Dutaryň owazy — parahatçylyk sazy
Türkmen halky — toý-baýramy we onuň bezegi bolan aýdym-sazy söýýän, şahandaz halk. Bu jadyly sungat her bir ynsany özüne maýyl edip, oňa ruhy lezzet berýär, durmuş belentliklerine ruhlandyrýar. Milli aýdym-saz sungaty türkmeniň kalbynyň owazy bolup, nesilden-nesle geçip, şu günlerimize gelip ýetdi. Merdana pederlerimiz öz ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini bu sungatyň süňňüne siňdiripdirler. Şeýle bolansoň, milli aýdym-sazlarymyzy diňläniňde, türkmeniň menzillere uzaýan taryhy göz öňüňde janlanýar. Uzak asyrlaryň dowamynda türkmen aýdym-saz sungaty parahatçylygyň ilçisi, toý-baýramlaryň buşlukçysy, köňüllerimiziň ylhamy bolup geldi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň milli saz gurallary senetçiligini, aýdym-saz sungatymyzy ösdürmek, bu ugurda ýetilen sepgitleriň, gazanylan üstünlikleriň ähmiýetini dünýä ýaýmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Türkmen milli sungatynyň özboluşly ugurlarynyň biri hökmünde dutar sazlarynyň müň röwüşli öwrümleriniň aýratynlyklaryny çuňňur öwrenmek, dutar ýasamak senetçiligini ösdürmek, bagşyçylyk sungatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak, geljekki nesillere ýetirmek, dutar ussaçylygynyň halk tejribesini has-da kämilleşdirmek, ýaş nesillerde kalba ýakymly owazy bilen meşhurlyk gazanan türkmen halk aýdym-sazlarynyň aýratynlyklaryna söýgi döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Meden