"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýaşuly nesle belent sarpa

Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölümi tarapyndan welaýat ýörite sungat mekdebinde geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi uly ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna beslendi. Çärä il sylagly ýaşulular, mährem eneler, medeniýet, bilim we beýleki ulgamlaryň işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşululara goýulýan hormat-sarpa barada giňişleýin gürrüň edildi. Il sylagly ýaşulular, mährem eneler özleri hakda edilýän alada üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirip, ýaşlara agzybirligi, adalatlylygy, ulyny sylamagy, kiçä hormat goýmagy, ahlak arassalygyny, halallygy, ajaýyp zamananyň gadyryny bilmegi, tutanýerli zähmet çekmegi öwüt-ündew etdiler.

Şu gün ― Ýaşulularyň halkara güni

Ýaşuly nesle belent hormat Ýurdumyzda her ýylyň 1-nji oktýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Ýaşulularyň halkara güni giňden bellenilip geçilýär. Asylly däbe öwrülen bu baýramçylyga welaýatymyzda hem giň orun berilýär.

Sarpasy belent ýaşulular

Türkmenabat şäherindäki «Çarbag» seýilgähinde Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulular, mährem eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we welaýatymyzyň zähmetkeşleri gatnaşdylar. Baýramçylyk çäresinde dilleri senaly gojalarymyzyň, kümüş saçly enelerimiziň ýürek buýsançlary diňlenildi. Olar berkarar Watanymyzda ýaşuly nesliň sarpasynyň belent tutulýandygy, il-ýurt bähbitli işlerde olaryň öwüt-ündewlerine eýerilýändigi üçin hoşallyklaryny bildirdiler. Nygtalyşy ýaly, ýaş nesliň watansöýüjilik, halallyk, päk ahlaklylyk ruhunda terbiýelenilmeginde sarpasy belent ýaşulularymyz öz gujur-gaýratlaryny gaýgyrmaýarlar.

Ýaşulularyň halkara güni dabaraly bellenilip geçildi

Hormat-sarpanyň eýeleri Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň baýramçylyk dabaralaryna utgaşyp gelen ýene-de bir şanly sene — Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli welaýat häkimliginiň, TDP-niň, TSTP-niň, TAP-nyň welaýat komitetleriniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, TZB-niň welaýat bölüminiň, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda Baýramaly şäher medeniýet öýünde baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa welaýatymyzyň il sylagly ýaşululary, kümüş saçly eneleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, saglyk ulgamlarynyň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat çäreleri

Möhüm waka bagyşlanyldy Beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda ak şäherimiz Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm waka boldy. Mejlisde Garaşsyz, Bitarap döwletimizi ähli ugurlar boýunça durnukly ösdürmegiň, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda şu möhüm waka mynasybetli wagyz-nesihat çäreleri giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar.

Şu gün — Ýaşulularyň halkara güni

Törleriň töresi, toýlaň bezegi Her ýylda altyn güýzüň ikinji aýynyň ilkinji gününde ýurdumyzda Ýaşulularyň halkara güni uly dabara bilen bellenip geçilýär. Bu şanly sene döwlet hem jemgyýetçilik durmuşynda iň arzyly günleriň biri bolmak bilen birlikde, halkymyzyň asly halal hem milli ýörelgelerine belent ygrarlylygyny aýdyň alamatlandyrýar.

Arkadag şäheri – bagtyň bahary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Arkadag şäheri ýurdumyzyň häzirki gülläp ösüşiniň ajaýyp nyşany, adam hakynda edilýän aladanyň nobatdaky subutnamasy bolup ýalkym saçýar. Dürli maksatly desgalaryň we binalaryň ençemesini özünde jemleýän bu şäheriň birinji tapgyrynyň bary-ýogy dört ýyldan gowrak wagtyň içinde gurulmagynyň özi haýran galdyryjy wakadyr, şol bir wagtda-da buýsandyryjy we guwandyryjy hakykatdyr. Bu “akylly” şäher konsepsiýasynyň iň häzirki zaman innowasion şähergurluşyk taslamasynyň ýaş türkmen gurluşykçylary we hünärmenleri tarapyndan ýerine ýetirilmegi buýsanjyňy goşalandyrýar. Munuň özi ýurdumyzda amala aşyrylýan iri taslamalarda ýaşlaryň mümkinçiliklerine uly ynam bildirilýändigine şaýatlyk edýär. Arkadag şäheri halkymyzyň şu günki we geljekki nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň bähbidine gönükdirilen innowasion taslamadyr. Şonuň üçin Arkadag şäherine “ýaşlar şäheri” diýilmegi ýöne ýerden däldir. Bu adalga ýaşlaryň diňe şäheri gurmaga gatnaşandyklary bilen bagly däldir, ol ýaşlaryň şähere siňdiren zähmeti, ukyby, zehini bilen çäklenmeýär. Arkadag şäherinde ýaşajak, zähmet çekjek, bilim aljak, hünär öwrenjek - ösüp-örňejek ilat, esasan, ýaşlardyr. Arkadag şäheri geljegiň şäheridir. Geljek bolsa, elbetde, ýaşlardyr. Ýurdumyzyň geljegini häzirki ýaşlar, onda

Abadan durmuşyň hatyrasyna

Düýn Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň dowamynda geçirilen çäreleriň jemleri jemlenildi we onuň ýapylyş dabarasy boldy. Oňa paýtagtymyzyň mekdep okuwçylary we mugallymlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, müdirligiň gözegçileri gatnaşdylar. Dabara IIM-niň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirligi, Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşi tarapyndan bilelikde guraldy. Her ýylyň sentýabr aýynda ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanyp guralýan çäreler, maslahatlar, usulyýet okuwlary, öňüni alyş işleri ýol hereketine gatnaşýan pyýadalaryň we sürüjileriň hukuk düşünjeleriniň kämilleşmegine, ýol hereketiniň düzgünleriniň gyşarnyksyz berjaý edilmegine ýardam edýär. Şeýle asylly işler her bir adamyň saglygy we howpsuzlygy hakynda döwlet derejesinde alada edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Dilleri senaly garrylar gerek

Umumadamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrýan hem-de ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrýan ajaýyp baýram — Ýaşulularyň halkara güni dünýäniň dürli ýurtlarynda bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda hem agzybirlik we ruhubelentlik bilen dabaraly bellenilip geçilýär. Ýaşululara hormat goýmak, mährem enelerimizden ak pata almak halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň biri bolmak bilen, geljekki nesillere görüm-görelde, terbiýe mekdebidir. Bu gün öýlerimiziň, toýlarymyzyň we jemgyýetimiziň bezegi bolan ýaşuly nesillerimize akyl-paýhasyň, pähim-parasadyň egsilmez çeşmesi hökmünde belent sarpa goýýarys. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» kitabyndaky «Garry — öýüň sütüni», «Ýigit — söweşde, garry — geňeşde», «Ata barynda — ogul ýaş, aga barynda ini ýaş», «Ata razy — Hudaý razy. Ene razy — pygamber razy» ýaly nakyllarda özüňden ululara, ýaşuly adamlara hormat goýmak ýaly türkmençilik ýörelgeleri öz aýdyň beýanyny tapýar.

Çagalar — biziň umyt-arzuwlarymyz

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli 27-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we bilim alýan, şeýle-de Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldip, bejergi alýan çagalara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan dürli datly miwelerden, süýjüliklerden, beýleki naz-nygmatlardan ybarat bolan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Milli kanunçylygymyz kämilleşdirilýär (Ýaşlar we hukuk özgertmeleri)

Ýurdumyzyň islendik ulgamynyň ösdürilmegi onuň hukuk binýadynyň berkidilmegi we döwrebaplaşdyrylmagy bilen baglydyr. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli hukuk binýadymyzy döwrebaplaşdyrmak hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň alyp barýan parasatly syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwletdir. Ýurdumyzda raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de borçlaryny kadalaşdyrýan, kepillendirýän konstitusion kadalar umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň ähli görnüşlerini özünde jemleýär hem-de her bir şahsyýetiň jemgyýetdäki mynasyp ornuny kesgitleýär. Kabul edilýän maksatnamalar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga, ýurdumyzyň ykdysadyýetini barha pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýady tutulan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän demokratik ýörelgeleriniň durnukly durmuş-ykdysady ösüşleri, il-halkyň bähbitlerini, abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendiginiň aýdyň beýanydyr.

Ýaşlar we Ýaşlar guramasy

■ Paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Watanymyzyň bagtly zenanlary» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Aşgabat şäher Ýaşlar guramasynyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär tehniki okuw mekdebi bilen bilelikde guran çäresinde maşgala mukaddesligi, nesil terbiýesi dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Gülälek BAÝRAMALYÝEWA,TMÝG-niň Aşgabat şäher geňeşiniň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň baş hünärmeni.

Belent maksatly ýaşlar (Buýsançly köňülleriň kelamy)

Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň beýik geljegi ýaşlarymyzyň bagtyýarlygynda, ruhy we beden taýdan sagdynlygyndadyr. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzyň ykbal özgerdiji ynsanperwer döwlet syýasatynda ýaş nesil baradaky köptaraply aladalar naýbaşy orunda durýar. Hormatly Prezidentimiz: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýip, aýratyn buýsanç bilen nygtaýar. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmakda üstünlikli amala aşyrylýan beýik işlerde ýaşlaryň gujur-gaýratyna, netijeli zähmetine, giň dünýägaraýşyna uly ynam bildirilýändiginiň beýanydyr.

Röwşen geljegimiz ugrunda

Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda, toýly günlerde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazylan wakalaryň biri boldy. Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütler mundan beýläk-de ýurdumyzyň durnukly ösüşini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň bu mejlisde eden taryhy çykyşlaryndan hem görnüşi ýaly, geljek ýyllarda-da döwletimiziň we halkymyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap aljak düýpli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna giň gerim berler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çykyşynda belleýşi ýaly, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen tutumly işleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda hiç bir mesele ünsden düşürilmeýär. Munuň özi mähriban halkymyzyň abadançylygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ylym-bilim özgertmeleri barada nygtamak bilen, mundan beýläk-de bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işleri alyp barmak, halkara derejä laýyk gelýän umumybilim edaralaryny döretmek işleriniň möhüm wezipeleriň biridigini nygtady. Bu ugurda üstünlikli dowam edip gelýän

Döwlet resminamalary berildi

Şanly Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda ― 25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň hem-de ýurdumyzda ýaşaýan daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabaraly çärä ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň we degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn edaralaryň işgärleri, hormatly ýaşulular we eneler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Sürüjilere maslahatlar

Mälim bolşy ýaly, endikler köp babatda şahsyýetiň adamkärçilik derejesini kesgitleýär. Jemgyýet bize endiklerimize garap baha berýär. Durmuşda hem endiklerimize, hereketlerimize görä orun tapýarys. Bu ýagdaý ýol hereketi babatynda hem şeýle. Ýol hereketine gatnaşýan wagtymyz özümizde gowy endikleri taplamagy başarsak, şonça-da ýol hadysalarynyň döremek töwekgelçiligi azalýar. Ýöne gynansak-da, kähalatlarda özünde kemala gelen erbet endikleri sebäpli ýol hadysalaryna uçrap, özüni we töweregindäkileri uly howp astynda goýýanlar hem ýolda-yzda gabat gelýär. Öňden barýan awtoulaga has golaý barmak ― öňdäki awtoulagyň sürüjisiniň aňyna ýaramaz täsir edip, ol dolandyrýan awtoulagynyň tizligini gataltmaga mejbur bolýar. Yzdan golaý barýan ulagyň çyralary onuň gözlerini gamaşdyryp biler. Şeýle etmek bilen, siz heläkçilikli ýagdaýy döredip biljekdigiňizi ýatdan çykarmaň. Meselem, tejribesiz sürüjiler şeýle ýagdaý sebäpli, awtoulag heläkçiligine getirip biljek ýalňyşlyklary goýberip biler.

Redaksiýanyň elektron poçtasyndan: watan@sanly.tm

Bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi Golaýda Daşoguz şäherindäki Bagt köşgi toý-dabaralar merkezinde TZB-niň Merkezi Geňeşiniň, TKA-nyň Milli Merkeziniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň telewideniýe radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan eden «Hünärli nesil — röwşen geljek» atly bäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi.

Zähmet çekseň — il tanar

Halkymyz il-gün üçin yhlasly, döredijilikli zähmet çekýän adamlara hormat, sarpa goýýan halkdyr. Il-günüň şeýle uly hormatyndan peýdalanýan watandaşlarymyzyň biri hem Gyzylarbat etrabynda ýaşaýan mugallym Eýeberdi Täçmyradowdyr. Sekiz onlugy arka atan Eýeberdi aga bilen duşuşmak üçin öýüne baranymyzda, halypanyň iş stolunyň üstünde duran birnäçe kitaplarda we Hormat hatlarda gözümiz eglendi. Biz onuň bilen içgin söhbet edip başlanymyzda, ol türkmen ýaşulusyna mahsus pessaý sesi bilen özüne degişli birnäçe maglumatlary we fotosuratlary emaý bilen bukjanyň içinden çykaryp, zähmet we durmuş ýoly barada gürrüň berdi: —1942-nji ýylda Gyzylarbatda demirýolçular maşgalasynda dünýä inip, şol ýerde terbiýelendim. 1958-nji ýylda Bäherden etrabynyň Bamy obasyndaky 18-nji orta mekdebi üstünlikli tamamlap, şol ýyl Aşgabat şäherindäki Ýer gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň hasabat bölümine synagsyz okuwa kabul edildim. Ony 1960-njy ýylda tapawutlanan Diplom bilen tamamladym.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjy ýaşlara söz berýäris

Şanly senäniň — eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüş hem rowaçlyk ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi. Halk häkimiýetiniň gadymdan gelýän milli däplerinden, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň demokratik kadalaryndan ugur alyp, jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň we dürli nesilleriň wekilleri — talyplar, hormatly ýaşulular, mährem eneler ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasynyň mejlisine gatnaşmaga çagyryldy. Biz hem taryhy mejlise gatnaşan ýaşlaryň käbiriniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Üçe çenli — aýny wagty!

MASARU IBUKA (Irki terbiýe bilen bagly 76 maslahat) KIÇIJEK ÇAGA IŇ GOWY ZATLARY GÖRKEZMEK WE BERMEK GEREK