Eşretli ertirimiziň eýeleri
Her güni taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýan ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda uly özgerişler bolup geçýär. Ýaş nesillerimiziň dünýä ülňülerine laýyk derejede bilim, terbiýe almaklary üçin ähli şertler döredilip, nusgalyk işler alnyp barylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly aladasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen çagalar baglarynda, orta mekdeplerde döredilýän şertdir mümkinçilikler bagtyýar ýaş nesillerimiziň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerine ýardam berýär. Bilimli nesil ýurdumyzyň kuwwatly daýanjyna deňelýär. Edep-terbiýeli nesiller eşretli ertirimiziň eýeleridir. Ýurduň ösüşine goşant goşmak, ýaş nesle ilkinji terbiýe bermek, körpelerde irki ösüşlerden başlap, eziz Watanymyza söýgi döretmek, ululara hormat goýmak, zähmetsöýerlik ýaly ajaýyp sypatlary terbiýelemek terbiýeçileriň mukaddes borjudyr. Şundan ugur alyp, hormatly Prezidentimiziň bilim işgärleriniň öňünde goýýan wezipelerini ýerine ýetirmek bilen, ýaş nesilleri döwrüň ruhuna laýyk terbiýeläp, bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzy ösdürmäge mynasyp goşandymyzy goşarys.