"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi

Aşgabat, 3-nji maý (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde utgaşykly görnüşde «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi. Maksatnama laýyklykda, mejlis iki sessiýanyň çäklerinde guraldy. Birinji sessiýanyň dowamynda «Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasyny» taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikinji sessiýada taraplar durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi, şol sanda bilelikdäki taslamalar boýunça pikir alyşdylar. Şeýle-de ulgamlaýyn işler üçin şertleri döretmek maksady bilen, strategik maslahat beriş geňeşiniň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň mehanizmini işläp taýýarlamak meselesine garaldy.

3 ýurduň energiýa ulgamy birleşdiriler

Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň arasynda bitewi energiýa ulgamy dörediler. Agzalan ýurtlaryň arasynda energiýa ulgamlaryny birleşdirmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň aýtmagyna görä, bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi oňa gatnaşyjy üç ýurda hem «ýaşyl» energiýa önümçiliginde özara hyzmatdaşlyk etmäge şert döreder. Mundan başga-da, bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde Gazagystanda we Özbegistanda öndürilen elektrik energiýasyny Azerbaýjanyň üsti bilen Ýewropa ýurtlaryna ibermek üçin mümkinçilik dörär.

Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri

29-njy aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatda Daşary işler ministrliginiň halkara ykdysady hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi Atageldi Haljanow, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy Ylham Ýaraşow, Mejlisiň deputaty, Ykdysady meseleler baradaky komitetiň agzasy Gurbangeldi Aşyrow dagy çykyş etdiler. Şeýle-de Bütindünýä Söwda Guramasynyň birikdirmeler bölüminiň hünärmeni Anna Warýanikiň sanly ulgam arkaly çykyşy diňlenildi. Çykyşlarda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi ýurdumyzyň daşary söwdada eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga, ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde halkara abraýyny belende galdyrmaga, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge we ählumumylaşmak işini ilerletmäge ýardam berýändigini nygtadylar.

«Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi

3-nji maýda Daşary işler ministrliginde utgaşykly görnüşde «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi. Maksatnama laýyklykda, mejlis iki sessiýanyň çäklerinde guraldy. Birinji sessiýanyň dowamynda «Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasyny» taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikinji sessiýada taraplar durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi, şol sanda bilelikdäki taslamalar boýunça pikir alyşdylar. Şeýle-de ulgamlaýyn işler üçin şertleri döretmek maksady bilen, strategik maslahat beriş geňeşiniň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň mehanizmini işläp taýýarlamak meselesine garaldy.

Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara Sergiler Býurosynyň Dolandyryş we býujet boýunça komitetiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy

2024-nji ýylyň 29-njy aprelinde Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde Halkara Sergiler Býurosynyň binasynda Dolandyryş we býujet boýunça komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň wekiliýeti, şol sanda Türkmenistanyň Fransiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň  wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistan Halkara Sergiler Býurosynyň agzasy bolmak bilen, bu guramanyň geçirýän mejlislerine we beýleki çärelerine, şeýle hem ýöriteleşdirilen sergilere işjeň gatnaşýar.

Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Gümrük Guramasynyň baş binasynda geçirilen maslahata gatnaşdy

29-njy aprelde Bütindünýä Gümrük Guramasynyň baş binasynda bu guramanyň Ýewropa sebitindäki agza döwletleriň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň 2024-nji ýyldaky maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Belgiýa patyşalygynyň Brýussel şäherinde iş saparynda boldular. Maslahatyň işine Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Ýewropa sebitindäki 53 sany agza döwletleriň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylary derejesinde wekiliýetler gatnaşdylar.

Hindistan rus nebitiniň importuny 20 göterim artdyrdy

Hindistan 2024-nji ýylyň aprel aýynda Russiýadan nebit importyny mart aýyndakydan 20 göterim artdyrdy. Şeýlelikde, aprel aýynda Hindistanyň umumy nebit importunyň 40,3 göterimi rus nebitiniň paýyna düşdi. Deňeşdirmek üçin, Russiýa mart aýynda her gije-gündizde 1,96 million barel nebiti hindi bazaryna eksport edipdi.

«Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça pudagara iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary esasynda döredilen «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýurdumyzyň daşary ykdysady işine gatnaşyjy taraplarynyň hem-de gümrük dellallarynyň wekilleri gatnaşdylar. Pudagara iş toparynyň mejlisinde, Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi göz öňünde tutulýan harytlar barada deslapky maglumaty bermek we ulanmak boýunça gümrük maglumat ulgamynda döredilen täze mümkinçilikler barada tanyşdyryldy.

Ilkinji «Agroexpress» otlusy Türkmenistanyň üsti bilen Hindistana barar

business.com.tm web-saýtynyň habar bermegine görä, «RŽD» AGPJ-niň «RŽD Logistika» golçur kompaniýasy we «Suhoý Port Ýužnouralskiý» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýet tarapyndan gurnalan we ugradylan bu otlynyň ýüki süle we däne önümlerinden ybaratdyr. Otly Sarahs menzilinden Eýranyň çägindäki Bender Abbas portuna, soňra bolsa deňziň üsti bilen Hindistanyň Mundra portuna barar. Süle we däne önümleri ýüklenen otlynyň bellenilen porta 35 günüň dowamynda barmagy göz öňünde tutulýar.

Azyk howpsuzlygy boýunça maslahat geçiriler

Şu ýylyň 26 — 28-nji iýuny aralygynda Bütindünýä Söwda Guramasynyň Ženewadaky ştab-kwartirasynda «Söwda işine kömek» boýunça global syn geçiriler. Oňa gatnaşyjylar üçin 30-njy aprelde hasaba alyş işleri başlandy. «Esasy söwda» diýlip atlandyrylan bu çäre oňa gatnaşyjylara täze mümkinçilikleri, ýagny ösüp barýan ykdysadyýetleriň, şol sanda has ösen ýurtlaryň ösüp barýan ýurtlara kömek etmegi üçin 687 milliard amerikan dollary möçberinde 18 ýyllyk söwda gerimi barada maglumat almaga mümkinçilik döreder. Iki ýarym günüň dowamynda ýokary derejeli 4 sany umumy, 55 sany plenar mejlis geçiriler. Bu çäre ministrleri, halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny, söwda we ösüş boýunça hünärmenleri bir ýere jemläp, ösüp barýan ýurtlaryň söwda mümkinçiliklerini has-da giňelder. Şeýle hem pikir alyşmalar maliýeleşdirmegiň ähli zerurlyklaryna, halkara jemgyýetçiliginde goşmaça söwda mümkinçiliklerini peýdalanmagyň usullaryna aýdyňlyk girizer. Bütindünýä Söwda Guramasynyň ýerine ýetiriji direktory dabarany açyp, ýokary derejeli wekiller bilen birnäçe duşuşyklary geçirer.

Türkmenistanyň gatnaşmagynda Owganystanda täze logistika merkezi dörediler

Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Nuriddin Azizi habar gullugyna Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Owganystanyň bilelikde Owganystanyň günbatar böleginde, uly ähtimallyk bilen Hyratda logistika merkezini gurmaklygy meýilleşdirýändiklerini mälim etdi. Bu barada ministriň sözlerine salgylanyp, «Reuters» habar berýär. Ministriň aýtmagyna görä, üçtaraplaýyn logistika merkezini döretmekden maksat, Günorta Aziýa ýurtlarynyň bazaryna gatnaşyjy taraplaryň harytlarynyň, şol sanda, rus nebitiniň eksportyny artdyrmakdan ybaratdyr.

«Russiýadan eltip bermek» ulag kompaniýasy Türkmenistana haryt getirmek üçin dürli ýükleri hödürleýär

«Russiýadan eltip bermek» ulag kompaniýasy ýük daşama bazaryndaky öňdebaryjy operatorlaryň biri bolmak bilen müşderilerine Türkmenistanyň islendik nokadyna haryt getirmek üçin giňişleýin çözgütleri hödürleýär. Kompaniýa ulag hyzmatlary bazarynda 2013-nji ýyldan bäri işläp gelýär. Onuň wezipesi ýükleri müşderilerine mümkin bolan iň elýeterli bahalarda eltip bermek, amatly ulag we logistika hyzmatlaryny hödürlemekden ybaratdyr.

Ynsanperwer ýörelgeleri dabaralandyryp

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň başyny başlan beýik özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ata-babalarymyzdan gelýän asylly, ynsanperwer ýol-ýörelgelere berk eýerilip, halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna belent sarpa goýulýar. Munuň özi ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynda aýdyň beýanyny tapýar. Muňa ýaş nesillerimizi durmuş taýdan goramak, watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek, olaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, şeýle hem howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek maksady bilen, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we tagallalary netijesinde 2021-nji ýylyň mart aýynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan asylly işleriniň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bu günki gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işleri halkara derejede uly gyzyklanma döredýär. Bu hakykat golaýda BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisinde ýene bir gezek aýdyň beýanyny tapdy. Bu mejlise ýurdumyzdan ýörite wekiliýet gatnaşdy. «Ilat we ösüş boýunça halk

“Türkmenistan — BMG” strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi

Aşgabat, 3-nji maý (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde utgaşykly görnüşde “Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy” strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi. Maksatnama laýyklykda, mejlis iki sessiýanyň çäklerinde guraldy. Birinji sessiýanyň dowamynda “Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasyny” taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikinji sessiýada taraplar durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi, şol sanda bilelikdäki taslamalar boýunça pikir alyşdylar. Şeýle-de ulgamlaýyn işler üçin şertleri döretmek maksady bilen, strategik maslahat beriş geňeşiniň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň mehanizmini işläp taýýarlamak meselesine garaldy.

“Türkmenistan — BMG” strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi

Aşgabat, 3-nji maý (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde utgaşykly görnüşde “Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy” strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi. Maksatnama laýyklykda, mejlis iki sessiýanyň çäklerinde guraldy. Birinji sessiýanyň dowamynda “Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasyny” taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikinji sessiýada taraplar durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi, şol sanda bilelikdäki taslamalar boýunça pikir alyşdylar. Şeýle-de ulgamlaýyn işler üçin şertleri döretmek maksady bilen, strategik maslahat beriş geňeşiniň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň mehanizmini işläp taýýarlamak meselesine garaldy.

Halkara giňişlikde

Türkmen-türk syýasy geňeşmeleri geçirildi Golaýda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmelere gatnaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ankara şäherinde iş saparynda boldy. Geňeşmeleriň birinji tapgyrynyň çäklerinde Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary B.Akçapar bilen duşuşyk geçirildi. Onda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli, şeýle-de sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iň ýokary hem-de ýokary derejedäki saparlardyr duşuşyklaryň özara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orna eýedigini belläp, taraplar Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň martynda geçirilen üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmagynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdiler. Energetika we ulag ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine-de garaldy.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklar işjeňleşdirilýär

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň halklary uzak asyrlardan bäri goňşuçylyk gatnaşygynda bolup, häzirki wagtda türkmen-özbek hyzmatdaşlygy strategik häsiýete eýedir. Soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlyk ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy. Muňa 30-njy aprelde Lebap welaýatynyň edara ediş merkezinde Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi aýdyň subutnamadyr. Häzirki wagtda dünýäniň köp döwletleriniň, şol sanda Türkmenistanyň suw diplomatiýasynyň meseleleri boýunça yzygiderli dialog üçin giň mümkinçilikleri açýandygy bellärliklidir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Özbegistanyň suw hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygynyň oňyn tejribesini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 14-15-nji iýulynda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary munuň aýdyň güwäsidir. Şol saparyň dowamynda iki ýurduň Hökümetleriniň arasynda Amyderýanyň suw serişdelerini dolandyrmak, goramak we rejeli peýdalanmak hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Türkmenistan — BMG: ýurdumyzyň wekiliýetiniň Nýu-Ýorka sapary

Şu ýylyň 29-30-njy apreli aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisine gatnaşdy. Mejlis «Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatyň Hereketler maksatnamasy we onuň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibine goşýan goşandy» ady bilen guraldy. Bu çäre bilen bir hatarda, 29-njy aprelde BMG-niň Baş Assambleýasynyň Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatyň (ICPD) 30 ýyllygyna bagyşlanan umumy mejlisi geçirildi. Çäräniň dowamynda ählumumy derejede «ICPD+30» Hereketler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde gazanylan netijeler gözden geçirildi we olara baha berildi. Türkmen wekiliýeti mejlisiň dowamynda ilat babatda ählumumy Hereketleriň maksatnamasynda beýan edilen wezipeleri amala aşyrmagyň milli tejribesi bilen tanyşdyrdy. Şeýle-de sebit we dünýä derejesinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça teklipler beýan edildi.

Hyzmatdaşlygyň wajyp ugry

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda raýatlarymyzyň durmuş abadançylygyna gönükdirilen ýurdumyzyň ykdysady özgertmeleriniň tebigy gurşaw bilen sazlaşyklylykda alnyp barylmagy döwletimiziň durnukly ösüşiniň esasy görkezijisidir. Döwlet Baştutanymyz suwdan oýlanyşykly peýdalanmak boýunça başlangyçlar bilen çykyş edýär. Ýurdumyz suw diplomatiýasyny daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde anyk kesgitledi hem-de oňa köptaraply gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik görnüşi hökmünde garaýar. Munuň şeýledigini şu ýylyň 30-njy aprelinde Lebap welaýatynda Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi hem tassyklaýar. Mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek bilen bagly meseleler girizildi. Maslahatda taraplar ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklaryň okgunly ösýändigini, şeýle hem oba we suw hojalygy pudagynda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, geljekki nesiller üçin onuň baýlyklaryny gorap saklamak, halkymyzyň durmuşynyň oňaýly şertlerini döretmek üçin ýer-suw serişdelerinden oýlanyşykly peýdalanmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmegiň öňüni almak we da

Şawkat Mirziýoýew Omanyň ministri bilen Türkmenistanyň üstünden geçýän ulag geçelgesi boýunça pikir alyşdy

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 2-nji maýda Oman Soltanlygynyň söwda, senegat we maýa goýumlara ýardam etmek ministri Kaýs bin Muhammad al-Ýusufy kabul etdi. Duşuşygyň çäginde Türkmenistanyň üstünden geçýän ulag geçelgeleri boýunça hem pikir alşyldy. Bu barada özbek Lideriniň Metbugat gullugy habar berýär. Çeşmäniň bellemegine görä, taraplar «Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman» ulag geçelgesini ösdürmek bilen bagly meseleler hem-de Owganystanyň üstünden geçjek demir ýoluň gurluşygy barada pikir alyşdylar.