"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmen-özbek işewürlik gatnaşyklary ilerledilýär

Ozal habar berlişi ýaly, ýakynda Daşkent şäherinde ýurdumyzyň milli sergisi geçirilip, oňa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň 60-sy öz önümleri bilen gatnaşdy. Özbek paýtagtynyň «Anhor-Lokomotiw» parkynyň sergiler zalynyň giň diwarlyklaryny «Türkmenistanda öndürilen» haryt nyşanly azyk, senagat, dokma, haly önümleri hem-de ösüşlerimizi alamatlandyrýan, milli röwüşdäki köp sanly mahabat sütünleridir monitorlar bezedi. Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda, onuň barha işjeň häsiýete eýe bolmagynda Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber uly goşandynyň bardygyny aýratyn nygtamak gerek. Özbegistan bilen hoşniýetli gatnaşyklarymyz peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli ösdürilýär. Birek-birege amala aşyrylan ýokary derejeli saparlardyr geçirilen netijeli gepleşikler özara gatnaşyklaryň täze gözýetimlerini açdy. Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde döredilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara topary, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky işewürlik geňeşi işjeň hereket edýär.

Türkmenistan — ÝUNISEF: netijeli gatnaşyklaryň berk binýady

Abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, 17-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratnany kabul etmegi, onuň döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurmagy aýratyn ähmiýetli wakadyr. Hormatly Prezidentimiz Jalpa Ratnany, ilki bilen, BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenilmegi bilen gutlap, jogapkärli wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Türkmenistan bilen ÝUNISEF-niň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli we ýokary netijeli häsiýete eýedigi aýratyn bellenildi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz 2024 — 2026-njy ýyllar döwri üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna biragyzdan saýlanyldy. Bu bolsa ÝUNISEF bilen uzak möhletli hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýediginiň güwäsidir. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda hyzmatdaşlygymyz 2021 — 2025-nji ýyllar üçin degişli Maksatnamanyň çäklerinde alnyp barylýar. Şu ýyl ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary bilen ýyllyk iş meýilnamalarynyň 10-syna gol çekildi. Bu resminamalar, hususan-da, çagalaryň saglygyny goramak, olaryň iýmitlenmegi, irki ösüşi, durmuş goragly

Türkmenistan — Gazagystan: Dostluk. Hoşniýetlilik. Açyklyk

Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary uzak möhletleýin strategik häsiýete eýe bolup, häzirki wagtda dürli ugurlarda okgunly ösdürilýär. 17-nji iýulda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýewi kabul etmegi, ilçiniň hormatly Prezidentimize ynanç hatyny gowşurmagy muňa aýdyň mysaldyr. Hormatly Prezidentimiz Nurlan Nogaýewi jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de Gazagystan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalaryň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de ilçi Türkmenistan bilen Gazagystanyň medeni, taryhy gymmatlyklarynyň umumylygyna esaslanyp, hyzmatdaşlygyň berk binýadyny kemala getirendiklerini, onuň häzirki wagtda döwletara hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara düzümleriň, GDA-nyň giňişliginde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýetine aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, sebit mehanizmleriniň, hususan-da, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň we «Merkezi Aziýa +» hyzmatdaşlyk formatynyň çäklerin

Türkmenistan — BMG: umumadamzat bähbidine hyzmatdaşlyk

Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda oňyn başlangyçlary öňe sürmek, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň gatnaşyk etmek arkaly giň halkara hyzmatdaşlyga taýýardygyny iş ýüzünde subut edýär. Şeýle hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri örän giňdir. Şu ýylyň 5 — 7-nji iýulynda BMG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistana amala aşyran sapary munuň ýene bir aýdyň güwäsi boldy. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolmak bilen, Garaşsyzlyk ýyllarynda parahatçylyk döredijiligiň uly tejribesini toplady hem-de häzirki wagtda BMG-niň Merkezi Aziýa sebitindäki ygtybarly, uzak möhletleýin hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýär. Baş Assambleýanyň degişli Kararnamalary bilen iki gezek berkidilen ýurdumyzyň Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýy durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň ugurlaryny we mazmunyny kesgitledi, sebit howpsuzlygyny üpjün etmäge, içerki ösüşi höweslendirmäge, milli ykdysadyýetimizi çalt depginler bilen diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça giň möçberli döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna oňyn täsirini ýetirdi. Biziň ýurdumyz häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynda kabul edilen köp sanly Kararnamalaryň

Türkmenistan — BMG: Strategik dialog. Döwrüň talaplary. Täze gözýetimler

Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň strategik hyzmatdaşlygy uzak möhletli häsiýete eýedir. Guramanyň maksatlarynyň we wezipeleriniň Türkmenistanyň milli bähbitlerine laýyk gelýändigi şunda esasy kesgitleýji şert bolup durýar. Şu ýylyň 5 — 7-nji iýulynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Aşgabada amala aşyran sapary hem toplumlaýyn strategik dialogyň üstünlikli dowam etdirilýändigini aýdyň görkezdi. Golaýda Daşary işler ministrliginde geçirilen «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň ikinji mejlisinde bolsa bu taryhy saparyň netijelerine garalyp, Baş Assambleýanyň «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasyny amala aşyrmak boýunça milli hem-de halkara derejede guraljak çäreleriň Meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda döredilen geňeşiň çäginde strategik meseleler babatda ýurdumyzyň Hökümeti bilen özara gatnaşyklaryň barha ilerledilýändigine şaýatlyk edýär. Ikinji jahan urşundan soň, 1945-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we toparlaýyn howpsuzlygy üpjün etmek arkaly Ýer ýüzünde parahatçylygy pugtalandyrmak maksady bilen döredilen Birleşen Milletler Guramasy, onuň alyp barýan işi barada bu gün söz uzaldyp gürrüň edip oturmagyň zerurlygy ýok. Esaslandyrylan wagtynda düzüminde 51 ýurt bolanlygyndan, hä

HALKLARY DOSTLAŞDYRÝAN ŞYGYRLAR

Özbegistan — dostlugyň, dostlaryň Diýary, parahatçylygyň mekany, döredijileriň mesgeni. Bu ýurtda 130-dan gowrak milletiň wekilleri ýaşaýar. Olaryň hemmesiniň hem diline, edebiýatyna, sungatyna, milli däp-dessurlaryna döwlet tarapyndan uly hormat goýulýar. Özbegistanda türkmen milletiniň wekilleri hem agzybirlikde, dost-dogan bolup ýaşaýarlar, zähmet çekýärler. Soňky ýyllarda Özbegistanyň hem-de Türkmenistanyň arasynda festiwallar, dostluk agşamlary, iki halkyň beýik şahsyýetleriniň döredijiligine bagyşlanan çäreler barha giň gerime eýe bolýar. Belli bolşy ýaly, şu ýylyň 19-njy fewralynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan senesiniň 300 ýyllygyny giňden bellemek hakynda» Karara gol çekdi. Şol Karara laýyklykda, şu ýylyň 2-nji maýynda gözel paýtagtymyz Daşkentde Özbegistan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Milletlerara gatnaşyklar we daşary ýurtlar bilen dostluk aragatnaşyklary komiteti, Respublikanyň Türkmen medeni merkezi hem-de Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasy bilen hyzmatdaşlykda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi. Bu dabara Türkmenistanyň wekiliýeti hem-de ýurdumyzdaky birnäçe ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri, şol sanda Özbegistanyň Ýazyjylar birleşiginiň agzalary, žurnalistler, talyplar gatnaşdylar. Dabaran

Azerbaýjan Türkmenistana awtoulag eksport etmegi meýilleşdirýär

Azerbaýjan Türkmenistana awtoulag eksportyny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada «Report» habar berýär. Çeşmäniň bellemegine görä, şu ýyl Azerbaýjanyň Sumgaýyt sebitinde «IVECO» kysymly ýeňil we ýük awtoulaglarynyň önümçiligine niýetlenilen zawodyň işe başlamagyna garaşylýar. Ýylda 100 awtoulag öndürmäge ukyply zawodyň önümlerini Türkmenistana hem eksport etmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de zawodda öndürilen awtoulaglar Russiýa, Gruziýa we Eýran ýaly ýurtlara hem eksport ediler.

Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-niň ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi

Aşgabat, 17-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratnany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. ÝUNISEF-niň wekili wagt tapyp kabul edendigi hem-de ýola goýlan netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, soňky ýyllarda ençeme bilelikdäki möhüm taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň durmuşa geçirilendigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 17-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýewi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa doganlyk ýurduň Baştutany Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny ýetirdi. Şunda Gazagystanda Bitarap Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Halkara tejribeleri özleşdirip

Şu günler Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlarydyr talyplary Rumyniýanyň Kluž-Napoka şäheriniň Tehniki uniwersitetiniň, «Tenaris», «Bosch» hem-de «Emerson-Cluj» halkara kompaniýalarynyň okuw-önümçilik tejribehanalarynda önümçilik tejribeligini geçýärler. Onuň maksady telekommunikasiýalar we maglumat tehnologiýalary boýunça öňdebaryjy halkara tejribäni ýaş hünärmenler bilen paýlaşmakdan, bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň bu ýokary okuw mekdebi Kluž-Napoka şäheriniň Tehniki uniwersiteti bilen 2019-njy ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edip gelýär. Uniwersitet dünýä belli «Tenaris», «Bosch», «Emerson-Cluj» kompaniýalary bilen ýakyndan aragatnaşyk saklap, talyp ýaşlary olaryň önümçilik tejribesi bilen tanyşdyrýar. Önümçilik tejribeliginiň meýilnamasyna laýyklykda, oňa gatnaşyjylar ady agzalan kompaniýalaryň myhmany bolup, olaryň alyp barýan işleri bilen tanyşdylar. Ýurdumyza wekilçilik edýän mugallymlar we talyplar önümçilik tejribeliginiň üsti bilen programmalaşdyrma serişdelerini, telekommunikasiýa torlaryny we sanly geçiriş ulgamlaryny gurnamagyň ýörelgeleri, hyzmatlary hödürlemegiň aýratynlyklary, bu babatda ulanylýan tehnologiýalar, kompýuter programmalary babatdaky bilimlerini baýlaşdyrýarlar.

Jahan içre mertebeli

Mukaddes Garaşsyzlyk asyrlaryň dowamynda berkarar döwletli bolmak barada arzuw edip gelen halkymyzyň alnyndan ak Gün bolup dogdy. Bagtyýarlyk gülüp bakan halkymyz öz döwletine eýe bolup, özbaşdaklyk, erkinlik ýoly bilen ösüşleriň rowaçly ýoluna düşdi. Taryh üçin örän gysga döwrüň içinde Türkmenistan halkara bileleşiginiň deňli-derejeli, mertebeli agzalarynyň birine öwrüldi. Bu babatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi aýratyn orunda durýar. Nesip bolsa, geljek ýylda Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen bu hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 30 ýyllygy halkara derejesinde giňden baýram ediler. Bu şanly senä bagyşlanyp geçiriljek tutumly çäreler, dabaralar ata Watanymyzyň dünýäde parahatçylygy berkitmäge, döwletleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we ony has-da giňeltmäge, hoşniýetli goňşuçylyga, özara düşünişmäge ygrarlydygynyň ýene bir ýola aýdyň ýüze çykmasy bolar.

Hytaýdan gelýän üstaşyr otlusy Türkmenistanyň üstünden Eýrana geçer

Eýranyň Hytaýdaky ilçisi Hytaýyň üstaşyr otlusynyň Gazagystanyň we Türkmenistanyň serhetlerinden geçensoň, «Inçeburun» barlag-geçiş nokadyndan Eýrana geçjekdigini aýtdy. Eýranyň Hytaýdaky ilçisi Mohsen Bahtiýar, Eýranyň ilçihanasynyň Hytaýyň harytlaryny Günbatar Aziýa we Ýewropa daşamakdaky üstaşyr mümkinçiliklerini güýçlendirmek ugrundaky tagallalarynyň dowamy hökmünde Sian şäherinden Tährana ugrandygyny aýtdy.

Türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini giňeltmegiň ýolunda

Türkmenistan üçin Özbegistan iň ýakyn goňşy, serhetdeş döwlet, strategik hyzmatdaş hem ygtybarly dostdur. Türkmen we özbek halklaryny diňe bir geografik taýdan ýakynlyk däl, eýsem, taryhy umumylyklar, köpasyrlyk ruhy-medeni däplerdir hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Gadymdan gelýän şol gadyrly gatnaşyklaryň döwletleriň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk derejesinde ösdürilmegi bu günki gün ygtybarly binýady emele getirmek bilen, uzak geljek üçin bilelikdäki anyk hereketleri kesgitlemekde daýanç nokady bolup hyzmat edýär. 15-16-njy iýulda Daşkent şäherinde «Türkmenistanda öndürilen» atly ýurdumyzyň harytlarynyň milli sergisiniň we işewürlik ugurly beýleki çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi hem 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işleriň üstünliklere beslenýändigini aýdyň görkezdi. Ozal habar berşimiz ýaly, Özbegistanyň paýtagtynda ýurdumyzda öndürilen dürli görnüşli önümleriň iki günlük sergisi, Türkmen-özbek işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Düýn bolsa bu çäreler Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň 18-nji mejlisi bilen dowam edip, onda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, mede

Halkara giňişlikde

Türkmen wekiliýeti WIPO-nyň mejlisinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ženewada geçirilýän Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasyna (WIPO) agza ýurtlaryň Assambleýasynyň 65-nji mejlisine gatnaşýar. Şu gün öz işini tamamlaýan çäräniň çäginde WIPO-nyň düzüm birlikleriniň, ýörite komitetleriniň, sebitleýin toparlarynyň nobatdaky we adatdan daşary mejlisleri geçirilýär. Köptaraplaýyn mejlisleriň dowamynda intellektual eýeçilik, awtorlyk hukugy we garyşyk hukuklary goramak, innowasion tehnologiýalary, emeli aňy höweslendirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Mejlis bilen utgaşyklykda Ýewraziýa Patent Guramasynyň (EAPO) 30 ýyllygyny bellemek boýunça çäreler hem guraldy. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan ilkinji bolup EAPO-nyň Konwensiýasyna goşuldy we häzirki wagtda guramanyň Administratiw geňeşinde başlyklyk edýär.

Şöhratly taryhymyza sarpa

Ajaýyp döwrümizde gadymy türkmen topragynyň şöhratly taryhy, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen taryhy-medeni ýadygärlikleri çuňňur öwrenilip, halkymyzyň umumadamzat ösüşine goşan goşandy dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Şunda Beýik Ýüpek ýolunyň Zerewşan — Garagum geçelgesiniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmeginiň uly ylmy we taryhy ähmiýeti bardyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda taryhy ýadygärliklerimizi aýawly saklamak we dünýä ýaýmak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen ulgamlaýyn esasda alyp barýan netijeli hyzmatdaşlygy uly ähmiýete eýedir. 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde ÝUNESKO-nyň garamagyna hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi» atly köptaraplaýyn hödürnamasy kabul edildi. Degişli hödürnama esasynda ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleriniň 6-sy, ýagny Lebap welaýatyndaky gadymy Amul galasy we Mary welaýatyndaky Mansaf galasy, Könegala, Akjagala we Gyzyljagala kerwensaraýlary hem-de orta asyr Kuşmeýhan duralgasy bu halkara düzümiň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Munuň özi sebitiň ekoulgamyny goramakda, medeni gatnaşykl

Hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy

Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň işleriniň ýokary hilini görkezýär Golaýda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezine hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi. Munuň özi merkezde geçirilýän barlaghana-synag işleriniň «Hil menejmentiniň ulgamy» diýen ugur boýunça TDS ISO 9001 standartynyň bellenen talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar. Ýeri gelende, Arkadag şäheriniň bir ýyllygynyň bellenilen gününde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasyna hem Türkmenistanyň sertifikatlaşdyryş ulgamy tarapyndan şeýle güwänamanyň berlendigini nygtamak ýakymlydyr.

Daşkentde — türkmenistanyň milli sergisi

Düýn Daşkent şäherinde ýurdumyzda öndürilen dürli görnüşli önümleriň iki günlük sergisi öz işine başlady. «Türkmenistanda öndürilen» atly milli sergä ugurdaş ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, hususyýetçiler öz diwarlyklary bilen gatnaşýarlar. Mälim bolşy ýaly, 28-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 18-nji mejlisine, Türkmen-özbek işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisine gowy taýýarlyk görmek, şeýle hem ýurdumyzyň harytlarynyň milli sergisini guramaçylykly geçirmek babatda alnyp barylýan işlere üns çekilip, bu çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek tabşyryldy. Daşkentdäki ýurdumyzyň milli sergisiniň açylyş dabarasynda bellenilişi ýaly, ýokary derejedäki duşuşyklarda we gepleşiklerde kabul edilýän çözgütlere, gazanylýan ylalaşyklara laýyklykda, Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň, şol sanda sebitiň ýurtlarynyň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklar ösüşiň täze derejesine çykýar. Şunda Özbegistan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň barha ilerledilýändigi, nobatdaky gözden geçirilişiň hem işewürlik ugurly türkmen-özbek gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny äşgär edýändigi aýratyn nygtaldy.

Türkmenistan Gazagystanda geçiriljek söwda forumyna gatnaşar

19-20-nji iýulda Türkmenistanyň wekiliýeti Gazagystanyň Aktau şäherinde geçiriljek Demirgazyk — Günorta ulag söwda-eksport forumyna gatnaşar. Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary Serik Žumangarin tarapyndan ýolbaşçylyk ediljek foruma Türkmenistan bilen bir hatarda, Azerbaýjan, Ermenistan, Owganystan, Belarus Respublikasy, Hindistan, Eýran, Oman, Pakistan, Russiýa, Siriýa we BAE ýaly döwletlerden hem wekiliýetleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Golaýda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Kataryň Söwda-senagat edarasynyň baş direktory Aly Said Bu Şarbak Al-Mansuri bilen duşuşdy. Taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini, şeýle-de azyk senagaty, oba hojalygy we gurluşyk ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Aşgabatda «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi geçiriler

19 — 22-nji awgust aralygynda Aşgabatda «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi geçiriler. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we «Turkmen Expo» hususy kärhanasy tarapyndan guraljak bu giň gerimli forum Türkmenistanda, Merkezi Aziýada we GDA ýurtlarynda ýokary hilli önümleri öndürýän we satyn alýan hünärmenleri bir ýere jemlär. Sergä ýerli kompaniýalaryň 150-den, halkara kompaniýalaryň 200-den gowragynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Sergi täze doglan çagalar üçin niýetlenen önümleri, okuw esbaplary, oýnawaçlary, çagalar modasyny, bilim tehnologiýalaryny hem-de 30-dan gowrak ýöriteleşdirilen bölümi öz içine alar.