"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahaty

Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de ikitaraplaýyn, şonuň ýaly-da, köpugurly görnüşde özara bähbitli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti – Ýelbasy, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň hormatly başlygy Nursultan Nazarbaýewiň çakylygy boýunça Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen resmi däl maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. 2009-njy ýylda döredilen bu halkara guramasynyň düzümine Azerbaýjan Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Özbegistan Respublikasy we Türkiýe Respublikasy girýär. Türki dilli ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy kökleriň, medeni hem-de ruhy däpleriň umumylygy baglanyşdyrýar. Häzir bu hoşniýetli däpler täze dowamata hem-de mazmuna eýe bolup, köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin oňyn şertleri döredýär. Onuň binýadynda bolsa hoşniýetli erk, egsilmez mümkinçilikler hem-de öňegidişlige we gülläp ösüşe umumy maksatlar durýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Energiýa howpsuzlygy, ulag we ekologiýa sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarydyr

Milli Liderimiz Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen maslahatyna gatnaşdy Aşgabat, 31-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň hormatly başlygy Nursultan Nazarbaýewiň çakylygy boýunça Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen (Türki geňeş) resmi däl maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatynda eden çykyşy

(2021-nji ýylyň 31-nji marty) Türki dilli ýurtlaryň hormatly döwlet Baştutanlary!

Türkmen halkynyň köpasyrlyk ynsanperwerlik, watançylyk we edermenlik däpleri baýlaşdyrylýar

Aşgabatda Muhammet Baýram han Türkmene bagyşlanan halkara maslahat geçirildi AŞGABAT, 31-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzda sanly ulgam arkaly “Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri” atly halkara maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilen maslahat ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi, Bilim ministrligi hem-de Ylymlar akademiýasy tarapyndan guraldy.

Halkara hyzmatdaşlyk

Türkmenistan halkara guramalar, esasan-da, Birleşen Milletler Guramasydyr onuň düzümleri, şonuň ýaly-da dünýä döwletleri üçin işjeň, ynamdar, ygtybarly hyzmatdaş bolmak bilen, hemişe halkara hukuk kadalarynyň ileri tutulmagynyň tarapdary bolup çykyş edýär. Şonuň bilen birlikde-de, olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine, demokratik ýörelgeleriň rowaçlanmagyna mynasyp goşant goşýar. Türkmenistanda geçirilen halkara maslahatlarda kabul edilen resminamalaryň BMG-niň resminamasy hökmünde kabul edilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň iri halkara bileleşigiň döwrebap ýörelgelerine we maksatlaryna laýyk gelýändigini görkezýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmegi, BMG-niň Baş Assambleýasynyň agza döwletleriniň 73-siniň awtordaş bolmagynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýetiniň uludygyny görkezýär.

Parlamentara gatnaşyklar ösdürilýär

Mejlisiň wekilleri Parlamentara birleşigiň 22 — 26-njy mart aralygynda wideoaragatnaşyk arkaly «Parlamentariler üçin maslahat» atly bäş günlük maglumat forumyna gatnaşdylar. Forumyň dowamynda Parlamentara birleşigiň işiniň esasy ugurlaryna, onuň BMG-niň Baş Assambleýasynyň synçysy derejesiniň çäklerinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň işine gatnaşmagynyň möhüm ugurlaryna garaldy. Adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekde, milli kanunçylygy halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryna utgaşdyrmakda, kommunikasiýa hyzmatlaryny sanlylaşdyrmakda, parlament diplomatiýasyny ösdürmekde, Parlamentara dostluk toparynyň ornuny berkitmekde parlamentiň eýeleýän orny boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Hyzmatdaşlyk berkidilýär

Mejlisiň wekilleri Parlamentara birleşigiň 22 — 26-njy mart aralygynda wideoaragatnaşyk arkaly «Parlamentariler üçin maslahat» atly bäş günlük maglumat forumyna gatnaşdylar. Forumyň dowamynda Parlamentara birleşigiň işiniň esasy ugurlaryna, onuň BMG-niň Baş Assambleýasynyň synçysy derejesiniň çäklerinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň işine gatnaşmagynyň möhüm ugurlaryna garaldy. Adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekde, milli kanunçylygy halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryna utgaşdyrmakda, kommunikasiýa hyzmatlaryny sanlylaşdyrmakda, parlament diplomatiýasyny ösdürmekde, Parlamentara dostluk toparynyň ornuny berkitmekde parlamentiň eýeleýän orny boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk Mejlisiň wekilleri Parlamentara birleşigiň 22 — 26-njy mart aralygynda wideoaragatnaşyk arkaly «Parlamentariler üçin maslahat» atly bäş günlük maglumat forumyna gatnaşdylar.

Halkara gatnaşyklaryň esasy ugry

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň dost-doganlyk ýörelgesiniň esasy bolup durýar. Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda gazanýan üstünlikleri, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumadamzat ösüşlerine bagly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk ýörelgesi dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren teklibi esasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Ýer ýüzünde ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk ýörelgesiniň belent dabaralanmasy boldy. Döwletimiziň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan «Açyk gapylar» syýasaty hoşniýetli daşary syýasatymyzyň esasy ýörelgesi bolup durýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasynda «2021-nji ýylyň — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy boýunça işlere halkara bileleşigini jebisleşdirmäge, hususan-da, durnukly parahatçylyga, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşygyna ýetmek maksady bilen, syýasy gepleşikleriň, özara düşünişmegiň we hyzma

Durnukly ösüş maksatlary ugrunda

24-nji martda Daşary işler ministrliginde adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy ulgamynda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegi üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlise birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Adalatçy, ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň wekilleri, BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebit wekili hem-de Halkara Gyzyl Haç komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekilhanasynyň ýolbaşçysy gatnaşdylar.

Parahatçylyk we ynanyşmak: köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň bütin dünýäde dabaralanýan ýyly bolup, taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Muny 24-nji martda Daşary işler ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen «Häzirki zaman dünýäsinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň derwaýyslygy» atly metbugat maslahaty hem doly tassyklaýar. Bu onlaýn duşuşyga «Mir» döwletara teleradiokompaniýasynyň, Türkiýäniň «TRT» teleradiokorporasiýasynyň, Russiýanyň «Russia Today» halkara habar beriş teleýaýlymlar ulgamynyň, Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU), «Bütinrussiýa döwlet teleradio gepleşikler kompaniýasy» federal döwlet unitar kärhanasynyň, Hindistanyň «Prasar Bharati» ýaýlymlar kompaniýasynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Bulardan başga-da, agzalan duşuşyga gatnaşyjylaryň arasynda Özbegistanyň milli teleradiokompaniýasynyň, Azerbaýjanyň «AzerTAj» Döwlet habarlar agentliginiň, «Aztv» halkara radiosynyň, Gruziýanyň «TW-24» teleýaýlymynyň, şeýle hem Ermenistanyň «ARMENPRESS» habarlar agentliginiň hem-de beýlekileriň ýolbaşçylary we wekilleri bar.

Hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Golaýda Daşary işler ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly “Häzirki zaman dünýäsinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň derwaýyslygy” atly metbugat maslahaty geçirildi. Onlaýn duşuşyga “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň, Türkiýäniň “TRT” teleradiokorporasiýasynyň, Russiýanyň “Russia Today” halkara habar beriş teleýaýlymlar ulgamynyň, Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU), “Bütinrussiýa döwlet teleradio gepleşikler kompaniýasy” federal döwlet unitar kärhanasynyň, Hindistanyň “Prasar Bharati” ýaýlymlar kompaniýasynyň, Özbegistanyň milli teleradiokompaniýasynyň, Azerbaýjanyň “AzerTAj” Döwlet habarlar agentliginiň, “Aztv” halkara radiosynyň, Gruziýanyň “TW-24” teleýaýlymynyň, Ermenistanyň “Armenpress” habarlar agentliginiň we beýlekileriň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Çärä türkmen tarapyndan Daşary işler ministrliginiň, Döwlet habarlar agentliginiň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr işgärleri wekilçilik etdiler.

Pudagara toparyň mejlisi

Golaýda Daşary işler ministrliginde adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy ulgamynda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegi üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlise birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Adalatçy, şeýle hem ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň wekilleri, BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebit wekili hem-de Halkara Gyzyl Haç komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekilhanasynyň ýolbaşçysy gatnaşdylar.

Halkara metbugat maslahaty

24-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda «Häzirki zaman dünýäsinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň derwaýyslygy» atly metbugat maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan bu halkara maslahaty Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde onlaýn görnüşinde guradylar. Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, wideoaragatnaşyk esasynda geçen duşuşyga türkmen tarapyndan Daşary işler ministrliginiň, Döwlet habarlar agentliginiň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hem beýleki habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr işgärleri wekilçilik etdiler. Halkara metbugat maslahatyna «Mir» Döwletara teleradiokompaniýasynyň, Türkiýäniň «TRT» teleradiokorporasiýasynyň, Russiýanyň «Russia Today» halkara habar beriş teleýaýlymlar ulgamynyň, Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU), «Bütinrussiýa döwlet teleradio gepleşikler kompaniýasy» federal döwlet unitar kärhanasynyň, Hindistanyň «Prasar Bharati» ýaýlymlar kompaniýasynyň, Özbegistanyň milli teleradiokompaniýasynyň, Azerbaýjanyň «AzerTaj» Döwlet habarlar agentliginiň, «Aztv» halkara radiosynyň, Gruziýanyň «TV-24» teleýaýlymynyň, Ermenistanyň «ARMENPRESS» habarlar agentliginiň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdy

Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça Pudagara toparynyň mejlisi

AŞGABAT, 24-nji mart (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy ulgamynda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegi üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlise birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Adalatçy, şeýle hem ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň wekilleri, BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebit wekili hem-de Halkara Gyzyl Haç komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekilhanasynyň ýolbaşçysy gatnaşdylar.

Dost-doganlygyň nyşany

Halkara Nowruz gününiň dabaralary gadymy Ahal ýaýlasynda hem şatlyk-şagalaňa beslenýär. Milli bahar baýramy bilen goşalanyp bellenilýän bu ajaýyp sene mynasybetli Ahal welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň hem-de goňşy ýurduň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň guramagynda geçirilen çäreler baýramçylyk dabaralarynyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Ahal welaýat häkimliginiň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň Medeniýet we yslamy ugrukdyryş Baş müdirliginiň wekilleriniň arasynda sanly ulgam arkaly geçirilen wideomaslahat has-da täsirli boldy. Welaýat häkimliginde bolan wideomaslahatda iki goňşy ýurduň wekilleri birek-biregi Halkara Nowruz baýramy mynasybetli gutlagda bu ajaýyp senäniň ähmiýetini bellediler. Onuň barşynda edilen çykyşlarda häzirki wagtda iki goňşy ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki ugurlarda bolşy ýaly, medeni-ynsanperwer ugurlardaky döwletara gatnaşyklarynyň täze belentliklere çykýandygy, iki ýurduň Liderleriniň tagallalary netijesinde halklarynyň arasyndaky köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň barha pugtalanýandygy barada guwanç bilen gürrüň etdiler.

Türkmen diplomatiýasy: ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

Häzirki wagtda ata Watanymyz Türkmenistan dünýäniň syýasy, hukuk, ykdysady we medeni giňişligine üstünlikli goşulyşýar. Garaşsyz döwletimiz 150-ä golaý daşary ýurtlar bilen diplomatik gatnaşyklary hem-de dünýäniň 100-den gowrak ýurdy bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy alyp barýar. Türkmenistan 50-ä golaý halkara guramalaryň agzasy bolup, 150-den gowrak halkara konwensiýalara, şertnamalara we köptaraplaýyn resminamalara gatnaşýar. Munuň özi türkmen diplomatiýasynyň netijeli durmuşa geçirilýändiginiň, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň örüsiniň has-da giňeýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasaty «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmenistan özüniň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, köptaraplaýyn daşary syýasaty alyp barýar. «Ulag diplomatiýasy», «energetika diplomatiýasy» we «suw diplomatiýasy» ýaly düşünjeleriň adamzat durmuşynda möhüm orun eýeleýän häzirki zaman şertlerinde ýurdumyz degişli ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirýär. Muňa agzalan ugurlarda Watanymyzyň umumadamzat ähmiýetli öňe sürýän oňyn halkara başlangyçlary hem-de amala aşyrýan möhüm iri taslamalary aýdyň şaýatlyk edýär.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen onlaýn duşuşyklar

Türkmenistan — ýunesko: sazlaşykly hyzmatdaşlygyň hukuk esaslary

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýeti ösdürmek, medeni mirasymyzy gorap saklamak hem-de milli gymmatlyklarymyzy dikeltmek boýunça ummasyz köp işleri durmuşa geçirýär. Mälim bolşy ýaly, her bir halkyň milli medeniýeti, däp-dessurlary, özboluşly geçmiş taryhy bar. Her bir millet öz ruhy-medeni gymmatlyklary bilen öňe çykýar. Türkmen halky özüniň köpasyrlyk taryhynyň dowamynda adamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna öz mynasyp goşandyny goşupdyr. Medeni mirasy goramagyň, nesilden-nesle geçirmegiň mazmuny we maksady asyrlaryň dowamynda kemala gelen we dünýäniň, adamzadyň medeni ösüşine goşant goşan ata-babalarymyzyň döreden paýhasly ýörelgelerinden ugur almakdyr. Biziň ýurdumyz bu günki gün birnäçe halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Türkmenistan BMG-niň möhüm konwensiýalarynyň birnäçesine goşulmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny hemişe görkezýär.

Dost-doganlyk gatnaşyklary berkeýär

Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda taraplaryň bähbitlerini hiç bir babatda ünsden düşürmeýän ygtybarly hyzmatdaşdyr. Munuň özi döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli taglymatynyň aýdyň dabaralanmasydyr. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda dostluk, goňşuçylyk däp-dessurlary eziz Diýarymyzda dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmakda aýdyň ähmiýete eýedir. Bilşimiz ýaly, indi birnäçe ýyl bäri türkmen elektrik energiýasy Owganystan Yslam Respublikasyna üznüksiz ugradylýar. Bu bolsa iki döwletiň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da täze derejä çykarýar. Elektrik energiýasyny daşary ýurtlara eksport edýän ýurt hökmünde Türkmenistan barha uly kuwwatlyklara eýe bolýar.