Sultan RAÝEW: «Türkmenistan — TÜRKSOÝ hyzmatdaşlygynyň iň işjeňleşen döwrüne şaýat bolýarys»
Hormatly Prezidentimiz Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy barada: «Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň toýy bu gün dünýäniň toýuna öwrüldi» diýip, juda jaýdar pikiri öňe sürdi. 11-nji oktýabrda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum bolsa ýurdumyzyň syýasy-medeni durmuşynyň taryhyna söz ägirdiniň şanyna tutulýan toýlaryň iň naýbaşysy bolup ýazyldy. Dostlukly döwletleriň 9-synyň Baştutanlaryny, halkara guramalaryň 8-siniň ýolbaşçylaryny bir supranyň başynda jem eýlän foruma gatnaşan hormatly myhmanlaryň hatarynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan RAÝEW hem bar. TÜRKSOÝ-nyň ugry boýunça geçiriljek iri medeni çäreler bilen baglylykda, onuň paýtagtymyza sapary şu günlerem dowam edýär. Biz türki dünýäniň umumy medeniýetini goramak we wagyz etmek babatda uly işleri alyp barýan bu abraýly düzümiň ýolbaşçysy bilen söhbetdeş bolup, oňa käbir sowallar bilen ýüzlendik.