"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sebitiň durnukly ösüşinde Türkmenistanyň möhüm orny

Hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny döwrebap ösdürmek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz döwlet Baştutany wezipesine girişen ilkinji günlerinden başlap goňşy döwletleriň ählisi bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny giň gerimde ösdürmäge we pugtalandyrmaga uly yhlas siňdirip gelýär. Sebitde sazlaşykly ösüşiň rowaçlanmagynda halkara bileleşikleriň we guramalaryň aýratyn orun eýeleýändigini bellemek gerek. Şonuň ýaly halkara guramalaryň biri 1985-nji ýylda Eýran Yslam Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň gatnaşmaklarynda döredilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasydyr. Geçen, XX asyryň soňky onýyllygynda dünýäde emele gelen geosyýasy ýagdaý, ýagny SSSR-iň synmagy netijesinde onuň düzüminde bolan soýuz respublikalaryň özbaşdak syýasaty ýöredýän Garaşsyz döwletlere öwrülmegi bu guramanyň göwrüminiň giňelmegini şertlendirdi. Netijede, bu hökümetara guramasyna agza bolan ýurtlaryň sany ona ýetdi. Häzir onuň düzüminde ony esaslandyran üç döwletden başga-da Türkmenistan, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Özbegistan Respublikasy, Täjigistan Respublikasy, Azerbaýjan Respublikasy hem-de Owganystan Yslam Respublikasy bar.

Geljegi nazarlaýan oňyn hyzmatdaşlyk

12-nji martda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň wideomaslahat görnüşinde 89-njy mejlisi geçirildi. Oňa türkmen wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine GDA agza ýurtlaryň netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň dürli ulgamlaryny, şol sanda koronawirus ýokanjynyň oňaýsyz netijelerini peseltmek bilen baglanyşykly ugurlaryny öz gerimine alýan meseleler girizildi. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oňyn daşary syýasat ugruny amala aşyrýan Bitarap Türkmenistanyň Arkalaşygyň döwletleri bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, mejlisiň gün tertibi häzirki tapgyrda hem-de geljegi nazarlaýan hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini beýan edýär. Arkalaşygyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri wajyp orun eýeleýär.

Ykdysady ugurda hyzmatdaşlyk

Golaýda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň wideomaslahat görnüşinde 89-njy mejlisi geçirildi. Oňa türkmen wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine GDA agza ýurtlaryň netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň dürli ulgamlaryny, şol sanda koronawirus ýokanjynyň oňaýsyz netijelerini peseltmek bilen baglanyşykly ugurlaryny öz gerimine alýan meseleler girizildi. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda oňyn daşary syýasat ugruny amala aşyrýan Bitarap Türkmenistanyň Arkalaşygyň döwletleri bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, mejlisiň gün tertibi häzirki tapgyrda hem-de geljegi nazarlaýan hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini beýan edýär. Arkalaşygyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri wajyp orun eýeleýär.

Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi

AŞGABAT, 12-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Beýik Britaniýanyň “JCB Sales Limited” kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Resminama laýyklykda, TSTB-niň bu kompaniýanyň önümlerini satyn almaga, “JCB Sales Limited” kompaniýasynyň bolsa önümleriň tehniki görkezijilerini emele getirmek, şeýle hem umumy netijeliligi ýokarlandyrmak, harajatlary azaltmak, öndürijiligi giňeltmek üçin iň täze elýeterli tehnologiýalar boýunça maglumatlary bermek babatynda birleşme bilen bilelikde işlemäge gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi.

Hyzmatdaşlyk berkidilýär

Golaýda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri awiasiýa we syýahatçylyk ugurlary boýunça özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň meseleleri boýunça Aziýanyň Ösüş bankynyň (AÖB) wekilleri bilen onlaýn maslahata gatnaşdylar. Maslahat “Merkezi Aziýa sebitinde ykdysady hyzmatdaşlyk” (MASYH) Maksatnamasynyň çäklerinde guraldy. Maslahatyň barşynda “2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnama bilelikdäki we durnukly ösüş üçin sebiti birleşdirip” Maksatnamasynyň esasy ugurlaryna, şonuň ýaly-da köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň meselelerine uly üns berildi. AÖB tarapyndan bu resminamada durmuşa geçirmek üçin bellenilen geljegi uly wezipeleriň milli ösüş meýilnamalary hem-de Durnukly Ösüş Maksatlary (DÖM) bilen sazlaşýandygy nygtaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde eden çykyşy

(2021-nji ýylyň 4-nji marty) Hormatly jenap Başlyk!

2021-nji ýylyň fewraly: Döwlet Baştutanymyzyň daşary syýasy başlangyçlaryna eýerip

Iki şanly senä — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna hem-de Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna beslenýän şu ýylyň möhüm wakalarynyň hatarynda milli Liderimiziň tabşyrygyndan ugur alnyp, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde guraýan duşuşyklarydyr gepleşikleri aýratyn orun eýeleýär. Ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän syýasy geňeşmeler, hökümetara toparlaryň mejlisleri, onlaýn görnüşde geçirilýän maslahatlar we okuw maslahatlary Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň barha artýan abraýynyň beýany bolup durýar. 1-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň we Oman Soltanlygynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy, sebit we halkara düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etmegiň möhümdigi nygtaldy. “Demirgazyk — Günorta” we “Gündogar — Günbatar” ugurlary boýunça halkara üstaşyr ulag geçelgeleri döretmekde möhüm çatryk bolan iki ýurduň çäk taýdan amatly ýerde ýerleşmegini nazara almak bilen, ulag ulg

Ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk

9-njy martda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň muzeý işini guramak babatda ýöriteleşdirilen «Gallagher&Associates» kompaniýasyna degişli Smitson institutynyň milli taryh muzeýiniň ýolbaşçylarynyň hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleriniň, muzeýleriň, habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň gatnaşmagynda onlaýn görnüşde maslahat geçirildi. Maslahatyň gün tertibine nazary we amaly meseleleriň birnäçesi girizildi. Duşuşyga gatnaşyjylar muzeý işi babatda toplan tejribelerini alyşmak bilen çäklenmän, degişli ugurda hyzmatdaşlygyň möhüm wezipelerini-de ara alyp maslahatlaşdylar. Ýygnananlaryň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oýlanyşykly syýasaty netijesinde ýurdumyz daşary döwletler bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şol sanda ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary giňeldýär. Muňa taryhy-medeni ýadygärlikleri aýawly saklamagyň, dikeltmegiň we goramagyň ojagy hökmünde muzeý işinde hyzmatdaşlyk etmek boýunça şu günki maslahat aýdyň mysal bolup biler.

Möhüm ugurda hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda «Açyk gapylar» syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde baky Bitarap Türkmenistan bilen ähli ugurlarda, şol sanda ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýän döwletleriň hem-de abraýly halkara guramalaryň sany barha artýar. Soňky ýyllarda bu ugurdaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylmagy halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklaryny içgin öwrenmäge, olary bütin dünýäde wagyz etmäge mümkinçilik berdi. Öňňin Amerikanyň muzeý işini guramak babatda ýöriteleşdirilen «Gallagher&Associates» kompaniýasyna degişli Smitson institutynyň milli taryh muzeýiniň ýolbaşçylarynyň hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleriniň, muzeýleriň hem-de habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň gatnaşmagynda onlaýn görnüşinde geçirilen maslahatda hem bular barada giňişleýin gürrüň edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

9-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) Ýolbaşçy komitetiniň agzasy Igor Makarowy kabul etdi. Şu ýylyň 13 — 17-nji oktýabrynda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Bu abraýly ýaryşy Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Welosiped sporty federasiýasy hem-de Halkara welosipedçiler birleşigi bilen bilelikde guramak tabşyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 9-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) Ýolbaşçy komitetiniň agzasy Igor Makarowy kabul etdi. Şu ýylyň 13 — 17-nji oktýabrynda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Bu abraýly ýaryşy Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Welosiped sporty federasiýasy hem-de Halkara welosipedçiler birleşigi bilen bilelikde guramak tabşyryldy.

Goňşudan goňşa nur ýagýar

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň 14-nji ýanwarda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki «Ruhyýet» köşgünde geçirilen giňişleýin göçme mejlisinde sözlän sözünde şeýle diýdi: «Örän iri energetika ýurdy, Ýewraziýanyň örän möhüm ulag-üstaşyr geçiriji merkezleriniň biri hökmünde biziň ýurdumyz öz mümkinçiliklerini parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, giň möçberli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bähbitlerine hyzmat etmäge gönükdirdi». Ine, şu sözlerden görnüşi ýaly, Türkmenistan 14-nji ýanwarda goňşy Owganystan döwletine kömek-goldaw bermekde dünýä nusgalyk iş etdi. Şol gün bu iki halkyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň nyşany hökmünde amala aşyrylan iri taslamalaryň işe girizilmegine badalga berildi. Şol taslamalaryň biri-de, Kerki — Şibirgan ugry boýunça gurlan elektrik geçiriji ulgamydyr. Umumy uzynlygy 153 kilometre barabar bu elektrik geçiriji güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik toguny goňşy Owganystan döwletiniň Mazari-Şarif şäherine çenli eltip bilýär. Bu şäherde ol ýörite gurlan beketde kabul edilip, degişli ugurlara paýlanylýar. Häzirki wagtda türkmen elektrik energiýasyny, bu goňşy ýurt, ylaýta-da, onuň demirgazyk welaýatlary peýdalanýar. Bu ulgam 2022-nji ýylyň başyna Owganystanyň Puli-Humri we Kabul şäherlerine barar. Şunlukda, goňşy ýurtda türkmen elektrik energiýasyny ulanýanlaryň sany 9 million adama ýeter. Owganystana

Üstaşyr ulag mümkinçilikleri — ileri tutulýan ugur

Hormatly Prezidentimiz multimodal gatnawlary ulanmak bilen, Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ulag ulgamyny ösdürmegiň geljeginiň uludygyny hemişe nygtaýar. Şeýle bolansoň, Türkmenistanyň Ýuwaş ummandan Hazar we Gara deňizlerine çenli, Ýewropa yklymynyň demirgazygyndan Hindi ummanyna çenli uly giňişligi birleşdirmek baradaky tagallalary aýratyn ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, Türkmenistanyň howa giňişliginiň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliginden netijeli peýdalanmak maksady bilen, Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça täze howa ýollary işe girizilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, howa gatnawlarynyň depginini has-da artdyrmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň howa giňişliginde howa gatnawlaryny dolandyryş gullugy tarapyndan dünýäniň ýüzlerçe awiakompaniýasynyň howa gämilerine hyzmat edilýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýurdumyz yklym we yklymara howa ýollaryndaky iri üstaşyr logistik merkeze öwrülýär.

Türkmenistan — Türkiýe: netijeli gatnaşyklar ösdürilýär

6-njy martda hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogluny kabul etdi Duşuşykda milli Liderimiz hem-de myhman ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde we dürli ugurlarda bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady ulgam, energetika, ulag-aragatnaşyk pudaklary özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 6-njy mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogluny kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň aýdan hoşniýetli sözlerini we doganlyk türkmen halkyna iberen arzuwlaryny ýetirdi. Şunuň bilen baglylykda, türk tarapynyň Türkmenistan bilen ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilýän däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.

Eko başlyklyk etmek ýurdumyza geçirildi

Hormatly Prezidentimiz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy Abraýly halkara we sebit guramalary bilen giň hem-de köpugurly gatnaşyklar Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Muny 4-nji martda milli Liderimiziň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen XIV sammitiniň işine gatnaşmagy nobatdaky gezek aýdyň tassyklady.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk etmek Türkmenistana geçirildi

4-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen XIV sammitiniň işine gatnaşdy. Dünýäde emele gelen ýagdaýlary nazara almak bilen, ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibinde COVID-19 pandemiýasyndan soňky döwürde sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi. Sammite Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Imran Han we EKO-nyň Baş sekretary doktor Hadi Süleýmanpur gatnaşdylar. Şeýle hem ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşmak üçin Türksoý Geňeşiniň Baş sekretary Bagdad Amreýew, Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnak we beýlekiler çagyryldy.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk etmek Türkmenistana geçirildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow EKO-nyň sammitine gatnaşdy AŞGABAT, 4-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen XIV sammitiniň işine gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde eden çykyşy

(2021-nji ýylyň 4-nji marty) Hormatly jenap Başlyk!

Ruhy ýakynlyk

Gruziýanyň Aleksandr Çawçawadzäniň öý muzeýiniň baş ýolbaşçysynyň orunbasary, alym antropolog Irakli Pipiýa tejribeli muzeý işgäri hökmünde daşary ýurtlarda hem giňden tanalýar. Onuň muzeý işini döwrebap we kämil guramaga bagyşlanan ylmy makalalary daşary ýurtlaryň iri neşirlerinde çap edildi. I.Pipiýa 2014-nji ýylyň 12 — 14-nji noýabry aralygynda Aşgabatda geçirilen «Arheologiýa tapyndylaryny öwrenmekde we muzeýleşdirmekde Türkmenistanyň tejribesi» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyp, ýurdumyzyň muzeýlerinde alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdy. Ýakynda Irakli Pipiýa özüniň türkmen we gruzin halklarynyň ruhy ýakynlygy hakynda gürrüň berýän makalasyny redaksiýamyza iberdi. Edil türkmenler ýaly gruzinler hem merdana pederlerimizden miras galan asylly ýol-ýörelgeleri ösüp gelýän ýaş nesillere geçirmäge, olary milli ruhda terbiýelemäge uly üns berýärler.