ÝUNESKO we milli miras
Şeýle at bilen welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, welaýat kitaphanasynyň, Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň bilelikde guramaklarynda dabaraly maslahat geçirildi. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen maslahatda muzeýiň direktory Allanazar Garajanow, bagşy Hudaýberen Baýramow, muzeýiň ylmy işgäri Batyr Uzakberdiýew, Daşoguz şäheriniň bagşylar muzeýiniň direktory Begenç Haknazarow, Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň ýokary derejeli artisti Döwran Mädalyýew, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Myrat Halbaýew, welaýat kitaphanasynyň bölüm müdiri Leýla Rejepowa dagy çykyş edip, el hünäri, türkmeniň gaýtalanmajak milli mirasy, bagşyçylyk sungaty, halypa-şägirtlik ýoly, şeýle-de ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Dabaranyň dowamynda ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň aýdym-sazly çykyşlary we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi guraldy.