Magtymguly, sözlär tili türkmeniň
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaraly çäreler, maslahatlar, duşuşyklar, bäsleşikler biri-birine ulaşýar. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýurdumyzyň halk teatrlarynyň, drama toparlarynyň, teatr studiýalarynyň we halk gurjak teatrlarynyň arasynda sahna eserlerini ýerine ýetirmek boýunça yglan eden «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşigi hem şeýle tutumly çäreleriň biri boldy. Bäsleşigiň welaýat tapgyry welaýat döwlet drama teatrynda geçirilip, oňa etrap-şäherleriň teatr toparlary öz sahna eserleri bilen gatnaşdylar.