"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Oýunlaryň adam durmuşyna täsiri

«Türkmenistan Sport»: № 3 (23), 2024 Ada­myň aňy, pi­kir-dü­şün­je­si bi­len dö­re­di­len mil­li hem he­re­ket­li oýun­la­ryň yn­san dur­mu­şy­na ýe­tir­ýän tä­si­ri diý­seň ulu­dyr. Oýun oý­na­mak di­ňe bir wag­ty­ňy gy­zyk­ly, ma­ny­ly ge­çir­mek däl-de, eý­sem, pi­kir-dü­şün­jä­ňi, ukyp-ba­şar­ny­gy­ňy art­dyr­mak bi­len berk bag­ly­dyr. Hä­zir­ki wagt­da oýun­lar, sport gör­nüş­le­ri adam­za­dyň uzak asyr­la­ryň do­wa­myn­da dö­re­den öz­bo­luş­ly güý­men­je­si bol­ma­gyn­dan in­di adam­zat dur­mu­şy­nyň aý­ryl­maz bir bö­le­gi­ni düz­ýän pu­dak de­re­je­si­ne çen­li ös­di. Dün­ýä ýurt­la­ryn­da spor­ta we sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne be­ril­ýän ün­se la­ýyk­lyk­da adam­la­ryň sag­dyn ýa­şaý­şy, pi­kir-dü­şün­je­si­niň kä­mil­leş­me­gi üçin spor­ta hem-de mil­li oýun­la­ra uly äh­mi­ýet be­ril­ýär.

Akylly adamlaryň doglan senelerinde bu sanlar hemişe gabat gelýär: özüňizi barlap görüň

«Türkmenistan Sport»: № 3 (23), 2024 Her bir ada­myň dog­lan se­ne­si­niň soň­ky san bel­gi­si onuň ýa­şa­ýyş dur­mu­şy­nyň we müm­kin­çi­li­gi­niň (güýç-kuw­wa­ty­nyň) köp ta­rap­la­ry­ny aç­mak­da mö­hüm or­na­ eýedir. Siz mu­ňa yna­ny­bam-ynan­ma­nam bi­ler­si­ňiz, ýö­ne bir ha­kykat we­lin, ha­ky­kat­ly­gy­na ga­lar: bu san­lar her ki­miň dur­mu­şy­na öz­bo­luş­ly tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär, bel­li bir hä­si­ýet aý­ra­tyn­ly­gy­ny ber­ýär we köp­ler­de bu aý­ra­tyn­lyk­lar ça­ga­lyk­dan peý­da bol­ýar.

Köňülleriň buýsanjy

Oguljennet ÝAZMYRADOWA, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň okuw işleri boýunça prorektory, «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi: — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda maňa-da döwlet sylagyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Bu meniň bilim-medeniýet ulgamlarynda çeken zähmetime berlen ýokary bahadyr.

Öňdebaryjy bilim işgärlerine sowgatlar gowşuryldy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň mejlisler zalynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaraly ýygnanyşyk geçirildi. Oňa ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat, Arkadag şäherleriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň öňdebaryjy bilim işgärleri gatnaşdylar. Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilim ösdürilýär, bu ugurda giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim özgertmeleri rowaçlanýar. Häzirki wagtda bilim öwretmegiň, okatmagyň döwrebap ugurlary ylmy esasda öwrenilýär we işjeň durmuşa ornaşdyrylýar. Ylmyň we tehnologiýalaryň häzirki ösýän döwründe sagdyn, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent kadalaryna ygrarly nesli terbiýelemek mugallymlaryň we bilim işgärleriniň esasy wezipesi bolup durýar. Eziz Watanymyzda ýaş nesiller we olaryň röwşen geljegi hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şonuň üçin hem bu günki gün bilim işgärleri ýaş nesliň bilim öwrenmekleri we kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin döredijilikli zähmet çekýärler. Dabaraly ýygnanyşyga gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda döredýän giň mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler.

Üstünliklere beslenen çäreler

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halk bähbitli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly çäre hem üstünliklere eýe bolýar. Bir aýyň dowamynda wagyz-nesihat işleri, söhbetdeşlikler, maslahatlar geçirildi we raýatlara, ýaşlara, okuwçylara ýol hereketiniň düzgünleri, ýolda özüňi alyp barmagyň medeniýeti wagyz edildi. Munuň özi ýaşlaryň dünýägaraýşynyň giňemegine, ýol hereketiniň düzgünleri hakyndaky düşünjeleriniň artmagyna oňat täsirini ýetirdi. Sentýabr aýynyň dowamynda jemgyýetçilik guramalary, şeýle hem bilim edaralary, orta mekdepler bilen bilelikde çäreler geçirildi. 2024— 2025-nji okuw ýylynyň ilkinji günlerinden okuwçylara ýol-ulag hadysalarynyň ýüze çykmagynyň öňüni almak maksady bilen, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek boýunça giňişleýin düşünje berilýär. Çünki şeýle çäreler ýaşlara oňat täsir edýär we olaryň köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini ýerine ýetirmeklerine mümkinçilikleri döredýär. Şeýle çäreleriň her biri raýatlaryň parahat, abadan, asuda durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir.

Welosipedler hakynda maglumatlar

«Türkmenistan Sport»: № 3 (23), 2024 We­lo­si­ped­ler eý­ýäm köp wagt­dan bä­ri di­ňe bir sport ula­gy hök­mün­de däl-de, eý­sem amat­ly ulag se­riş­de­si hök­mün­de-de ta­nal­ýar. Olar bi­ziň dur­mu­şy­my­zyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rül­di. Hä­zir­ki wagt­da we­lo­si­ped di­ňe bir ýö­ne­keý­je güý­men­je bol­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem ol kä­bir adam­lar üçin A no­kat­dan B no­ka­da ba­ryp ýet­mek­li­giň esa­sy se­riş­de­si bo­lup hyz­mat ed­ýär. Dün­ýä­niň köp döw­let­le­rin­de we­lo­si­ped he­re­ket­le­ri­ne, ýö­riş­le­ri­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. We­lo­si­ped­ler üçin aý­ra­tyn ýo­da­jyk­la­ryň sa­ny bar­ha art­ýar. Ti­gir sü­rü­ji­le­ri bol­sa ýol he­re­ke­ti­niň do­ly hu­kuk­ly gat­na­şy­jy­la­ry ha­sap­la­nyl­ýar. Eko­lo­gi­ki taý­dan iň aras­sa ulag se­riş­de­si ha­sap­la­nyl­ýan we­lo­si­ped­le­riň ýe­ne-de bir hä­si­ýet­li aý­ra­tyn­ly­gy ola­ryň aw­to­mo­bil ýol­la­ryn­da dyk­ny­şy­gy eme­le ge­tir­me­ýän­li­gin­de­dir. We­lo­si­ped­le­riň meş­hur­ly­gy şeý­le bir art­ýar we­lin, ola­ry in­di hat­da aw­tou­lag­lar­dan hem köp sa­tyn al­ýar­lar. Ulag se­riş­de­si­niň bu gö­rnü­şi­ne bo­lan is­leg­le­riň gün­sa­ýyn art­ýan­ly­gy­ny göz öňün­de tu­tup, ola­ryň daş­ky dur­ky döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de özü­niň öz­bo­luş­ly di­zaý­ny we gym­mat ba­ha­sy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan bir­näçe we­lo­si­ped­ler bar. Ge­liň, ola

Döwletli maslahat

«7/24.tm»: №40 (227) 30.09.2024 Gahryman Arkadagymyz Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty­ny ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça öňü­miz­de uly we­zi­pe­ler dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ry­nyň hem-de umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­le­riň sa­ny­ny art­dyr­ma­gy, sag­ly­gy se­bäp­li müm­kin­çi­li­gi çäk­li ça­ga­lar bi­len al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri kä­mil­leş­dir­me­gi, olar bi­len iş­le­ýän pe­da­go­gik iş­gär­le­riň hü­nä­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gy, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de ylym-bi­lim-önüm­çi­lik ara­bag­la­ny­şy­gy­nyň kä­mil usu­ly­ny dö­ret­me­gi, ýaş ne­sil­le­ri mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­za, däp-des­sur­la­ry­my­za buý­sanç ru­hun­da, yn­san­per­wer­lik ka­da­la­ry­myz esa­syn­da ter­bi­ýe­le­mek üçin meş­hur şah­sy­ýet­le­ri­mi­ziň ýa­dy­gär­lik­le­ri­ni ebe­di­leş­dir­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­le­ri alyp bar­ma­gy, müň­ýyl­lyk­lar­dan göz­baş al­ýan me­de­ni­ýe­ti­mi­zi, ede­bi­ýa­ty­my­zy, şöh­rat­ly ta­ry­hy­my­zy tä­ze na­za­ry­ýet esa­syn­da düýp­li öw­ren­me­gi hem-de yl­my taý­dan be­ýan et­me­gi, Ar­ka­dag şä­he­ri­niň dün­ýä­niň ylym-bi­lim mer­ke­zi hök­mün­de or­nu­ny pug­ta­lan­dy­ryp, şä­her­de Türk­me­nis­ta­nyň ga­dy­my, or­ta asyr­lar, tä­ze we iň tä­ze ta­ry­hy­ny, ar­heo­lo­gi­ýa, bi­na­gär­lik ýa­dy­gär­lik­le­ri

Sylag gowşurmak dabarasy

«7/24.tm»:№40 (227) 30.09.2024 Paýtagtymyzda Garaşsyz Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, ýurdumyzyň halkara abraýyny belende götermäge uly şahsy goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerine, döredijilik işgärlerine, zähmet weteranlaryna ýokary döwlet sylaglaryny we hormatly atlaryň dakylandygy baradaky nyşanlary gowşurmak dabarasy geçirildi.

Oleg Ko­no­nen­ko bir uçu­şyň do­wa­myn­da kos­mos stan­si­ýa­syn­da bol­ma­gyň do­wam­ly­ly­gy­nyň re­kor­dy­ny tä­ze­le­di

«7/24.tm»:№40 (227) 30.09.2024 Türk­me­nis­ta­nyň hem Rus­si­ýa­nyň Gah­ry­ma­ny, Kos­mos işi bo­ýun­ça «Ros­kos­mos» döw­let kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň tä­lim­çi-kos­mo­nawt-sy­nag­çy­sy, kos­mo­nawt­lar to­pa­ry­nyň ser­ker­de­si Oleg Dmit­ri­ýe­wiç Ko­no­nen­ko we onuň kär­de­şi Ni­ko­laý Çub bir uçu­şyň do­wa­myn­da Hal­ka­ra kos­mos stan­si­ýa­syn­da (HKS) bol­ma­gyň do­wam­ly­ly­gy bo­ýun­ça tä­ze re­kord goý­du­lar. Bu ba­ra­da «Ros­kos­mos» döw­let kor­po­ra­si­ýa­sy ha­bar ber­ýär.

Asuda illeriň abadan ýollary

«7/24.tm»:№40 (227) 30.09.2024 TMÝG-niň Et­rek et­rap Ge­ňe­şi­niň, et­ra­byň jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň hem-de hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň bi­le­lik­de gura­ma­gyn­da et­ra­byň 8-nji or­ta mek­de­bin­de, şol mek­dep­de bi­lim al­ýan okuw­çy­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da ýaş­la­ryň ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy ba­ra­da­ky bi­lim­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek, ýol he­re­ke­ti­niň ka­da­la­ry­ny, py­ýa­da­la­ryň we ýo­lag­çy­la­ryň borç­la­ry­ny öw­ret­mek, ola­ryň ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy­na has-da jo­gap­kär­li ga­ra­mak­la­ry­ny ga­zan­mak mak­sa­dy bi­len, «Ýol he­re­ke­ti­niň ka­da­la­ry­ny berk ber­jaý ede­liň!» at­ly şy­gar bi­len wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di.

Ýa­şu­lu­laryň Hal­ka­ra gü­ni

«7/24.tm»:№40 (227) 30.09.2024 Ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň üs­tün­lik­le­rin­de, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­ni we je­bis­li­gi­ni ber­kit­mek­de, ýaş ne­sil­le­ri­mi­zi ata-ba­ba­la­ry­myz­dan gel­ýän mil­li däp-des­sur­la­ry­my­za la­ýyk­lyk­da ter­bi­ýe­le­mek­de ýa­şu­ly nes­liň hyz­ma­ty ulu­dyr. Il-ýurt bäh­bit­li, döw­let äh­mi­ýet­li mö­hüm me­se­le­le­ri mas­la­hat­la­şyp ge­ňe­şip çöz­mä­ge, ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li öz­gert­me­le­re pa­ra­sat­ly ýa­şu­lu­la­ry­myz iş­jeň gat­naş­ýar­lar.

Ýaş fotograflara maslahat

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024  Fo­to­žur­na­lis­tikany saý­lap alan ada­myň il­kin­ji ädim­le­ri­ni öz­baş­dak ät­me­gi aň­sat däl­dir. Şo­nuň üçin ýaş hü­när­men, köp­lenç ha­lat­da, ozal­dan iş­läp ýö­ren kär­de­şi­niň ýa­nyn­da tej­ri­be top­la­ýar. Bu ugur­da «kän çor­ba so­wa­dan» ki­şi­le­riň mas­la­hat­la­ry ha­ly­pa-şä­girt­lik gat­na­şyk­la­ry­ny has-da pug­ta­lan­dyr­ýar. Şu gün biz tej­ri­be­li fo­to­žur­na­list Dörtguly Myratgulyýewiň ýaş kär­deş­le­ri­ne ni­ýet­län mas­la­hat­la­ry­nyň bir­nä­çe­si­ni çap ed­ýä­ris.

Olimpiýa obasy

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Olim­pi­ýa oba­sy is­len­dik oýun­la­ryň mö­hüm bir no­ka­dy. Eý­sem «Pa­riž — 2024» Oýun­la­ry­na gat­naş­an tür­gen­le­ri bu ýer­de bi­na edi­len Olim­pi­ýa oba­sy nä­me­ler bi­len gar­şy­la­dy?! Şu çykyşymyzda Olimpiýa obasy barada gürrüň bereris.

Ynsanperwerlik hukugynyň ýörelgelerine ygrarlylyk

25-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna gabatlanyp geçirilen bu çäre ýurdumyzyň halkara ynsanperwerlik hukugynyň ýörelgelerine berk ygrarlydygynyň nobatdaky aýdyň mysaly boldy. Döwlet Baştutanymyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan hem-de 29 milletiň wekili bolup durýan 1 müň 146 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, 6 döwletiň raýatlary we 15 milletiň wekilleri bolup durýan 134 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalar berildi.

Bagtyýarlygyň gözbaşy

Ata Watanymyzda il-günüň agzybir, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagyny baş maksat edinýän hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary netijesinde, her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly geçirilýän biraýlygyň netijelerine ser salanymyzda, köçe-ýol hereketiniň asudalygyny we howpsuzlygyny üpjün etmekde, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygynyň, bu ugurda üstünlikleriň gazanylýandygynyň şaýady bolýarys. Biraýlyk çäresi Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirilýär. Biraýlygyň dowamynda köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek, ýol hereketine gatnaşyjy hökmünde özüňi alyp barmagyň medeniýeti, sürüjileriň we pyýada ýolagçylaryň arasyndaky sazlaşygy guramagyň maksady barada wagyz-nesihat hem-de düşündiriş işleri geçirilýär. Şeýle hem ýol hereketi bilen bagly wideorolikler görkezilýär.

Ýoluňyz ak bolsun!

Günsaýyn pajarlap ösýän ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, adamlaryň uzak ýaşamagyny, howpsuz ömür sürmegini gazanmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baş maksady bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça 2013-nji ýylda badalga berlen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk 2024-nji «Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem uly guramaçylyk bilen geçirilip, tamamlanyp barýar. Nurana ýollarymyzyň abatlygyny, buýsançly halkymyzyň rahatlygyny üpjün edýän bu ählihalk çäre sentýabr aýyny öz içine alýar. Raýatlarymyzyň rahat hem-de abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilip, ýol hereketiniň howpsuzlygyny, ýollarda howpsuz şertleri döretmekde we ýol hereketini sazlaşykly guramakda alnyp barylýan işleriň netijeliligini gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir. Döwlet derejesinde geçirilýän her bir tutumly, maksatnamalaýyn işlere gyzgyny bilen seslenip, mynasyp goşandyny goşýan Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň meýilnamasyna laýyklykda, TDP-niň Boldumsaz etrap komiteti hem «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» ady bilen guralan biraýlygyň çäklerinde etrabyň polisiýa bölüminiň ýol gözegçiligi bölümçesiniň, Gubadag şäheriniň polisiýa bölümçesiniň polisiýanyň ýol gözegçiligi toparynyň işgärleri bilen bu ugurda uly işleri alyp barýar. Etrabyň gatnawly ýollarynda ýol hereketiniň düzgünlerini be

Şa serpaýy — belent mertebe

Garaşsyzlyk baýramy her bir türkmeniň kalbynda besleýän hasyl bolan arzuwlarynyň datly miwelerini eçilýän şowhunly toýdur. Bu şanly baýramyň öňüsyrasynda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi bolsa ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini dabaralandyrýan Arkadagly eýýamymyzyň ajaýyp dessuryna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde 24-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň çuň mazmunly taryhy wakalaryny özünde jemledi. Döwlet Baştutanymyzyň umumymilli forumda zähmetde gazanan üstünlikleri bilen tapawutlanan ýurdumyzyň raýatlaryny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky, şeýle hem ýurdumyzy toplumlaýyn ösdürmek baradaky resminamalara gol çekmegi ildeşlerimizi täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy.

Möhüm meseleden çetde durman

Biziň her birimiz ýol hereketine ol ýa-da beýleki derejede gatnaşýarys. Bir bölegimiz sürüjiler bolsak, beýleki bir bölegimiz ýolagçylar ýa-da pyýadalardyrys. Şol sebäpli ýol hereketiniň kadalaryny bilmek we olaryň talaplaryny berjaý etmek hökmanydyr. Munuň özi ýollarda hereketiň kadaly bolmagyny üpjün etmek bilen birlikde ynsan saglygyny goramakda hem ähmiýetlidir. Şol sebäpli her ýylyň sentýabr aýynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen biraýlygyň dowamynda maksatlaýyn işler has giňden ýaýbaňlandyrylýar. Hormatly Prezidentimiz ýollarymyzda dürli kysymly ulaglaryň hereketiniň sazlaşykly guralmalydygyna, ýolda özüňi alyp barmagyň medeniýetiniň berjaý edilmelidigine berk talap bildirýär. Bu bolsa her birimiziň ýollarda ünsli, birek-birek bilen mylakatly bolmalydygymyzy aňladýar. Şeýle endikler bolsa, ilkinji nobatda, çagalarda körpeliginden kemala getirilmelidir. Ine, şu we beýleki meseleler barada biziň bölümimizde geçirilen maslahatda birin-birin durlup geçildi. Oňa ýol hereketine gözegçilik edýän gullugyň we beýleki gyzyklanýan edaralaryň wekilleri hem gatnaşdylar. Öwüt-ündew häsiýetli çykyşlarda ýollarymyzyň howpsuz bolmagy üçin her birimiziň jogapkärdigimiz hakynda pikir öňe sürüldi. Şeýle edilende ýol-ulag hadysalarynyň ýüze çykmak töwekgelçiligi aradan aýrylyp, ynsanlaryň ömürleri rahat bolar. Biz bu mizemez hakykaty ilat arasynda giňden wagyz edýäris.

Baýramçylyk sowgatlary gowşurylýar

Şu günler welaýatymyzdaky edara-kärhanalarda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýy mynasybetli duşuşyklary guraýarys. Duşuşyklaryň dowamynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik özgertmelerini ilatyň arasynda wagyz etmekde işjeňlik görkezýän, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan öňdebaryjy işgärlere kärdeşler arkalaşygynyň adyndan Hormat hatlaryny we baýramçylyk sowgatlaryny gowşurýarys. Bagtyýar ildeşlerimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny nygtaýarlar. Olar hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän döwlet syýasatyny halk köpçüliginiň arasynda, edara-kärhanalarda wagyz-ündew etmek işlerine mundan beýläk-de işjeň gatnaşjakdyklaryny belleýärler.

Ynsanperwer ýörelgeler dabaralanýar

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň uly toparyny Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek, daşary ýurt raýatlarynyň bir toparyna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary bermek bellenildi.