"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Milli medeniýet — halkymyzyň gymmatly mirasy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli medeniýetimiz dünýä ýaýylýar, alymlar, edebiýatçylar tarapyndan ylmy esasda çuňňur öwrenilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýen parasatly sözlerinde milli medeniýetimiziň örän uly gymmatlykdygy aýdyň beýan edilýär. Halkyň döreden medeniýetine berlen bu kesgitleme medeniýete ylym-bilimleriň, terbiýeçilik işiniň bir çeşmesi hökmünde garamagyň täze mümkinçiliklerine ýol açdy. Şonuň esasynda hem döwletiň syýasy-jemgyýetçilik ulgamlarynyň ösüşinde medeniýetiň özboluşly, derwaýys orny ýüze çykdy. Medeniýet ulgamynyň ösüşi syýasatyň ähli ugurlarynda, ösüşiň tutuş mazmunynda uly ähmiýete eýe boldy.

Ussat halypanyň sarpasy

2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň netijesinde jemgyýetimizde medeniýetiň we sungatyň ösdürilmegine, milli mirasymyzyň gaýtadan dikeldilmegine, onuň aýawly saklanyp, geljekki nesillere ýetirilmegine uly üns berilýär. Halkymyzyň uzak taryhynyň akymyndan gözbaş alan ruhy medeniýetimizde aýdymdyr sazlara uly ornuň degişlidigine kämil derejede döredilen mukamlarymyz hem doly şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda ata Watanymyzda aýdym-saz sungatyna diýseň uly sarpa goýulýar. Milli medeniýetimiziň taryhy gelip çykyşy, onuň ösüş ýoly dogrusynda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplarynda hem giňişleýin beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitaplary bolsa bu günki günde sungata höwesli ýaşlarymyz üçin ýol-ýörelgedir.

Şöhratly sungatyň taryhyndan

XIX asyr adamzada oýlap tapyjylygyň täsin miwesini — grammafon plastinkasyny peşgeş berdi. Nemes inženeri Emil Berlineriň oýlap tapan guraly häzirem saz öwrenijiler, etnograflar üçin gymmatly maglumat çeşmesi bolup hyzmat edýär. Bu guralyň türkmen saz sungatynyň taryhy ösüşine we saz mirasynyň aýawly saklanylmagyna hem goşandy az bolmandyr. Astrahandaky sazçylyk gimnaziýasynyň mugallymy I.Dobrowolski 1817-nji ýylda «Aziýa saz žurnaly» («Азиатский музыкальный журнал») atly neşirde ençeme halklaryň, şol sanda türkmen bagşylarynyň aýdym-sazlary barada makala ýerleşdiripdir.

Edebiýat agşamy geçirildi

14-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet — ynsan kalbynyň nury» atly edebiýat agşamy geçirildi. Onda döredijilik işgärleri bolan zehinli žurnalist, ýazyjy Döwrangeldi Agalyýew, Türkmenistanyň Beýik Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň halk artisti Enejan Orazmyradowa, şeýle hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymlary çykyş edip, örän täsirli gürrüň berdiler.

Juwan köňülleriň ylhamy bilen

Öňňin paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Talyp joşguny — 2024» atly döredijilik festiwalynyň jemleýji tapgyry geçirildi. Dabaranyň başynda festiwala gatnaşyjy talyplar toparlaryny höweslendirmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň Magtymguly adyndaky ilkinji ýaşlar guramalarynyň ýolbaşçylaryna festiwaly guraýjylaryň Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Dünýä edebiýatynyň döwresi

«Magtymguly Pyragy» medeni seýilgäh toplumynda dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň heýkelleriniň arasynda pars edebiýatynyň altyn asyry hasaplanan XIV asyrda ýaşan, «Gündogaryň ussat lirigi» diýen mertebeli lakama eýe bolan eýranly şahyr Hafyz Şirazynyň heýkeliniň bolmagy mähriban watandaşlarymyzyň göwünlerini galkyndyrdy. Çünki pars edebiýatynyň nusgawy şahyry Hafyz Şirazy Magtymguly Pyragynyň halypalarynyň arasynda ady agzalýan ussatlaryň biridir.

Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi — 2024

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024 2024-nji ýy­lyň 22 — 27-nji iýu­ny ara­ly­gyn­da Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­ni Ar­ka­dag şä­he­rin­de ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Bu da­ba­ra­ly çä­rä ýur­du­my­zyň me­de­ni­ýet we sun­gat ul­ga­my­nyň we­kil­le­ri ýo­ka­ry de­re­je­de taý­ýar­lyk gör­ýär­ler.

Belent sarpa

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024 Türk­me­niň be­ýik og­ly Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň se­tir­le­ri­ni okap, onuň dö­re­di­ji­li­gi­ne dü­şün­mek ýa­şa­ý­şyň syr­la­ry­na akyl ýe­tir­mek diý­mek­dir. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň we­li­lik bi­len aý­dan se­tir­le­rin­den yl­ham alyp, onuň ru­hy dün­ýä­si­niň gym­ma­ty­na ara­laş­ma­ga ça­lyş­ýa­rys. Hormat­ly Pre­zi­den­ti­miziň bu ugur­da alyp bar­ýan yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­ri şahyryň paý­has dün­ýä­si­ni aç­ma­ga gö­nük­di­ri­­len­dir. Şol kämil ýö­rel­ge­ler dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­ne hem uly ba­dal­ga ber­ýär.

Ko­reý me­de­ni­ýe­ti

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024 Ko­reý me­de­ni­ýe­ti bir­nä­çe müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da ösüp, dün­ýä­de tä­sin­lik­le­ri bi­len ta­pa­wut­lan­ýan baý we ga­dy­my me­de­ni­ýet­le­riň bi­ri­dir. Ol asyr­la­ryň do­wa­myn­da öz­bo­luş­ly däp-des­sur­la­ry­ny, sun­ga­ty­ny we ede­bi­ýa­ty­ny kä­mil­leş­di­rip­dir. Bu me­de­ni­ýe­tiň esa­sy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny bir­nä­çe ugur­lar­da göz­den ge­çi­re­liň:

Her günümiz ýyllara barabar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň ruhy başga, mazmuny üýtgeşik, gymmaty tapawutly. Çünki bu ýyl edilen her bir işde, her bir hereketde, aýdylan sözde beýik şahyrymyzyň paýy bar. Dogrusyny aýtsak, biziň bu ýylymyz 2023-nji ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Aşgabatda iş saparyny amala aşyran, paýtagtymyzyň günortasynda, gojaman Köpetdagyň eteginde bina edilýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň, şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň gurluşyk işleri bilen tanşan hem şol ýerde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygryny okap beren pursadyndan başlady diýsek, ýalňyş bolmaz. Her bir işde öňdengörüjilik ukyby bilen geljegi görüp bilýän Gahryman Arkadagymyz şol ýerde, şol pursatda geljek ýylyň adyny, ruhuny, mazmunyny hem belentligini kesgitläp bildi. Gahryman Arkadagymyzyň okap beren şygry şahyra bagyşlanyp, 300 ýylyň dowamynda döredilen ähli eserleriň naýbaşysy, iň ajaýyby boldy. Eser Magtymguly Pyragynyň derejesine laýyk geldi. Çünki Pyragy ýaly belent şahsyýetlere Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaly beýik ynsanlar doly we dogry düşünýärler hem düşündirip bilýärler.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Pyragyň huzurynda jem dünýäň akyldarlary,Her biri pähim-paýhas sözüň hyrydarlary.

Söz manysy

Galbir Häzir biz elek diýilse, gözenegi metaldan, gataňsy sintetiki süýümden edilen elekleri göz öňüne getirýäris. Ýöne Magtymgulynyň döwründe elekler gowy işlenen gönden-deriden hem edilipdir. Şonda künji, dary, gonak /dänesi ownujak azyklyk ekin/, un elemek üçin ulanylýan elekler elek, uşakgöz, künji elek, un elek kimin atlandyrylsa, bugdaý, arpa, jöwen, mäş eleýän elekler galbir ýa-da irigöz ýaly atlandyrylypdyr. Galbirler deriden, özem oda gyzdyrylan demir çiş bilen deşilip ýasalypdyr. Magtymguly atamyz, «Galbirde suw durmaz gözemek bilen» diýýän wagty gözi iri şol elegi göz öňünde tutýar.

Meniň çeken suratym — başlangyjy sungatyň

Ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek boýunça geçirilen bäsleşik ýurdumyzyň ýaş suratkeşleriniň ýüzlerçesini bir ýere jemledi. Hany, elimize dürli reňkli galamlary alyp, ak kagyzyň ýüzüne surat çekmäge başlalyň! Bu gezek ýönekeý bir adaty şekilleri däl-de, janly şekilleri janlandyrmaga çalşalyň! Belki-de, ol şekiller siziň ýeňiji bolmagyňyza, has dogrusy, ähli surat eserlerinden saýlanylyp alynmagyna getirer. Ynanaňyzokmy?! Onda synanyşyp göräýiň! Biler bolsaňyz, surat çekmek boýunça ýaş nesilleriň arasynda yglan edilen bäsleşige gatnaşyp, eýýäm bu ugurda öňe saýlanan zehinli jigilerimiziň bardygyny aýtsak, siz has-da haýran galarsyňyz! Haýran galmazça-da däl. Sebäbi olar eýýäm bäsleşigiň saýlama tapgyrlaryndan öňe saýlanyp, öz çeken suratlary bilen iň ýokary baha mynasyp bolmagy başardylar.

Çuwal bagşyny ýatlap...

Akdepe etrabynyň Andalyp şäher medeniýet merkezinde Türkmenistanyň halk bagşysy Magtymguly Garlyýewiň doglan gününiň 135 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabarada halypa bagşynyň şägirtleri çykyş edip, Çuwal bagşynyň milli aýdym-saz sungatymyza goşan goşandy, ýerine ýetirijilik ussatlygy hakynda täsirli söhbet etdiler. Soňra onuň aýdan aýdymlaryny özboluşly ýerine ýetirip, tomaşaçylara ruhy lezzet paýladylar. Bu ýerde Sapyş Çerkezow adyndaky geňeşligiň Taryh muzeýiniň, Magtymguly Garlyýewiň öý-muzeýiniň, Daşoguz şäheriniň bagşylar muzeýiniň gaznalarynda saklanylýan gymmatlyklaryň sergisi hem guraldy.

Täze spektakllar

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň režissýory G.Hallowow dramaturg G.Daňatarowyň «Maşgalam — baş galam» atly pýesasy esasynda spektakly sahnalaşdyrdy. Maşgala gymmatlyklary hakynda sahna dili arkaly gürrüň berýän spektaklda teatryň belli artistleri keşpleri ynandyryjy janlandyrdylar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndan ruhlanyp, teatryň döredijilik topary akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýaşlyk ýyllary barada gürrüň berýän «Ajap eýýam» atly täze spektakly hem taýýarladylar. Teatryň artisti H.Batyrowyň edebi esasyny ýazan hem-de režissýorlyk eden spektaklynda dana Pyragynyň talyplyk döwri başdan geçirýän ruhy ahwallary çeper keşpler arkaly täsirli açylyp görkezilýär.

Zehin zehinden zyýada

12-nji iýun — Ylymlar gününde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Şeýle-de şol gün Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda her ýylda geçirilýän ýaş alymlaryň hem-de talyplaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Biz hem ýeňiji bolan ýaşlara söz berýäris. Guwançmyrat AMANGELDIÝEW,Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy:

Üstünligiň çakylygy

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz aladalary netijesinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejede bellenilýän Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň mertebesi Arşa göterilýär. Bu şanly sene mynasybetli söz ussadymyza bagyşlanan täze röwüşde sahna eserleridir çeper filmler döredilýär. Şolaryň biri-de Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde surata düşürilen «Istärin» atly çeper filmdir. Biziň söhbetdeşimiz hem bu filmde Magtymguly Pyragynyň ýaşlykdaky keşbini janlandyran Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby Mekan Kurdow.

Inçe sungatyň ägirdi

Islendik halkyň medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň ösüşi belli-belli şahsyýetleriň atlary bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmen aýdym-saz sungaty barada gürrüň açylanda, Mahmyt Aryk, Peýda tüýdükçi, Annaguly Sary, Agajan tüýdükçi, Soltan tüýdükçi, Ýazmuhammet Köse ýaly ussat tüýdükçileriň atlary hem ýatlanylýar. Ajaýyp sazlary bilen halkymyzyň kalbynda orun alan ussatlaryň biri-de tüýdükçi Baky Maşakowdyr. Ýodalar ýola goşulyp, sungat dowam edýär. Gargy tüýdügiň agrasdan gelen mylaýym, süýji owazy bilen ýyllaryň dowamynda türkmen sährasynyň görküne görk goşup gelen halypa sazanda Ýazmuhammet Köse-de pederleriň ýoluna ygrarlydygyny subut edip, geljekde adyny türkmen saz sungatynyň taryhyna hemişelik ýazjak şägirdini Baky Maşakowy ýetişdirýär.

Koreý toý dessurlary

Koreý milli toý dessurlary XIV asyrda — Çoson eýýamynda durmuşa ornaşdyrylan düzgünlerden gözbaş alýar. Ol döwürler durmuşyň ähli ulgamlary kanun tarapyndan düzgünleşdirilipdir. Gudaçylyk dessurynyň — çençi dabarasynyň geçiriljek güni sawçylyga, adatça oglanyň kakasy, daýylary dürli naz-nygmatlary, gymmatbaha sowgatlary alyp barýarlar. Çençi dabarasynda sähet alynýar, toýa geljek myhmanlaryň sany, çykdajy meseleleri maslahatlaşylýar. Toýuň başlangyjy saýylýan bu dabaradan soň ýaşlar är-aýal hasaplanylýar. Muňa garamazdan, öňler taýýarlygy bir ýyla golaý dowam edip bilýän nika toýuna çenli ýaşlar birek-biregi görmändirler.

Ýaş nesliň kämilligi täze ösüşlere badalga

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly uly üstünliklere beslenýär. Bu ýyl akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi bütin dünýäde uludan bellenilýär. Halkymyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda uly zähmet ýeňişleri gazanylýar. Beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, bilim ulgamynda hem täze-täze sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, geljegimiz bolan ýaş nesil baradaky alada döwlet derejesine ýetirildi. Ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly, bilimli, işbaşarjaň, watansöýüji, giň gözýetimli, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlar bolup ýetişmekleri, olaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklary üçin döwletimizde ähli şertler döredilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde nesil terbiýesine aýratyn üns berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda ýaş nesiller we nesil terbiýesi, olaryň sazlaşykly ösüşi hem-de saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, şeýle hem saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, olaryň yzygiderli sport, bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertler döredilýär. Bu babatda ýakynda gelip gowşan ýene-de bir hoş habar bilim işgärlerinde uly buýsanç döretdi. Türkmeni