"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ösüşleriň röwşen ýoly

Ykdysadyýetiň pudaklarynyň sazlaşykly ösmegi, röwşen geljege gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta niýetlenen önümçiligiň artmagy, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeler syýasatynyň rowaçlyga beslenýändigini görkezýär. Halk hojalygynyň pudaklarynda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işler, gazanylan görkezijiler bolsa ajaýyp hakykaty ýene bir gezek äşgär edýär. Häzirki zaman dünýäsinde wagt diňe bir ölçeg birligi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, aýratyn gymmata eýedir. Dünýäniň ähli babatda ýyldyrym çaltlygynda özgerýän zamanasynda wagt ýeke bir adamlar däl-de, tutuş jemgyýet we döwlet üçinem gymmatlydyr. Şeýle çalt depginde özgerýän döwür bilen deň gadam urmak üçin öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmek, innowasiýalary ornaşdyrmak, sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak oňyn netijeleri gazanmagyň esasy şertleridir. 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda milli ykdysadyýetiň ösüşini kesgitleýän esasy görkezijiler halk hojalygynyň pudaklarynyň sazlaşykly ösdürilýändigini tassyklaýar.

Işleri sazlaşykly, önümleri geçginli

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň pagtaçy kärendeçileri ýylyň-ýylyna pagtanyň bol hasylyny ýetişdirýärler. «Ak altyn» bolsa dokma pudagynda iň gymmatly çig mal bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda pagta süýümini gaýtadan işläp, ondan ýokary hilli nah ýüplükleridir beýleki dokma önümlerini öndürmekde kärhanalaryň 70-den gowragy bökdençsiz işledilýär. Döwrüň iň ösen tehnologiýalary bilen doly enjamlaşdyrylan bu dokma kärhanalarynda öndürilýän önümler özüniň ekologiýa taýdan arassalygy bilen diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da geçginli harytlaryň hatarynda tanalýar. Pagta süýümini gaýtadan işlemegiň we önüm öndürmegiň mukdaryny ýylsaýyn ýokarlandyryp, işini sazlaşykly ýola goýan kuwwatly dokma kärhanalarynyň hatarynda Seýdiniň pagta egriji fabrigi hem bar. — Fabrigimiz 2014-nji ýylda açylyp, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň we Russiýa Federasiýasynyň ýokary öndürjilikli enjamlary bilen doly enjamlaşdyryldy. Bizde welaýatymyzyň pagta arassalaýjy kärhanalaryndan getirilýän pagta süýümleri gaýtadan işlenilip, esasan, 34-lik belgili nah ýüplükler öndürilýär. Kärhanamyzda işçi-hünärmenleriň 175-si yhlasly zähmet çekýär. Olaryň arasyndan egrijiler Aýdäne Akmyradowa, Dilber Reýimowa, Hurma Şöhradowa, enjamlary abatlaýjy ussalar Bahram Narlyýew, Hojakuly Tajyýew we kärhanamyzyň barlamhanasynyň hil gözegçisi Bahar Penjiýewa dagy iň gör

Ykdysadyýetimiz ösüş ýolunda

Islendik ulgamyň ösüşi üçin, ilkinji nobatda, ýola goýuljak işleriň hemmetaraplaýyn maýa goýum serişdesi bilen üpjün edilmegi zerur bolup durýar. Mysal üçin, bilermenler soňky döwürde uzak aralykdan işleýänleriň sanynyň artýandygyny aýtmak bilen, şeýle usulda işleýänleriň aglabasynyň özi üçin wezipe taýdan ösüşleri gazanmagy däl-de, eýsem, işiniň amatyny hem ýokary gazanjy ileri tutýandygyny belleýärler. Sanlylaşdyrma — bu ykdysady ulgamyň ösüşini kepillendirýär. Has dogrusy, bu ulgamyň geljekdäki amala aşyrylmaly wezipeleriniň işjeňligini ýeňilleşdirýär. Hemmetaraplaýyn sanlylaşdyrma tutuş dünýäde ileri tutulýan meýildir. Sebäbi sanly ykdysadyýet zähmet bazarynyň ösüş ugurlaryna ýiti täsir edýär. Bu ugurda sanly tehnologiýalaryň ýaýraýyş tizligi işewürligiň iş tärleriniň we degişlilikde, adamlaryň zähmet meşgullygynyň görnüşiniň, hiliniň, mazmunynyň düýpli özgermegine alyp barýar. Ylmyň, tehnikanyň, tehnologiýanyň ösmegi, aýratyn-da, ykdysady taýdan kuwwatly döwletlerde intellektual zähmetiň gerimini giňeldýär. Häzirki zamanyň öňe çykarýan, ýagny çalt depginde ösýän ulgamyň işini göz öňüne getirip aýtsak, ykdysady işi alyp barmagyň täze çemeleşmelerini içgin öwrensek, ozal peýdalanylmadyk intellektual mümkinçilikler ýüze çykýar. Ine, bu bolsa sanlylaşdyrma arkaly ykdysady ulgamyň ösüş depginini täzeçe röwüşde ösdürmekdir.

Ykdysady ösüşiň ýoly bilen

Sanly ulgamyň şowly depginleri Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ornaşdyrylmagy giň gerimde alnyp barylýar. Sanly ykdysadyýete geçilmegi maýa goýum işjeňligini ösdürmäge, döwlet dolandyrylyşynyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga hem-de maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ähli pudaklaryň işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrmagyna ýardam berýär.

Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy

«Türkmenistan dünýä döwletleriniň arasynda özüniň ýangyja we elektrik energiýasyna bolan isleglerini öz hususy baýlyklary bilen doly kanagatlandyrýan hem-de onuň ep-esli bölegini daşary ýurtlara çykarýan ýurt hökmünde tanalýar» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy pudagy bolan nebitgaz pudagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly ösüşlere beslenýär. «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda pudakda önümçiligiň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleriň toplumlaýyn durmuşa geçirilýändigini, uly möçberli maýa goýum taslamalarynyň we tehniki-ykdysady maksatnamalaryň esasynda çykarylýan uglewodorod çig mal serişdeleriniň möçberlerini artdyrmak babatda ägirt uly işleriň alnyp barylýandygyny bellemek ýakymlydyr. Nebitgaz senagatyna degişli kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak işleri häzirki wagtda ýokary depginde dowam etdirilýär. Täze nebitgaz ýataklaryny gözlemek, özleşdirmek, ýangyç çig mal serişdelerini çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça taslamalar hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Topluma sanly ulgamy ornaşdyrmak, onuň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak babatda öňde durýan aýdyň maksatlaryň abraý bilen berjaý edilmegi bolsa, döwletimiziň ykdysadyýetiniň bedew batly ösüşlerine o

«Türkmenawtoulaglary» agentligi 6 aýda ýolagçy gatnatmak boýunça meýilnamasyny 105,2% ýerine ýetirdi

Ýolagçy gatnatmak boýunça şu ýylyň birinji ýarymynyň görkezijileri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň netijeli işiniň beýanydyr. Agentlik 2024-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda 122 million 362 müň 300 ýolagçyny gatnadyp, öňde goýlan meýilnamany 105,2% ýerine ýetirdi. Ýeri gelende ýatlasak, bu ugurda 2023-nji ýylyň netijesi 118 million 533 müň 600 ýolagçy bolupdy. Görşümiz ýaly, netijeler 3 million 828 müň 700 ýolagçynyň artyk gatnadylandygyny mälim edýär. Bu bolsa 103,2% netijäniň gazanylandygynyň nyşanydyr.

Türkmenistanyň demir ýollaryň uzynlygy 5173,4 kilometre ýetýär

Demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem döwlet Baştutanymyzyň ulag-kommunikasiýa toplumynyň ýolbaşçylarynyň öňünde goýýan wezipeleriniň hataryndadyr. Uzak aralyklara ýük daşamalarda esasy orny eýeleýän demir ýol pudagynyň ösdürilmegi ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaş ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagy maksat edinýän Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Bu pudaga hojalygy ýöretmegiň netijeliligini ýokarlandyrmak, dolandyryşyň häzirki zaman ýörelgelerini ornaşdyrmak, serişdeler binýadyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak we hereket edýän düzümleri netijeli ulanmak, ýolagçylara ýokary hilli hyzmat etmek, işgärleriň iş şertleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly işiň dürli ugurlaryny öz içine alýan ýokary talaplar bildirilýär.

Türkmenistanda iki sany täze gury ýük gäminiň gurluşygyna girişildi

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çäginde ýerleşýän «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde halkara talaplara doly laýyk gelýän iki sany täze gury ýük gämileriniň gurluşygyna girişildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Täze guruljak gämileriň dünýä standartlaryna laýyklykda, halkara ýüzüşleri amala aşyrmaklaryny ýola goýmak maksady bilen, Klasifikassion jemgyýetleriň halkara assosiasiýasy tarapyndan kabul edilmegi üçin resmileşdiriş işleri hem alnyp barylýar.

Ýük gämileri gurlup başlandy

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çäginde ýerleşýän «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde halkara talaplara doly laýyk gelýän iki sany täze gury ýük gämileriniň gurluşygyna ýokary ruhubelentlik bilen girişildi. Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, «Gury ýük gämilerini gurmak hakynda» kabul eden Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentligine iki sany gury ýük gämilerini gurmak barada «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Şu Kararyň esasynda, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Koreýa Respublikasynyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co. Ltd.» kompaniýasy bilen her biriniň ýük göterijiligi 6 müň 100 tonna bolan iki sany gury ýük gämilerini taslamalaşdyrmak we bilelikde gurmak babatynda degişli şertnamalary baglaşdy. «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň döredilmegi ýurdumyzda gämi gurluşyk ulgamy boýunça ilkinji ädim bolup, ol milli ykdysadyýetimiziň, şol sanda deňiz-derýa ulaglary pudagynyň ö

Sanly ulgama geçmegiň ykdysady ähmiýeti

Häzirki wagtda dünýäde ykdysady gatnaşyklaryň globallaşmagy, önümçilik we söwda gatnaşyklarynyň milli çäkden çykyp, halkara söwda gatnaşyklarynyň kämilleşmegi netijesinde sanly ykdysadyýetiň her bir ulgama ýokary derejede ornaşdyrylmagyna getirdi. Biziň ýurdumyzda hem bu ugurda birnäçe konsepsiýalar kabul edildi. Olarda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň maksatlary, meseleleri we esasy ugurlary, şeýle hem maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň jemi içerki önümi emele getirmekde goşýan goşandyny artdyrmagyň, milli ykdysadyýetde sanly ulgamy kämilleşdirmegiň çäreleri kesgitlenendir. Türkmenistanda dürli ulgamlarda sanly ykdysadyýetiň düzümleri üstünlikli hereket edýär. Şeýle hem sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda dünýä tejribesiniň iň oňyn taraplary öwrenilýär.

Türkmenistan ulag diplomatiýasynyň we üstaşyr geçelgeleriň mümkinçiliklerini giňeldýär

Ulag-kommunikasiýalar toplumy islendik döwletiň ykdysadyýetiniň möhüm düzüm bölegidir. Onuň ösüş depgini köp babatda tutuş ýurduň ösüşini kesgitleýär. Ähli ugurlar boýunça öz wagtynda, ýokary hilli hyzmat etmek wezipesi öňünde goýlan ýük we ýolagçy daşamak hyzmaty, öz gezeginde, ulag ulgamynyň aýrylmaz düzüm bölegini emele getirýär. Bu ugruň Ministrler Kabinetiniň mejlislerindäki ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy meseleleriniň biri bolmagy hem tötänleýin däldir. Türkmenistanyň iň döwrebap üstaşyr ulag, logistika düzümini tiz wagtda kemala getirmek nukdaýnazaryndan, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlary we anyk ädimleri diňe bir milli ykdysadyýetimiziň ösüşine däl, eýsem, sebitiň ösüşine hem kuwwatly itergi berdi. Geografik taýdan örän amatly çäkde — Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän halkara ulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, Türkmenistan ägirt uly üstaşyr mümkinçiliklere eýedir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şol mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak babatda anyk işleri durmuşa geçirýär.

TULM Hytaýdan konteýner daşamagy amala aşyrýar

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” AGPJ (TULM) Hytaý Halk Respublikasyndan Türkmenistana we yzyna konteýner daşamagy yzygiderli guraýar. Konteýner otlylaryny guramak boýunça Türkmenistanyň milli operatory bolmak bilen, bu kompaniýa Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň konteýner terminalynyň hem operatorydyr. Ýükleri daşamak üçin girdejili çözgütleriň zerurlygy baradaky ýük daşaýjylaryň we iberijileriň beren pikirlerini göz öňünde tutup, “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” AGPJ Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan we Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan ugurlarynda konteýner otlylarynyň tertibini başarnykly we örän amatly bahada düzdi. “Türkmenistanyň Ulag-logistika Merkezi” AGPJ Hytaýdan import edilýän harytlary Türkmenistana daşamak üçin edýän hyzmatlarynyň, iberijiler bilen alyjylaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar üçin möhüm tarap bolan konteýner satyn alynmagyny talap etmeýändigini bellemelidiris şeýle hem hyzmatlaryň ýokary hilini we ygtybarlylygyny üpjün edýär.

Şanly ýyly şowly jemlemek üçin

Öňdebaryjy kärhanada üstümizdäki ýylyň geçen ýarym ýylynda gazanylan önümçilik görkezijileri şu ýylyň hem uly üstünliklere beslenjekdiginde aýdyň şaýatlyk edýär. Bu ýerde gürrüň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň agzybir hem-de ussat hünärmenleriniň bitirýän guwandyryjy işleri hakynda barýar. — Önümçilik desgalarynyň kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanylmagy, çig mallar bilen üpjünçiligiň gowulandyrylmagy, esasan bolsa, işgärlerimiziň yhlasly zähmet çekmekleri arkaly şanly ýylyň her bir aýy şowly jemlenilýär. Ahyrky netijede bolsa gymmatly nebit önümleriniň öndürilýän möçberleri yzygiderli artdyrylýar — diýip, zawodyň baş ykdysatçysy Reýimguly Orazow kanagatlanma bilen gürrüň berýär.

Geologlaryň döwrebap işleri

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramyna zähmet sowgatlary bilen gelýärler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda korporasiýanyň jemgyýetçilik guramalary ýerlerdäki edara-kärhanalarynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy, şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli wagyz-nesihat çärelerini geçirýärler. Türkmenistanyň ýerasty jümmüşi tebigy baýlyklaryň, ýagny nebitiň, gazyň, gazylyp alynýan peýdaly gaty magdanlaryň, gurluşyk materiallarynyň we ýerasty suwlarynyň ýataklaryna baýdyr.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 6 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen yşyklandyryjy kerosini satyn aldylar. Şeýle-de Türkiýeden we Gyrgyz Respublikasyndan gelen işewürlere Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 2 million 750 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ösen tejribesi: FINLÝANDIÝA RESPUBLIKASY

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Aurora» taslamasy bolsa Fell Lapland sebitinde Arktika şertleri üçin halkara derejesinde özboluşly akylly ulagy synag etmegiň ekoulgamyny döretmek maksady bilen, akylly awtomatik ulagy öňe sürmek (çykarmak) we «Mobillik hyzmat hökmünde» konsepsiýasyny ösdürmek üçin niýetlenendir.

15 göterim ýokarlandy

Dünýäniň iň belli töleg operatorlarynyň biri bolan «Mastercard» kompaniýasy 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde girdejisini we arassa peýdasyny artdyrdy. Has takygy, hasabat döwründe kompaniýanyň girdejisi 11, arassa peýdasy bolsa 15 göterim ýokarlandy. «FactSetiň» ýazmagyna görä, aprel — iýun aýlarynda «Mastercard» kompaniýasynyň girdejisi 6,96 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň ikinji çärýeginde 6,27 milliard amerikan dollaryna barabar bolupdy.

Milli walýutanyň hümmetini artdyrmak üçin 36,8 milliard amerikan dollary bölünip berildi

Ýaponiýanyň Hökümeti 2024-nji ýylyň iýun-iýul aýlarynda milli walýutanyň hümmetini artdyrmak üçin 36,8 milliard amerikan dollary möçberinde maliýe serişdesini bölüp berdi. TASS habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, bu görkeziji şu ýylyň aprel-maý aýlary bilen deňeşdirilende, ep-esli azdyr. Has takygy, aprel-maý aýlarynda ýurduň Hökümeti hut şol maksat bilen 65,2 milliard amerikan dollaryny sarp edipdi.

Söwda bilen baglanyşykly sözler

(Başlangyjy gazetiň №30 sanynda). ÇAÝ — çaýlar maşgalasyna degişli hemişe gök öwsüp oturan, gür şahaly, gyrymsy ösümlik.

Ösüşiň innowasion nusgasy

Senagat we innowasion ösüş nusgasyna gönükdirilen strategik ugruň yzygiderli durmuşa geçirilmegi döwletimiziň ykdysady garaşsyzlygyny has-da berkidýär. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak syýasatynyň esasy maksady ykdysadyýetiň pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmakdan, ýurduň ykdysadyýetiniň esasy hereketlendirijisi hökmünde önümçilik pudagynyň ösmegi üçin şertleri döretmekden ybaratdyr. Önümçilik we eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagy, maýa goýum işjeňliginiň hem-de halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa usulynda durnukly ösmegine getirdi. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde gurluşyk-senagat toplumyna aýratyn ähmiýet berilýär. Gurluşyk toplumyna ägirt uly maýa goýumlaryň gönükdirilmegi, ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy, milli telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak babatda amala aşyrylýan netijeli işler şähergurluşyk syýasatyny ösdürýär. Onuň çäklerinde paýtagtymyzda, Diýarymyzyň sebitlerinde önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalar, şol sanda ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary, lukmançylykdyr sport merkezleri, iri we kiçi senagat kärhanalary gurulýar, olaryň öňden bar bolanlarynyň durky täzelenilýär. Şeýlelikde, senagat we innowasion ösüş nusgasyna gönükdirilen strategik ugur yzygiderli durmuşa geçirilýär.