"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly: rowaçlyklaryň täze sepgitlerine tarap

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen taryhyň gatyna altyn harplar bilen ýazylan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly ösüş-özgerişlere, şanly günlere beslenip geçdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde täze — 2021-nji ýyl şatlyk-şowhun, agzybirlik, joşgun bilen ýokary derejede garşy alyndy. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza Täze ýyl Gutlagyndaky: «Täze ýylymyz il-ýurt bähbitli uly üstünlikleriň, parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň ýyly bolar. Biz ata Watanymyza belent buýsanjymyz, geljege berk ynamymyz, aýdyň maksatlarymyz bilen has uly sepgitlere ýeteris» diýen ajaýyp sözleri kalbymyzy joşduryp, täze üstünliklere ruhlandyrdy. Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde häzirki wagtda dost-doganlygyň, ylalaşdyryjylygyň, ynanyşmagyň, ygtybarlylygyň, ysnyşykly hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde giňden tanalýar. Ýurdumyzda uly dabara bilen garşy alnan 2021-nji ýyl «Türkmenistan–— parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi. Bu şygary mähriban halkymyz uly buýsanç we guwanç bilen kabul etdi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň pugtalandyrylmagynda hem möhüm ähmiýeti bolan bu şygar häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde. Döwletimiziň giň halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary

Beýik baýramçylygyň şanyna

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda mähriban halkymyzyň täze taryhynyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazylýan ajaýyp sene — ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bellenilip geçiler. Şu mynasybetli eziz Diýarymyzda häzirden giň gerimli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Beýik baýramçylygyň hormatyna Watanymyzda dünýä ýaň saljak çäreler hem-de dabaralar geçiriler. Bular barada Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen şu ýyldaky ilkinji mejlisinde hem aýratyn durlup geçildi. Mejlisiň barşynda, hususan-da, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda belleniljek milli baýramçylyklara we şanly senelere bagyşlanan medeni çäreleri taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berildi.

Gatnaşyklar berkidilýär

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen dürli ugurlarda gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýän döwletleriň hem-de abraýly halkara guramalaryň sany barha artýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasaty, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler bilen şertlendirilendir. Ine, geçen anna güni hem Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Türkmenistandaky wekili bilen iş duşuşygy geçirildi. Onda Türkmenistan bilen ÝÖTB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy, şol sanda netijeli gatnaşyklaryň oňyn tejribesi toplanylan karz bermek we maýa goýum ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Röwşen geljege sary

Parahatçylygyň, agzybirligiň, bagtyýarlygyň we ruhubelentligiň mekany bolan Türkmenistanyň bagtyýar halky Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe uly ynam, egsilmez hyjuw, bimöçber joşgun bilen mukaddes arzuwlaryň wysal bolýandygyna guwanyp ýaşaýar we her bir ýyly uly üstünlikler bilen jemleýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň döredýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, eziz halkymyz uly joşgun bilen döredýär, gurýar, her bir güni, ýyly, guwandyryjy zähmet ýeňişlerine, rowaçlyklara, belent sepgitlere besleýär. Bu günki gün türkmen jemgyýetiniň we türkmen döwletiniň agzybirlik hem-de parahatçylyk arkaly öňe çykaran iňňän kämil döwlet syýasaty, ylmy-filosofik jähetden taraşlanan we esaslandyrylan aýdyň hem röwşen ýörelgesi çuňňur many-mazmun bilen baýlaşýar. Halkymyz watançylyk we ynsanperwerlik duýgusyna belent sarpa goýýar. Halkyň nesilden-nesle geçirip, baýlaşdyryp, rowaçlandyryp gelen sözleriniň hatarynda parahatçylyk we ynanyşmak sözleriniň mynasyp orny bar. Sebäbi, bu sözlere adamyň bir-birini tanamagynyň, hyzmatdaşlygy ýola goýmagynyň, düşünişmeginiň açary hökmünde garamak bolar.

Maslahat geçirildi

Geçen hepdäniň şenbe güni TDP-niň welaýat komitetiniň, welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde guramagynda «Mary» myhmanhanasynda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, TDP-niň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň jogapkär işgärleri, welaýat medeniýet müdirliginiň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Kakageldi Gurbanow, welaýat medeniýet müdirliginiň başlygy Öwez Gylyjow, TDP-niň Mary şäher komitetiniň başlygy Hekimberdi Orazberdiýew, welaýat medeniýet müdirliginiň hünärmeni Gözel Begliýewa, TDP-niň Türkmengala etrap komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Muhammetnazar Täşliýew, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Töre Nobatow, «Maru — şahu jahan» welaýat gazetiniň uly habarçysy Aýparça Akymowa çykyş etdiler.

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Döwlet maksatnamasynyň amala aşyrylmagyny üpjün etmäge borçly edildi.

Täzelikler

Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Lebapetönümleri» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň zähmet adamlary täze ýylyň ilkinji günlerini zähmet üstünliklerine besleýärler. Olar welaýatymyzyň ilatynyň saçaklarynda et we et önümleriniň bolçulygyny döretmäge uly goşant goşýarlar. Geçen ýylda bu ýerde 60 tonna 580 kilogram et we et önümleri öndürildi. Jemgyýetiň baş hasapçysy Atajan Jumabaýew şu ýyl bu görkezijiniň 100 tonna ýetirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýdýar. Şu günlerde ilatyň saçagyna şöhlat önümleriniň 18 görnüşi ýetirilýär. Ýarym kakadylan birinji derejeli «Daşrabat», «Hazar», «Aşgabat», «Köýtendag» ýaly şöhlat önümleriniň gaýnadylan görnüşleri, guş etinden taýýarlanylan «Saýatly» şöhlaty, «Sähra» ýaly büzmeçler ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Talap edilýän kadalara laýyklykda taýýarlanylýan önümleriň hili alyjylaryň göwünlerine ýaraýar. Welaýat boýunça döwlet we hususy eýeçiligindäki söwda dükanlarynda ýerleşdirilen paýdarlar jemgyýetiniň sowadyjylarynyň 280-si önümleri alyjylara terligine ýetirmek üçin ulanylýar.

Buýsandyryjy taryhy wakalar

Halkymyzda jemgyýetçilik ösüşiniň müňlerçe ýyllyk tejribesinden binýat bolan nusgalyk döwletlilik ýörelgesi — ajaýyp bir däp bar. Bu däp maşgala dessurlarynda hem berk saklanýar. Ata-ene täze doglan perzendine eý görýän adyny dakanda, onuň şol ada mynasyp bolmagyny isleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýylyny mynasyp atlandyrmak indi asylly däbe öwrüldi.

Şanly ýyl şöhrat getirýär

Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty, ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan dost-doganlyk gatnaşyklary esasynda sanlyja ýylyň içinde sebitde, tutuş dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň, ösüşiň mekanyna öwrüldi. Şonuň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara derejesindäki hormaty barha artýar, at-abraýy, şöhraty arşa göterilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň öňe süren, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda ähli agza döwletler tarapyndan goldanan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan edilmegi halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Bu şygar türkmen halkymyzyň hoşniýetlilik, dost-doganlyk, bir-birege hemaýat etmek, arkalaşmak, parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak ýörelgelerini ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen açyp görkezýär. Ýurdumyz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, Ýer ýüzünde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde möhüm orny eýeleýär. Täze ýylyň ajaýyp şygary bu maksatlaryň, asylly işleriň belent beýanydyr.