"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan daşary ýurtlar bilen ulag-aragatnaşyk hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Türkmenistan halkara ulag we aragatnaşyk ulgamyndaky ornuny barha berkitmek bilen Ýewraziýanyň esasy logistika merkezine öwrülmegi maksat edinýär. Ýurtda ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak we häzirki zaman enjamlar bilen üpjün etmek babatda uly işler alyp barýar. CentralAsia.news-yň habar berşi ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistanda howa, deňiz we gury ýer ulaglarynyň maddy we tehniki binýady yzygiderli gowulandyrylýar. Täze desgalar gurulýar we howa menzilleriniň we deňiz portlarynyň mümkinçilikleri ýokarlandyrylýar.

Owganystan Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini goldaýar

Owganystan Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklarynyň giňeldilmegini goldaýar diýip, ýurduň hökümetiniň metbugat sekretary Zabihulla Mujahid belledi. Bu barada Owganystanyň “TOLOnews” agentligi çarşenbe güni habar berdi. Zabihulla Mujahidiň aýtmagyna görä, Owganystana sapar bilen baran türkmen wekiliýeti ýurduň maliýe, söwda we ulag pudaklarynyň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdi.

«Ýewraziýa multimodal ýük daşamalarynyň ösüşiniň täze maksatlary» webinary: seljerme we geljegiň mümkinçilikleri

Ýäkynda «Türkmen Logistika» assosiasiýasy bilen Transýewraziýa ýük daşamalary boýunça Halkara Utgaşdyryjy geňeşi (TÝHUG) tarapyndan «Ýewraziýa multimodal ýük daşamalarynyň ösüşiniň täze maksatlary» atly webinar guraldy. Çärä köp sanly taraplar — ýokary derejeli işgärler we ulag kompaniýalarynyň ýolbaşçylarydyr menejerleri gatnaşdylar. TÝHUG-a gatnaşmak üçin 25 döwlet edarasyndan we Russiýanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Koreýa Respublikasynyň, Germaniýanyň we Mongoliýanyň hususy ulag bölümlerinden 60 wekili çagyryldy.

Aşgabatdan Kuala-Lumpura we Jidda howa gatnawlary açyldy

Türkmenistandan Malaýziýa we Saud Arabystanyna täze howa gatnaw ugurlary açyldy. 15-16-njy fewralda, degişlilikde, Aşgabat — Kuala-Lumpur hem-de Aşgabat — Jidda ugurlary boýunça eýýäm ilkinji uçuşlar amala aşyryldy. «Türkmenhowaýollary» agentliginde berlen habara görä, Aşgabatdan bu şäherlere uçuşlar hepdede iki gezek amala aşyrylar. 15-nji fewralda «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherine ilkinji uçuşy amala aşyran ýolagçy uçary bu ýurtda dabaraly garşylandy. Howa gämisinde baran ýolagçylary Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Maşalow, şeýle-de bu ýurduň syýahatçylyk, sungat we medeniýet ministri mähirli garşyladylar. Aziýanyň ösen ýurtlarynyň biri bolan Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäheriniň Halkara howa menzilinde Aşgabatdan täze ugur boýunça ýolagçy uçarynyň gelip gonmagy mynasybetli guralan dabara iki dostlukly döwletiň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň köpugurly esasda ösdürilýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Şeýle-de munuň özi iki ýurtda hem işjeň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.

Watanymyzyň halkara abraýy barha belende galýar

Şunda türkmen diplomatlarynyň hem uly goşandy bardyr Çynar RUSTEMOWA,ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi.

Çar tarapdan diplomatik habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň ahyrynda daşary ýurtlarda döwletimiziň adyndan wekilçilik edýän türkmen diplomatlary bilen duşuşyp, Watanymyzyň daşary syýasat strategiýasyna laýyklykda öňde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, ýylyň başyndan bäri diplomatik wekilhanalarymyz tarapyndan halkara syýasy, ykdysady, medeni dialogy işjeňleşdirmek babatda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirilýär, şanly ýylyň esasy wakalaryna bagyşlanan dürli mazmunly çärelerdir maslahatlar guralýar. Biz olar barada gazetimiziň ýörite rubrikasy astynda yzygiderli habar berýäris. Diplomatik işgärleriň hünär baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde hem türkmen diplomatlarynyň dünýäniň çar künjeginde alyp barýan işleri bilen bagly habarlar toplumyny okyjylarymyza ýetirýäris. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda

Türkmen — emirlikler gatnaşyklary ösdürilýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Arkadag şäherine emeli aň, geljegiň ykdysadyýeti, bilim, şäherleşme, saglygy goraýyş boýunça täzeçil çemeleşmeleri ornaşdyrmak babatda özara tejribe alyşmak, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşmak maksady bilen, ýurdumyzyň wekiliýeti 11 — 14-nji fewral aralygynda Birleşen Arap Emirliklerinde iş saparynda boldy. Wekiliýetiň Abu-Dabi we Dubaý şäherlerinde bolmagynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklar, gepleşikler geçirildi. Geçen ýylda dabaraly açylan Arkadag şäherini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak meseleleri duşuşyklaryň esasy mazmunyny düzdi.

Türkmenistan — Italiýa: işewür gatnaşyklar ösdürilýär

Häzirki wagtda Ýewropanyň öňdebaryjy döwletleri, şol sanda Italiýanyň işewür toparlary dürli pudaklarda giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny, taslamalaryny amala aşyrýan Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýär. Muny 13-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Leonardo S.p.A.» italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefano Pontekorwony kabul etmegi hem aýdyň tassyklaýar. Ilkinji nobatda, «Leonardo S.p.A.» kompaniýasynyň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygy tassyklanyldy. Şeýle hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Italiýanyň kompaniýalarynyň arasynda söwda-ykdysady, energetika ulgamlarynda we beýleki pudaklarda, aýratyn-da, hususy bölekde ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň döwletara dialogy pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýändigi bellenildi.

Türkmenistan — BAE: ikitaraplaýyn tagallalar pugtalandyrylýar

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Arkadag şäherine emeli aň, geljegiň ykdysadyýeti, bilim, şäherleşme, saglygy goraýyş boýunça täzeçil çemeleşmeleri ornaşdyrmak babatda özara tejribe alyşmak, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşmak maksady bilen, ýurdumyzyň wekiliýeti 11 — 14-nji fewral aralygynda Birleşen Arap Emirliklerinde iş saparynda boldy. Wekiliýetiň Abu-Dabi we Dubaý şäherlerinde bolmagynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklar, gepleşikler geçirildi. Olaryň barşynda yzygiderli, özara ynanyşmak häsiýetine eýe bolan ýokary derejedäki syýasy dialogyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlarynda okgunly ösdürilýändigi bellenildi. Hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmekde bu saparyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Şeýle hem ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna we milli bähbitlerine doly laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga bolan meýiller tassyklanyldy. Şonuň ýaly-da, däp bolan türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň täze mazmun bilen üstüniň ýetirilip, geljekde özara bähbitlilik, uzak möhletleýinlik esasynda pugtalandyryljakdygyna ynam bildirildi.

Bitaraplyk ýörelgeleri işjeň ilerledilýär

15-nji fewralda Türkmenistanyň Mejlisinde utgaşykly görnüşde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny» atly birinji duşuşygy geçirildi. Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» şygary astynda geçmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, çykyş edenler parlament diplomatiýasynyň esasy aýratynlygynyň we güýjüniň, ilkinji nobatda, raýatlaryň gönüden-göni saýlan wekilleri bilen parlamentarileriň arasynda dialog üçin mümkinçilikleri döretmeginde jemlenýändigini aýtdylar.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gyzyklanmalar has ýokarlanýar

2024-nji ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerine bagyşlanyp Transýewraziýa ýük daşamalary boýunça Halkara Utgaşdyryjy geňeşi (TÝHUG) we “Türkmen Logistika” assosiasiýasy bilen bilelikde gurnamaklarynda “Ýewraziýa multimodal ýük daşamalarynyň täze ösüşiniň maksatlary” atly webinar geçirildi. Webinary TÝHUG-niň Baş sekretary jenap Genadiý Bessonow açdy. Webinara TÝHUG-niň agzalary bolan Russiýa Federasiýasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Günorta Koreýanyň ýük daşaýjy kompaniýalary gatnaşdylar.

Parlamentara dialog: parahatçylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşant

Türkmenistanyň Mejlisinde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň birinji duşuşygy geçirildi Aşgabat, 15-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde utgaşykly görnüşde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny» atly birinji duşuşygy geçirildi.

Parlamentara dialog: parahatçylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşant

Türkmenistanyň Mejlisinde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň birinji duşuşygy geçirildi Aşgabat, 15-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde utgaşykly görnüşde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny» atly birinji duşuşygy geçirildi.

Türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň mümkinçilikleri giňeldilýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Arkadag şäherine emeli aň, geljegiň ykdysadyýeti, bilim, şäherleşme, saglygy goraýyş boýunça täzeçil çemeleşmeleri ornaşdyrmak babatda özara tejribe alyşmak, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşmak maksady bilen, ýurdumyzyň wekiliýeti 11 — 14-nji fewral aralygynda Birleşen Arap Emirliklerinde iş saparynda boldy. Ýakyn Gündogaryň ykdysady taýdan iň kuwwatly we okgunly ösýän ýurtlarynyň biri hökmünde tanalýan Birleşen Arap Emirlikleri bilen döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Tebigy baýlyklaryň baý gorlarynyň bolmagy, iki ýurduň çäk taýdan amatly ýerleşmegi türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny giň ugurlarda çuňlaşdyrmagyň esasy şerti bolup çykyş edýär.

Türkmen Bitaraplygy: parlament diplomatiýasyny ilerledip

Düýn Türkmenistanyň Mejlisinde utgaşykly görnüşde geçirilen Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny» atly birinji duşuşygy halkara gatnaşyklarda kanun çykaryjy edaralaryň mümkinçiliklerini ählumumy meseleleri çözmäge gönükdirmäge bagyşlandy. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysyny, abraýly halkara düzümiň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysyny, Parlamentara Birleşigiň Baş sekretaryny, Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyz, Belarus, Gana Respublikalarynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Marokko Patyşalygynyň, Katar Döwletiniň, Şri-Lanka Demokratik Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylaryny bir meýdança jemlän halkara çäre netijeliligi bilen tapawutlandy. Biz hem foruma gatnaşyjylaryň käbirleriniň pikir-garaýyşlaryny okyjylara ýetirmegi makul bildik. Kaha IMNADZE,BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy:

Merkezi Aziýanyň söwda gözýetimleri: Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Merkezi Aziýanyň eksportynyň üstaşyr merkezi hökmünde

14-nji fewralda «Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Merkezi Aziýanyň eksportynyň üstaşyr merkezi hökmünde» diýen tema boýunça onlaýn tertibindäki Tegelek stol duşuşygy geçirilýär. Ol «Türkmen Logistika» assosiasiýasy we «CILT Central Asia» tarapyndan Merkezi Aziýada söwda boýunça «USAID» maksatnamasynyň ýardamy esasynda guralýar. Çäräniň baş maksady Türkmenbaşy halkara deňiz porty tarapyndan hödürlenýän hyzmatlardan habarlylygy ýokarlandyrmakdan, bu deňiz portunyň mümkinçilikleri bilen üstaşyr gatnawlary artdyrmakdan, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen baglylykda, beýleki ýurtlara uzaýan ugurlar boýunça söwda gatnaşyklaryny giňeltjek beýleki ýük ulag ýollary bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.

Halkara giňişlikde

Türkmenistana gyzyklanma artýar Golaýda Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçihanasy tarapyndan guralan brifing Ýewropa Bileleşiginiň we beýleki ýurtlaryň iri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynyň esasy ugurlary, geçen 2023-nji ýylda alnyp barlan işler, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda göz öňünde tutulýan çäreler bilen ýakyndan tanyşdyrmaga mümkinçilik berdi. Oňa «EU Reporter», «EU Today», «Buscardini Communications», «Diplomatic World», «KazInform», «Sekai Magazine» ýaly meşhur media düzümleriniň ýolbaşçylarynyň, Belgiýanyň, ÝB-niň diplomatik, akademik we ylmy jemgyýetçiliginiň, Ýewropa parlamentiniň wekilleriniň gatnaşmaklary türkmen döwletiniň syýasy, medeni durmuşyna uly gyzyklanma bildirilýändiginiň nyşanydyr.

Hyzmatdaşlygyň netijeli guraly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň çalt depginde ösdürilmegini maksat edinýän ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça iri möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň öňe sürýän ulag diplomatiýasy netijesinde, Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgelerini kemala getirmek ugrunda beýik işler amala aşyrylýar. Bu babatda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagy esasynda 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Bu bolsa Türkmenistan döwletimiziň ulag ulgamynda amala aşyrýan beýik başlangyçlarynyň halkara derejesinde giň goldawa mynasyp bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Geçen ýyllara ýüzlenenimizde-de ýurdumyzyň başlangyjy boýunça, has takygy, 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen degişli Kararnamalarynyň biragyzdan kabul edilendi

"Demirgazyk-Günorta" demir ýol geçelgesiniň türkmen-eýran böleginiň üstaşyr kuwwaty artdyrylar

Sarahs serhedinden (türkmen-eýran serhedi) Eýranyň çägine — Bandar-Abbasa çenli demir ýollary arkaly daşalýan ýükleriniň menzile gowşurylmagy üçin 3-5 gün gerek bolýar diýip, «Mehr» habarlar gullugy Eýran Yslam Respublikasynyň Demirýollarynyň Baş müdiri Miad Salehiniň Tähranda deňiz ykdysadyýeti boýunça geçirilen halkara maslahatynda eden çykyşyna salgylanyp, habar berdi. Salehi öz çykyşynda Eýranyň ykdysadyýeti üçin demirýol gatnawyň we üstaşyr geçelgeleriň ähmiýeti barada aýdyp, Sarahs — Inçe-burun iki demirýol serhedini mysal hökmünde getirdi we ýükleriň bu serhetler arkaly Hytaýa we Russiýa ibermek mümkinçilikleriniň uludygyny belledi. Şeýle hem ol halkara ýük gatnawlarynda arzanladyşlaryň ulanyljakdygyny we içerki ýüklere aýratyn amatlylyklaryň göz öňüne tutuljakdygyny aýtdy.

Türkmenistan Eýran bilen deňiz ulaglary ulgamynda gatnaşyklary ösdürmekçi

2023-nji ýylyň 12-nji fewralynda Eýran Yslam Respublikasynyň Tehran şäherinde “Eýran Deňiz Ykdysadyýeti” forumy öz işine başlady. Foruma Eýran tarapynyň çagyrmasy esasynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri gatnaşdylar. Forumda Eýran tarapyndan ulag kompaniýalarynyň, döwlet edaralarynyň we işewür taraplarynyň wekilleri gatnaşyp, forumyň dowamynda demirgazyk-günorta geçelegesiniň, günbatar-gündogar geçelgelerinde sebitdäki ýurtlaryň arasynda halkara söwda we ulag gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çykyşlar edildi. Hususan-da, üç sany gatnaw ugrurlary aýratyn bellenip geçildi: