"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

SIR­KUL­ÝAR YK­DY­SA­DY­ÝE­TIŇ ÝÖ­REL­GE­LE­RI

Haçan-da sir­kul­ýar yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ýö­rel­ge­le­ri­niň gys­ga do­la­ny­şy­gy­ny ula­nyp bol­ma­ýan ha­la­tyn­da, R3, R4, R5, R6 we R7 ýö­rel­ge­le­ri iň oňat stra­te­gi­ýa­ diý­lip ha­sap­lanyl­ýar. Bu ýö­rel­ge­ler ha­ryt­la­ry we ola­ryň bö­lek­le­ri­ni yk­dy­sa­dy­ýet­de has uzak sak­la­mak bi­len, önüm­le­riň öm­rü­ni uzalt­ma­ga kö­mek ed­ýär­ler. Ma­te­ri­al­lar we ola­ryň bö­lek­le­ri se­re­sap­ly­lyk bi­len sö­kü­len­de, baş­ga bir ýer­de dür­li mak­sat­lar üçin gaý­ta­dan ula­ny­lyp bil­ner. R3 – R7 ýö­rel­ge­le­ri­niň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi üçin ba­za­ryň ka­bul ediş uky­by, kä­mil lo­gis­ti­ka, bu pro­se­se gat­na­şy­jy­la­ryň peý­da­ly iş­le­me­gi, ma­te­ri­al­la­ryň do­la­ny­şyk do­wam­ly­ly­gy­nyň ba­ha­lan­dy­ryl­ma­gy (LCA — Li­fe Cycle Ana­ly­sis) we şol ýö­rel­ge­le­riň dür­li işe­wür­lik mo­del­le­ri ar­ka­ly ýaý­ra­dyl­ma­gy ze­rur­dyr. Gaý­ta­dan ulan­ma­gy hö­wes­len­dir­mek üçin, kom­pa­ni­ýa­lar öz iş­jeň­li­gi­ni «önüm hyz­mat hök­mün­de (Pa­aS)» gör­nüş­li sir­kul­ýar yk­dy­sa­dy­ýe­tiň işe­wür­lik mo­de­li­ne la­ýyk­lyk­da gu­ra­ma­ga ça­lyş­ma­ly­dyr­lar. R3 — gaý­ta­dan ulan­mak (reu­se) ýö­rel­ge­si. Bu ýö­rel­ge bir sarp edi­ji üçin gym­mady­ny ýi­ti­ren, beý­le­ki sarp edi­ji üçin ze­rur bo­lan önü­mi iki­lenç ulan­ma­gy üp­jün ed­ýär. Ol sarp edi­ji­le­riň ara­syn­da önüm­le­ri gaý­ta­dan sat­mak­ly­ga iş­jeň­leş­dir­ýär. R3 ýö­rel

«BMW» 2 milliondan gowrak awtoulaglaryny yzyna alýar

Germa­ni­ýa­nyň «BMW» ABŞ-nyň we Hy­ta­ýyň ba­za­ryn­da sa­tu­wa çy­ka­ry­lan ulag­la­ry­nyň uly muk­da­ry­ny yzy­na ýyg­na­ýar. Has ta­ky­gy, kom­pa­ni­ýa ulag­la­ryň elekt­rik ul­ga­myn­da­ky nä­saz­lyk se­bäp­li, ABŞ-nyň ba­za­ryn­dan 720 müň, ka­da la­ýyk gel­me­ýän howp­suz­lyk ýas­syk­la­ry se­bäp­li bol­sa, Hy­ta­ýyň ba­za­ryn­dan 1,36 mil­lion ula­gy dü­ze­diş iş­le­ri­ni ge­çir­mek üçin yzy­na al­ýar. Ýo­kar­da ag­za­lan bök­denç­lik­le­r ne­mes aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­si­ni goş­ma­ça çyk­da­jy­lar bi­len ýüz­be-ýüz ed­ýär. Em­ma go­wy ha­bar­lar hem bar. Ýew­ro­pa­nyň ba­za­ryn­da «BMW» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ön­dü­ri­len elekt­ro­mo­bil­le­riň söw­da­sy öňe iler­le­ýär. Kom­pa­ni­ýa şu ýy­lyň iýul aýyn­da Ýew­ro­pa ba­za­ryn­da 14 müň 869 sa­ny elekt­ro­mo­bil sat­dy we bu ugur­da ta­ryh­da il­kin­ji ge­zek «Tes­la­dan» öň­de ge­çip, bi­rin­ji or­ny eýe­le­di.

Täjigistanda elektromobilleriň önümçiligi ýola goýlar

Tä­ji­gis­tan­da hy­taý­ly ma­ýa­dar­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da elekt­ro­mo­bil­le­ri ön­dür­ýän kär­ha­na dö­re­di­ler. Des­lap­ky me­ýil­na­ma la­ýyk­lyk­da, 2028-nji ýy­la çen­li ýurt­da elekt­ro­mo­bil­le­riň we ola­ra kuw­wat be­ri­ji be­ket­le­riň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­mak, şeý­le hem ola­ryň iş­le­me­gi üçin äh­li ze­rur inf­rast­ruk­tu­ra­ny dö­ret­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Hu­su­san-da, elekt­ro­mo­bil­le­re bo­lan is­le­gi art­dyr­mak üçin, aly­jy­la­ra ýa­şyl bel­gi­li ny­şan­lar ber­ler we dür­li ar­tyk­maç­lyk­lar dö­re­di­ler. Ýeri ge­len­de bel­le­sek, Tä­ji­gis­ta­nyň güm­rük gul­lu­gy­nyň ha­ba­ry­na gö­rä, 2023-nji ýyl­da ýur­da 3316 sa­ny elekt­ro­mo­bil im­port edil­di we 2024-nji ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da bu gör­ke­zi­ji eý­ýäm 5266 elektro­mo­bi­le ýet­di.

3,8 milliard amerikan dollary sarp edildi

2024-nji ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de ula­ny­jy­lar dynç alyş mak­sat­ly mo­bil go­şun­dy­lar üçin 3,8 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry möç­be­rin­de pul sarp etdiler. Bu ba­ra­da «App­fi­gu­res» sel­jer­me por­ta­ly ha­bar ber­di. Ag­za­lan muk­da­ryň 2,1 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry wi­deo stri­ming («You­Tu­be» we ş.m.), 0,9 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry bol­sa gys­ga wi­deo­la­ra («Tik­Tok» we ş.m.) ni­ýet­le­nen mo­bil go­şun­dy­la­ra de­giş­li­dir. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, bu sel­jer­me di­ňe ula­ny­jy­lar ta­ra­pyn­dan tö­le­nen mo­bil tö­leg­le­ri öz içi­ne al­ýar. Hü­när­men­ler eger-de ma­ha­bat­lar­dan we beý­le­ki hyz­mat­lar­dan gel­ýän gir­de­ji­ler ha­sa­ba alyn­sa, bu möç­be­riň ýüz­ler­çe es­se art­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.

Hytaý Özbegistanyň esasy daşary söwda hyzmatdaşy boldy

Hytaý 2024-nji ýy­lyň ýan­war — iýul aý­la­ryn­da Öz­be­gis­ta­nyň esa­sy da­şa­ry söw­da hyz­mat­da­şy bol­dy. Has ta­ky­gy, ha­sa­bat döw­rün­de iki ýur­duň ara­syn­da­ky öza­ra söw­da do­la­ny­şy­gy 6,85 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry­na deň bol­dy. Bu gör­ke­zi­ji ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­dä­ki­den 0,9 gö­te­rim az­dyr. Şu ýy­lyň 7 aýyn­da Öz­be­gis­ta­nyň Hy­ta­ýa eks­port eden ha­ryt­la­ry­nyň we hyz­mat­la­ry­nyň umu­my ba­ha­sy 20 gö­te­rim aza­lyp, 1,2 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry­na ba­ra­bar bol­dy. Hy­ta­ýyň öz­bek ba­za­ry­na eks­por­ty bol­sa 5,4 gö­te­rim ar­typ, 5,7 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry­na ýet­di.

Polat önümçiligi 4,7 göterim azaldy

2024-nji ýy­lyň iýul aýyn­da dün­ýä­de po­lat önüm­çi­li­gi ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 4,7 gö­te­rim azal­dy. Bu ba­ra­da Bü­tin­dün­ýä Po­lat As­so­sia­si­ýa­sy­nyň ha­sa­ba­tyn­da aý­dyl­ýar. Ha­sa­ba­tda bel­le­nil­me­gi­ne gö­rä, şu ýy­lyň iýul aýyn­da dün­ýä­de po­lat önüm­çi­li­gi 152,8 mil­lion ton­na deň bol­dy.

Gruziýa Azerbaýjanyň we Ermenistanyň çäklerine barýan tizlikli ýollary gurar

Gruziýanyň sebitleýin ösüş we infrastruktura ministrligi Azerbaýjan bilen Ermenistanyň çäklerine tizlikli awtomobil ýoly gurmak üçin tender yglan etdi. Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta, şeýle hem Gruziýany Azerbaýjanyň we Ermenistanyň serhetleri bilen birleşdirýän halkara üstaşyr geçelgeleriň bölegi bolan Rustawi-Gyzyl köpri we Algeti-Sadahlo ýollarynyň bölümleriniň gurluşygy barada gürrüň edilýär. Taslama laýyklykda daşarky yşyklandyryş ulgamy bilen jemi 61,3 km dört zolakly beton tizlikli awtomobil ýoly, 26 sany köpri we 11 sany ulag merkezleri gurlar, bularyň ählisinde halkara ýol hereketiniň howpsuzlygynyň talaplary berjaý ediler.

Demir ýol infrastrukturasyna gönükdirilen maýa goýumlary, Türkiýede demir ýol eksportyny 13 % ýokarlandyrdy

Ýylyň ilkinji ýedi aýynda Türkiýe demir ýol arkaly iberilýän eksport mukdaryny geçen ýyl bilen deňeşdirilende 13% artdyryp, ýagny 1,2 million tonna çenli artdyrdy - bu barada transport we infrastruktura ministrligi habar berdi we bu ösüşiň milli demir ýol infrastrukturasyny ösdürmek boýunça ägirt uly tagallalar bilen üpjün edilendigini belledi. Ministrligiň habaryna görä, demir ýol eksportynyň 86% paýtagt sebitinden we goňşy welaýatlardan iberilýär. Türkiye her gün azyndan 8 ýük otlusyny Ýewropa iberýär. Eksport gurluşynda esasy önümler awtoulag ätiýaçlyk şaýlary, dokma önümleri, azyk önümleri, elektron önümleri, himiýa önümleri, sement we gurluşyk materiallarydyr.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini, dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy, nebit ýol bitumyny satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň, Gazagystanyň telekeçilerine portlandsement, nah ýüplük, arassalanan pagta galyndylary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 828 müň dollaryndan gowrak boldy.

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň hünärmenlerine şahadatnamalar gowşuryldy

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň edara binasynda Koreýa Respublikasynyň «Koryo Shuipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň inženerleri tarapyndan gämi gurluşyk ugry boýunça geçirilen amaly okuw sapaklarynda ýokary görkezijilerine mynasyp bolan türkmen hünärmenlerine şahadatnamalar gowşuryldy. Okuw döwrüniň dowamynda bilimi we hünäri bilen tapawutlanan we synaglardan üstünlikli geçen hünärmenlere Koreýa Respublikasynyň «Koryo Shuipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň Prezidenti tarapyndan höweslendiriji sowgatlar gowşurylyp, höwesjeň, işlerine ussat ýaş gämi gurluşykçylara öz minnetdarlyklaryny bildirip, geljekde türkmen hünärmenleriniň uly üstünliklere eýe boljakdyklary barada belläp geçdiler.

Elektroenergetika pudagy — milli ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm şerti

Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli senagatlaşdyrmak maksatnamalaryna laýyklykda, iri senagat kärhanalary guruldy we gurluşyklary dowam edýär. Durmuş-hojalyk, beýleki maksatly köp sanly desgalar ýaly, bu önümçilik toplumlary hem elektrik energiýasy bilen ygtybarly, bökdençsiz üpjün edilmegi talap edýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bu möhüm pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak hem-de pugtalandyrmak boýunça Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Pudagy ösdürmäge ägirt uly maýa goýumlaryň gönükdirilmegi bilen, soňky ýyllarda energetika senagatynyň önümçilik kuwwaty ep-esli artdy. Munuň özi diňe bir ýurdumyzyň içerki isleglerini kanagatlandyrmaga däl, eýsem, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara eksport edilýän möçberini-de ýylsaýyn artdyrmaga mümkinçilik berýär. Şu ýylyň birinji ýarymynda Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasynyň 108,4 göterim berjaý edilmegi hem pudagyň durnukly ösüşiniň üpjün edilýändigini aýdyň görkezýär.

Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda ilkinji partiýa guramalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça maslahat geçirdik. Oňa guramamyzyň welaýat, Türkmenabat şäher we Saýat etrap komitetleriniň işgärleri, zawodyň işçi-hünärmenleri gatnaşdylar. Maslahatda edilen çykyşlarda ýurdumyzy ykdysady we senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, ýurdumyzyň sebitlerinde senagat kärhanalaryny gurmak ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler dogrusynda aýratyn nygtaldy. Şeýle hem zawodda meýilleşdirilýän işleriň talabalaýyk ýola goýulmagynda we alnyp barylmagynda partiýa agzalarynyň netijeli zähmetine ýokary baha berildi. Çärä gatnaşyjylar ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda ýadawsyz alada edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny beýan etdiler.

Hususy ulgamda depginli ösüş

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taglymat esaslary, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň many-mazmuny, bazar ykdysadyýetini, hususy ulgamy ösdürmekdäki orny Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerinde giňişleýin beýan edilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bagtymyza ýagty Gün bolup dogan Garaşsyzlygymyz türkmen halky üçin altyn eýýamyň gapysyny açdy, Türkmenistany hemişelik Bitaraplygyň mekanyna öwürdi. Bu dünýäde ykrar edilen hakykatdyr. Mundan 33 ýyl ozal — 1991-nji ýylyň güýzünde Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygyny gazandy hem-de dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edildi. Şol taryhy günden başlap, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny özbaşdak kesgitläp, okgunly ösýän ykdysadyýeti, kämil durmuş ulgamy bolan, dünýä bileleşiginde uly abraýdan peýdalanýan demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmak ugrunda ägirt uly işler amala aşyryldy.

Ykdysadyýetiň ygtybarly daýanjy

Türkmenistan döwletimiz uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolup, öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmagy, energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny artdyrmagy maksat edinýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nebitgaz pudagynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belleýär. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny hem üns merkezinde saklamagyň möhümdigini nygtaýar.

Oňaýly, rahat hem-de islegli

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda telekeçiler üçin erkin ykdysady gatnaşyklaryň we ýeňillikli salgyt syýasatynyň ýola goýulmagy, banklardan ýeňillikli karzlaryň goýberilmegi netijesinde dürli önümleri öndürýän hususy kärhanalaryň sany ýylsaýyn artýar. Türkmen işewürleri öz ukyp-başarnygyna, döredijiligine, zähmet tejribesine kybap gelýän önümleri öndürip, alyjylara hödürleýärler. Şeýle öňdebaryjy işewürleriň hatarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Azat Joraýewi hem görkezmek bolar. Onuň esaslandyran «Ýörite geýimler dünýäsi» hususy kärhanasy 2016-njy ýyldan bäri öz önümleri bilen tanalyp gelýär. Biz hem bu hususy kärhananyň işleri bilen ýakyndan tanyşmak üçin kärhananyň ýolbaşçysy Bahar Imamowa bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi: — Türkmenabat şäherinde-de tikin-çatyndan başy çykýan, çeper elli gelin-gyzlar az däl. Biz hem ilki bolup şol tikinçileriň, bezegçileriň ökdelerini bir ýere jemledik. Olaryň ukyp-başarnygyny nazara alyp, hersini dürli iş lybaslaryny tikmäge ugrukdyrdyk. Ilkibada her günde lukmanlar we şepagat uýalary üçin niýetlenilen lukmançylyk geýimleriniň, ortaça, 300-den 500-e çenlisini tikip taýýarladyk. Hytaý, Germaniýa, Türkiýe, Ýaponiýa ýaly döwletlerde öndüren tikin enjamlary ornaşdyrylan önümçiligimizde işler günsaýyn ugrugyp gitdi. Iş geýimini geýen adamyň özüni rahat duýmagyny gazanmagyň ü

Gury ýük gämileri gurulýar

Zähmetiň joşýan ýerinde Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, «Gury ýük gämilerini gurmak hakynda» kabul eden Karary Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çäginde ýerleşýän «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň durmuşynda taryhy waka boldy we ol iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň gözbaşyna öwrüldi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentligine iki sany gury ýük gämisini gurmak barada «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Netijede, Koreýa Respublikasynyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co. Ltd.» kompaniýasy bilen her biriniň ýük göterijiligi 6 müň 100 tonna bolan iki sany gury ýük gämisini taslamalaşdyrmak we bilelikde gurmak barada degişli şertnamalar baglaşyldy.

Ýokary hilli ýüplükler

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Gyzylarbat etrabynyň merkezinde ýerleşýän «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny ýokary üstünliklere beslemek ugrunda netijeli zähmet çekilýär. Döwrebap kärhanada şu ýylyň geçen döwründe 2 müň 620 tonna ýokary hilli ýüplükler taýýarlanylyp, sarp edijilere ýetirildi. Bu döwürde öndürilen ýüplükleriň pul hasabyndaky möçberi 90 million manatdan geçdi. Munuň özi önümçiligiň ösüş depgininiň 2,5 esse ýokarlanandygyny aňladýar.

Gadamy batly tikinçiler

Magtymguly etrabyndaky Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky tikin we aýakgap döwlet kärhanasy Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň öňdebaryjy kärhanalarynyň biri bolup durýar. Kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilen kärhananyň zähmetsöýer işgärleri şu ýylyň geçen döwründe 8 million 438 müň manatlyga golaý tikin önümlerini öndürdiler. Önümçiligiň ösüş depgini 122 göterime barabar boldy. Aýakgap bölüminde 21 müň 300 jübütden gowrak aýakgap öndürildi. Onuň pul hasabyndaky möçberi 8 million 91 müň manatlyga golaý boldy. Kärhananyň agzybir işgärleriniň özleriniň öndürijilikli işlemekleri üçin ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyşlary egsilmeýär.

Üstaşyr ulag geçelgeleri: umumy bähbitleri nazarlap

Barha çylşyrymlaşýan häzirki zaman dünýäsinde durnukly ykdysady modeli döretmek işi giň gerimde senagatlaşmagy we ykdysadyýetiň täze, geljegi uly pudaklarynyň çalt ösmegini talap edýär. Şundan ugur alyp, Türkmenistan sebit döwletleriniň nyrh syýasatyny kadalaşdyrmagyň we üstaşyr ulag gatnawlary üçin dolandyryş amallaryny ýönekeýleşdirmegiň tarapdary bolup çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu babatda Merkezi Aziýanyň diňe bir üstaşyr geçelge hem-de dünýä döwletlerini çig mal bilen üpjün ediji bazar bolmaly däldigini, sebitde gaýtadan işleýän senagatyň ösdürilmelidigini we gymmaty ýokary bolan harytlaryň önümçiliginiň artdyrylyp, sarp edijilikden eksport edijilige geçmegiň ilerledilmelidigini öňe sürýär. Gürrüňi edilýän sebitiň uglewodorod we beýleki çig mal gorlaryna juda baýdygy, senagatlaşma mümkinçilikleriniň ýokarydygy, häzirki wagtda dünýäde esasy meseleleriň birine öwrülen işçi bazarynyň amatlydygy, netijede, harytlaryň özüne düşýän gymmatynyň peselmegine sebäp bolýan faktorlaryň agramly böleginiň emele gelendigi döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän garaýyşlaryna esas bolup hyzmat edýär. Şunda döwletara hem-de halkara ulag geçelgelerine bolan zerurlygyň esasy orunlaryň birini eýeleýändigi-de ikuçsuzdyr. Munuň şeýledigini häzirki zaman dünýäsinde ulag we logistika pudaklarynyň ykdysadyýetiň göwnejaý ösüşiniň binýadyna öwrülýändigi bilen-de

Garaşsyz ösüş ýoly — berkararlyk ýoly

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlananda, her birimiziň kalbymyza mukaddes galkynyş, üýtgeşik söýgi, ýakymly buýsanç duýgulary dolýar. Halkymyz üçin Garaşsyzlygyň, berkarar döwletiň gymmatlyklarynyň nähili arzylydygyny edebi mirasymyzyň çeşmelerinde, hususan-da Magtymguly Pyragynyň goşgularynda görmek bolýar. Şahyr özüniň parasatly şygyr setirlerinde türkmen halkyny birleşdirmek, berkarar döwletli bolmak, geljekki nesillerimiziň bagtly durmuşda erkin ýaşamak baradaky arzuw-isleglerini beýan edýär. Hawa, Garaşsyz döwletini bina edip, dünýä giňişliginde baýdagyny belentde parladýan, ösüşiň döredijilikli ýolundan ynamly gadam urýan, mert pederleriň döwletlilik ýörelgelerini sarpalap, täzeçilligiň, ylym-bilimiň gazananlaryna eýerýän, nesilleriň ýagty geljegini gurýan buýsançly halkymyz agzybirligiň döredijilik kuwwatyny dabaralandyrýar. Ösüşlere beslenen Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşde öz baý tebigy serişdelerinden aýawly peýdalanmakda belent sepgitlere ýetdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň ýokary depginde ösýän ykdysadyýeti sebit hem dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşýar.