"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan — Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy: sebitara dialogda milli Liderimiziň halkara başlangyçlarynyň nobatdaky dabaralanmasy

Hyzmatdaşlyk. Haýsy dilde ýaňlanýandygyna garamazdan, bu ýekeje söze adamzat ir döwürlerden bäri diňe gowy zatlary siňdirmäge çalşypdyr. Bu sözde adamzadyň özara ynanyşmak, arkalaşmak, daýanyşmak, birek-birekden gowy zatlary öwrenmek hem-de paýlaşmak ýaly oňyn sypatlary jemländigi aýan. Şolary gazanmak üçin bolsa hyzmatdaşlyga girýän taraplaryň arasynda iň esasy zat — özara ynam gerek. Ynam — syýasatda, halkara gatnaşyklarda, diplomatiýada binýatlyk ýörelge. Şol bolmasa, özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak howaýylygyna galýar. Şol hakykatdan ugur alynsa, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde ähli agza döwletler tarapyndan Türkmenistanyň öňe süren «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmeginiň hormatly Prezidentimiziň halkara gatnaşyklaryň arhitekturasyna täzeden garamak baradaky başlangyçlarynda öňe ädilen ädimdigini görmek bolýar. Milli Liderimiziň daşary syýasat ugrundaky sebit — yklym — dünýä halkasynyň bitewi zynjyrynda sebitara hyzmatdaşlyga möhüm orun degişli. Bitarap Türkmenistan üçin şeýle hyzmatdaş düzümleriň biri-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasydyr (ŞHG). Türkmenistanyň oňyn halkara başlangyçlarynyň goldanylmagynda bu guramanyň mynasyp paýy bar. ŞHG-niň ýakynda Duşenbede geçen ýubileý sammitinde hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyçlary diňe bir sebitde, yk

Geljegi uly hem ygtybarly hyzmatdaşlyk

17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş sapary bilen bardy. Hormatly Prezidentimiziň uçary Täjigistan Respublikasynyň paýtagtynyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde baýdak sütünlerinde ŞHG-niň sammitine gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary galdyryldy. Howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Asylly däbe görä, belent mertebeli türkmen myhmanyna gül gowşuryldy.

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan köpugurly halkara hyzmatdaşlygy ösdürýär

17-nji sentýabrda milli Liderimiz hormatly myhman hökmünde Täjigistan Respublikasynda geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitine gatnaşdy. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy 2001-nji ýylda döredildi hem-de hemişelik esasda hereket edýän hökümetara halkara guramadyr.

Söwda ulgamynda sanly hyzmatlar ornaşdyrylýar

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz innowasion ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça giň möçberli maksatnamalar we dürli taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Şunda, hususan-da, innowasion ugurlara, sanly ulgama geçilmegine, ýokary tehnologiýaly senagat önümçiliginiň döredilmegine, dürli düzümleriň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine, pudaklaryň işine we önümçilik toplumlaryna öňdebaryjy tejribäniň, innowasion tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna, bazar ykdysadyýeti şertlerinde işewürligi we hususy telekeçiligi ösdürmäge barha möhüm ähmiýet berilýär. «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda sanly ulgama geçmek, ýerli elektron söwdany ösdürmek we kämilleşdirmek, ilatyň sanly ykdysadyýet we maglumat howpsuzlygy babatda sowatlylygyny artdyrmak boýunça wagyz-nesihat işlerini alyp barmak we beýleki wezipeler bellenilendir. Bu düzgünleriň yzygiderli ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegine, işewürligi we maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga, dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga ýardam edýär.

«Expo 2020 Dubai» myhmanlara garaşýar

2021-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda açyljak «Expo 2020 Dubai» sergisine durmuşy özgertjek innowasiýalary açmaga tutuş dünýäden 25 milliondan gowrak adamyň gelerine garaşylýar. Bu ägirt uly çäre hyzmatdaşlygy we çözgütleri işläp taýýarlamagy höweslendirmäge gönükdirilendir. Çünki dünýä pandemiýadan soň ykdysadyýeti dikeltmäge tarap hereket edýär. Sergini 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan 2022-nji ýylyň 31-nji marty aralygynda «Bilelikde oýlanyp, geljegi döredýäris» («Connect thoughts, create the future») şygary astynda geçirmek göz öňünde tutulýar. «Expo 2020 Dubai» sergisine geljek 25 million adamyň 70 göterimi daşary ýurtly myhmanlar bolar.

Türkmenistan we Özbegistan söwda dolanyşygyny ýokarlandyrar

Daşkent şäherinde 15-nji sentýabrda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-özbek hökümetara toparynyň nobatdaky 16-njy mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda taraplar ýakyn geljekde türkmen-özbek söwda dolanyşygyny ABŞ-nyň 1 milliard dollaryna ýetirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Duşuşygyň barşynda ýurtlaryň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň oňyn ugurlary bellenildi. Şeýlelik bilen, häzirki wagtda Özbegistanda türkmen maýa goýumlary esasynda 160 sany kärhana hereket edýär. Şu ýylyň birinji ýarymynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 20% ýokarlandy.

Täze gözýetimleri nazarlap

Düýn Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň binasynda dostlukly ýurduň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýan habar beriş maksatly çäre guraldy. Oňa Türkmenistanyň söwda-maýa goýum ulgamynda iş alyp barýan ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Abdul Aziz Abdulla Al-Haşemi çykyş edip, şu ýylyň 2-nji dekabrynda Garaşsyzlygynyň şanly 50 ýyllygyny belleýän Birleşen Arap Emirlikleriniň maýa goýum mümkinçilikleri, ýurdy geljek 50 ýylda ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulýan wezipeler, maýa goýum ulgamynda türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygy barada giňişleýin gürrüň berdi. Golaýda täze açylan invest.ae internet saýtynyň üsti bilen BAE-de telekeçilik işini alyp barmaga döredilen mümkinçilikler bilen tanyşlyk çykyşyň esasyny düzdi we diplomat türkmen hususyýetçilerini maýa goýum ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça taslamalara işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Mediaforum: dostlukly göwünleriň söhbedi

15-nji sentýabrda «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň mejlisler jaýynda halkara mediaforum geçirildi. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan bu mediaforumy Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Türkmen döwlet neşirýat gullugy hem-de Döwlet habarlar agentligi bilelikde guradylar. Onda türkmen žurnalistleri bilen birlikde daşary ýurtlaryň ençemesinden iri habar beriş serişdeleriniň wekilleri wideoýazgy görnüşinde çykyş etdiler.

Täze mümkinçilikler

Düýn paýtagtymyzda ýerleşýän Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasynda, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gatnaşmaklarynda, BAE-niň maýa goýum serişdeleri bilen baglanyşykly wideoaragatnaşyk görnüşinde maslahat geçirildi. Onda çykyş eden daşary ýurtly hünärmenler maýa goýum serişdeleriniň ösüşi, onuň gazananlary we adamzat jemgyýetine ýetirjek oňyn peýdasy bilen bagly gürrüň etdiler. BAE geljekki 50 ýylyň täze meýilnamasyny düzýärler we ony durmuşa geçirýärler.

VI Hazar mediaforumy

Türkmenistanyň wekiliýeti VI Hazar mediaforumyna gatnaşdy. Forum Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň edara ediş merkezinde Azerbaýjan Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Russiýadan, Özbegistan Respublikasyndan wekilleri jemledi. Mediaforumyň gün tertibiniň esasy meselesi syýahatçylyk we etnomedeni kommunikasiýa bilen baglanyşykly boldy. Oňa gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşmagyna sanly eýýamda syýahat žurnalistikasy, medeni media-giňişlikde сheсk-in, täze maglumat kommunikasiýalary ulgamynda aň-bilim media-taslamalar ýaly meseleler hem hödürlenildi. Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara giňişliginde, şol sanda media giňişliginde eýeleýän ornuny berkidýän, umumy maglumat giňişligine işjeň goşulyşýan Türkmenistanyň bu foruma döwletleriň arasyndaky syýasy, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlyk babatda hünär gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetli ädim hökmünde garaýandygyny nygtamak gerek. Şunuň bilen baglylykda, bu mediaforumyň çäklerindäki gepleşikleriň usuly şu sebitde ähli ulgamlarda, şol sanda häzirki zaman şertlerinde köpçülikleýin media serişdelerini ösdürmek ýaly ähmiýetli ugurda netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga bitewi çemeleşmeleri işläp taýýarlamak babatda täsirli gural bolup hyzmat edýär. Çykyşlarda medaforumyň geçirilmeginiň sebitde we ählumumy derejede žurnalistikany ösdürmekde tejr

Türkmenistanyň täze başlangyçlary

Mälim bolşy ýaly, 14-nji sentýabrda Türkmenistanyň wise-başlyklyk eden Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisiniň resmi taýdan öz işini tamamlamagy bilen 76-njy mejlisi öz işine başlady. Parasatly Prezidentimiziň baştutanlygynda umumadamzat ähmiýetli ynsanperwer başlangyçlary, teklipleri bilen işjeň çykyş edýän ýurdumyz 76-njy mejlisde-de ileri tutýan garaýyşlaryny, milli Lideriniň täzeçil tekliplerini dünýä bileleşigine hödürlemekde netijeli işleri alyp bardy.

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň şuglaly sahypalary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan—  parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda belent ruhubelentlige beslenip bellenilýän döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglara,  ýakymly sözlere, ajaýyp arzuwlara beslenen hatlardyr telefon jaňlary  diňe bir öz ildeşlerimizden däl, daşary ýurtly dostlarymyzdan hem gelýär. Biziň ýurdumyza gelip gören daşary ýurtly dostlarymyzyň ýürek buýsançlary, Gahryman Arkadagymyza aýdýan alkyşlary has-da täsirli. Gazetimiziň şu sanynda  Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mažlisiniň Senatynyň Başlygy, «Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň dialogynyň» başlygy Tanzilýa NARBAÝEWANYŇ ýürek buýsanjyna beslenen baýramçylyk gutlagyny size ýetirmegi makul bildik . — Türkmen-özbek halklary diňe bir goňşy oturan doganlyk halklar bolman, bir taryhda, bir ykbalda ýaşan halklar. Şu ýylyň 29-njy aprelinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen paýtagtynda boldy. Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban kyblasynyň anna agşamy mynasybetli Gypjakda ýerleşýän Baş metjitde beren agzaçar sadakasyna gatnaşdy.

Hazaryň media giňişligi

Tebigat Hazara başga hiç bir deňze eçilmedik baýlygyny sahylyk bilen berip bilipdir. Üns berseňiz, köp halatda dünýä deňizleriniň gürrüňi diňe maddy nukdaýnazardan edilse, Hazar hakynda edilýän söhbetler umumadamzat bähbitlerini nazarlaýan asylly maksatlary öz içine almak bilendir. Milli Liderimiziň: «Hazar hemişe parahatçylyk, dostluk we ylalaşyklylyk deňzi bolupdy we şeýle bolmagynda galýar» diýip nygtaýşy ýaly, Hazar — illeri dostlaşdyrýan deňiz, onuň türkmen kenary bolsa dost-doganlygyň mekanydyr. Ýaňy ýakynda, has takygy, 10-njy sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti onlaýn tertipde VI Hazar mediaforumyna gatnaşdy. Forum Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň edara ediş merkezine Azerbaýjan Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Russiýadan, Özbegistan Respublikasyndan wekilleri jemledi. Mediaforumyň gün tertibiniň esasy meselesi syýahatçylyk we etnomedeni kommunikasiýa bilen baglanyşykly boldy. Oňa gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşmagyna sanly eýýamda syýahat žurnalistikasy, medeni media giňişlikde сheсk-in, täze maglumat kommunikasiýalary ulgamynda aň-bilim media taslamalar ýaly meseleler hem hödürlenildi.

Türkmenistan — BMG: hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynda hoşmeýilli goňşuçylyk gatnaşyklaryna uly orun berilýär. Türkmenistan dünýäniň ösen ýurtlary, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine parahatçylykly ýaşaýşyň, durnukly ösüşiň ilkinji şerti hökmünde garaýar. Bu babatda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy bilen hem gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär. Ýurdumyz BMG-niň maslahatlarynda ynsanperwer başlangyçlary öňe sürüp, bütin adamzat ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine goşant goşýar. Ählumumy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge özüniň parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini gönükdirmek maksady bilen, türkmen döwleti BMG-niň binýatlaýyn Konwensiýalaryna we resminamalaryna, şol sanda howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyna goşulýar.

Biziň ruhy dünýämiz

Obalarda kitaphana hyzmaty Biziň etrap merkezi kitaphanamyzyň Şapak, Merw, Ýalkym, Gatakar geňeşliklerinde oba kitaphana şahamçalary açylyp, işläp başlady. Bu bolsa oba ýaşaýjylarynyň boş wagtlaryny gyzykly kitaplar bilen geçirip, medeniýetli dynç almagynda, milli Liderimiziň ajaýyp eserlerini okap, dünýä akyl ýetirmeginde oňyn şertler döretdi. Kitaphana şahamçalary oba ýaşaýjylarynyň, dürli ýaşdaky okyjylaryň, esasan-da, mekdep okuwçylarynyň söýgüli mekanyna öwrüldi. Bu bolsa ýaş nesli ylymly-bilimli, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Kitaphana şahamçalarynda baýramçylyk senelerine bagyşlanyp, medeni-köpçülik çäreleri, ýaşulular bilen duşuşyklar, edebi-sazly agşamlar, okyjy konferensiýalary yzygiderli geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eserlerine, täze gelýän neşirlere bagyşlanyp kitap sergileri gurnalýar. Kitaphana şahamçalarymyzyň her birinde dürli gurnaklar hem hereket edýär. Umuman, eziz Arkadagymyzyň tagallasy bilen kitaphana şahamçalarymyzda okamak üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Döwrebap şertler ýurdumyzda kitaba goýulýan belent sarpanyň subutnamasydyr.

Halkara gatnaşyklarda medeni diplomatiýa

Ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda möhüm orny eýeleýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2021-2022-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren okuw sapagy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylyň iň ajaýyp wakalarynyň birine öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda mähriban Watanymyzyň öwrenmäge we öwredilmäge mynasyp bolan şanly taryhynyň buýsandyryjy sahypalaryny giňden açdy we ýaşlara bu taryhy öz ajaýyp işleri bilen bezän ussatlarymyzyň, uly-uly döwletleri esaslandyran gahrymanlarymyzyň durmuş tejribelerini mynasyp dowam etmek, doglup, önüp-ösen topragymyzy sarpalamak, Garaşsyz döwletimiziň mukaddesliklerini — ýaşyl Tugumyzy, Döwlet tugramyzy, Döwlet senamyzy gözüň göreji ýaly goramak babatynda pähim-paýhasa ýugrulan maslahatlaryny, öwüt-ündewlerini berdi.

Türk­me­nis­tan — Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy: ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­ga yg­rar­ly­lyk

Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň no­bat­da­ky 76-njy mej­li­sinde Türk­me­nis­ta­nyň ile­ri tu­tul­ýan ga­ra­ýyş­la­ry­ny be­ýan et­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Şu ýy­lyň 20-nji aw­gus­tyn­da Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len no­bat­da­ky mej­li­sin­de bel­le­ni­li­şi ýa­ly, bu mö­hüm res­mi­na­ma hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gur­ban­gu­ly Ber­di­mu­ha­me­do­wyň oňyn baş­lan­gyç­la­ry­nyň we tek­lip­le­ri­niň esa­syn­da taý­ýar­la­nyl­dy hem-de bir­nä­çe ugur­la­ry öz içi­ne al­ýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li, yn­san­per­wer da­şa­ry sy­ýa­sa­ty üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ri­lip, dün­ýä­niň beý­le­ki döw­let­le­ri, şol san­da goň­şy ýurt­lar, iri ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry hem-de ola­ryň dü­züm­le­ri bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­lyk al­nyp ba­ryl­ýar we yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýär. Bu bol­sa äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň we dur­nuk­ly ösü­şiň ha­ty­ra­sy­na der­wa­ýys baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­ýän Wa­ta­ny­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň has-da be­len­de gal­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär.

Türkmenistan — Milletler Bileleşigi: ynam, jogapkärçilik, ykrar

Şu gün — 14-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisi açylýar Şu gün Ýer ýüzünde köptaraplaýyn gepleşikler üçin ýeke-täk forum bolup hyzmat edýän Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisi resmi taýdan öz işini tamamlaýar. Tutuş dünýäni gurşap alan adatdan daşary ýagdaýlara garamazdan, ýylyň dowamynda Baş Assambleýanyň plenar mejlisleriniň 103-siniň, ýokary derejeli duşuşyklaryň 16-synyň, ýörite mejlisleriň 2-siniň geçirilmegini, ählumumy gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça Kararnamalaryň 320-den gowragynyň kabul edilmegini bolsa onuň üstünlikleriniň hataryna goşup bileris. Şunda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde wise-başlyklyk eden Bitarap Türkmenistanyň tagallalary, öňe süren halkara başlangyçlary aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Bu jogapkärli wezipäni indi 6-njy gezek abraý bilen ýerine ýetiren ýurdumyz şu gün — 14-nji sentýabrda badalga alýan 76-njy mejlisde-de ileri tutýan garaýyşlaryny, milli Lideriniň täzeçil tekliplerini dünýä bileleşigine hödürlär.

«Serhetsiz Hazar»: türkmenistanly žurnalistleriň halkara üstünligi

Ozal habar berlişi ýaly, golaýda Türkmenistanyň wekiliýeti onlaýn usulda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň edara ediş merkezinde geçirilen VI Hazar mediaforumyna gatnaşdy. Onuň çäklerinde soňky ýyllarda geçirilmegi däbe öwrülen «Serhetsiz Hazar» atly halkara bäsleşigiň jemi jemlenip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň bölüm redaktory Irina Imamkuliýewa «Tomaşaçylaryň göwnünden turmak baýragy», gazetiň fotohabarçysy Hasan Magadow bolsa «FotoHazar» ugry boýunça ýeňiji bolmagy başardylar. Munuň özi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna türkmenistanly žurnalistleriň özboluşly sowgady boldy. «Serhetsiz Hazar» atly bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänleriň sany ýyl-ýyldan artýar. Bu bolsa Hazarýaka sebitiň ýurtlarynyň žurnalistleriniň birek-biregi has içgin tanamak we tejribe alyşmak meýilleri bilen şertlendirilendir. Çünki bu bäsleşige gatnaşmak kenarýaka döwletleriň hyzmatdaşlygy, Hazaryň ykbaly hakynda gaýtadan oýlanmaga itergi berip, olary täze döredijilik gözleglerine ruhlandyrýar.

VI hazar mediaforumy

10-njy sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti onlaýn tertipde VI Hazar mediaforumyna gatnaşdy. Forum Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň edara ediş merkezine Azerbaýjan Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Russiýadan, Özbegistan Respublikasyndan wekilleri jemledi. Mediaforumyň gün tertibiniň esasy meselesi syýahatçylyk hem-de etnomedeni kommunikasiýa bilen baglanyşykly bolup, oňa gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşmagyna sanly eýýamda syýahat žurnalistikasy, medeni mediagiňişlikde сheсk-in, täze maglumat kommunikasiýalary ulgamynda aň-bilim media taslamalar ýaly meseleler hödürlenildi. Mediaforumyň geçirilmegi sebitde we ählumumy derejede žurnalistikany ösdürmekde tejribe alyşmaga ajaýyp mümkinçilik berýär, Hazar sebitiniň döwletleri üçin bitewi maglumat giňişligini döretmäge ýardam edýän ugurlary kesgitleýär. Biziň döwletlerimiziň arasynda kemala gelen oňyn syýasy gatnaşyklar hem-de diplomatik tejribäniň netijeli gurallary, taryhy söwda kerwen ýollarynyň çatrygynda geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi ähli ulgamlarda deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmek, dürli pudaklarda, şol sanda medeniýeti, syýahatçylygy, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini öz içine alýan ynsanperwer ulgamda köp sanly taslamalary durmuşa geçirmek üçin ygtybarly esas bolup durýar diýlip, çykyşlarda bellenildi.