"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Aşgabatda DÝHG agza ýurtlaryň demir ýol edaralarynyň Baş direktorlarynyň maslahaty geçiriler

Demir Ýol Hyzmatdaşlygy Guramasynyň (DÝHG) Baş direktorlarynyň maslahatynyň XXXVIII mejlisi 2024-nji ýylyň 13-19-njy aprelinde Aşgabatda geçiriler. Guramanyň bu ýokary derejeli çäresi, ýagny dolandyryş edaralarynyň biriniň - Baş direktorlaryň maslahaty - geçen ýylda ulag pudagynda bilelikdäki üstünliklere baha bermäge, geljege gönükdirilen görkezmeleri kesgitlemäge we halkara demir ýol jemgyýetçiliginiň özara gatnaşygy üçin täze höweslendiriş mümkinçiligini berer. Şeýle hem Aşgabat forumynda “Türkmendemirýollary” agentliginiň guramanyň agzalygyna goşulmagynyň 30 ýyllygy hem bellener.

Gazagystan Türkmenistanyň we Eýranyň üsti bilen Ýewropa ýükleri daşar

Gazagystanyň Ulag ministrligi ýurduň logistika kompaniýalarynyň Ýewropa ýük daşanlarynda Günorta ulag geçelgesinde peýdalananlarynda erkin üstaşyr geçişi üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň we Eýranyň degişli edaralary bilen gepleşikleri geçirdi. Bu çäreler Belarus-Litwa we Latwiýa serhetlerinde gazak ulaglarynyň eglenýän wagtynyň artmagy sebäpli geçirilýär.

Türkmenistan — Türkiýe: söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda

Aşgabat, 6-njy dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň 10-njy sergisi açyldy, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisi we işewürlik maslahaty geçirildi. Gözden geçirilişe gatnaşmak üçin Türkiýäniň döwlet düzümleriniň wekillerinden ybarat uly topar, ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň we hususy kärhanalaryň 100-e golaýynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri Aşgabada geldiler. Öz mümkinçiliklerini we öňdebaryjy tehnologiýalaryny Türkmenistanda ilkinji gezek tanyşdyrýan kompaniýalar sergä gatnaşyjylaryň agramly bölegini düzýär. Olaryň köpüsi ýurdumyzyň köpugurly ykdysady kuwwaty barada oňat habarlydyrlar we hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler.

Işewürlik forumyna gatnaşyjylara söz berýäris

Düýn paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi badalga aldy. Gözden geçiriliş bilen ugurdaşlykda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisi hem-de Türkmen-türk işewürlik maslahaty-da geçirildi. Ýokary derejede geçirilen bu duşuşyklaryň baş maksady bar bolan ägirt uly mümkinçilikleriň hasabyna ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmekden ybarat boldy. Biz işewürlik maslahatyna gatnaşýan myhmanlaryň käbiri bilen söhbetdeş bolup, olaryň pikir-garaýyşlaryny ýazga geçirdik. Seljuk ÖZTÜRK,Türkiýe Respublikasynyň Palatalar webiržalar birleşiginiň başlygynyň orunbasary:

Ylym ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirip

Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherinde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň II Ýaşlar ylmy kongresi geçirildi. Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan, Malaýziýa, Nigeriýa, Pakistan, Saud Arabystany, Müsür, Indoneziýa, Marokko, Mozambik, Tunis, Uganda, Bangladeş, Burkina Faso ýaly ýurtlardan ýaş alymlaryň 150-sini bir meýdança jemlän foruma Türkmenistandan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Indi ikinji gezek geçirilen kongresiň maksady Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde ylmy ugurly halkara gepleşikler meýdançasyny döretmekden ybaratdyr. Şähergurluşyk, bilim ulgamyndaky häzirki zaman tehnologiýalary, nebit we gaz tehnologiýalary, lukmançylyk ulgamynda döwrebap çemeleşmeler ýaly mowzuklar forumyň gün tertibiniň esasyny düzdi. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy G.Garaýew hem-de ikinji ýyl talyby I.Lurýew kongresiň nebitgaz tehnologiýalaryna bagyşlanan sessiýasyna gatnaşdylar. Umumy mejlis Kazan federal uniwersitetinde guralyp, onda dürli derejeli hünärmenleriň çykyşlary diňlenildi. Iş sessiýalary bolsa maslahatyň ähli wekilleriniň gatnaşmagynda «tegelek stoluň» başynda geçirildi. Olarda ýaş alymlara kesgitlenen mowzuklar boýunça sowal-jogap alyşmaga, teswirler bilen çykyş etmäge mümkinçilik döredildi. Umuman, forumyň hemme mejlislerinde bilim edar

«Ýaşyl» geljege çagyryş

Ýakyn Gündogaryň göwheri hasaplanýan Dubaý häzirki wagtda dünýäniň nazarynda. Gaýtalanmajak täsinlikleri, başy asmana direýän binalary, işewürligi ýöretmek hem dynç almak üçin döredýän ajaýyp şertleri bilen ozalam köpleri özüne çekip gelýän bu şäherde şu günler ýylyň iň iri çäreleriniň biri — BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahaty geçirilýär. «COP28-iň» işine badalga berilmeginiň öňüsyrasynda bolsa «Dubai EXPO City» merkezi Ýer ýüzüniň 165 döwletinden ýaşlaryň müňden gowragyny BMG-niň howa boýunça Ýaşlar maslahatyna (COY18) gatnaşmak üçin bir meýdança jemledi. Indi 18-nji gezek geçirilen foruma türkmenistanly wekiller hem işjeň gatnaşdylar. Gysgaça «COY18» diýlip atlandyrylýan BMG-niň howa boýunça 18-nji Ýaşlar maslahaty «СOP28-iň» öň ýanynda howanyň üýtgemegi zerarly ýüze çykýan derwaýys meselelere jemgyýetleriň iň işjeň gatlagynyň — ýaşlaryň ünsüni çekmek, bu barada olaryň pikir-garaýyşlaryny dünýä Liderleriniň dykgatyna ýetirmek üçin meýdançany döretmek maksady bilen guraldy. Arap ýaşlar merkezi, Şarjanyň Arap uniwersiteti, Abu-Dabidäki New-Ýork uniwersitetiniň «Ýaşyl» öýi tarapyndan guralan üç günlük forum howanyň üýtgemegine garşy göreşmegi wagyz etmegiň, halkara howa maslahatlaryna we çärelerine gatnaşmaga taýýarlamak üçin ýaşlaryň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagyň möhüm pursady boldy. Onuň dowamynd

Aşgabadyň myhmanlaryna söz berýäris

Düýn paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda öz işine başlan Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisinde türkiýeli önüm öndürijileriň dürli önümleri görkezildi. Biz hem sergä gatnaşyjylaryň ýürek buýsançlaryny okyjylara ýetirmegi makul bildik. Halil AWJI,Türkmen-türk işewürlik geňeşiniň agzasy:

Bütindünýä howa sammiti — bitewüligiň ykrarnamasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň düzümleri bilen hyzmatdaşlygyny yzygiderli berkidýär. Golaýda, has takygy, 1-2-nji dekabr günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (COP28) gatnaşmak üçin Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny amala aşyrmagy hem-de Bütindünýä howa sammitinde eden çuň many-mazmunly çykyşy-da munuň aýdyň güwäsi boldy. Mälim bolşy ýaly, indi 28-nji gezek geçirilýän bu sammit BAE-niň Dubaý şäherinde şu ýylyň 30-njy noýabryndan 12-nji dekabryna çenli dowam edýär. Oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan köp sanly wekiller, döwlet we hökümet Baştutanlary, ugurdaş döwlet düzümleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, bilermenler, raýat jemgyýetçiliginiň, işewür toparlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşýarlar.

Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty: özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda

5-nji dekabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda 10-njy Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa iki ýurduň ugurdaş döwlet edaralarynyň we işewür düzümleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. «Tegelek stoluň» başyndaky duşuşyk görnüşinde geçirilen maslahat Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň umumy gyzyklanmalara gabat gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmegi maksat edinýändiklerini görkezdi. Bar bolan ägirt uly mümkinçilikler netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek, ony täze, anyk mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin şertleri döredýär. «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen wekiliýetiň düzümine «Case New Holland Industrial», «Climate Compass LLC», «Honeywell», «John Deere», «Palo Alto Networks», «VISA», «Westport Trading Europe Limited» ýaly meşhur kompaniýalaryň ýolbaşçylary we wekilleri girdi.

Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty: özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda

Aşgabat, 5-nji dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda 10-njy Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa iki ýurduň ugurdaş döwlet edaralarynyň we işewür düzümleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. «Tegelek stoluň» başyndaky duşuşyk görnüşinde geçirilen maslahat Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň umumy gyzyklanmalara gabat gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmegi maksat edinýändiklerini görkezdi. Bar bolan ägirt uly mümkinçilikler netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek, ony täze, anyk mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin şertleri döredýär. «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen wekiliýetiň düzümine «Case New Holland Industrial», «Climate Compass LLC», «Honeywell», «John Deere», «Palo Alto Networks», «VISA», «Westport Trading Europe Limited» ýaly meşhur kompaniýalaryň ýolbaşçylary we wekilleri girdi.

«Astrakhan Porty» täze gämi gatnaw kompaniýany döretdi

«Astrakhan Port» paýdarlar jemgyýeti täze «Астрапорт шиппинг» kompaniýasyny döretdi. Bu kararyň Hazar deňzinde gämi gatnawyny ösdürmek maksady bilen kärhananyň eýran paýdarlary tarapyndan kabul edilendigi bellenilýär. Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin Tass agentliginiň beren interwýusynda, Eýranyň gämi gatnaw kompaniýasy IRISL-iň «Астрапорт шиппинг» kompaniýasyny ösdürmek üçin ep-esli serişde goýýandygyny we eýran işewürler bu kompanýanyň paýdarlar bolup durýandygy aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi

Aşgabat, 5-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi. Işewür döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, amerikan işewür toparlarynyň ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan we dürli pudaklarda iri taslamalary durmuşa geçirýän ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygyny tassyklady.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi “CAREC” maksatnamasynyň baýragyna mynasyp boldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda jemgyýetde zenanlaryň işjeňligini artdyrmaga aýratyn üns berilýär. Zenanlar birleşigi ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolmak bilen, düzüminde häzirki döwrüň ägirt uly başlangyçlaryna işjeň gatnaşýan aýal-gyzlaryň müňlerçesini bir ýere jemleýär hem-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli özgertmeleri amala aşyrmakda uly güýç bolup çykyş edýär. Döwlet tarapyndan aýal-gyzlara dürli ýeňillikler berilýär, olaryň mynasyp ýaşamagy we zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär, kanunçylyk esasynda gender deňligi üpjün edilýär. Häzirki wagtda türkmen zenanlary döwlet edaralarynyň düzümlerinde — kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji edaralarda zähmet çekýärler, daşary syýasat işine gatnaşýarlar, telekeçilik bilen meşgullanýarlar, ata Watanymyzy dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmäge mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda olaryň azatlyklaryny we hukuklaryny üpjün etmek, maşgalany goldamak, eneligi, çagalygy goramak boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygyny bellemek gerek. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işler halkara jemgyýetçil

Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty: özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda

Aşgabat, 5-nji dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda 10-njy Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa iki ýurduň ugurdaş döwlet edaralarynyň we işewür düzümleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. «Tegelek stoluň» başyndaky duşuşyk görnüşinde geçirilen maslahat Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň umumy gyzyklanmalara gabat gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmegi maksat edinýändiklerini görkezdi. Bar bolan ägirt uly mümkinçilikler netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek, ony täze, anyk mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin şertleri döredýär. «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen wekiliýetiň düzümine «Case New Holland Industrial», «Climate Compass LLC», «Honeywell», «John Deere», «Palo Alto Networks», «VISA», «Westport Trading Europe Limited» ýaly meşhur kompaniýalaryň ýolbaşçylary we wekilleri girdi.

Halkara giňişlikde

ÝHHG bilen hyzmatdaşlyga ygrarlylyk Golaýda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň Skopýe şäherinde geçirilen ÝHHG-niň ministrler Geňeşiniň 30-njy mejlisine gatnaşdy. Ol gurama agza döwletleriň 57-siniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekillerini, şeýle-de hyzmatdaş ýurtlaryň 11-sinden wekiliýetleri bir ýere jemledi. Nobatdaky duşuşyk Ýewroatlantika sebitinde we Ýewraziýada howpsuzlygy üpjün etmek bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat etdi.

Dünýä ýaýylýan parasat

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsine diňe bir türkmen halky däl, eýsem, Ýer ýüzüniň beýleki milletleri hem uly hormat goýýar» diýen parasatly sözleriniň çuň many-mazmunyna daşary ýurtlarda geçirilýän çärelere gatnaşanyňda, has aýdyň göz ýetirmek bolýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda, ýakynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Paýtagtyň «Serena» myhmanhanasynda guralan «Magtymguly Pyragy we häzirki zamanda halklaryň dostlugy» atly bu maslahata daşary ýurtlaryň Pakistandaky ilçileri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, alymlar, edebiýatçylar, bu ýerde ýaşaýan türkmenler gatnaşdylar.

Magtymgulynyň goşgular ýygyndysy hindi dilinde

Golaýda Türkmenistanyň Hindistandaky ilçihanasynda Magtymguly Pyragynyň hindi dilinde çapdan çykan goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyşy boldy. Ol «Magtymguly Pyragy we Gündogaryň ruhy-medeni dünýäsi» atly ylmy-medeni maslahatyň çäginde dostlukly ýurduň giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. Bu çäre «Hindistan — Merkezi Aziýa» gaznasynyň hem-de Nýu-Delidäki Hindi halkara merkeziniň ýakyndan ýardam bermeginde guraldy. Nusgawy şahyrymyzyň iri ýygyndysyny hindi diline terjime etmek üçin Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary tutuş ýylyň dowamynda yzygiderli iş alyp bardylar. Şunuň bilen birlikde, Magtymgulynyň şygyrlaryny beýleki dillere, şol sanda Merkezi Aziýa halklarynyň dillerine terjime etmek ugrunda-da tagalla edilýär.

Gyrgyz topragynda akyldar şahyrymyzy sarpalap

1-2-nji dekabrda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Bişkek şäherinde akyldar şahyrymyza bagyşlanyp «Magtymguly Pyragynyň adamzadyň ruhy-medeni gymmatlyklarynda tutýan orny» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hünärmenlerinden düzülen türkmen wekiliýeti Bişkek şäherinde saparda boldy. 1-nji dekabrda Manas adyndaky Gyrgyz-türk uniwersitetiniň Kasym Tynystanow adyndaky mejlisler jaýynda ýaýbaňlandyrylan maslahata ady agzalan ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary, talyplary, Bişkek şäherinde bilim alýan türkmen ýaşlary hem gatnaşdylar. Onda dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň wekilleri, Manas adyndaky Gyrgyz-türk uniwersitetiniň rektory Alparslan Jeýlan, şol ýokary okuw mekdebiniň ynsanperwer bilimler fakultetiniň dekany Alparslan Aşyk çykyş etdiler. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Ylymlar akademiýasynyň wekilleriniň çykyşlary hem maslahata gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi. Çykyşlarda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi boýunça gyzykly maglumatlar öz beýanyny tapdy. Maslahat bilen ugurdaşlykda uniwersitetiň giň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergide Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryna, Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dürli dillerde çap edilen neşirlerine, türkmen halkynyň medeni

Türkmenistan — BMG: hyzmatdaşlygyň ekologiýa ugry

Häzirki döwürde adamzat jemgyýetiniň durnukly ösüşini daşky gurşawyň meselelerinden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Dünýä jemgyýetçiliginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, Türkmenistan halkara ylalaşyklarynyň, taslamalarynyň çäklerinde daşky gurşawy goramak babatda toplumlaýyn meseleleri çözmäge işjeň gatnaşýar. Şu günki ýaşaýan dünýämiziň geosyýasy we geoykdysady şertleri ykdysady durnuklylygyň, energetiki ösüşiň, ekologiýa ulgamynyň abadançylygynyň, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýerlikli we öz wagtynda durmuşa geçirilmeginiň dogry usullaryny işläp düzmekligi talap edýär. Türkmenistanyň dünýäniň halkara guramalary bilen giň we uzakmöhletleýin netijeli hyzmatdaşlygy syýasy giňişlikde täsiriniň güýçlenýändiginiň alamaty bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň 1-2-nji dekabrda Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynda bolup, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (COP-28) gatnaşyp, maksatnamalaýyn çykyş etmegi munuň nobatdaky görkezijisi boldy. 30-njy noýabrdan 12-nji dekabr aralygynda dowam edýän bu iri foruma dünýäniň dürli ýurtlaryndan köp sanly wekiller, şol sanda döwlet we hökümet Baştutanlary, ugurdaş döwlet düzümleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, bilermenler, raýat jemgyýetçiliginiň, işewür toparlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň ýollary Gyrgyzystany we Azerbaýjany amatly özara baglanyşdyryp biler

Gyrgyzystanyň Ulag we aragatnaşyk ministrliginiň hem-de Azerbaýjanyň Alat halkara deňiz söwda portunyň ýolbaşçylary özara gepleşikleri geçirdiler. Gyrgyzystan - Özbegistan - Türkmenistan - Azerbaýjan halkara multimodal ulag geçelgesini ösdürmek ara alyp maslahatlaşmagyň esasy mowzugy boldy. Gepleşiklerde Alat halkara deňiz söwda portunyň ýolbaşçylary Hazar deňziniň üsti bilen haryt dolanyşygyny artdyrmak isleýändiklerini mälim etdiler.