"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Wagyz-nesihat çäresi

Kitap — bilimleriň çeşmesi Golaýda Murgap etrap merkezi kitapahanasynda TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda “Kitap — bilimleriň çeşmesi” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa etrapdaky edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.

Joşgunly dabaranyň ruhubelentligi

Täze, 2025-nji ýyl baýramçylygyna bagyşlanyp, Sarahs şäheriniň merkezi seýilgähindäki Täze ýyl arçasynda dabara geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Sarahs etrap birleşmesiniň hem-de Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen dabara aýratyn ruhubelent joşguny bilen alamatlandy. Oňa dürli pudaklarda, edara-kärhanalarda işleýän öňdebaryjy zähmetkeşler, etrap jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Medeniýet-sungat ussatlarynyň, çeper höwesjeňleriň baýramçylyk mynasybetli taýýarlan çykyşlary dabara baý many goşdy. Turuwbaşdan şatlyk-şagalaňa beslenen dabarada Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli işleri, bagtyýar halkymyz joşgunly wasp edildi.

Öwüt-ündewler aýdyldy

Sarahs etrabyndaky 1-nji orta mekdepde etrap bilim bölüminiň, etrap polisiýa bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa ýokary synp okuwçy ýaşlar gatnaşdy. Täze ýyly mynasyp garşylamak, baýramçylyk dabaralarynyň ýokary derejede geçirilmegini gazanmak maksady bilen geçirilen duşuşykda etrap polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümçesiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň çykyşlaryna giň orun berildi. Çykyş edenler ýaşlary bezeýän ýagşy gylyk-häsiýetler, asylly ýol-ýörelgeler, sagdyn durmuş ýörelgeleri barada aýdyp, mekdep okuwçylaryna gymmat öwüt-ündewlerini aýtdylar. Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçiriljek çärelerde we köpçülik ýerlerinde özüňi alyp barmagyň, tertip-düzgüni berjaý etmegiň ähmiýeti hakda aýdylanlar uly täsirleri döretdi.

Baýramçylyk dabaralarynyň joşguny

Änew şäheriniň merkezi seýilgähini Ak bugdaý etrabynyň Täze ýyl arçasy bezeýär. Etrap derejesindäki baýramçylyk dabaralaryň aglabasy şu ýerde geçirilýär. Täze ýyl golaýlaşdygyça baýramçylyk arçasynyň töwereginiň mähellesi artýar. Etrap bilim bölümi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýaýbaňlandyrylýan Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli aýdym-sazly dabaralar al-asmana göterilýär. Başy Gök direýän, owadan bezegleri bilen ýakymly täsirleri döredýän Täze ýyl arçasyndaky dabaralara okuwçy ýaşlar we bagtyýar körpeler höwesli gatnaşýarlar.

Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dabara

Sarahs etrabynyň merkezindäki “Bagt” toý mekanynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dabara geçirildi. Owadan toý zaly ak saçly enelere, dili senaly ýaşululara, bagtyýar ýaşlara, edara-kärhanalaryň öňdebaryjy zähmetkeşlerine, naşyja çagalara gujagyny giňden açdy. Baýramçylyk dabarasynyň bezelen sahnasynda etrabyň aýdym-saz, tans-halk döredijilik toparlarynyň sungat çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Gözel Watanymyzyň gün-günden gözelleşýän keşbi, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan işleri, halkymyzyň dürli ugurlarda ýeten belent sepgitleri bu ýerdäki joşgunly çykyşlarda belentden wasp edildi. Artistleriň ýerine ýetiren gülküli sahnalary hem gyzgyn garşylandy.

Türk­men-ma­laý hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­si

18-19-njy de­kabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Ma­laý­zi­ýa­da res­mi sa­par­da bol­dy. Azi­ýa – Ýu­waş um­man se­bi­ti­niň ýurt­la­ry bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir.

Täzelikleri täzeligine okaň!

Gadyrly okyjylar! “Zaman Türkmenistan” gazetine 2025-nji ýylyň I ýarymy üçin abuna ýazylyşygy dowam edýär.

Çempionlar Ligasynda 6-njy oýunlardan soň

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­sy­nyň li­ga tap­gy­ry­nyň 6-njy du­şu­şyk­la­ry ge­çi­ril­di. Du­şu­şyk­lar­da 59 gol ha­sa­ba al­nyp, 2 oýun­da ha­sap açyl­ma­dy. 10 oýun­da ýer eýe­le­ri, 6 du­şu­şyk­da-da myh­man­lar ýe­ňiş ga­zan­dy. Sa­na­wyň li­de­ri «Li­wer­pul» myh­man­çy­lyk­da «Ži­ro­na­ny» Mo­ha­med Sa­la­hyň 63-nji mi­nut­da pe­nal­ti­den sa­lan ýe­ke-täk go­ly esa­syn­da ýe­ňip, 6-njy du­şu­şy­gyn­da ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Şeý­le ne­ti­je «Ba­ýer» bi­len «In­te­riň» ara­syn­da­ky oýun­da-da ha­sa­ba al­nyp, ne­mes klu­by 90-njy mi­nut­da Mu­kie­le­niň go­ly esa­syn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Bu gol «In­te­riň» şu möw­süm­de ge­çir­den il­kin­ji go­ly bol­dy.

«Ata­lan­ta­nyň» yz­ly-yzy­na 11-nji ýeň­şi

Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da sa­na­wyň li­de­ri «Ata­lan­ta» myh­man­çy­lyk­da «Ka­lia­ri­den» Za­nio­lo­nyň 66-njy mi­nut­da­ky go­ly bi­len 1–0 ha­sa­byn­da üs­tün çy­kyp, bas­syr 11-nji ýeň­şi­ni baý­ram et­di. «Na­po­li» hem myh­man­çy­lyk­da «Udi­ne­ze» bi­len du­şu­şyp, ýer eýe­le­ri­niň öňe ge­çen­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, Lu­ka­ku, Ja­net­ti (ö.d.) hem-de Zam­bo-An­gis­sa­nyň gol­la­ry esa­syn­da 3–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. 10-njy deňme-deňlik

«Bawariýanyň» möwsümdäki ilkinji ýeňlişi

Ger­ma­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da «Ba­wa­ri­ýa­nyň» ýeň­liş­siz ýö­ri­şi Maýn­sda ta­mam­lan­dy. Myh­man­çy­lyk­da «Maýns» bi­len du­şu­şan mün­hen­li­ler 2-1 ha­sa­byn­da as­gyn gel­di. Ýer eýe­le­ri­niň 2 go­lu­ny-da 41-nji we 60-njy mi­nut­lar­da ko­re­ýa­ly Li Že Son der­we­zä gi­riz­di. «Ba­wa­ri­ýa­nyň» ýe­ke-täk go­lu­ny bol­sa 87-nji mi­nut­da Le­roý Sa­ne ge­çir­di. Soň­ky çem­pi­on «Ba­ýer» myh­man­çy­lyk­da «Augs­bur­gy» Ter­rie hem-de Wirt­siň gol­la­ry bi­len 2–0 ha­sa­byn­da ut­dy. Öň­dä­ki orun­lar ug­run­da gö­reş­ýän «Le­ip­sig» bi­len «Aýnt­rah­tyň» ara­syn­da­ky oýun­da ýer eýe­le­ri Şeş­ko hem-de Open­da­nyň gol­la­ry bi­len 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Öz meý­dan­ça­syn­da «Hof­fen­haým» bi­len du­şu­şan «Bo­rus­si­ýa Dort­mund» Reý­na­nyň go­ly bi­len öňe geç­se-de, 90-njy mi­nut­dan soň ýeň­şi el­den gi­der­di.

Fergusondan soň Amorim

Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da tap­gy­ryň iň esa­sy du­şu­şy­gyn­da – Man­çes­ter der­bi­sin­de «Ýu­naý­ted» myh­man­çy­lyk­da «Si­ti­ni» oý­nuň ta­mam­lan­ma­gy­na 2 mi­nut ga­lan­da, ge­çi­ren gol­la­ry esa­syn­da 2-1 ha­sa­byn­da ýeň­di. 36-njy mi­nut­da Gwar­dio­lyň go­ly bi­len öňe ge­çen «Si­ti» 88-nji mi­nut­da Bru­no Fer­nan­de­şiň pe­nal­ti­si­ni hem-de 90-njy mi­nut­da Amad Di­al­lo­nyň go­lu­ny sak­lap bil­me­di. Şun­luk­da, Amo­rim Fer­gu­son­dan soň Man­çes­ter der­bi­sin­de ýe­ňiş ga­za­nan il­kin­ji «ýu­naý­ted­li» tä­lim­çi bol­dy. Sa­na­wyň li­de­ri «Li­wer­pul» öz meý­dan­ça­syn­da «Ful­ham» bi­len 2-2 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­na­dy. 17-nji mi­nut­da 1 oýun­çy kem ga­lan «Li­wer­pu­l» 2 ge­zek ha­sa­by deň­läp, ýeň­liş­den ha­las bol­dy (Gak­po 47, Žo­ta 85 – Pe­reý­ra 11, Mu­niz 76). «Ar­se­na­lyň» «Ewer­ton» bi­len gol­suz deň­me-deň oý­nan tap­gy­ryn­da «Çel­si» öz meý­dan­ça­syn­da «Brent­for­dy» 2-1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. «Çel­si» bas­syr 5-nji ýeň­şi­ni ga­za­nyp, olar çem­pio­nat­da 8 oýun­dan bä­ri utu­la­nok. «Not­tin­gam Fo­rest» bi­len «As­ton Wil­la­nyň» ara­syn­da­ky oýun­da myh­man­lar Du­ra­nyň 63-nji mi­nut­da­ky go­ly bi­len öňe geç­se-de, oý­nuň soň­ky mi­nut­la­ryn­da 2 gol sa­lan «Not­tin­gam Fo­rest» 2-1 ha­sa­byn­da ýeň­şi­ni baý­ram et­di. 4 oýun­dan soň ýe­ňiş ga­za­nan «Tot­ten­ham» myh­man­çy­lyk­da «So­ut­hemp­to­

Hepdäniň esasy duşuşyklary

20-nji de­kabr (an­na) Ba­wa­ri­ýa – Le­ip­sig (00:30)

«Real Madrid» — FIFA Interkontinental Kubogynyň eýesi

Ka­ta­ryň Lu­sa­il şä­he­rin­dä­ki «Lu­sa­il» sta­dio­nyn­da FI­FA In­ter­kon­ti­nen­tal Ku­bo­gy­nyň fi­na­lyn­da Is­pa­ni­ýa­nyň «Re­al Mad­rid» to­pa­ry bi­len Mek­si­ka­nyň «Pa­çu­ka» to­pa­ry du­şuş­dy. 67 müň 249 jan­kö­ýe­riň to­ma­şa eden oý­nun­da we­ne­sue­la­ly emin He­sus Wa­len­zue­la jür­le­wük çal­dy. UEFA-nyň we­ki­li­niň do­ly ar­tyk­maç­ly­gyn­da ge­çen oýun­da «Re­al» 3–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Oý­nuň 37-nji mi­nut­ynda Wi­ni­si­us Ju­nio­ryň pa­syn­dan soň Ki­li­an Mbap­pe ha­sa­by aç­dy. Du­şu­şy­gyň 53-nji mi­nu­tyn­da Mbap­pe­niň asist et­me­gin­de Rod­ri­go owa­dan gol ge­çi­rip, ha­sa­by 2-ä çy­kar­dy. Oý­nuň 84-nji mi­nu­tyn­da emi­niň pe­nal­ti­si­ni dürs uran Wi­ni­si­us Ju­ni­or du­şu­şy­ga soň­ky no­ka­dy goý­dy. Şun­luk­da, «Re­al Mad­rid» bu ku­bo­gy­ny 1960-njy, 1998-nji hem-de 2002-nji ýyl­lar­dan soň 4-nji gezek almagy başar­dy. «Re­al» bu ugur­da «Mi­lan­dyr» «Bo­ko Hu­niors» hem-de «Pen­ýa­rol» to­par­la­ryn­dan öňe saý­la­nyp, 1-nji or­na geç­di. Du­şu­şyk­dan soň Wi­ni­si­us ýa­ry­şyň «Al­tyn top», Fe­de­ri­ko Wal­wer­de «Kü­müş top» hem-de «Pa­çu­ka» to­pa­ry­nyň oýun­çy­sy Elias Mon­ti­el «Bü­rünç top» baý­ra­gy­na la­ýyk gö­rül­di.

Tä­ze film

Ady: «Mu­fa­sa: Şa ýol­bars» (Mu­fa­sa: The Li­on King); Re­žiss­ýo­ry: Ber­ri Jen­kins; Keşp­ler­de (ses be­ren­ler): Aa­ron Pi­er, Kel­win Har­ri­son Ju­ni­or, Set Ro­jen, Bil­li Aýh­ner, Tif­fa­ni Bun, Do­nald Glo­wer, Mads Mik­kel­sen, Tan­diw Nýu­ton, Len­ni Jeýms, Ani­ka No­ni Ro­uz, Blu Aý­wi Kar­ter, Be­ýons Now­les-Kar­ter; Sse­na­ri­çi: Jeff Ne­ten­son; Prod­ýu­se­ri: Adel Ro­mans­ki, Mark Çer­ýak; Kom­po­zi­to­ry: Deýw Mets­jer; Ön­dü­ri­ji: «Walt Dis­ney Pictu­res»; Paý­laý­jy: «Walt Dis­ney Stu­di­os Mo­ti­on Pictu­res»; Do­wam­ly­ly­gy: 118 mi­nut; Gör­nü­şi: epi­ki baş­dan ge­çir­me, mýu­zi­kal, uruş­ly; Ýur­dy: ABŞ; Di­li: iň­lis­çe; Býu­je­ti: 200 mil­li­on $ «Dis­ney» stu­di­ýa­sy­nyň önü­mi bo­lan bu ani­ma­si­ýa ga­ty­şyk­ly film «Mu­fa­sa: Şa ýol­bars» (Mu­fa­sa: The Li­on King) diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Stu­di­ýa­nyň ozal­ky ani­ma­si­ýa­la­ry­ny jan­ly fil­me öwür­ýän tas­la­ma­la­ry­nyň çä­gin­de ek­ran­laş­dy­ry­lan bu fil­me «Aýyň ýag­ty­sy» (Mo­on­light) ki­no­sy bi­len ady­gan Ber­ri Jen­kins re­žiss­ýor­lyk et­di. Sse­na­ri­si Jeff Ne­ten­son ta­ra­pyn­dan ýa­zy­lan ek­ran ese­rin­dä­ki gah­ry­man­la­ra Aa­ron Pi­er, Kel­win Har­ri­son Ju­ni­or, Set Ro­jen, Bil­li Aýh­ner, Tif­fa­ni Bun, Do­nald Glo­wer, Mads Mik­kelsen, meş­hur aý­dym­çy Be­ýons Now­les we gy­zy Blu Aý­wi da­gy ses ber­mä­ge gat­naş­dy­lar. 200 mil­li­on dol­lar çyk­da­jy edi­len

Ýewropada ýylyň filmi saýlandy

Ýewropa kino akademiýasynyň baýraklary bolan Ýewropa film baýraklarynyň bu ýylky ýeňijileri mälim edildi. 37-nji Ýewropa film baýraklarynda iň gowy film diýlip, fransiýaly režissýor Žak Odiaryň «Emiliýa Peres» atly kinosy saýlandy. Bu ekran eseri Pedro Almodowaryň, Mohammad Rasulofyň, Korali Faržanyň hem-de Maura Delperonyň soňky surata düşüren kinolaryny yzda galdyrdy. Filmi surata düşüren Žak Odiar iň gowy režissýor, iň gowy ssenariçi baýraklaryna-da laýyk görüldi. Filmde surata düşen artistlerden Karla Sofiýa Gaskon iň gowy aktrisa diýlip saýlandy. Şweýsariýanyň Lýusern şäherinde geçirilen dabarada filmi kebşirlän Žuliett Welfling iň gowy montaž baýragy bilen sylaglandy. Iň gowy aktýor baýragyna-da «Süleýmanyň hekaýasy» (L’Histoire de Souleymane) filminde baş keşbi janlandyran Abu Sangar mynasyp boldy. «Başga ýer ýok» atly (No Other Land) ekran eseri iň gowy dokumental film diýlip saýlandy. Latwiýaly Gints Zilbalodisiň surata düşüren «Akym» (Straume) atly multfilmi iň gowy animasiýa diýlip ykrar edildi.

82-nji «Altyn globus» baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi

Ki­no sun­ga­ty­nyň ab­raý­ly sy­lag­la­ryn­dan ha­sap­lan­ýan «Al­tyn glo­bus» baý­rak­la­ry­nyň da­laş­gär­le­ri mä­lim edil­di. Os­ka­ryň buş­luk­çy­sy ha­sap­lan­ýan «Al­tyn glo­bus» baý­rak­la­ry «Hol­ly­wo­od»-da­ky da­şa­ry ýurt­ly žur­na­list­ler bi­le­le­şi­gi­niň gu­ra­ma­çy­ly­gyn­da gow­şu­ryl­ýar. 82-nji «Al­tyn glo­bus» baý­rak­la­ryn­da «Emi­li­ýa Pe­res» fil­mi 10 ugur­dan da­laş­gär gör­ke­zil­di. «Netf­lix»-iň önü­mi bo­lan bu film­den soň «A24» stu­di­ýa­sy­nyň «Bru­ta­list» fil­mi 7, şeý­le-de «Konk­law» ki­no­sy-da 6 ugur­dan da­laş­gär­li­ge hö­dür­len­di. Iň go­wy dra­ma fil­mi baý­ra­gy­na «Bru­ta­list», «Bü­tin­leý nä­bel­li», «Konk­law», «Dýu­na: ikin­ji bö­lüm», «Ni­kel­li og­lan­lar», «5-nji sent­ýabr», iň go­wy ko­me­di­ýa ýa-da mýu­zi­kal fil­mi baý­ra­gy­na-da «Ano­ra», «Bäs­deş­ler», «Emi­li­ýa Pe­res», «Ha­ky­ky je­pa», «Subs­tan­si­ýa», «Hyr­syz: Gün­ba­ta­ryň ja­dy­gö­ýi ha­kyn­da er­te­ki» filmleri da­laş­gär gör­ke­zil­di.

Sanki çek­ýän it­ler so­wuk­da üşe­me­ýär­mi?

Adam­zat ýa­şaý­şyn­da ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri it­le­riň hyz­ma­tyn­dan peý­da­la­ny­lyp ge­lin­ýär. Itiň kä­bir gör­nü­şi ýi­ten za­dy tap­mak­da, go­rag mak­sa­dyn­da sak­lan­ýan bol­sa, kä­bi­ri ýük da­şa­mak­da, ha­las ediş iş­le­rin­de adam­la­ra ýa­kyn­dan kö­mek ed­ýär. Aşa so­wuk ho­wa­ly se­bit­ler­de sanki (sani) çe­kip bar­ýan it­ler ba­ra­da­ky mult­film­le­ri ýa-da film­le­ri gö­ren bol­sa­ňyz ge­rek. It­li sanki bu­zuň ýa-da ga­ryň üs­tün­de do­lan­dy­ry­jy­nyň buý­ru­gy esa­syn­da it­le­riň tir­ke­gi çek­me­gi ar­ka­ly ama­la aşy­ryl­ýar. Dün­ýä­niň de­mir­ga­zyk se­bi­ti­niň ýa­şaý­jy­la­ry güýz we gyş aý­la­ryn­da tir­keg­li it­le­ri ulan­ýar­lar. Eý­sem, it­le­riň is­len­dik gör­nü­şi sanki çe­kip bil­ýär­mi, olar so­wuk­da üşe­me­ýär­mi?! Ge­liň, tir­keg çek­ýän it­ler ba­ra­da­ky gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry öw­re­ne­liň! Sa­gat­da 32-40 ki­lo­metr tiz­lik bi­len sanki çe­kip bil­ýän bu it­leriň dy­kyz we ga­lyň sü­tü­gi ola­ry so­wuk­dan go­ra­ýar. Itiň äh­li gör­nü­şi so­wu­ga çy­dam­ly däl. Tir­keg çek­ýän it­ler ýö­ri­te saý­la­nyp alyn­ýar we de­mir­ga­zyk­da ide­dil­ýär. Has­ki, ma­la­mut, gren­land iti we inuit ýa­ly to­hum it­ler so­wuk ho­wa­da ýa­şa­ýar­lar. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, tir­keg çek­ýän to­hum it­ler müň­ler­çe ýyl ozal de­mir­ga­zyk­ly ýer­li ýa­şaý­jy­lar ta­ra­pyn­dan se­çi­lip al­nyp­dyr.

Marş­mel­low – çy­by­ga il­di­ri­len süý­jü­jik

Dün­ýä­de her ýyl 80 mil­li­on ton­na tö­we­re­gi kon­di­ter önüm­le­ri ön­dü­ril­ýär. Me­ge­rem, kem­put­dyr kö­kä­ni ha­la­ma­ýa­ny­ňyz ýok bol­sa ge­rek. Süý­ji önüm­ler, esa­san, şe­ker­çiň­rik­dir ka­kao aga­jy­nyň mi­we­sin­den ön­dü­ril­ýär. Süý­ji iý­mi­tiň ösüm­lik­den alyn­ýan­dy­gy­na ynan­mak kyn. Şeý­le-­de bol­sa, marş­mel­low hem bat­ga­lyk­da ös­ýän «alt­haea of­ficina­lis» gü­lü­niň şi­re­sin­den alyn­ýar. Mult­film­ler­de we ki­no­film­ler­de uzyn çö­püň uju­na mar­me­la­da meň­zeş süý­ji­ni il­di­rip, oda tu­tup otu­ran ça­ga­la­ry gö­ren bol­sa­ňyz ge­rek. Dün­ýä­niň köp ýur­dun­da ça­ga­lyk ýyl­la­ry­nyň iň go­wy süý­jü­si hök­mün­de su­rat­lan­dy­ryl­ýan marş­mel­low bi­ziň «ho­raz süý­ji­miz» ýa­ly meş­hur­dyr. Eý­sem, çy­by­ga il­di­ri­lip iýil­ýän bu süý­ji nä­hi­li taýýarlanýar? «Alt­haea of­ficina­lis» Ýew­ro­pa­nyň we Af­ri­ka­nyň bat­ga­lyk­la­ryn­da ös­ýän köp­ýyl­lyk ösüm­lik­dir. Bu ösüm­li­giň kö­ki we bal­da­gyn­da­ky şi­re­si aş­pez­çi­lik sun­ga­tyn­da hem-de mel­hem taý­ýar­la­mak­da peý­da­la­ny­lyp­dyr. Ga­dy­my ýaz­gy­lar­da bu ösüm­li­giň sag­lyk üçin peý­da­ly­dy­gy bel­le­nil­ýär. Ta­ry­hyň bel­li bir döw­rün­de «alt­haea of­ficina­lis» ösüm­li­gi iý­mit çeş­me­si hök­mün­de hem peý­da­la­ny­lyp­dyr. Bu ösüm­li­giň gü­lün­den al­nan şi­re şe­ker bi­len ga­ry­lan­da ýa­kym­ly süý­jü­lik – marş­mel­low eme­le gel­ýär. Aşa süý­ji bol­ma­d

Näme üçin Täze ýylda arça bezelýär?!

Köp ýurt­da de­kabr aýy­nyň gel­me­gi bi­len se­ýil­gäh­ler­de, dynç alyş mer­kez­le­rin­de we kö­çe­le­riň ug­run­da Tä­ze ýyl ar­ça­la­ry peý­da bol­ýar. Il­ki­baş­da al­ma bi­len be­ze­len ar­ça­lar soň­lu­gy bi­len oý­na­waç dü­kan­la­ry­nyň hö­dür­le­me­si esa­syn­da ýal­pyl­da­wuk şar­ja­gaz­lar, oý­na­waç­lar hem-de ýa­nyp-öç­ýän çy­ra­jyk­lar bi­len be­ze­lip baş­lan­ýar. Eý­sem, ar­ça be­ze­mek dä­bi ni­re­den göz­baş al­ýar? Ga­dy­my dö­wür­ler­de adam­lar te­bi­gy dur­muş­da ýa­şap, agaç­la­ryň mi­we­si­ni iýip­dir­ler, çy­byk­la­ryn­dan çat­ma, bu­kal­ga­lar gu­rup­dyr­lar, ýyr­ty­jy jan­dar­lar­dan go­ran­mak üçin uly agaç­la­ryň kö­we­gin­de giz­le­nip­dir­ler. Umu­man, te­bi­gat­da ada­ma iň ýa­kyn zat agaç bo­lup­dyr. Il­ki­dur­muş adam­la­ry agaç­lar­da bir güý­jüň, gud­ra­tyň bar­dy­gy­na yna­nyp­dyr­lar. Yl­myň we me­de­ni­ýe­tiň or­naş­ma­gy bi­len adam­lar te­bi­gy ha­dy­sa­la­ra has aý­dyň göz ýe­ti­rip baş­lap­dyr­lar. Ýy­lyň iň uzyn gi­je­sin­de gün­di­ziň gi­je­den üs­tün çy­kyp, ýe­ne-de ýa­şaý­şyň do­wam et­me­gi üçin di­leg edip­dir­ler. Bu ha­dy­sa 21-nji de­kabr­da bo­lup ge­çip, er­te­den gün­ler uza­lyp baş­la­nyp­dyr. Olar mu­ňa Gün ýe­ňiş ga­zan­dy di­ýip dü­şü­nip­dir­ler hem-de mu­ny bel­le­mek üçin agaç be­zäp, aşa­gyn­da her dür­li iý­mit­dir azyk önüm­le­ri­ni go­ýup­dyr­lar. Ta­ryh­çy­lar bu ynan­jyň il­ki­baş­da Me­so­po­ta­mi­ýa­da ýü­z

Sow­gat ber­me­giň äh­mi­ýe­ti

Bag­la­ryň goý­nun­da­ky agaç­lar we hoş­boý ys­ly gül­ler bi­len owa­dan gör­nü­şi ýa­ly, adam­lar hem sa­hy­ly­gy we hoş­ni­ýet­li­li­gi bi­len owa­dan gö­rün­ýär. Ýa­kyn­la­ry­ňa ýa-da kim­dir bi­ri­ne sow­gat be­re­niň­de hem özüň, hem-de sow­gat alan adam be­gen­ýär. Uly ýa-da ki­çi­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, is­len­dik sow­gat adam­da hoş­ni­ýet­li duý­gu­la­ry eme­le ge­tir­ýär. Köp­lenç dog­lan gün­ler­de we baý­ram­çy­lyk­lar­da bi­rek-bi­re­ge sow­gat be­ril­ýär. Eý­sem, sow­gat ber­me­giň äh­mi­ýe­ti nä­me? Pi­kir­le­ri baý­laş­dyr­ýar. Sow­gat ber­mek dö­re­di­ji­li­gi, es­te­ti­ki ma­ny­ny baý­laş­dyr­ýar we ös­dür­ýär. Ýa­kyn­la­ry­ňy­za be­rip bil­jek sow­gat­la­ry­ňy­zy ka­gy­za ýa­zyň. Şon­da ýa­kyn­la­ry­ňy­za be­rip bil­jek zat­la­ry­ňy­zyň pi­kir edi­şi­ňiz­den has köp­dü­gi­ni gö­rer­si­ňiz.