Ilkinji gezek gäminiň daşyna çykdylar
Mälim bolşy ýaly, Hytaý geçen ýyl Ýeriň aşaky orbitasynda özbaşdak kosmos stansiýany gurup, ulanyşa girizipdi. Şu ýylyň 30-njy oktýabrynda «Shenzhou-19» kosmos gämisi bilen bekede baran hytaýly kosmonawtlar ilkinji gezek gäminiň daşyna çykdylar. Gäminiň ýa-da bekediň daşyna çykmak kosmonawtlar üçin iň çylşyrymly işleriň biri hasaplanyp, «kosmos ýörişi» diýlip atlandyrylýar. Hytaýly kosmonawtlaryň «kosmos ýörişi» 9 sagat dowam etdi. Hytaýyň Adamly kosmos inženerçiligi edarasy (CMSA) Saý Sýuýçže, Sun Lindun we Wan Haosze beketdäki robot goluň kömegi hem-de ýerdäki kärdeşleriniň goldawy bilen birnäçe çylşyrymly işi ýerine ýetirendiklerini mälim etdi. Idris HAJYÝEW,