"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Zeminiň ýylgyryşy

Abu Reýhan Birunynyň «Gadymy halklardan galan ýadygärlikler» atly eserinde ýaz paslynda Nowruz baýramynyň bellenilişi hakynda gyzykly maglumatlar getirilýär. Onuň bellemegine görä, 21-nji martda Älem giňişligindäki Günüň gyzgyn şöhlesi Ýeriň ekwatoryna dik düşýär. Birunynyň öz eserinde: «Nowruz gününde bir sagat bar, şol sagatda wagtyň çarhy älemi janlandyrmaga howlugýar. Ol günüň iň bagtly sagatlary Günüň şöhlesiniň dik düşüp ugran sagatlarydyr» diýip belleýär. Nowruz baýramyny bellemekde her bir halkyň öz milli däp-dessurlary, milli aýratynlyklary bar. Türkmenlerde ol, esasan şaman oduny ýakmak bilen baglanyşykly bolupdyr. «Nowruzda şaman oduny ýakyp, onuň üstünden bökseň, bar günäleriň dökülermiş» diýlip yrym edilipdir. Bu günde birek-birekden öýkeli adamlar ýaraşypdyrlar. Bu baýramçylyk dostlugyň, doganlygyň, ynsanperwerligiň, parahatçylygyň baýramy hökmünde hem dünýä dolýar. Baýramçylyk günleri adamlar biri-birine gowudan-gowy arzuwlary, süýji-süýji tagamlary hödür-kerem edýärler.

Eziz diýar toýlara beslenýär

Toý-baýramlar ýurduň parahatçylygynyň, durmuşyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň nyşanydyr. Şu babatda alanymyzda, biz has-da buýsanmaga haklydyrys. Ýurdumyzda toýlaryň toýa ulaşmagy, olaryň goşa-goşadan toýlanmagy we giň gerimli baýramçylyk dabaralaryna beslenmegi durmuş abadançylygymyzy hem-de bagtyýarlygymyzy dünýä ýaýýar. Muňa Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň şu günler dowam edýän dabaraly baýramçylyk çäreleriniň hem-de olaryň köňülleri heýjana salýan şatlygynyň we buýsanjynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şu gezekki Nowruz baýramynyň Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň, Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň giňden baýram edilýän ýylynda toýlanýandygyny bellemek gerek. Baýramçylyk çäreleri bu ýyly hem, şanly seneleri hem şöhratlandyrýar we many-mazmun taýdan baýlaşdyrýar.

Milli medeniýetimize siňen ajaýyp baýram

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen halkynyň milli däp-dessurlary giň gerime eýe boldy. Milli senelerimiziň sanawyna girýän Milli bahar baýramy durmuşymyza mäkäm ornaşdy. Milli bahar baýramy halklary ýakynlaşdyrýar, gatnaşyklary has-da ýokary derejä göterýän belent sepgitlere tarap täze ýollary açýar. Bu baýramçylyk ruhy we taryhy-medeni umumylyklarymyzy beýan edýän ajaýyp baýramdyr. Onda biz şöhratly pederlerimiziň beýik ynançlaryny we dünýägaraýyşlaryny, asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelen medeni we ruhy mirasyny görýäris. Ruhy atamyz Magtymguly Pyragy hem Nowruzyň keramatly we tämizleýji güýjüni öz goşgularynda wasp edipdir. Milli bahar baýramynyň mazmunyny ahlak arassalygynyň, ruhy tämizligiň çesmesi hökmünde çeper sözler bilen açyp görkezipdir.

Hoş geldiň, nowruzym, biziň illere!

At çapdyryp, alyň uly baýragy,Bu bir tebigatyň uly baýramy!Täze günüň, täzelenişiň baýramy,Hoş geldiň, Nowruzym, biziň illere! Sen geldiň, eredi daglaryň gary,Gül açyp başlady ýüregmiň tary,Gülledi, gül açdy baglaryň bary,Hoş geldiň, Nowruzym, biziň illere!

Baýramçylygyň şanyna

Buýsanja beslenen dabara Ýakynda Esenguly çeper halyçylyk kärhanasy kärhananyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy bilen bilelikde Milli bahar baýramy mynasybetli «Bahar gözelligini göllerde jemlän» atly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Dabarada Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda gazanylýan üstünlikler hem-de hormatly Prezidentimiziň tutumly başlangyçlary wagyz edildi.

Ülkäme toý bolup gelen ýazlarym

Pasyllaryň soltany bahar paslynyň gelmegi bilen ýurdumyzyň dagy-düzi ýaşyl donuny ýapynyp, lälezarlyga bürenýär. Eziz Diýarymyzyň şäherdir obalary, gül tebigaty ýazyň ýalkymy bilen has-da ajaýyplaşýar. Dana pederlerimiz: «Ýyl görki bahar-ýazdyr, toý görki aýdym-sazdyr» diýen nakyly döredip, bu paslyň joşguna, şähdaçyklyga, dostluga we dostanalyga başlangyçdygyny belläpdirler. Göwünlere täzeleniş, süňňüňe ýeňillik berýän bahar paslynda halkymyzyň toýlary toýlara ulaşýar. Ýaz paslynyň goýnunda ulus-ilimiz Milli bahar baýramyny, Bütindünýä saglyk gününi, Türkmen bedewiniň we alabaýynyň baýramyny, Aşgabat şäheriniň gününi, Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň gününi giňden belläp geçýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan ýylda bu baýramlaryň we şanly seneleriň ähmiýeti has-da artýar.

Täzelenişiň baýramy

Nowruzyň gelmegi bilen Zeminde täzeleniş bolup geçýär. «Nowruz» pars sözi bolup, türkmençä terjime edilende «täze gün» diýen manyny aňladýar. Nowruz — ählumumy sazlaşygyň we täzelenişiň baýramçylygydyr. Çünki bu döwürde gije bilen gündiz deňleşip, gyş öz ornuny bahar paslyna berýär, baglar pyntyklap, güller açylýar. Bu sazlaşyga bagyşlap, Biruni, Ferdöwsi, Omar Haýýam ýaly beýik danalar ölmez-ýitmez eserleri döredipdirler.

Dag obasynyň Nowgüli

(Hekaýa) Ýolagçy awtobusynyň aýnasyndan daşaryny synlap oturan ýaş ýigidiň gözleri daş-töwerekdäki gözelliklerdedi. Onuň bu bolup oturyşy göýä bahar paslynyň ajaýyp gözelligi bilen jadylanan ýalydy. Ine-de, ulag iki tarapy hem dagdyr baýyrlyk bilen gurşalan ýol boýunça ýokarlygyna galyp ugrady. Ýigit şondan soň tutuş göwresi bilen ulagyň aýnasyna tarap öwrülip, bu gözellikleri has uly höwes bilen synlamaga başlady. Baýyrlaryň ýüzünde reňbe-reň açylan çigildemler, gülälekdir jümjümeler jadylaýjy gözelligi bilen diňe bir kalby hyjuwdan doly ýaş ýigidi däl, eýsem, islendik adamyny hem özüne bendi edip biljekdi.

Nowruz geldi äleme

Halkara Nowruz baýramçylygy ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda uly dabara, şatlyk-şowhun, ruhubelentlik bilen bellenilýär. Halkymyzda «Ýylyň gelşi Nowruzyndan belli» diýlen aýtgy hem bar. Gadymyýetden gelýän Nowruz baýramçylygy «Täze ýyly», «Täze güni» aňladyp, adamlar öýüniň içini, daşyny, köçesini tämizläp, ýagşy arzuw-niýet bilen, täze ýyla gadam basýar.  Bu baýramçylygy agzybirlikde, jebislikde jemlenişip bellemek adamlary has-da ýakynlaşdyrypdyr.

Baharyň buşlukçysy

Ata-babalarymyzdan miras galan milli baýramlarymyz, däp-dessurlarymyz häzirki döwürde halkymyzyň ruhy dünýäsiniň çyragyna öwrülip, täze many-mazmun, kämil öwüşginler bilen has-da ösdürilýär. Nowruz bilen baglanyşykly gadymy däplerimiz hem ajaýyp döwrümize laýyk ýörelgeler bilen baýlaşdyrylyp, ýokary guramaçylyk derejesinde bellenýän toý-dabaralarymyza aýratyn bezeg berýär. Pasyllaryň soltany owadan bahar pasly älem-jahany gülzarlyga, läle-reýhana besledi. Her bir paslyň öz gözelligi, jana tenekar howasy bar. Emma bahar pasly özüniň ajaýyplygy we täsirli mylaýymlygy bilen adamlaryň göwün guşuny ganatlandyrýar. Ýaz gelende tebigat janlanýar. Bu pasylda älem-jahan gözelligini artdyryp, ynsan kalbyny heýjana getirýär, ajaýyp duýgulary oýarýar.

Mähir ojagy

Islendik ugurda gowy netije gazanmak, ilki bilen döredilýän mümkinçiliklere bagly. Çagalaryň arasynda geçirilýän dürli bäsleşikleriň her ýyldaky ýeňijileriniň arasynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al-Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň ýaşlarynyň hem bolmagy, ol ýerdäki köptaraplaýyn giň şertlerden ruhlanyp, alnyp barylýan joşgunly zähmetiň subutnamasydyr. Muňa ýakynda şol ýerde myhmançylykda bolanymyzda ýene bir ýola göz ýetirdik. 300-e golaý çaga terbiýelenýän bu köşgüň 2009-njy ýylda ozalky binalarynyň durky täzelenip, goşmaça döwrebap binalar bilen üsti ýetirildi. Ilki bilen, köşgüň baş binasynda ýerleşýän otaglaryna, kitaphana, muzeýe aýlanyp gördük. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän eserleri, çeper hem halk döredijiligine degişli kitaplar, daşary ýurt dilindäki çeper eserler, köşgüň uçurymlarynyň sünnäläp döreden dürli ölçegdäki nakgaş eserleriniň, ýaşajyk fotosuratçylarynyň düşüren baý many-mazmunly suratlarynyň diwarlary bezäp durmagy ýakymly duýgulary bagyşlady.

Ýaş zehinleriň ylham joşguny

Zehinli ýaşlar — Watanymyzyň guwanjy. Olaryň döredijiliginde döwrümiziň beýik ösüşleriniň belentden wasp edilmegi eşretli zamanamyzyň bagyşlaýan ylham joşgunydyr. Muňa şu ýylyň şanly baýramçylyklary mynasybetli döwlet hem-de halkara derejesinde geçirilen amaly-haşam hem-de surat çekmek bäsleşiklerinde ýeňiji bolan ýaşlaryň döredijiliginden hem göz ýetirip bolýar.

Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi

«Güneş» žurnalynyň redaksiýasyna Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň ýaşajyk suratkeşleriniň çeken surat eserleri yzygiderli gelip gowuşýar. Ýaşajyk döwürdeşlerimiziň nakgaşçylyk sungatyna bolan höwesi, olaryň döredýän ajaýyp eserlerindäki gözellik bagtyýar balalaryň zehin hem ukyp-başarnyklaryndan habar berýär. Žurnalymyzyň şu sanynda okyjylarymyzy Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebinde okap, bilim alýan ýaşajyk suratkeşlerden gelen surat eserleri bilen tanyşdyrmagy makul bildik.

Hoş owazly nagmalar

Milli bahar baýramyna bagyşlanan «Nowruz nagmalary» atly bäsleşige çagalar bagymyzyň terbiýeçileridir körpeleri toparlaýyn gatnaşyp, şertler esasynda halk döredijiliginden parçalary ýerine ýetirdiler. Nowruz baýramynyň gadymdan dowam edip gelýän däp- -dessurlary, onda taýýarlanylýan milli tagamlaryň ähmiýeti barada gürrüň berdiler. Hymmyl, monjugatdy aýtmakda birek--birekden kem durmadylar. Watanymyzy gülletmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan beýik işlerini, Milli bahar baýramyny wasp edip, küşt depip, gazal aýtdylar. Bäsleşikde mekdebe taýýarlaýyş topary ýeňiji boldy.

Medeniýete sarpam bar

Hazar şäherinde Milli bahar baýramy mynasybetli «Medeniýete sarpam bar, dagdan beýik arkam bar» ady bilen bilim ulgamynda zähmet çekýän gelin-gyzlardan düzülen toparlaryň arasynda bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň şertine görä, oňa gatnaşanlar halk döredijiliginiň bir görnüşini ýerine ýetirdiler. Türkmen milli tanslaryny, sahna eserlerini ýerine ýetirmekde ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Netijede, şäher çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň topary baş baýraga mynasyp boldy. 7-nji, 9-njy çagalar baglarynyň toparlary birinji, 3-nji hem-de 8-nji çagalar baglaryndan gelen toparlar ikinji, 4-nji we 6-njy çagalar baglarynyň toparlary üçünji orunlara mynasyp boldular.

Talyplaryň döredijilik bäsleşigi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşi hem-de welaýat ýörite sungat mekdebi bu bilim ojagynyň talyplarynyň arasynda «Älemde parahatlyk — halkymyzyň şygary, türkmen üçin ezizdir dost-doganyň didary» atly döredijilik bäsleşigini geçirdiler. Onuň maksady ösüşli-özgerişli, her bir güni belent sepgitleri nazarlaýan ýurdumyzda goşa-goşadan tutulýan toý--baýramlarymyzy, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny wasp etmekden, döwrümize bolan buýsanjy beýan etmekden ybarat boldy. Bäsleşik diýseň şowhunly geçdi. Talyplaryň dürli dillerde ýerine ýetiren gazallary, «Alkyş Size, Arkadag!» diýen aýdymy has-da täsirli bolup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy, tomaşaçylaryň göwün guşuny ganatlandyrdy.

Ýaýlalarňa ýazlar geldi, Arkadag!

Synlasaň nurana gözleriň bilen,Sazlaryňa salsaň, sözleriň bilen.Dolaýyplar alsaň, päk seriň bilen,Ýaýlalarňa ýazlar geldi,                                      Arkadag! Reýhanalyk ýada salýar köňlüňi,Asyr aşan ýyllardaky öwrümi.Döredensiň dürden dana döwrüňi,Ýaýlalarňa ýazlar geldi,                                           Arkadag!

Nowruz nagmalary

Bagtyýar il şatlyk-şowhuny bilen,Bir suprada jem bolupdyr Nowruzda.Tenekar howasy, gülleri bilen,Ýaz ýakymy em bolupdyr Nowruzda. Bu ajap pursatda gümmürdäp Gök-de,Arşdan nur paýraýyp, durmasyn çäkde.Ýag, ýagyş, ýagyber, Zemini päkle!Bu topraga nem bolupdyr Nowruzda.

Ülkäme bahar gelende...

Pasyllaryň soltany bolan bahar paslynda döwlet derejesinde il agzybirliginde we jebislikde toýlanylýan Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni bezeýän şanly seneleriň biridir. Nowruz baýramynyň kökleri milliligimizden, taryhymyzdan, özboluşly ruhy dünýämizden gözbaş alýar. Ata-babalarymyz gadymdan gelýän Nowruzy täzelenişiň, abadançylygyň baýramy hasaplapdyrlar. Gahryman Arkadagly ýurdumyzda milli däp-dessurlara hormat goýmak, pederleriň sarpasyny belentde saklamak, milli ruha kybapdaş baýramçylyklary döwlet derejesinde bellemek däbe öwrüldi. Garaşsyzlyk ýyllary täzeden dikeldilen Oraza, Gurban, Nowruz baýramlary ruhy galkynyşymyza ganat bekledi. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni nesillerimizi watansöýüjilik, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekde, şöhratly geçmişimize, ajaýyp şu günümize buýsanjy artdyrmakda, geljegimize berk ynamy oýarmakda uly ähmiýete eýedir.

Gazanlarda gaýnar durar semeni

Nowruz — bu täze günüň, täzelenişiň baýramy. Bahar paslynyň gelendigini alamatlandyrýan bu döwür adamlaryň kalbyna täzeleniş, mähir, nur paýlaýar. Gyş ukusyndan oýanan baglara jan girip, olar ap-ak güle bürenýän bolsa, sähralar ýaşyl don ýapynyp, jümjüme, gülälek, çigildem ýaly al-elwan güllere bürenýär. Babadaýhanlarymyz bolsa ekiş möwsümine girişýärler. Ýurdumyza baharyň gelşiniň üýtgeşik bolşy ýaly, Nowruzyň baýram edilip, bellenilişiniň hem öz aýratynlyklary bar. Nowruz golaýlaşdygyça, adamlar ýakymly aladalar bilen gurşalýar. Her kim bu ajaýyp baýramçylygy milli däp-dessurlara eýerip, mynasyp garşylamaga çalyşýar. Milli bahar baýramynda — Halkara Nowruz gününde dürli milli tagamlar taýýarlanylyp, goňşy-golamlara, myhmanlara hödür-kerem edilýär. Yryma görä, ol günde ýedi dürli tagam taýýarlanylypdyr. Bu däp-dessur häzirki günlerde hem dowam edip gelýär. Nowruz saçagyny bezeýän tagamlaryň naýbaşysy bolsa Äşe-Patmanyň aşy hasaplanylýan semenidir. Semeni kiçijik çagalardan başlap, uly ýaşly adamlaryň hem halaýan tagamy bolmak bilen, onuň taýýarlanylyşynyň öz aýratynlyklary bar. Çünki semenini taýýarlamak üçin ilki bugdaý dänelerini ekip, ony yzygiderli çyglandyryp durmaly. Şine ýaryp, gögerip başlan bugdaýy döwmeli we çykan şireli suwuny un bilen garyp gaýnatmaly. Semenini taýýarlamak işi wagty köp talap edýär. Gaýnap duran semenini gazanyň düýbüne ýelmeşmez ýaly, yzygider bul