Medeniýete, sungata sarpa bar
Halkymyzy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne ýetiren döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pähim-parasatly baştutanlygynda giň gerimli tutumlardyr maksatnamalar amala aşyrylýar. Bedew batly ösüşleri nazarlaýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde durmuşa geçirilýän özgertmeler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga, şol bir wagtda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir. Halkynyň bimöçber söýgüsini gazanýan Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli taglymaty netijesinde, ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, milli medeniýetimiz, sungatymyz has-da baýlaşýar, belent sepgitlere ýetýär. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat wekilleri sarpalanýar, olara hormatly atlar dakylýar. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda milli mirasymyzy geljekki nesillere ýetirmekde uly işler ýola goýulýar. Berkarar ýurdumyzda döredilýän mümkinçilikleriň netijesinde ylymly-bilimli, hünärli nesiller kemala gelýär. Kämillige gol berip, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany barha artýar.