"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Döwletli zamananyň döwletlilik ýörelgesi

Türkmen halky asyrlaryň dowamynda özboluşly medeniýetini we onuň aýrylmaz bölegi bolan milli mirasyny saklap hem-de ösdürip gelipdir. Müňýyllyklaryň dowamynda halkymyzyň döreden baý medeni mirasy nesilden-nesle geçip, şu günlerimize çenli gelip ýetipdir. Taryhy sahypalarymyza ser salyp göreniňde ata-babalarymyzyň bize goýup giden mirasy, şöhratly yzlary her birimiz üçin görelde mekdebi bolup, kalbymyzda buýsanç duýgusyny oýarýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Agzybirlik ýagşy amallary hasyl etmegiň hatyrasyna jebisleşmegi aňladýar. «Arzuwsyz adam bolmaýar, ganatsyz hem guş!» diýilýär, arzuwlaryň hasyl bolmagy üçin bolsa, ilki bilen agzybirlik gerekdir. Agzybirlik il-ulsumyzyň bir supranyň başyna jem bolmagydyr. Agzybirlik «Ýagşy niýet — ýarym döwlet» diýen ynama ygrarlylygymyzdyr. Ata-babalarymyzyň agzybirlik baradaky pentleri asyrlary külterläp, gadymylygyň gatlaryndan dowam edip gelýär. «Ojagyňda agzybirlik bolsun!» diýilýändir. Bir supranyň başyna jem bolan il-halkymyzyň geljege umydy agzybirligimizdedir...» diýilýär.

Ak garyň ýakymy

Şatlyk-şowhun bilen garşylan täze ýyl arzuwlarymyzda biz ak garyň ýagmagynyň hem arzuwyny edipdik. Jomart tebigat şol arzuwlarymyzy aňan ýaly, Zemine ak garyny peşgeş etdi. Gyşyň ilkinji günlerinde, ýagny uly çillede ýagan gar Täze ýyl baýramçylygyna aýratyn gözellik eçildi. Şeýle hem rysgal-berekediň çeşmesi boldy. Ýüreklerimizi joşguna getirdi. Synlaýan çekilip bilmezden gyra,Bolarmyş ähli zat päliňe görä,Bu golaýda beýdip ýagmandy, gör-ä!Gar ýagýar.

Aýdym bilen adygan

Agşamara obanyň merkezinde ýerleşýän ýangyn jaňy üznüksiz kakylyp başlandy. Küren oba şol bada garynjanyň öýjügine öwrüldi. Öýlerinden okdurylyp çykan oba adamlary «Kimiň öýi ýanýarka?» diýip, ellerine suwly gaplary alyp ylgaşdylar. Daş-töwerege garanjaklaşdylar. Emma, ne ýangyn görünýärdi, ne-de tüsse. Az salymyň içinde äpet jaňyň töweregine üýşen jemende, hiç ýerde ýangyn döremändigine göz ýetirdi. Jaňy kakan bolsa, şol obanyň paýhasly gojalarynyň biridi. Ondan ýangyn ýok ýere näme üçin jaňy kakandygy soralanda, ol obadaşlaryna şeýle jogap berdi: — Obamyzda şeýlebir ussat bagşy döräpdir. Onuň aýdymlaryny diňledigiňçe diňläsiň gelýär. Men ol aýdymlary diňläp lezzet alýaryn. Öz obadaşlarymyzyň hem bir gezek bolsa-da, gerekli-gereksiz işlerini, dynuwsyz hysyrdylaryny bir gapdala goýup, şol bagşyny diňläp, ruhy lezzet almagyny isledim. Jaňy kakyp, sizi bu ýere jemlemegiň sebäbi şudur...

Ak alkyşlar mukam bolup ýaňlanýar

Milli Liderimiziň ýaş nesliň heniz mekdep okuwçysyka belli bir hünäriň başyny tutmagy, ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açmak bilen bagly bildirýän talaplary welaýatymyzyň Döwletli etrabynda hem netijeli durmuşa geçirilýär. Etrapdaky çagalar sungat mekdepleriniň ikisinde jemi 24 bölüm hereket edip, olarda çagalaryň 260-a golaýy sungatyň dürli ugurlary boýunça bilim alýar. Etrap merkezindäki çagalar sungat mekdebinde ýaşlaryň 103-sine bilim berilýär. Bu mekdepde 10 bölüm hereket edip, onda çagalar dutar, gargy tüýdük ýaly milli saz gurallarymyz bilen birlikde klarnet, fleýta, plektrli dutar, fortepiano ýaly saz gurallaryny, şeýle-de sungatyň bagşyçylyk, nakgaşçylyk ýaly görnüşlerini özleşdirýärler. Sungat mekdebinde olara 20-den gowrak mugallym bilim berýär. Mugallymlaryň arasynda hemişelik şu mekdeplerde işleýänleri hem, başga mekdeplerden gelýän utgaşdyryjy mugallymlar hem bar. Bu ýerde tejribe ýüki ýetik halypalaryň hem, ýokary we ýörite hünär okuw mekdeplerini ýakynda tamamlan ýaşlaryň hem bardygyny aýtmak gerek. Ýeri gelende aýtsak, etrapdaky çagalar sungat mekdepleriniň ikisiniň hem ýaş mugallymlary bu mekdepleriň ozalky uçurymlarydyr. Bu gün sungat ýoluna ilkinji gadam goýan mekdeplerinde işlemek, ýaş nesliň sungata bolan söýgüsini artdyrmak olar üçin belent mertebe.

Milli itşynaslyk sungaty rowaçlanýar

Häzirki wagtda gadymy türkmen itşynaslyk sungatyny ösdürmek we kämilleşdirmek özüniň mynasyp ornuny tapýar. Bu babatda ýurdumyzda mähriban Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasy döredildi. Munuň özi milli itşynaslyk sungatynyň ylmy esasda düýpli öwrenilmegine, onuň iň oňat däpleriniň ösdürilmegine, seçgi-tohumçylyk usullaryny hem-de dünýä ylmynyň häzirki zaman gazananlaryny peýdalanmak bilen, alabaý itlerimiziň nesil şejeresini ýöredip, olary köpeltmäge, türkmen alabaýlarynyň at-owazasyny dünýä ýaýmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiziň türkmen kinologlaryny taýýarlamak barada beren tabşyryklaryndan ugur alyp, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň weterinar lukmançylygy fakultetiniň maldarçylyk kafedrasynyň düzüminde kinologiýa bakalawr taýýarlyk ugry boýunça hünär açyldy. Döwlet Baştutanymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmen alabaýy» atly eseri ýaş kinologlaryň ýankitabyna öwrüldi. Milli buýsanjymyzy beýan edýän kitapda türkmen alabaý itleriniň taryhy gelip çykyşyny, dünýäniň iň arassa ganly, gadymy tohum itiniň alabaýdygyny açyp görkezýän, ata-babalarymyzyň it hakda döreden nakyllary, rowaýatlary, pähim-paýhaslary, alabaýyň daşky görnüşiniň aýratynlyklary, gylyk-häsiýetleri, güjüklik döwrüniň döwürlere bölünişi we olara seredilişi, saklanylyşy, iýmitlendirilişi, ösdürilip ýetişdirilişi we seçgi-t

Aşgabadym — aşyk abadym meniň

Aziýanyň ak mermerden merjeni,Aşgabadym — aşyk abadym meniň.Saňa bolan buýsanjymyň ýok çeni,Aşgabadym — aşyk abadym meniň. Behişt bilen bäs edişýär bu ýerler,Gujagyňda söýülerler, söýerler,Owal adyň yşkdan dörän diýerler,Aşgabadym — aşyk abadym meniň.

Penjiräniň öňündäki adam

Bilemok, bu endik nireden galypdyr, haçan döräpdir, emma men boş wagtlarym penjireden daşaryny synlamagy halaýaryn. Islendik pasyl hem bolsa tapawudy ýok, ýöne hasam güýzüne ýagyş çisňeýärkä ýa-da gyşyna gar petdeläp ýagýan pursady ýolýakadaky, öýümiziň penjiresiniň öňündäki arçalaryňdyr beýleki daragtlaryň ýagşa ezilişini ýa-da kem-kem aklyga bürelip barşyny synlamagy halaýaryn. Güýzüň ýagyşly günleri eger mümkinçiligim ýa-da keýpim bar bolsa, men daşary çykyp, ýagyşly şäherde gezim etmegi halaýaryn. Emma uzaga gitmeýärin, öýümiň töwereginde aýlaň-çaýlaň edip oňýaryn. Penjire bilen bagly mende aýdara, deňeşdirere, gussa çekere, küýsege berlere kän-kän ýatlama bar. Olary hut häzir şu setirleri ýazýarkam, birme-bir, emma yzygiderli däl, başly-barat ýatlap, men ömrümiň agramly böleginiň ötendigi, adamlara aýdara nämedir bir zatlaryň peýda bolandygy barada oýlanýaryn.

Gulbaba bagşy

Türkmen aýdym-saz sungatynda öçmejek yz galdyran bagşylaryň hatarynda Gulbabanyň ady hemişe hormat bilen ýatlanýar. Ol 1956-njy ýylyň 22-nji aprelinde Mary şäherinde dünýä inýär. Mana düşmez çagajygyň dutaryň sesine aglamasyny goýmagy, heniz emedekläp ýörkä, dutar-gyjagyň owazyny eşideninden şol tarapa eňmegi kakasy Türkmenistanyň halk artisti Han Akyýewiň körpejäniň Hakdan berlen zehinini duýmagyna sebäp bolýar. Gulbabanyň durmuşy bilen baglanyşykly wakalar dilden-dile geçip, halk içinde ýaşap ýör. Hormatly Prezidentimiziň: «Biz öz medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge goşant goşan adamlarymyza guwanmaga haklydyrys» diýen dana sözlerinden ugur alyp, Gulbaba Akyýewiň durmuşy bilen baglanyşykly käbir wakalary guwanç bilen okyjylara ýetirmegi müwessa bildik. SOWGAT BERLEN GYJAK

Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň eýeleri

Zehinli körpeler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe  ýurdumyzyň ýaşlarynyň tebigy zehinlerini ýüze çykarmak, ýokary döredijilik başarnygyny ösdürmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşi ýurdumyzda geçirilýän jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşýan zehinli çagalardyr çagalar döredijilik toparlaryny ýylyň-ýylyna Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy bilen sylaglaýar.

Gymmaty egsilmejek kitap

Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri kitaba uly sarpa goýup, oňa egsilmez gymmatlyk hökmünde garap gelipdir. Bu hakykat halkymyzda dörän rowaýatlarda, ertekilerde, has soňrakky döwre degişli ýazyjy-şahyrlaryň eserlerinde beýan edilýän wakalaryň, şeýle hem köp sanly nakyllardyr atalar sözlerinde aýdyň şöhlelenýär. Ylym-bilime we medeni mirasymyza uly ähmiýet berýän alym Arkadagymyz halkymyza ajaýyp eserlerini, ylmy-ensiklopedik işlerini yzygiderli peşgeş berýär. Milli Liderimiz 2020-nji ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramynyň öňüsyrasynda «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» eserini, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramynyň öň ýanyndaky günlerde «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabyny sowgat etmegi tutuş halkymyz üçin mynasyp toý sowgatlary bolup, her birimiziň göwnümizi galkyndyrdy.

Gahryman Arkadagly ýyllar juwanlyk paýlaýar

Özüm bilen deň-duşrak pyýada jemgyýetçilik ulagyna münen badyna ýanymda boş ýeriň bardygyny görkezip, oturmagy mürehet etdim. Ýanyma gelip oturan badyna-da oňa salam berdim. Ol salam-helik soraşdy-da, ýüzüme çiňerlip seredip: — Maňa salam beräýdiňiz welin, deň-duşrak bolsak gerek?! — diýdi.

Aýdyma öwrülen setirler

Sözleri Täşli GURBANOWYňky.Sazy Kakabaý ANNANEPESOWYŇKY. Näzli dildarym (aýdym)

Belent mukamlar

Bagşa sazandarlyk etmek özbaşyňa saz çalan ýaly däl. Biliň bek guşalgy, seýsiň ýetik bolmaly. Sazanda bagşynyň daşyny dolap durmaly. Sazanda — bagşynyň ganaty. Ol bagşa belentliklere galyp, joşup-daşyp aýdym aýtmaga, diňleýjini özüne maýyl etmäge tekge berýär. Muhammetdurdy hem şeýle sazandalardandyr. — Muhammetdurdynyň gyjak çalşyna maýyl bolýaryn. Ony diňlesem, kalbym aram tapýar. Edil ýöne jadysy bar ýaly. Ýeke galsam, onuň gyjagynyň owazyny küýseýärin.

Müdimi senet

Halkymyzyň gadymdan gelýän “Görogly” şadessany, küştdepdi aýdym-saz dessury, türkmeniň halyçylyk sungaty ýaly milli gymmatlyklary ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda mynasyp ornuny tapdy. Toýlarymyzyň bezegi bolan dutar hem özboluşly milli gymmatlyklarymyzyň biri hasaplanýar. Edil dutar çalmak ýaly, ony ýasamak hem örän inçeligi talap edýän sungat. Men muňa dutar ýasaýan senetkär, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň ýaşaýjysy Guwanç Şükürow bilen gürrüňdeş bolanymda has-da anyk göz ýetirdim. Ol şeýle gürrüň berdi: Dutar ýasaýan adam ony hökman çalyp hem bilmeli. Haýsy perdeden nähili owaz çykýar, kirişleri nähili bolmaly, senetkär bu sowallaryň jogaplaryny dutar ýasaýan mahaly biläýmelidir.

Baýraklar dabaraly gowşuryldy

DÜÝN Änew şäherindäki Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp bolan Ahal welaýatynyň zehinli çagalaryny sylaglamak dabarasy geçirildi. Ýaş nesliň arasynda uly meşhurlyk gazanan agzalan baýraga bu gezek welaýatymyzdan ruhubelent çagalaryň onusy mynasyp boldy. Mälim bolşy ýaly, bu baýrak ýurdumyzda geçirilýän jemgyýetçilik işlerine işeňňir gatnaşyp, bagtyýar döwrümizi wasp etmekde ýokary döredijilik başarnygyny, işjeňligini görkezýän, milli medeniýetimizi, aýdym-saz sungatymyzy ösdürmekde öz goşandyny goşýan, şeýle-de bilim, döredijilik bäsleşiklerinde, dürli derejedäki ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan, galyberse-de beýleki ugurlarda tapawutlanýan çagalara berilýär. Baýragyň ýeňijilerini Täze ýylyň başynda dabaraly ýagdaýda sylaglamak däbe öwrüldi.

Ussadyň ýoly

A.Berdiýewiň döreden Akmyrady tomaşaçylaryň aňynda şahyrana hem-de duýguçyl sahna gahrymanyň keşbi bolup galdy. Milli teatr we kino sungatymyzyň ösmegine saldamly goşant goşan ussat halypalar barada gürrüň edilende, Türkmenistanyň halk artisti Annamyrat Berdiýewiň ady ilkinjileriň hatarynda tutulýar.

Ýeňijilere baýraklar gowşuryldy

Düýn paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezinde Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň Aşgabat şäheri boýunça ýeňiji bolan çagalaryň 19-syna sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň yglan eden bu bäsleşigine ýurdumyzyň orta mekdeplerinde okaýan okuwçylaryň, aýdym-saz we döredijilik bilen meşgullanýan çagalaryň we döredijilik toparlarynyň birnäçesi gatnaşdy. Netijede, bu ugur boýunça tapawutlanan çagalaryň 64-si we 2 sany çagalar döredijilik toparlary ýeňiji diýlip yglan edildi.

Zehiniň suraty

Onuň özüni görmän, eserlerini synlasaň-a, «Ol öz ýoluny tapan suratkeşdir» diýdirýär. Bu sungatda seýrek gabat gelýän ýagdaý. Sungatyň taryhy jähetinden adaty, ukyp-başarnygy babatda alanyňda weli, «adaty däl» (mümkin däl) diýdirýän geňlik. Şeýle zehinlileriň sungat dünýäsine gelşinden başlap, olaryň döredijiliginiň soňky menzillerine çenli gözlegi täzeçillik bolýar. Olar täzeligiň yşgynda bolansoňlar, beýik işleri döredýän adam hökmünde tanalýar. Biziň hem gürrüňini etmekçi bolýanymyz, entek ol döredijilik ýoluna-ha ymykly düşüberenok, ýöne «ol öz ýoluny tapan» diýdirýän suratkeşdir.

Watan merdana nesillerine guwanýar

Onuň döredijiliginde şekilli aýdymlar hem aýratyn orun eýeleýär. «Türkmen owazy» teleýaýlymynyň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilen «Düýe çaly», «Üzärlik», «Türkmen alabaýy» ýaly şekilli aýdymlary bilen bagşy Rahman Rahmanow Gahryman Arkadagymyzyň birnäçe sylag-serpaýyna mynasyp boldy. «Halal zähmet çekip, ata Watanyň gülläp ösmegine uly goşant goşup, at-abraýyny belende göterip, halkyň söýgüsine, sylag-hormatyna mynasyp bolmak uly bagtdyr» diýip nygtaýan eziz Arkadagymyz bize döretmek, gurmak, bagtyýar döwrümize öz sesiňi goşup, yhlas bilen zähmet çekmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolmak bagty miýesser eden Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň «Göreldeli» harby orkestriniň konsertmeýsteri, borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Rahman Rahmanowyň mysalynda hem aýdyň görmek mümkin. Oňa ýurdumyzyň aýdym-saz sungatyny ösdürmäge goşan aýratyn goşandy, ýokary ýerine ýetirijilik hem-de hünär ussatlygy bilen döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren uly hyzmatlary, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, döredijilikli zähmeti nazara alnyp, hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Türkmenistanyň at gazanan bagşysy» diýen hormatly at dakyldy.

Ýüreklerde orun alan gyjakçy

Welaýatymyzda ençeme tanymal bagşy-sazandalar ýaşap geçipdir. Şolaryň biri-de 1926-njy ýylda Hojambaz etrabynyň Burdalyk obasynda doglan Kasym Omarowdyr. Ol öýlenip, maşgalaly bolandan soň, Saýat şäherine göçüp gelip, şol ýerde ymykly mesgen tutunyp, pagta arassalaýjy kärhanasynda sürüji bolup işlän gyjakçy, tirmeçi hem-de dessançy bagşydyr. Çagalyk döwrümde öýümize bagşy-sazandalar köp gelerdi. Gijäniň bir wagtyna çenli aýdym-saz ederdiler. Şonda bir myhmanyň elindäki täsin saz guralyndan owaz alşyna haýran galyp oturýan halatlarym ýadyma düşýär. Soňraklar bilip otursam, ol gyjakçy Kasym Omarow, nobatma-nobat aýdym aýdýanlar bolsa, ýerli bagşylar Jumabaý Berdiýew, Çary Gutlyýew, Bäşim Çaryýew ekeni.