"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Beýik Ýüpek ýolunyň altyn halkasy

Ata-baba ýol-ýörelgelerimizden ugur alyp, ýurdumyz ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde öz ýoluny saýlamaga ymtylýar. Goňşy döwletler bilen dostluga we özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga ýurdumyzda giň mümkinçilik döredilýär. Şunda ýokary tizlikli, howpsuz we häzirki zaman ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ähmiýeti uludyr. Özara bähbitliligi, köpugurlylygy bilen tapawutlanýan daşary syýasatymyz we halkara gatnaşyklarymyz hormatly Arkadagymyzyň başyny başlan beýik özgertmelerine daýanýar. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň energiýa, suw, ulag-üstaşyr, ekologiýa diplomatiýalary bilen baglanyşykly taglymatlarynyň rowaçlanmagyna şert döredýär. Bu meseleler boýunça sebit we dünýä ähmiýetli asylly başlangyçlar Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Dünýä döwletleri bu ýörelgeleri türkmen Bitaraplygynyň işjeňleşmeginiň aýdyň nusgasy hökmünde ykrar edýär. Häzirki döwürde Türkmenistan geosyýasy we geografiki mümkinçiliklerini, ýerasty we ýerüsti baýlyklaryny milli we umumadamzat bähbitleriniň hatyrasyna peýdalanmaga gönükdirilen syýasaty alyp barýar. Gurlup ulanmaga berlen Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý, gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gazgeçirijileri diňe bir biziň ýurdumyz üçin däl, eýsem, dünýä möçberinde örän uly taryhy ähmiýete eýedir.

Bilermen ulag pudagynda global Gün tertibiniň düzülmeginde Türkmenistanyň goşandyna ýokary baha berdi

Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy, syýasy ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini goraýjy Ruslan Jumaýew vestiabad.ru neşiri üçin geçirilen söhbetdeşlikde Türkmenistanyň ulag infrastrukturasynyň durnukly ösüşi pudagynda global Gün tertibini düzmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdi. Onuň bellemegine görä, Türkmenistan BMG-de global ulag ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen konstruktiw başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Şeýle başlangyçlar Bütindünýä durnukly ulag gününiň döredilmegini, üstaşyr geçelgeleriň orny we dürli ulag görnüşleriniň arabaglanyşygy hakyndaky kararnamalary kabul etmegi öz içine alýar.

Döwrebap tehnologiýalar bilen ösüş ýolunda

Bilim işine öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýokary okuw mekdepleriniň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň şerti hasaplanýar. Şeýle wezipeleriň biri-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini halkara derejeli hünär okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak bilen baglanyşyklydyr. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde uniwersitetleri kämilleşdirmäge gönükdirilen «UI GreenMetric World University Rankings» sanawyna Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisiniň goşulmagy bu ugurda guwandyryjy ädimlerden habar berýär. Bu sanawda dünýä uniwersitetlerine 6 ugur — uniwersitet düzümleri we olaryň daşky gurşawa täsiri; energiýa sarp edilişiniň we onuň tygşytlanylyşynyň görkezijileri; galyndylary gaýtadan işlemek; ekologiýa babatda bilim bermek we ylmy gözlegler; suwdan rejeli peýdalanmak; ulag syýasaty boýunça baha berilýär.

Alyslara uzaýan ýakyn gatnaşyklar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýene bir ýyly — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň ilkinji günleri ýurdumyza hoş habarlaryň buşlugyny, hoşniýetli gatnaşyklaryň rowaçlanýandygynyň güwäsi bolan täzelikleri alyp geldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary-da dostlukly gatnaşyklaryň gerimini giňeltmegiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyna şaýatlyk edýän wakalara beslendi. Bu günki gün oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat netijesinde Birleşen Arap Emirlikleri bilen däp bolan dostlukly hyzmatdaşlyklarymyz hil taýdan täze derejä çykdy. Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly ýurduň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygynyň barşynda: «Birleşen Arap Emirlikleri biziň dostumyzdyr, ygtybarly ykdysady we söwda hyzmatdaşymyzdyr, häzirki döwrüň köp sanly örän möhüm soraglaryny çözmekde pikirdeşimizdir» diýen sözleri hem bu aýdylanlara şaýatlyk edýär. Energetika, ulag-kommunikasiýa, senagat we agrosenagat toplumy, ýokary tehnologiýalar, ylym, medeniýet, sport ýaly ugurlar boýunça barha giň gerim alýan gatnaşyklaryň rowaç almagynda Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň orny uludyr.

Türkmenistan – Birleşen Arap Emirlikleri: gatnaşyklaryň mazmuny baýlaşdyrylýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 4-5-nji ýanwarda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iş sapary Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylmagynda nobatdaky möhüm waka boldy. Abu-Dabi hem-de Dubaý şäherlerinde geçirilen duşuşyklaryň barşynda birnäçe ugurlardaky däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk teklipler beýan edilip, degişli ylalaşyklar gazanyldy. Türkmenistana uly gyzyklanma

Türkmenistan bilen Owganystan täze ammarlaryň we goşmaça demir ýol şahalarynyň gurluşygyny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hoja Öwezow duşenbe güni Kabul şäherinde Owganystanyň Demirýol dolandyryşynyň (ARA) başlygy Baht-ur-Rahman Şarafat bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Owganystanyň we Türkmenistanyň bilelikdäki tehniki topary tarapyndan kesgitlenen ýerlerde täze ammarlaryň we goşmaça demir ýol şahalarynyň gurluşygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Owganystanyň Demirýol dolandyryşynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şeýle-de Owganystan bilen Türkmenistanyň arasynda üstaşyr ýukleri daşamakda demir ýol pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bagyşlanan duşuşykda “Hyrat-Turgundy” portunyň kuwwatyny ýokarlandyrmak meselelerine hem garaldy.

IRU: Hytaýyň iri önümçilik merkezi Özbegistan bilen täze TIR ugruny açýar

Şençžen söwda dolanyşygyny işjeňleşdirmek we eltip bermek möhletini azaltmak üçin Hytaýy Merkezi Aziýa bilen birleşdirýän TIR (Halkara ýol ulaglary) ulag geçelgeleriniň ösüşini çaltlandyrýar. 2023-nji ýylda Şençžen (Hytaý) bilen Almatynyň (Gazagystan) arasyndaky ýol ugrunyň üstünlikli işe girizilmeginden soň, Şençžen bilen Özbegistanyň Daşkent şäherini birikdirýän täze ugruň işjeňleşdirilendigini Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi (ISU) habar berýär.

Geljegi uly hyzmatdaşlygyň bähbidine

Hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly ata Watanymyzyň daşary syýasy ugry netijeli gatnaşyklaryň esasynda häzirki wagtda täze derejelere göterilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň «Watanymyzyň mertebesi halkymyzyň mertebesidir» diýen parasatly sözleri halkara gatnaşyklar ulgamynda möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji günlerinde Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iş sapary doganlyk ýurt bilen ýola goýulýan gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda möhüm ädime öwrüldi. Şu ýylyň 4-5-nji ýanwarynda Abu-Dabi we Dubaý şäherlerinde geçirilen netijeli gepleşikler iki ýurduň ýangyç-energetika pudagynda ýola goýan gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine badalga berdi. Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi kanagatlanma bilen bellenip geçildi. Gahryman Arkadagymyzyň doganlyk ýurda iş saparynyň çäklerinde Dubaý şäherinde ýangyç-energetika ulgamynda ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan «Dragon Oil» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýer, «Dubai Aviation Corporation» kompaniýasynyň täjirçi

Türkmenistan we Owganystan Turgundy portunyň kuwwatyny ýokarlandyrmagy ara alyp maslahatlaşdy

Golaýda Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezow Kabulda Owganystanyň demirýol müdirliginiň başlygy Maulawi Bahtur-Rahman Şarafat bilen duşuşdy. Duşuşyk iki taraplaýyn gatnaşyklary we Owganystan bilen Türkmenistanyň arasynda demir ýol aragatnaşygy hem-de üstaşyr geçiş pudagyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine bagyşlandy diýip, «nCa» internet portaly habar berdi. Hususan-da, Hyrat—Turgundy portunyň kuwwatyny artdyrmak, Tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-owgan topary tarapyndan kesgitlenen ýerlerde täze angarlary we goşmaça şahalary gurmak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Netijeli hyzmatdaşlyk — döwletimiziň durnukly ösüşiniň kepili

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylyň ilkinji hepdesi hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak, ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek ugrunda alyp barýan syýasatynyň aýdyň beýanyna öwrülen möhüm wakalara baý boldy. 4-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Zerewşan — Garagum geçelgesi umumadamzat gymmatlygydyr

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen ulgamlaýyn esasda netijeli hyzmatdaşlygy barha ösdürýär. Bu hyzmatdaşlygyň netijesinde 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde ÝUNESKO-nyň garamagyna hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi» atly köptaraplaýyn hödürnamasynyň kabul edilmegi sebitiň ekoulgamyny goramakda, medeni gatnaşyklary berkitmekde, tebigy täsinlikleri gorap saklamakda örän uly ähmiýete eýedir. Beýik Ýüpek ýoly ýüzýyllyklaryň dowamynda diňe bir söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine däl, eýsem, medeniýetleriň baýlaşmagyna, aň-bilimleriň kämilleşmegine hem täsirini ýetirdi. ÝUNESKO-nyň abraýly sanawyna goşmaga hut Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesiniň saýlanyp alynmagynda çuňňur many bar. Sebäbi Beýik Ýüpek ýolunyň bu geçelgesi halkara ýoluň iň wajyp bölegi hasaplanýar. Gymmat bahaly harytlardan mas ýüklenen kerwenler Hytaýyň öňki paýtagty Sian şäherinden Takly-Mekan sährasyna, soňra demirgazyk Týan-Şanyň eteklerini syryp, Kaşgara, Pamir daglarynyň jülgelerinden geçip, Fergana, Samarkanda hem-de Zerewşan sährasynyň üsti bilen Farap — Amul güzerine gelipdirler. Uzak ýollary külterläp gelen kerwenler Amuldan Merwe, beýleki ugur boýunça Kerki şäherine, Köýtendagyň ter öleňli jülgelerinden geçip, Täjigistana, üçünji ugur boýu

Merkezi Aziýanyň deňiz derwezesi

Bahry-Hazaryň kenarynda mesgen tutan eždatlarymyz ata-baba balyk awlapdyrlar, beýleki halklar bilen suw ýoly arkaly özara söwda edipdirler. Suw üsti ýol ýasamak, elbetde, gury ýerdäki ýaly däl, onda ne yz bar, ne-de toz, ol deňizçiden iňňän uly tejribäni talap edýär. Esenguly, Çeleken, Gyzylsuw ýaly deňiz kenarynda ýaşan türkmen balykçylarynyň kiçi taýmyldan başlap, uly göwrümli gämileri ýasandyklary hakyndaky hakyda biziň şu günlerimize deňiç saklanyp galypdyr. Şol milli suw ulaglarynyň iň kiçisi taýmyl bolup, ol özüniň görnüşi boýunça adaty sport baýdarkasyna çalym edýär. Ol howa ýagdaýyna görä, ýelken hem-de kürek bilen dolandyrylýar. Taýmyl kenar ýakasynda balyk awlamakda, golaý aralykdaky obalara gidilende giňden peýdalanylypdyr. Geçen asyryň ortalarynda kenardaky Çekiçler, Gyzylsuw, Garagöl, Gyýanly obalarynda dommal, taýmyl ýaly suw ulaglary has-da ýörgünli bolupdyr. Şol ýerde ýaşan tejribeli balykçylaryň birnäçesi 1936-njy ýylda Krasnowodsk (häzirki Türkmenbaşy) — Moskwa aralygyna gurnalan taýmylly ýörişe gatnaşyp, 4 müň 653 kilometre golaý ýol aşyp, ussatlygyň ýokary derejesini görkezipdirler. Annak Geldiýew, Oraz Taganow, Garaderwüş Ilamanow, Baýjan Ataýew, Sary Orazow, Hajytuwak Mämmetannaýew, Hudaýberdi Baýramow, Berdiguly Aşyrow, Gurbanýaz Kowusow ýaly ezber taýmylçylar şol taryhy ýörişde öçmejek yz galdyrdylar.

«Flydubai» awiakompaniýasy Türkmenistan bilen amala aşyrylýan howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmak teklip edildi

BAE-de iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Dubai Aviation Corporation» («Flydubai») kompaniýasynyň täjirçilik direktory Hamad Obaýdalla bilen duşuşygy boldy. «Dubai Aviation Corporation» kompaniýasynyň täjirçilik direktory Türkmenistanda awiasiýa pudagynyň soňky ýyllarda döredilen döwrebap infrastrukturasyna we tehniki gulluklarynyň sazlaşykly işine ýokary baha berdi hem-de «Flydubai»-yň okgunly ösýän Türkmenistan bilen özara bähbiti hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandygyny tassyklady. Hususan-da, iki ýurduň arasynda amala aşyrylýan howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmak teklip edildi.

Ankarada geçirilen ylmy maslahat

Golaýda Ankara şäherinde 2024-nji ýylyň ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli ylmy maslahat geçirildi. Oňa Türkiýedäki akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň işgärleri, syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, döredijilik we ylmy intelligensiýanyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy, Ankaranyň jemgyýetçilik ylymlary uniwersiteti hem-de Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşigi tarapyndan bilelikde guralan çärede jemgyýetçilik-syýasy işgärleriň, magtymgulyşynaslaryň, alymlaryň çykyşlaryna giň orun berildi.

Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri: hyzmatdaşlygyň täze ugurlary

5-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iki günlük iş sapary tamamlandy. ...Irden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Abu-Dabiniň Halkara howa menziline bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz BAE-niň Prezidentiniň Türkmenistan bilen işler boýunça wekili Mohamed Said Mohamed Al-Ariki bilen bolan söhbetdeşlikde soňky ýyllarda ýola goýlan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin açylýan mümkinçiliklere ýokary baha berdi.

Netijeli gatnaşyklar işjeňleşdirilýär

Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykarylýar. Munuň şeýledigini türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 4-5-nji ýanwarda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iki günlük iş sapary aýdyňlygy bilen tassyklaýar. NETIJELI HÄSIÝETE EÝEDIGI KANAGATLANMA BILEN BELLENILDI

Biziň ýolumyz — dostluk, doganlyk ýoly

Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary barada söhbet Täze ýyl. Täze ýol. Täze uçar... Ine, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bäşinji güni şu üç täzeligiň tereň täsirine beslendi. Şol gün Aşgabadyň ganat ýaýan laçyn keşpli Halkara howa menziline täze «howa gämisi» gelip gondy. «Boeing 777-300ER» kysymly bu uçar bilen Aşgabat — Abu-Dabi — Aşgabat ugry boýunça ilkinji howa gatnawy amala aşyryldy. Bu wakanyň hut türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyna gabat gelmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Munuň özi türkmen döwletiniň syýasatynda söz bilen amalyň bir-bitewülikdigini tassyklady. Türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň täze gözýetimleri, täze belentlikleri nazarlaýandygynyň simwoliki nyşanyna öwrüldi. «Uzyn-uzyn ýollar bolmasa, ýakyn-ýakyn iller bolmaz» diýleni. Halklar, ýurtlar ýollar bilen birleşýär. Gatnaşyklar ýollarda berkeýär...

Döwrebap uçarlar Diýarymyzyň howa gatnawlarynyň ugurlaryny giňeldýär

5-nji ýanwarda paýtagtymyzyň Halkara howa menziline «Boeing 777-300ER» kysymly täze ýolagçy uçary gelip gondy. Bu täze uçar Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ABŞ-nyň dünýä belli «Boeing» kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama esasynda ýurdumyzyň satyn alan şeýle kysymly uçarynyň ikinjisi boldy. Ýeri gelende, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçarlaryň ilkinjisini geçen ýylyň dekabrynda kabul edendigini bellemek gerek.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary tamamlandy

Abu-Dabi — Dubaý — Aşgabat, 5-nji ýanwar (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iki günlük iş sapary tamamlandy. Mälim bolşy ýaly, düýn dostlukly döwletiň paýtagtynda Gahryman Arkadagymyzyň BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda taraplaryň birnäçe geljegi uly ugurlarda däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk teklipleri beýan edildi.

Türkmenistan — Eýran: dostlukly gatnaşyklar berkidilýär

4-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Ilki bilen, döwlet Baştutanymyz Eýran Yslam Respublikasynyň Kerman şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren terrorçylykly hereket baradaky habary uly gynanç bilen kabul edendigini belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem bu pajygaly waka zerarly doganlyk eýran halkyna çuňňur gynanç bildirýändigi aýdyldy.