"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Hemaýata gurşalan gözellik

Lukman Arkadagymyzyň tans toparlarymyzyň saglygy, taýýarlyklaryň ýokary derejede geçirilmegi üçin döwrebap tans örtügini alyp bermegi biz üçin bahasyz sowgat boldy. Gahryman Arkadagymyzyň sungat ussatlary üçin döredýän mümkinçilikleri milli tans sungatymyzyň ösmegine has-da itergi berdi. Ine, ýaňy-ýakynda bolsa hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň tans toparlaryna Germaniýada öndürilen, ýedi gatly ýörite tans örtüklerini sowgat berdi. Bu alada tansçylary täzeden-täze tans, folklor eserlerini goýmaga, döredijilikli zähmet çekmäge has-da ruhlandyrdy. Biz hem mähriban Prezidentimiziň şeýle atalyk aladalary, sowgat berlen täze tans örtüginiň aýratynlyklary we Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýy mynasybetli taýýarlaýan toý sowgatlary dogrusynda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň «Laçyn» tans-saz, folklor toparynyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Maýsa Eminowanyň beren gürrüňlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Türkmen öýüniň bezegi

Türkmeniň şöhratly taryhynyň dowamynda sünnälenip, şu günki bagtyýarlyk döwrümize gelip ýeten, dünýäde tanalýan milli mirasymyzyň bir görnüşi-de ajaýyp türkmen halylarydyr. Türkmen halysy nepisligiň, gözelligiň baýdagydyr. Ol halkymyzyň dünýä medeniýetiniň gymmatlyklaryna goşan naýbaşy mirasy we gaýtalanmajak sungatydyr. Asyrlaryň dowamynda alymlar, jahankeşdeler tarapyndan nepisligi taryplanan, reňk, nagyş, çitim kämilligi bilen dünýäniň mirasşynaslaryny, sungaty öwrenijilerini haýran galdyran halylar ene-mamalarymyzyň zehininden dörän täsin sungatdyr. Türkmenlerde «düşeklik halylar» bilen birlikde ak öýde ulanmak we öýi bezemek maksady bilen haly önümleriniň birnäçesi dokalypdyr. Olaryň görnüşlerine görä atlary hem şondan gelip çykýar. Meselem, «eňsi», «gapylyk», «çuwal», «ikselik», «ukujy», «sallaw ýüpi», «torbalar», «horjunlar», «ojakbaşy» ýaly haly önümleri degişlidir.

Kalbyň ruhy melhemi

— Eger şähdaçyk hem sagdyn bolasyň gelse, her gün aýdyma hiňlenmäge türgenleş.Ibn Sina. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri aýdym-sazyň, baky bahar-ýazyň döwrüdir. Ajaýyp saz we aýdym adamlary birleşdirip, olary ýagşy işlere ruhlandyrýar, jebisleşdirýär. Hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly ajaýyp kitabynda hem ynsanyň durmuşyna sazlaşyk goşup bilýän, onuň kalbyna döredijilik güýjüni bagyşlap bilýän, döredijiligi oýarmaga ukyply saz sungatynyň ruhlandyryjy, bejeriş güýji barada gürrüň berilýär.

Döredijilik adamlarynyň durmuşyndan

Geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynyň ahyrlarynda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetinde okaýarkam edebiýatçy alym Hanguly Taňryberdiýew «XX asyr türkmen edebiýaty» dersinden sapak berýärdi. Ol ussat ýazyjymyz Berdi Kerbabaýewiň döredijiliginden alymlyk derejesini goran adamdy. Hanguly mugallym Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romanyndaky wakalaryň Tejeniň Gowkyzereň, Agalaň obalarynda bolup geçendigini, käbir gahrymanlaryň bolsa hakyky atlarynyň kim bolandygyny aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, eseriň baş gahrymanlary Halnazar baýyň hakyky ady Ulug baý, Pökgi balanyňky Pökgen Welnazar ogly eken.

Halkymyzyň göterilen ykbaly

Akyldaryň her setirini gymmatly hazyna deňän ata-babalarymyz dana şahyr Magtymguly Pyraga uly hormat goýupdyrlar. Şol sebäpli-de, Magtymguly Pyragynyň şygyrlary türkmeniň çuňňur paýhasyna, hyjuwly kalbyna deňelýär. Şu iki keramatyň birleşmeginden bolsa türkmençilik ýol-ýörelgesi, millilik, özboluşlylyk emele gelýär. Gahryman Arkadagymyz hem öz çykyşlarynda: «Magtymgulynyň döredijiligi bu gün diňe türkmen halkyna däl, eýsem, tutuş adamzada ruhy lezzet berýär» diýip belleýär. Magtymguly Pyragy agzybirligi, asudalygy, bitewüligi, abadançylygy belent heňde wasp eden beýik şahsyýet hökmünde, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş Ýer ýüzüniň hakydasynda orun aldy. Hakdan içen şahyryň dürli temada ýazan goşgularynyň ählisinde agzybirlik, bitewülik, paýhaslylyk esasy many bolup öňe saýlanýar. Bu hem, häzirki bagtyýarlyk döwrümizde dünýäniň abadançylygyny saklamak ugrunda öz yhlasyny gaýgyrman, şol bir wagtda ýurdumyzyň parahatçylygyny berkarar eýleýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty bilen özboluşly utgaşyklylygy emele getirýär. Sungatyň güýjüne, onuň mukaddesligine uly sarpa goýýan milli Liderimiziň parasatly baştutanlygy netijesinde bu günki günde diňe bir biziň ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş dünýäniň medeniýeti hem öz mynasyp bahasyna gowuşýar. Çünki sungat — dostluk, sungat — parahatçylyk, sungat — dostana gatnaşyklary üpjün edýän keramatdyr. Munuň şeýledig

Täze ösüşlerimize badalga

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýyl özüniň ilkinji üstünlikli ädimleri bilen durmuşymyza ornaşyp barýar. Mähriban Arkadagymyzyň bu şanly ýyly ýurdumyzyň her bir ulgamynda ajaýyp zähmet üstünliklerine beslemek babatda öňde goýýan wezipeleri ildeşlerimiziň ýüreklerini joşduryp, täze ösüş depginlerini gazanmaga ýardam berýär. Döwlet Baştutanymyzyň geljek 2024-nji ýylda dana akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini giňden belläp geçmek we bu şanly senä şu günlerden taýýarlyk görmek barada öňde goýan wezipeleri biz — bilim işgärlerini has-da begendirdi. Çünki öten beýik şahsyýetlerimiziň ýubileýini bellemek diňe bir toý dabarasy bilen çäklenmeýär. Ol şahsyýetiň şu günki we geljek nesillere goýup giden nusgalyk görüm-göreldesini, hünär ussatlygyny öwrenmäge mümkinçilik berýär. Şonuň üsti bilen hem halkymyzyň ata-baba dowam edip gelýän milli edep-terbiýe, edim-gylym, görüm-görelde mekdebine ýene-de bir mertebe nazar aýlamaga giň şertleri döredýär.

Umumadamzat ähmiýetli eser

Eziz Diýarymyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarýan hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ähli babatda gülläp ösmegine we halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen syýasy işleri bilen bir hatarda milli mirasymyza, medeniýetimize, ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgelerimize bagyşlanan eserleri halkymyzyň göwnüni galkyndyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň paýhas ummanyndan dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda halkymyzyň ruhy-medeni gymmatlyklary sarpalanyp, taryhy şahsyýetleriň nusgalyk keşbi, milli däp-dessurlarymyzyň özboluşlylygy hakyndaky ýatlamalar, halypa-şägirtlik ýoly, dost-doganlyk gatnaşyklary we beýleki asylly ýörelgelerimiz rowaýatlardyr durmuş wakalarynyň üsti bilen çuňňur beýan edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden milli ýörelgelerine, sünnälenip kemala gelen asylly däp-dessurlaryna bagyşlanan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň rowaçlanýandygyny, halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän taryhyndan alan tejribesiniň döwrebap baýlaşdyrylýandygyny görkezýär.

Şirin owazly aýdymçy

«Akja kepderiOýna erkana.Päk asmanymdaÝaýna erkana» diýen setirler bilen başlanýan bu aýdym hemmämiziň ýadymyzda bolsa gerek. Heniz çagalar bagyna gatnaýarkak, bu şadyýan aýdymy aýdym-saz mugallymymyzyň öwretmeginde ýerine ýetirip, ata-enemiziň öwgüli sözlerini eşidýärdik. Körpeler bilen söhbetdeş b olanymyzda, çagalygyň şeýle ýakymly ýatlamalaryna az wagtlyk bolsa-da, gaýybana syýahata gidýäris. Madina hem ilkinji gezek çagalar bagynda «Akja kepderini» aýdyp, körpeleriň arasynda geçirilýän şadyýan bäsleşikde deň-duşlaryndan saýlanmagy başarýar. Gürrüňini etjek bolýan gyzymyz Madina Saidowa häzir Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiň 5-nji synpynda okaýar. Biz onuň bilen redaksiýamyzda söhbetdeş bolduk. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly Madina üçin begençli habar bilen başlandy. Ol özi ýaly deň-duşlary bilen birlikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy bilen sylaglanyldy. Hawa, Madina körpeliginden aýdym-saza höwesekdi. Onda sungata daýysy Bahtyýar Saidow höwes döretdi. Madina daýysynyň aýdýan aýdymlaryny höwes bilen diňlärdi. Ol çagalar bagyna baranynda aýdym-saz mugallymy Myrat Karaýewden sungatyň inçe syrlaryny öwrenip başlaýar.

Ykbala öwrülen güýmenje

ýa-da häzirkizaman türkmen animasiýasynyň bir wekili bilen söhbet Esasy işimizden daşary meşgullanýan zatlarymyza «güýmenje» diýýäris. Ýöne güýmenje ykbala-da öwrülip biljek eken. Ynha, Hanmyrat Şamyradow hem güýmenjesini ykbalyna öwrenlerden. Ýöne onuň güýmenjesi biziňkä, siziňkä meňzeş däl. Ykbala öwreniňe degýän güýmenje.

Ýü­rek­ler­de ýaşaýan ýa­dy­gär­lik

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz ýanwar aýynyň 25-ine paýtagtymyza we onuň töweregine iş saparyny amala aşyrdy. Şol iş saparynda milli mirasymyza uly sarpa goýýan eziz Arkadagymyz ençeme meseleler bilen bir hatarda dag etegindäki ýollaryň çatrygynda ýerleşýän Şükür bagşynyň heýkeliniň ýanynda hem saklandy. Ahalteke bedewine atlanan Şükür bagşynyň ýadygärligini we onuň töweregini hasam gözel keşbe getirmegi, arassaçylyk we abadançylyk işlerini geçirip, gülzarlyga öwürmegi tabşyrdy. Şonuň esasynda-da hormatly Prezidentimiziň 28-nji ýanwarda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda hem bu meselä dolanylyp, degişli ýolbaşçylar tarapyndan Şükür bagşynyň hormatyna dikilen bu ýadygärligiň töwereginde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly hasabat berildi. Şundan hem görşümiz ýaly, öz döwründe parahatçylygy sungatyň üsti bilen dabaralandyran we şu güne çenli ýüreklerimizde ýaşap gelýän Şükür bagşynyň bu ýadygärligi iň bir gözel we gelim-gidimli ýerleriň biri bolar. Biz, Şükür bagşyny elmydama-da, bedew atyň üstünde, dutarly göz öňüne getirýäris. Çünki ol agasyny halas etmäge gidende-de çarkandakly ýollary şeýle atyň üstünde ýeňip geçipdi, maksadyna-da ýetipdi. Bu günki günde iň bir gözel ýerleriň birini Şükür bagşynyň bedew atyň üstündäki arkasy dutarly heýkeliniň bezäp oturmagy we ol ýeriň hasam gözelleşdirilmegi Gahryman Arkadagymyzyň saz sungat

Degişmeler

Ýary çyn düýş Günlerde bir gün dostlary Ömürbegiň öýüne üýşüpdirler. Çaý başynda olaryň her haýsy öz gören düýşüni gürrüň beripdir.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy — ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmekdir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda bu gurama bilen ýokary derejeli gatnaşyklary ýola goýmak we berkitmek, hyzmatdaşlygyň häzirki zaman täze ugurlaryny kesgitlemek babatda geçirilýän çäreler halkara medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň esasy ugry bolup durýar. Munuň şeýledigine ýakynda, has dogrusy geçen hepdäniň şenbe güni hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça Daşary işler ministrliginde geçirilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi hem aýdyň mysal bolup biler. Onda Birleşen Milletler Guramasynyň iň iri ýöriteleşdirilen edarasy bilen, hyzmatdaşlyga degişli giň gerimli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Esasy meseleleriň hatarynda bolsa “Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi” ulgamlaýyn nominasiýasy boýunça milli ýadygärlikleriň birnäçesini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmegi teklip etmek baradaky mesele boldy.

Aşgabadyň hoş owazly waspçysy

Golaýda hormatly Prezidentimiz gözel paýtagtymyz boýunça amala aşyran iş saparynyň çäklerinde ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän Söwda we dynç alyş merkezinde gurluşygyň alnyp barlyşy bilen tanyşdy. Tanyşlygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz bu gurluşyk toplumynyň adyna «Aşgabat» diýlip at berilse, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy hem-de Aşgabat şäherine bagyşlanan aýdymlaryň bäsleşigini geçirmek barada degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi. Şonda Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň halk artisti Myrat Sadykowyň «Aşgabat» atly aýdymy ussatlyk bilen ýerine ýetirendigini, onuň meşhur aýdymlarynyň tomaşaçylaryň kalbynda berk orun alandygyny ýatlamagy şu makalany ýazmagyma itergi berdi. Myrat Sadykow 1936-njy ýylyň 3-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde mugallymyň maşgalasynda dünýä inýär.  Aýdym-saza bolan höwes onda çagalykdan başlanýar. 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşy ýyllarynda Leningradyň (häzirki Sankt-Peterburg) harby gospitallarynyň biri Aşgabada göçürilip getirilýär. Kaka etrabynyň Gowşut obasynda ýaşaýan daýysy Kadyr alty ýaşly Myradyň aýdym-saza bolan höwesini duýup, oňa mandolin sowgat berýär. Ol mandolin bilen ýaraly esgerleriň öňünde çykyş edip, olara ruhy goldaw berýär. 1955-nji ýylda orta mekdebi tamamlap, Aşgabadyň M.I.Kalinin adyndaky oba hojalyk institutyna (häzirki Türkmen oba hojalyk uniwers

Sazda jadyly güýç bar

Saz ynsanyň gülden näzik göwnüni göterýän jadyly bir gudratdyr. Ynsan şatlykly owaza şatlanýar, mylaýym heňe rahatlanýar, gaýgyly sazy diňlände gussa çümýär, sebäbi aýdym-saz ýürege baryp ýetýär. Men hem saz sungatyny öz ykbalymda, durmuşymda ýörelge edindim. Saza bolan höwes çagalygymdan başlandy. Entek orta mekdebiň okuwçysykam, il içinde Kömek sazanda diýlip tanalýan agamyň elimden tutup, Serdar şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň bosagasyndan ätledendigi ýadyma düşýär. Bu aýdym-saz ojagy meni mähir bilen garşylady. Men fortepiano bölüminde okap, özüme saz çalmagyň inçe tilsimlerini öwreden, yhlas bilen tälim beren mugallymlarymdan sapak aldym, köp zatlary öwrendim.

Halypadan tälim alan gyjakçy

Golaýda goňşymyzyň Watan öňünde mukaddes gulluk borjuny berjaý edip gelen ogluny gutlamaga gelen Berdi gyjakçy bilen bir saçakda oturmaklyk miýesser etdi. Ony mekdep ýyllarymdan bäri tanaýaryn. Ýoldaş bolup, sapara giden wagtlarymyz hem köp boldy. Saglyk-amanlyk soraşanymyzdan soň, ikimiziň gürrüňimiz aýdym-saza, sungat älemine syrykdy. Şonda men Berdi gyjakçynyň ilkinji synagdan geçişi baradaky bir ýatlamamy özüne gürrüň berdim. Bu waka 1972-nji ýylyň aprel aýynyň ahyrynda bolupdy. Ýurdumyz boýunça geçirilýän festiwala etrapdan gatnaşmaly zehinli ýaşlaryň 10 — 12-siniň sanawy düzülipdi. Etrap ýaşlar guramasynyň başlygy hökmünde meni topara ýolbaşçy edip belläpdiler. Bu jogapkärli wezipä hötde gelmeklik üçin, her gün işiň ahyrynda Türkmenistanyň halk artisti Nurberdi Gulow bilen bilelikde ýaşlaryň taýýarlygyny gözden geçirýärdik.

Siziň söýgüli multfilmiňiz «Towuk ylgawy»

Animasiýa studiýalary tarapyndan çagalara öwüt-ündew berýän ekran eserleri agzybirlik, dostluk, jebislik ýaly mowzuklar esasynda döredilýär. Şeýle ajaýyp multfilmleriň biri-de «Towuk ylgawydyr». Adyndan hem belli bolşy ýaly, multfilmiň esasy gahrymanlary towuklardan ybarat. Bu animasiýa eseri iňlis «Ardman Animations» studiýasy tarapyndan döredilýär. Multfilm studiýanyň iň naýbaşy eserleriniň biridir. Ekran eseriniň şowly çykmagyna amerikan «DreamWorks Animation» we fransuz «Pathe» studiýalary özüniň saldamly goşandyny goşýar. «Towuk ylgawy» multfilmi 2000-nji ýylyň 23-nji iýulynda ABŞ-da ýaýlyma berildi. Wagtyň geçmegi bilen bu multfilm birnäçe dillere, şol sanda türkmen diline terjime edildi. Körpeleriň köňül küýsegine öwrülen «Towuk ylgawy» multfilminiň dowamlylygy 84 minuda barabardyr. Gyzykly multfilm birnäçe halkara abraýly baýraklaryna mynasyp boldy. Bu bolsa ekran eseriniň şowly çykandygyna şaýatlyk edýär. Mähriban çagalar! Üns beren bolsaňyz, multfilmiň gahrymanlarynyň başdan geçirýän wakalary agzybirligiň gadyr-gymmatyny äşgär edýär. Onda özygtyýarlylyk, erkinlik mowzuklaryna hem aýratyn ähmiýet berilýär. Multfilmiň gahrymanlary jebisleşip, maksadaokgunly hereket edip, uzak wagtdan bäri arzuwlan maksadyna ýetýär.

Oba durmuşynyň aýdymçysy

Bütin ömrüni diýen ýaly obada ýaşap, döredijiligini oba durmuşy bilen baglanyşdyran ýazyjy Amanny Ataýewiň şeýle bir pelsepesi bardy: “Eger, men ýazyjy boljak bolsam, onda obada-da bolup bilerin, eger-de men ýazyjy bolup bilmejek bolsam, maňa şäherde ýaşamagyň peýdasy näme?” Şu pelsepesine-de ol çyn ýürekden uýdy. Ol özüniň iň oňat eserlerini obada döretdi. Onuň öz döwründe aýratyn kitap bolup çykan “Açyş”, “Äpet adam”, “Ulugyz” ýaly ýygyndylaryndan çen tutsaňam, ol türkmen edebiýatynda oba durmuşyny psihologik yzarlamalar arkaly şöhlelendirmegi başaran ýazyjy. Ol haýsy temada galam işledende- -de wakalar oba adamlarynyň häsiýeti, edim-gylymy, olaryň töwerekde bolýan wakalara bolan garaýyşlary bilen utgaşykly beýan edilýär. Hut, şu jähetdenem, onuň ähli eserini oba durmuşyndan ýazylan eser hökmünde kabul edýärsiň. Hut, şu jähetdenem oňa oba durmuşynyň aýdymçysy diýmek gelişýär. Onuň diňe ýaşaýşy ýa-da döredijiligi däl, eýsem, tutuş durky, häsiýeti, gep urşy, geýnişi, hatda ýöreýşem oba bilen, oba häsiýeti bilen baglanyşykly. Ýogsam, ol Aşgabatda bäş ýyl okap, ondan ozalam üç ýyl Orsýetiň uzak şäherlerinde harby gullukda bolup, şäher durmuşyna ýagşy öwrenişerçe bolan adam. Şonda--da ol uniwersiteti tamamlap, diplomyny jübüsine salaga-da, niredesiň dogduk depäm diýip ýola düşüpdi. Ýogsam, beýleki ýazyp-bozýan ýoldaşlary ýaly, ol Aşgabatda gazet-žurnallaryň redaksiýalarynda gal

Sazandalar maşgalasy

Meşhur bagşy Sary bagşynyň we onuň ogly Pürli Saryýewiň we ýene birnäçe halypa sazandalaryň aýtmaklaryna görä, türkmenlerde 3 kirişli gyjak, takmynan, XVIII asyryň ikinji ýarymynda ýüze çykypdyr. Ilkibaşda ony arap, hindi ýurtlaryndan getirilen kokos hozundan, suwkädiden ýasapdyrlar, soňra tut agajynyň içini köwüp ýasandyklary barada halypalar gürrüň berýärler. Etrabymyzdaky çagalar sungat mekdebimizde ýaş nesle saz sungatyny öwretmekde uly tagallalar edilýär. Bu ýerde çagalaryň saýlan ugurlary boýunça bilim alyp, kämilleşmekleri üçin ähli şertler bar. Mekdebimizde Begenç Myradow halypalyga ýetişen tejribeli mugallymlaryň biri bolup, ol gyjak hünärinden bilim berýär. 1989-njy ýylda Sakarçäge etrap çagalar sungat mekdebine gyjak hünäri boýunça okuwa giren Begenç özüniň ukyp-başarnygyny äşgär edýär. Ýaş oglanyň aýratyn zehinine üns beren halypa mugallym Çary Karaýew oňa ýakyndan goldaw-ýardam berýär. Begenjiň saz sungatynyň uç-gyraksyz älemine içgin aralaşmagyna halypalyk edýär. Kämilligiň ýoluny ynamly külterläp başlan B. Myradow 1994-nji ýylda Marynyň Ý. Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde okuwyny dowam etdirýär. Gyjak çalmagyň inçe syrlaryny ykjam ele alýar, kämilleşýär. Mekdepde B. Myradowa tejribeli mugallymlar Agamyrat Jumaýew, Nurmyrat Babaýew halypalyk edip, onuň ukyp-başarnygynyň ýokarlanmagyna goldaw-ýardam berýärler.

Milli medeniýetimiziň şöhraty

Hormatly Prezidentimiz milli aýdym-saz sungatymyzyň, medeniýetimiziň uly ösüşlere eýe bolmagy ugrunda bimöçber tagallalary edýär. Eziz Diýarymyzyň çäginde yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýän medeniýet öýleridir merkezleri, sungat mekdepleri, muzeýler, kitaphanalar hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Şeýle kaşaň desgalar milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösmegi bilen birlikde, bu ugurda kämil hünärmenleriň kemala gelmeginde hem uly ähmiýete eýedir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň wezipeleriniň beýanyny tapmagy has-da begendirýär. Maksatnamada döwletimiz tarapyndan medeniýet ulgamyny maglumatlar bilen üpjün etmek, çeper döredijilik we innowasiýa işi üçin şertleri döretmek, ilat üçin medeni gymmatlyklaryň elýeterliligini giňeltmek we dünýä medeniýetine goşulyşmak boýunça işjeň çäreleriň görülmegi bellenilýär. Onda medeniýet ulgamynyň ösüşine has-da itergi berjek desgalaryň gurluşygyna aýratyn ünsüň berilmegi ählimizi begendirýär.

Watanym garaşsyz, ilim bagtyýar

Aýdyň, ösüşli menzillere tarap ynamly öňe barýan berkarar Watanymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip at berlen üstümizdäki ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny belleýär. Seriňi buýsançdan doldurýan, kalbyňy mähir-muhabbete besleýän bu şanly sene her bir türkmenistanly üçin günleriň iň zyýadasydyr. Bu şöhratly sene ata-babalarymyzyň asyrlarboýy garaşsyzlyk, özbaşdaklyk ugrunda eden arzuw-umytlarynyň myrat tapmasydyr. Bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda keramatly topragymyzda Garaşsyz Watanymyzyň täze taryhy ýazylýar. Asyrlara barabar döwletli tutumlar, içeri we daşary syýasatymyzda ýetilýän belent sepgitler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly senesini giňden dabaralandyrmaga, ony täze zähmet ýeňişlerine beslemäge giň ýol açýar. Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 23-nji dekabrynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirip, Garaşsyz Watanymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň belleniljek ýylynda öňde durýan wezipeleri kesgitledi. Garaşsyzlygymyzyň ýubileý senesini hem-de milli Liderimiziň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň dünýä derejesinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň ähmiýetini giňden açyp görkezmek şolaryň ileri tutulýan ugrudyr. Munuň özi ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň aýry-aýry ugurlarynyň ö