda paýtagtymyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara ylmy maslahata gelende «Azerbaýjan — Türkmenistan edebi gatnaşyklary. 1912-2022-nji ýyllar» atly kitabyny sowgat getirdi. Dürli ýyllarda, esasan hem, Garaşsyzlyk ýyllary içinde azerbaýjan we türkmen alymlary iki dostlukly halkyň edebi gatnaşyklaryny ösdürmekde uly hyzmatlary bitirdiler. Kitap şeýle gatnaşyklaryň ylmy seljermeleriniň beýany bolup, onda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmekde azerbaýjan alymlarynyň alyp baran köpugurly işlerine-de syn berilýär. Uzak ýyllaryň ylmy gözlegleriniň netijesini özünde jemleýän bu kitap türkmen magtymgulyşynaslarynda hem uly gyzyklanma döreder diýip umyt edýäris.

«Aşgabadyň» joşguny

Aşgabat şäher häkimliginiň «Aşgabat» döredijilik topary ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklara, festiwallara, daşary döwletlerde geçirilýän Medeniýet günlerine işjeň gatnaşýar. «Aşgabat» döredijilik topary 2008-nji ýylyň 20-nji iýunynda döredildi. 2009-njy ýylyň 28-nji dekabrynda durky täzelenip ulanylmaga berlen «Watan» kinokonsert merkezinde «Aşgabat» orkestri, tans topary üçin işlemäge, aýdymçylar üçin ses ýazgylaryny etmäge ähli mümkinçilikler döredilendir. 2011-nji ýyldan häzirki wagta çenli «Aşgabat» orkestrine Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Töre Orazgeldiýew ýolbaşçylyk edýär. Ol «Mähriban», «Pyragy», «Bagtyýarlyk nagşy» ýaly sazlary döretdi, şeýle hem türkmen halk sazlary «Dag arman», «Neýläýin», «Bady-sabany görsem», «Ýar-ýar», «Balsaýat» ýaly eserleri täzeden işläp, konsertlerde, medeni-köpçülikleýin çärelerinde orkestr bilen bilelikde ýerine ýetirýär.

Arkadagdan arkaly nesiller

Halylmyrat Kakadurdyýew şu ýyl Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi bolmagy başardy. «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyrynda bolsa abraýly orna mynasyp boldy. Bary-ýogy ikinji synp okuwçysyny köpüň içinden parhlandyryp öňe çykaran zat nämekä?! Ýiti zehin. Halylmyradyň üç-dört ýaşlaryndaky aýdan aýdymlarynyň şekilli ýazgysyna tomaşa etmeseň, ikirjiňlenäýmede biçem däl. Öýlerinde raýyna garalýan çagadygyny görseňiz bilersiňiz. Saz gurallary diýjekmi, abzallaşdyrylan otag diýjekmi... Kakasy Çarymyrat bilen ejesi Aýjeren balalarynyň arzuwlarynyň wysala gowuşmagy üçin ellerinden gelenini edýärler. Bu işde has-da Aýjeren janypkeş. Onuň aýdyşyna görä, Akgoňur obasyndaky toýlarda ogluna aýdym aýtdyrmak üçin toýuň ahyrlaryna garaşan gezekleri kän eken. Halylmyradyň aýdym aýdyp bilmedik toýlaryndan kes-kelläm gaýtmajak bolşuna-da köp gezek şaýat bolan. Aýjeren şu zatlary gürrüň berýärkä, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözlerini gaýta-gaýta dile getirýär. Onuňam sebäbi bar. Dogabitdi şikesliräk çaganyň ugruna köpräk seredilegen bolýar. Maşgaladaky iki ogluň kiçisi Halylmyrat şolaryň biri. Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna saglygyny dikeldýänçä, ýaşajyk aýdymçynyň naharyny hem agzyna tutduryp iýdiripdirler. Çemçe,

«Keşdeçilik sungaty – mirasymyň zynaty» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Şu gün paýtagtymyzyň Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebinde «Keşdeçilik sungaty – mirasymyň zynaty» atly talyp gyzlarynyň arasynda terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu geçirilen maslahata Aşgabat şäheriniň 109-nji çagalar bagynyň terbiýeçi we usulyýetçisi mähriban ene Gülnar Gaýirowa, 132-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň başlangyç mugallymy mähriban ene Ogultäç Babaýewa, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Oguljemal Çaryýewa şeýle hem Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Güljan Ýusupowa we okuw mekdebiň talyplary gatnaşdylar.

Milli gymmatlyklara buýsanç

26-njy maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisi geçirildi. Dabaraly çäreleriň öňüsyrasynda Türkmen halysynyň milli muzeýinde sergi guraldy. Onuň çäklerinde haly sungatynyň nusgawy we döwrebap görnüşleri görkezildi. Muzeý bilen ýanaşyk meýdançada ýaýbaňlandyrylan obanyň her bir künjeginde halyçylaryň döredijilikli zähmeti, haly dokalyşynyň yzygiderliligi şöhlelendirildi. Döredijilik toparlarynyň çykyşlary Türkmen halysynyň milli muzeýinde emele gelen baýramçylyk şatlygyny artdyrdy. Hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dabara gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Nepisligi, inçeligi, ýüpek ýaly ýumşaklygy, dürli öwüşginli lowurdysy, gözüňi gamaşdyrýan owadanlygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary, diline, sungatyna, asylly däp-dessurlaryna bolan egsilmez söýgüsi jemlenendir diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda nygtaýar.

Dürler hazynasy

Golaýda Aşgabat şäher häkimliginiň mejlisler zalynda Gurluşyk we senagat toplumynyň guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çap edilen «Magtymguly» atly täze kitabyň aýdym-sazly tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň garamagyndaky kärhanalaryň işgärleri, şeýle hem medeniýet we sungat ussatlary gatnaşdylar. Aýdym-sazly dabarada çykyş edenler kitabyň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Dabaranyň dowamynda belentden ýaňlanan aýdym-sazlarda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk owazlary belentden ýaňlandy.

El hünäri il gezer

Güneşli ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň toý-baýramçylyklara, şanly dabaralara we taryhy wakalara sepleşmegi ildeşlerimiziň her biriniň göwnüni ganatlandyrdy, ruhuny tug deýin belende göterdi. Şol dabaralary ýatlap, kalbyňa dolan şatlygyň, buýsanjyň barada söz açmagam, söhbet etmegem ýakymly. Baýramçylyk günlerinde hormatly Prezidentimiziň Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşmagy, şeýle-de paýtagtymyzda «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly maslahatyň geçirilmegi hakydamyza we ruhy dünýämize täsirli duýgulary bagyşlady. Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ýola goýlan özara bähbitli hyzmatdaşlyklar, hoşniýetli gatnaşyklar iki halkyň bähbidine hyzmat etmek bilen, dost-doganlygyň, ylalaşyklylygyň we ynanyşmagyň binýadyny berkidýär. «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly maslahatyň öň ýanynda Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, hormatly Prezidentimiziň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň Başlygynyň orunbasary Şen Ýueýue bilen söhbetdeş bolup, türkmen we hytaý halklarynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary barada pikir alyşmaklary, şeýle-de Milli Liderimiziň agtyjagy Aýjereniň öz ýürek mahrini siňdirip, ýerine ýetiren el işini myhmandan HHR-iň Başlygy Si

Döwrüň döredijilik güýji

Milli medeniýetiň gülleýän ýurdy Ähli döwürlerden, asyrlardan aşyp, müňlerçe ýyllyk taryhy ýoly geçip gelýän medeniýet, sungat ynsan kalbyna ýakyn ruhy gymmatlyklaryň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz medeniýeti, sungaty, edebiýaty ösdürmäge we döredijilik işgärleriniň işlemekleri, döwrebap eserleri döretmekleri üçin şertleri döretmäge uly ähmiýet berýäris. Medeniýet ulgamynyň kämilligi jemgyýetiň kämilligidir!» diýip belleýşi ýaly, medeniýet jemgyýetiň we döwletiň döredijilik güýjüdir, kuwwatydyr.