"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Gurluşyk we senagat toplumy: oňyn özgertmeler, batly gadamlar (Ýaş žurnalistiň sözi)

Täze taryhy döwrümizde milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylyp, eksport mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagyna, ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga, sebitleri okgunly ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, her ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününiň bellenilmegi ýurdumyzyň gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy we senagat pudaklaryny ösdürmekde, ylmy-tehniki innowasiýalaryň gazananlaryna esaslanyp, öndürilýän önümleriň we edilýän hyzmatlaryň möçberini artdyrmakda, täze belentliklere ýetirmekde hem-de toplumyň işgärleriniň halal we tutanýerli zähmetini dabaralandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Möhüm wezipelere garaldy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli manadymyzyň hümmetini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan pul-karz syýasaty ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde wajyp hereketlendiriji maliýe guraly bolup çykyş edýär. Garaşsyz Türkmenistanyň taryhyna giren senede — 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda türkmen manady dolanyşyga girizildi. Şu ýyl milli pul birliginiň dolanyşyga girizilenine 31 ýyl dolýar. Bu sene mynasybetli düýn — 1-nji noýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan «Türkmen manady — ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň nyşany» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň bank-maliýe ulgamynyň işgärleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary we talyplary gatnaşdy.

Senagat we ekologiýa: sazlaşykly iş — üstünliklere badalga

Hemişelik Bitarap Türkmenistan ekologiýa, daşky gurşawy goramak meselelerini çözmekde, sebitde hem-de dünýäde ekologik abadançylygy üpjün etmekde Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň ählumumy, sebit we milli gurallarynyň utgaşdyrylmalydygyndan, biri-biriniň üstüniň ýetirilmelidiginden ugur alýar. Dünýäde häzirki ekologik meseleleriň üstünlikli çözülmegi ähli döwletleriň tagallalarynyň birleşdirilmegini talap edýär. Tebigatdan peýdalanmak jemgyýetiň daşky gurşaw bilen özara gatnaşygynyň özeni bolmagynda galýar. Çünki tebigy çig mal ähli ulgamlarda diýen ýaly ulanylmak bilen, ylaýta-da, himiýa we nebithimiýa önümçiligi, energetika we gaýry senagat ugurlary adamzat ýaşaýşynda möhüm ähmiýete eýedir.

Gurýan, döredýän gurply döwletimiz

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her ýylyň 3-nji noýabrynda ýurdumyzda  Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi bellemek hakynda 2023-nji ýylyň 4-nji noýabrynda gol çeken taryhy Permany  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň senenamasyny şanly baýramçylyk bilen baýlaşdyrdy. Bu ajaýyp baýram  ýurdumyzyň gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy we senagat pudaklaryny ösdürmekde yhlasly zähmet çekýän ildeşlerimizi täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Milli Liderimiziň beýik işlerini dowamat-dowama besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yhlasly tagallalary bilen  durmuşa geçirilýän taslamalaryň ählitaraplaýyn çözgütleri özünde jemlemegi, şol bir wagtda önümçiligiň ösmegine, iş ýerleriniň artmagyna, ykdysadyýetimiziň ýokarlanmagyna ýardam etmek bilen birlikde, sanly eýýamyň ähli çözgütlerini özleşdirmek üçin milli hünärmenlerimize tejribe mekdebi bolýandygy diýseň guwandyrýar.  Sebitde ilkinji gezek gurlan, onlarça halkara sylaglaryna mynasyp bolan «akylly»  Arkadag şäheri bolsa bagtyýar döwrümiziň ajaýyp keşbi bolup dünýä ýalkym saçýar.

Elektroenergetika pudagynyň möhüm orny

Ekologik taýdan iň arassa önümçilik çeşmesi bolan elektrik energiýasynyň ýurdumyzdaky önümçiliginiň yzygiderli artdyrylmagy tutuş sebitde hem önümçiligiň artmagyna we ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine mümkinçilik berýär. Döwlet Baştutanymyzyň 25-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini yzygiderli  artdyrmak babatda durmuşa geçirilýän netijeli işleri görkezdi.

Meýilnama artygy bilen

Bilşimiz ýaly, geçen ýylyň noýabrynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde döwrebap elektrik stansiýasynyň, Guwlymaýak şäherçesinde medeni-durmuş maksatly binalaryň düýbüniň tutulyş çäreleri boldy. Şeýle-de Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň hem-de Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda elektrik toguny öndürýän iki sany gaz turbina desgasynyň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi unudylmajak taryhy waka boldy. Şeýle şanly wakalardan ruhlanyp, iş depginlerini döwrüň ösen talaplaryna laýyk ýola goýmagy başarýan günbatar sebitiň ugurdaş kärhanalary-da «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen dokuz aýynda jemi 3 milliard 423 million kilowat sagada barabar elektrik energiýasyny öndürmegi başardylar. Bu üstünlikde Türkmenbaşy şäheriniň golaýyndaky «Awaza» döwlet elektrik stansiýasynyň hünärmenleriniň hem mynasyp paýy bar. Hormatly Prezidentimiziň elektroenergetika ulgamyny has-da kuwwatlandyrmak barada edýän irginsiz aladalaryndan göwünleri galkynýan hünärmenler şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda 986 million kilowat sagatdan gowrak elektrik toguny öndürip, sarp edijilere ýetirmegi başardylar. Munuň özi ýylyň başyndan bäri dokuz aýyň meýilnamasynyň 101 göterim ýerine ýetirilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 112 göterim ösüş gazanylandygyny aňladýar.

Energetika strategiýasyny ilerledip

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän energetika syýasaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda bu pudakda amala aşyrylýan iri taslamalar diňe bir ykdysady taýdan ähmiýetli bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda-da möhüm orna eýedir. Her ýyl geçirilýän pudaklaýyn sergiler, duşuşyklardyr maslahatlar ýangyç-energetika toplumynyň gazananlaryny giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär. 23 — 25-nji oktýabrda paýtagtymyzda guralan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly XXIX halkara maslahat we sergi hem munuň şeýledigini nobatdaky gezek giňden açyp görkezdi. Ýöriteleşdirilen maslahat utgaşykly görnüşde geçirilip, oňa dünýäniň onlarça ýurdundan wekiller gatnaşdylar.

Babadaýhan dokma toplumy: täzeçil çemeleşmeleriň üstünlikli netijeleri

Eziz Diýarymyzyň ähli sebitlerinde gurulýan, milli ykdysadyýetiň geljegi uly eksport ugurly pudaklarynyň ýokary tehnologiýaly kärhanalary ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna hem-de dünýä bileleşigi bilen utgaşykly gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagyna mümkinçilik berýär. Bu ugurdaky ösüşlerde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň düzümine degişli 80-den gowrak kärhananyň hem mynasyp paýy bar. Şolaryň biri-de Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyndaky dokma toplumydyr. 2021-nji ýylyň 17-nji noýabry! Şol gün diňe bir Babadaýhan etrabynda däl, eýsem, tutuş welaýatyň ýaşaýjylarynyň hakydasynda unudylmajak taryhy waka boldy. Gahryman Arkadagymyzyň Şa gadamy Babadaýhana düşüp, bu ýerde sebitde deňi-taýy bolmadyk dokma toplumy dabaraly açyldy. Kuwwatly toplumyň açylyp ulanmaga berilmegi Hydyr gören türkmen topragynyň gymmaty egsilmeýän, halkyň altyna deňeýän baýlygy — ak pagtany ýurdumyzda dolulygyna gaýtadan işläp, ösen islegleri kanagatlandyrýan ýokary hilli, dürli görnüşli taýýar önümleri öndürmäge şert döretdi.

Durnukly ösüşiň kepili

Milli manadymyzyň dolanyşyga goýberilmegi giň möçberli ykdysady özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmaga gönükdirilen özbaşdak pul-karz syýasatyny alyp barmaga ýardam berdi. Bu babatda Esasy Kanunymyzda hem aýratyn bellenilip geçilýär we onuň kanuny binýady berkidilýär. Has takygy, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 138-nji maddasyna laýyklykda, döwletimiziň bank ulgamy ýurdumyzda ýeke-täk pul-karz syýasatyny alyp barýan Merkezi banky we beýleki bank edaralaryny öz içine alýar. Türkmenistanyň Merkezi banky nagt pul dolanyşygyny guramagy we hasaplaşyk töleg ulgamynyň netijeli işlemegini hem-de beýleki wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýän edaradyr.

Beýik ösüşleriň eýýamy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:— Ýurdumyzda hereket edýän energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek boýunça taslamanyň durmuşa geçirilmegi Garaşsyz Türkmenistanyň energetika pudagynyň taryhynda uly wakadyr. Bu taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen, Diýarymyzda bir bitewi halkalaýyn energiýa ulgamy emele geldi. Garaşsyzlyk türkmen halkyny dünýä çykardy, onuň at-abraýyny, şöhratyny, mertebesini, ruhy baýlygyny, ylmyny-bilimini, ynsanperwerligini belende göterdi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, öňdengörüjiligi bilen ýurdumyzyň, halkymyzyň ykbaly bilen bagly ilkinji nobatdaky möhüm wezipeler iňňän oýlanyşykly, parasatlylyk bilen çözüldi. Garaşsyzlyk türkmene gurmaga we döretmäge giň mümkinçilikleri döretdi. Halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramçylygyny uludan tutdy. Hemmämize mälim bolşy ýaly, Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyzyň Başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi üstünlikli geçirildi. Onda ýurdumyzda gazanylan ösüşleriň, ýetilen belent sepgitleriň, bitirilen işleriň jemi jemlendi. Şeýle hem, döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, öňde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi, ara alnyp maslahatlaşyldy. Halk Maslahatynyň mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz çykyş edip, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge gönü

Ak ýollar — rowan ýollar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy netijesinde ýurdumyz gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm halkasy, hereketlendiriji güýji bolmak bilen, halkara ulag-logistika ulgamynyň ösüşinde wajyp orny eýeledi. Netijede, içerki we dünýä bazarlaryna harytlaryň çalt çykarylmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berýän ýokary guramaçylykly ulag ulgamynyň döredilmegi, ýurduň bazar ykdysadyýetiniň ösmegi önümçiligiň we tehniki ösüşiň esasy şertlerinden biri bolup çykyş etdi.

Ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji

Şu ýyl ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň we üstünlikleriniň nyşany bolan Türkmenistanyň milli pul birligi bolan türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmegine 31 ýyl dolýar. Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy üçin amatly şertleri döredýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm ugry bolan bank ulgamy çalt depginler bilen ösdürilýär. Milli manat türkmeniň döwletliliginiň, ykdysady durnuklylygynyň nyşanyna we ýurdumyzyň özbaşdaklyk ýörelgelerini durmuşa geçirmegiň ugrukdyryjy guralyna öwrüldi. Geçen ýyllaryň dowamynda ykdysady syýasat üstünlikli durmuşa geçirildi. Onuň pul-karz, býujet, salgyt, maliýe, nyrh ugruny emele getirýän we häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän bazar gatnaşyklaryna geçmegiň milli nusgasy işlenilip taýýarlanyldy. «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, bank ulgamynyň işjeňligi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Häzirki wagtda bank ulgamyna sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.

Kerpiç — islegli önüm

Gurbangeldi ALLABERENOW, «Baýram» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy:

Kuwwatly döwletiň sarsmaz ýörelgesi

Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda şu ýylyň 3-nji noýabrynda ýurdumyzyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni ilkinji gezek bellenilýär. Köpgurluşly ykdysadyýetimiziň ädimsaýyn berkemegine, ony ösdürmäge tarap alnan ugurda gurluşyk we senagat toplumy işgärleriniň paýyna uly wezipeler düşýär. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy esasynda bu möhüm pudak çalt depginlerde ösdürilýär. Şonuň netijesinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda», «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022— 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda amala aşyrylýan işler ýaşaýşymyza ozal görlüp-eşidilmedik derejede täsirini ýetirýär. Ilat üçin gurulýan jaýlaryň sany ýylsaýyn artýar. Hut biziň welaýatymyzda hem döwrebap obalar we şäherçeler peýda boldy, her etrapda diýen ýaly häzirkizaman talaplaryna laýyk gelýän hassahanalar we saglyk öýleri, orta mekdepler we çagalar baglary, sport mekdepleridir desgalary guruldy. Il-ýurt bähbitli gurluşyklar ýene-de dowam edýär.

Milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygyna

Ykdysadyýetiň möhüm daýanjy Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň yzygiderli ösüşini, kuwwatlanmagyny üpjün etmekde, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmakda, söwda-haryt dolanyşygyny pugtalandyrmakda, halkymyzyň derwaýys durmuş hyzmatlaryna bolan islegini kanagatlandyrmakda we beýlekiler babatda milli manadymyzyň ähmiýeti örän uludyr. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde onuň hümmetini saklamak, aýlanyşygyny çaltlandyrmak barada zerur tabşyryklary berip, bu babatda uly tagallalary edýär.

Mynasyp sowgat bilen

Öz hünär baýramyny welaýatymyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleri mynasyp zähmet üstünlikleri bilen garşy alýarlar. Welaýatymyzda önümçilik kuwwatlylygy bilen tapawutlanýan Zerger «Demirbetonönümleri» zawodynda gurluşyk işlerinde giňden ulanylýan gurnama demirbeton önümleriniň 100-e golaý görnüşi öndürilýär. Üstümizdäki ýylyň geçen dokuz aýynyň jemi boýunça zawodda gurnama demirbeton önümleriniň 21 müň 205 kub metrden gowragy öndürilip, meýilnama 104,8 göterim ýerine ýetirildi. Jemi taýýarlanylan senagat önümleriniň we edilen işleriň möçberi 38 million 700 manada, 107,5 göterime deň boldy. Gurnama demirbeton öndürmekde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirenimizde, önümçiligiň ösüş depgini 107,7 göterime, manat hasabynda 107,6 göterime ýetirildi.

Durnukly ösüşiň möhüm guraly

1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Garaşsyz ýurdumyzyň çäginde pul birligimiz hökmünde türkmen milli manady dolanyşyga girizildi. Her ýylyň şol gününde bolsa döwletimizde türkmen milli manadynyň güni bellenilip geçilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan ösüşler milli manadymyzyň maliýe-pul syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde uly orna eýe bolandygyny görkezýär.

Innowasion çözgütlere daýanyp

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygy bilen ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan bazar ykdysadyýetine geçiş ýoly milli ykdysadyýetimizi düzüm taýdan düýpli özgertmegi göz öňünde tutýar. Dünýä ýurtlarynyň wagtyň synagyndan geçen tejribesi öwrenilip we halkymyzyň milli ýörelgelerinden, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň aýratynlyklaryndan ugur alnyp, berkarar Watanymyzda bazar ykdysadyýetine geçmegiň özboluşly ýoly dowam etdirilýär. Bu ýol bazar ykdysadyýetiniň durmuş meselelerini çözmäge gönükdirilen ýoludyr. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyjy esasynda bazar ykdysadyýetine geçilýän döwürde jemgyýetçilik önümçiliginiň ýöriteleşmeginde düýpli özgerişlikler geçirildi. Ilkinji nobatda, öz çig malymyzy özümizde gaýtadan işlemek, dünýä bazarynda bäsleşige ukyply, ýokary hilli taýýar önümleri öndürmek ýola goýuldy.

Ykdysady ösüşiň ygtybarly binýady

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwleti we jemgyýeti hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek ugrunda alyp barýan syýasaty «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgä esaslanyp, ýurdumyzyň ähli sebitlerini gurşap alýan we ilatyň abadan durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar. Taryhy özgertmeleri başdan geçirýän eziz Diýarymyzyň ykdysady ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda milli manadymyzyň hümmetiniň bellenilen derejelerde saklanmagynyň döwletimiziň ösüşlerine gönüden-göni täsir edýändigi aýdyň hakykatdyr. Türkmenistan döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden başlap, bazar ykdysadyýetiniň özboluşly türkmen nusgasyny döretmek bilen, dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň hatarynda ornuny barha pugtalandyryp gelýär. Şol ýyllarda asyrlar aşyp gelýän milli däp-dessurlarymyzdan ugur alýan döwlet nyşanlarymyz döredildi. Şolaryň hatarynda bolsa, türkmen milli manady aýratyn ähmiýete eýedir.

Depginli ösýän pudak

Ýurdumyzda ykdysadyýetiň ösüşi orta we uzak möhletleýin döwürlere niýetlenen milli we döwlet maksatnamalary esasynda amala aşyrylýar. Nebitgaz, himiýa we nebithimiýa senagatlary, maşyngurluşyk we beýleki senagat ugurlary ýokary ösüş basgançaklaryna çykarylýar. Bu wajyp ösüşleriň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä nusgalyk ykdysady syýasaty durýar. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda uglewodorod baýlyklaryny diňe bir ýangyç-energetika serişdesi hökmünde ulanman, eýsem, gymmatly çig mal hökmünde peýdalanyp, köp sanly islegli sintetik önümleri öndürmek üçin ýurdumyzda nebithimiýa we gazhimiýa pudaklarynyň işini ösdürmekde hem ençeme işler alnyp barylýar.