"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen general-maýor Durdyýew Şadurdy Amanmuhammedowiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy — Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy wezipesinden boşadyldy. * * *

Bagtyýarlygyň goşa ganaty

Ynam — uly güýç. Ynam — söýgi hem-de ganatdyr. Ynsan gatnaşyklary-da birek-birege bolan ynamdan başlanýar. Ynamyň ýok ýerinde gatnaşyk hem, ösüş hem ýok. Iki adamyň özara ynamyndan dostluk döreýär. Dost bolsa seniň ikinji özüňdir. Bir zähmet toparynda işleýän adamlaryň birek-birege bolan ynamynyň hemişe üstünlige we öňegidişlige getirýändigi hakykat. Halkymyzyň şöhratly taryhyndan hem göz ýetirişimiz ýaly, ynam gatnaşyklaryň sazlaşykly dowam etmeginde ilkinji zerurlyk hökmünde ýüze çykýar. Bu halklaryň, milletleriň, döwletleriň mysalynda hem şeýledir. Özara ynanyşmak arkaly ýola goýulýan sazlaşykly hyzmatdaşlyk gatnaşyklary oňyn netijeleri bilen öz-özünden dowam edýär gidiberýär. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän parahatçylyksöýüjilikli içeri we daşary syýasatynyň özeni hem halk bilen Watanyň jebisligini pugtalandyrmaklyga, güneşli Diýarymyzda bagtyýarlygy, ynamdarlygy we abadançylygy üpjün etmegiň bähbidine gönükdirilýär.

Ýaş nesil — ýurduň geljegi

Ýaşlaryň halkymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda döredilen milli ruhy gymmatlyklaryň, ynsanperwer ýörelgeleriň esasynda terbiýelenmegi, Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan üstünliklerine buýsanýan, il-güne wepaly, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde ýurdumyzda ýaş raýatlar aýratyn alada bilen gurşalyp alynýar. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda ýaşlaryň durmuş üpjünçiligini kepillendirýän milli kanunçylyk ulgamy döredildi. Şoňa laýyklykda, ýaş maşgalalary goldamak, ýaşlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň döwrebap bilim almagy, dynç alşy üçin ähli zerur şertler döredildi. 2013-nji ýylda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi hem-de soňky ýyllarda ýaşlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalaryň yzygiderli amala aşyrylmagy bu ugurda durmuşa geçirilen möhüm ädimlerdir. «Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýaş türkmenistanlylaryň döwletiň we jemgyýetiň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan döwrebap özgertmelere hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm wakalaryna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekde, şeýle hem olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesin

Ösüşleriň röwşen şuglasy

Güneşli Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň geçen ýyllary ýurdumyzda möhüm ähmiýetli syýasy, ykdysady, medeni wakalar bilen şöhratlandy. Garaşsyzlyk merdana halkymyza ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet gurmak baradaky arzuwlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik döretdi. Şu döwürde demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň berk binýady tutuldy. Halkymyzyň aňynda, medeni hem-de ruhy durmuşynda uly öňegidişlikler gazanylyp, täze jemgyýetçilik gatnaşyklary kemala geldi. Ýurt garaşsyzlygymyz halkymyzyň öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklaryny, nesilden-nesle geçip gelýän beýik ynsanperwerlik däplerini gaýtaryp berdi.

Gün tertibinde — sanly ulgam

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň, medeni-durmuş ulgamynyň islendik ugruny alsaň hem, soňky ýyllarda uly ösüşleriň bolup geçendigini görmek bolýar. Geçen döwürde amala aşyrylan işleri seljereniňde bolsa, ösüşleriň her tapgyrynyň şol wagtyň talaplaryna laýyk gelýändiginiň şaýady bolýarsyň. Olaryň täze tapgyry bolsa ähli ugurlaryň sanly ulgama geçmegi bilen baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz degişli ministrlikleriň, pudaklaryň we edaralaryň ýolbaşçylarynyň öňünde sanly ykdysadyýete geçmek wezipesini goýdy. Sebäbi bu diňe bir döwrüň talaby bolmak bilen çäklenmän, häzirkizaman dünýäsine giň ýol açýandygy bilen hem ähmiýetlidir. Şonuň üçin hem diňe ykdysady pudaklary däl-de, döwlet we ýerli edaralaryň hyzmatlaryny, saglygy goraýyş, bilim ulgamlaryny hem elektron görnüşe geçirmek boýunça maksada laýyk işler alnyp barylýar. Biz hem partiýanyň ilkinji guramalarynda şu mesele boýunça öňde goýlan wezipeleri düşündirmek işlerini alyp barýarys. Eýýäm «Sanly ykdysadyýet — kämil hyzmatlar», «Sanly ulgam kämilleşýär», «Sanly ykdysadyýet durmuşa ornaşdyrylýar» ýaly mowzuklarda maslahatlaryň, söhbetdeşlikleriň giň toplumyny geçirdik. Olarda «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Maksatnamasynda» görkezilen wezipeler, olaryň durmuşa geçirilmeginiň ýurdumyzyň umumy ösüşi üçin ähmiýeti barada giňişleýin gürrüňler edildi.

Üns beriň, bäsleşik!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de üstümizdäki ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli welaýat «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasynyň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda «Garaşsyzlyk — ösüşleriň ganaty, parahatçylyk we ynanyşmak — Arkadagyň ýörelgesi» ady bilen döredijilik bäsleşigi yglan edilýär. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz öz ösüşiniň rowaçlyklara beslenýän täze döwrüne ynam bilen gadam basdy. Eziz Diýarymyzda sanlyja ýylyň içinde asyrlara barabar düýpli özgerişlikler bolup geçdi. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak we dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna deňleşdirmek, jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmak, medeni-durmuş çygrynda düýpli özgerişlikleri amala aşyrmak, esasan bolsa, ilatyň ýaşaýşyny ozal görlüp-eşidilmedik ýokary derejelere ýetirmek ugrundaky işleriň gerimi barha giňelýär. Ýurduň-halkyň jana-jan bähbitlerine gönükdirilen möhüm meselelerde belent sepgitlere abraý bilen ýetilýär. Şunuň ýaly guwandyryjy ilerlemeler Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz özbaşdaklyk, erkinlik ýörelgelerine daýanyp, ata Watanymyzy gülläp ösýän, ýaşamak, döretmek üçin örän amatly ýurda öwürdi. Guwandyryjy we buýsandyryjy özgerişlikler gadymy Lebap topragyny hem giňden gurşap aldy. T

Joşa gelmişem

Giçki kämillikde ganatym ýaýyp, Gojalykdan juwan ýaşa gelmişem.Özümi däl, ata Watany söýüp, Allaň ýalkawyndan joşa gelmişem. Dogaýy sözlere mährimi garyp,Şygyrlar doglanda kalbymy ýaryp,Türkmeniň hudawy ruhuna girip,Allaň ýalkawyndan joşa gelmişem.

Watan mukaddesligi

Goja zeminiň üstünde Türkmenistan atly ajaýyp Watanlydygymyz biziň bagt atly üleşikden uly paýlydygymyzyň nyşanydyr. Watan! Bu mukaddes söz bilen baglanyşykly süýji gürrüňleri näçe diýseň etse bolar. Sebäbi Watan mukaddesliginiň çäkleri wagt taýdan alanyňda-da, perzentlik borjy taýdan kesgitläniňde-de gözýetmez uzaklyklara sary dowam edýär. Biz Watanymyzyň mundan müňläp ýyl öňki geçen ýolunyň gürrüňini edenimizde-de kalbymyzda nähilidir bir süýji gussa, ünji peýda bolýar. Şol mukaddes duýgy hem biziň şu Watanyň perzendidigimizi duýduryp duran hakykat. Şu giden uly giňişlikde — goja zeminiň üstünde Türkmenistan atly ajaýyp Watanlydygymyz biziň bagt atly üleşikden uly paýlydygymyzyň nyşanydyr.

Watan goragy beýgeldýär

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watan goragçylarynyň baýramçylygynyň bellenilýän gününde geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisi Milli goşunymyzyň şahsy düzüminiň baýramçylyk ruhuny göterip, baýramçylygy çuň mazmun bilen baýlaşdyrdy. Has anygy, bu mejlis hormatly Prezidentimiziň: «Watan goragçysy hiç zatda kemçilik çekmeli däldir, onuň azygy bol, egin-eşigi ýyly, tehnikasy — ýaragy gurat bolmalydyr» diýen taryhy sözleriniň durmuşa geçirilişiniň nobatdaky dabaralanmasy boldy. Mejlisde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine, jemgyýetimizde tertip-düzgüni berkitmek, degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly wezipelere we bu ugra degişli beýleki birnäçe wajyp meselelere garalyp, Garaşsyz döwletimizde mundan beýläk-de howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek boýunça işleri kämilleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Garaşsyzlygy goramak — mukaddes borjumyz

Bu ýyl döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy uludan baýram edilýär. Mukaddes Garaşsyzlygyň saýasynda geçen bu döwürde hormatly Prezidentimiziň: «Garaşsyzlyk döretmäge — kuwwat, gurmaga — güýç, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga — egsilmez ylham berýär» diýen sözlerinden ruhlanyp, döwletimiziň her bir pudagynda uly üstünlikler gazanyldy we belent sepgitlere ýetildi. Hormatly Prezidentimiziň 2007-nji ýylda çapdan çykan «Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr» atly kitabynda: «Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýetilen sepgitler biziň halkymyzyň ägirt uly döredijilik güýjüniň bardygyny subut etdi» diýip buýsanç bilen belleýşi ýaly, gazanylan bu ösüşlerde her bir türkmenistanlynyň mynasyp zähmeti, uly hyzmaty bardyr. Hawa, Garaşsyzlyk her bir ynsanda watançylyk duýgusyny ösdürýän mukaddes güýje eýe bolan sözdür. Bu söz ata-babalarymyzdan miras galan Türkmenistan Watanymyzyň bagtyýar şu gününe we nurana geljegine ynamly bakmaga mümkinçilik berýär. Garaşsyzlygyň egsilmez güýjünden, ähli ulgamlar babatda öňegidişlikler gazanyldy. Çünki biziň ösüşlerimiziň gözbaşy-da, çeşmesi-de Garaşsyzlykdan başlanýar. Halkymyzyň abadan, parahat, eşretli durmuşda ýaşaýanlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň miwesidir. Milli Liderimiziň alyp barýan hoşniýetli daşary we içeri syýasaty netijesinde bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan

«Garaşsyzlyk we milli miras»

Şeýle at bilen ýakynda «Ylym» neşirýaty Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Öwezmuhammet Mämmetnurowyň täze kitabyny çapdan çykardy. Awtoryň ýurdumyzyň gazet-žurnallarynda dürli ýyllarda çap edilen makalalar ýygyndysyny öz içine alýan «Türkmenistan milli mirasyň ösüş ýolunda» atly birinji bölüminde Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda milli mirasymyzy ösdürmekde gazanylan üstünlikler, Beýik Ýüpek ýoly bilen baglanyşykly kerwensaraýlar, gadymy şäherler, ýadygärlikler, şol ýerlerden tapylan tapyndylar barada täsirli maglumatlar berilýär. Kitapda Arkadag Prezidentimiziň ýurdumyzda döwrebap muzeýleri gurduryp, milli mirasymyzy baýlaşdyryp, olary dünýä çykaranlygynyň aýdyň hakykaty öz beýanyny tapýar. Muny kitabyň «Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň muzeýleri» atly ikinji bölümi aýdyň açyp görkezýär.

Belent binalara buýsanç

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherimiziň ak mermerli binalary bilen merjen şähere öwrülýändigini, köp binalarynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girendigini aýratyn bellemek gerek. Elbetde, her bir özgerişiň aňyrsynda paýhas, yhlas, zähmet bardyr. Ine, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda şeýle özgertmeleriň durmuşda anyk beýanyny görýäris. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklap, raýatlarymyzyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaklary üçin döredilýän oňaýly şertler, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere hemişe aýratyn üns berýär.

Şanly toýa mynasyp sowgat

Türkmen aga toý toýlasa, toýunyň döwresini uludan tutup, onuň deňli-derejeli toýlanmagyny gazanýar. Halkymyzyň gadymdan gelýän bu asylly ýörelgesi häzirki wagtda mynasyp dowam etdirilýär. Biz muňa ýurdumyzda döwlet derejesinde bellenilýän baýramçylyklaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenilmegi, şeýle hem täze binagärlik açyşlary bilen dabaralandyrylmagy munuň subutnamasydyr. Bu durmuş hakykatymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna görülýän giň gerimli taýýarlyk işleri hem aýan edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtap belleýşi ýaly, “Garaşsyzlyk Berkarar döwletimiziň synmaz binýady, bagtyýar durmuşymyzyň mizemez esasydyr!”.

Parahatçylyk — mukaddes ýörelge

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýäde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň orny barha pugtalanýar, abraý-mertebesi beýgelýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer, parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty dünýä jemgyýetçiliginde uly hormata eýedir, çünki oýlanyşykly alnyp barylýan döwlet syýasaty parahatçylygy pugtalandyrmaga, halklaryň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap alyp barýan döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäde iň bagtly adamlaryň ýaşaýan mekanyna öwrüldi.

Ýyllar gelýär arzuwlara beslenip

Watanymyzda bagtly günler toýdur-baýramlara beslenip, adamlaryň gursagyna şatlyk bolup dolýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler Watanymyzyň her bir raýatyny begendirýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek we halklar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak babatda alyp barýan döwletli işleri rowaçlyklara beslenýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda halkara gatnaşyklary bilen bagly alnyp barylýan işlerde dostlukly gatnaşyklar möhüm ähmiýete eýedir. Biziň durmuşymyzda esasy şygarlaryň birine öwrülen «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymaty diňe halkymyzyň däl, eýsem umumadamzat bähbitlerini öz içine alýar. Hut şeýle bolansoň, hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän teklipleri dünýäniň abraýly guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy we bu guramanyň agzalary tarapyndan goldaw tapýar.

Arkadagymyzyň saýasynda Garaşsyzlygymyzyň miweleri

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň nyşany astynda geçýän baýramçylyk ýylynyň ilkinji günleri möhüm wakalara beslenýär. OYR-nyň Akina – Andhoý beketleriniň arasynda uzynlygy 30 kilometre barabar bolan demir ýoluň, Kerki – Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt, uzynlygy 153 kilometre barabar bolan elektrik geçiriji ulgamynyň, Ymamnazar – Akina we Serhetabat – Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň hem-de «Malaý» ýatagynda täze gaz gysyjy bekediň ulanylmaga berilmegini mysal getirmek bolar. Bu Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň giň möçberli taslamalarynyň başyny başlaýan we yzygiderli durmuşa geçirýän mähriban Arkadagymyzyň döredijilik syýasatynyň ajaýyp miwesidir. Örän gysga möhletde amala aşyrylan taslamalar goňşy ýurtlar bilen öňden gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerini pugtalandyrmaga, hyzmatdaş ýurtlaryň hem-de tutuş sebitiň ykdysady taýdan durnukly ösmegine ýardam eder. Hazardaky iri «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça täze giň gerimli taslama hem şuňa gönükdirilendir. Bu taslama ýakyn geljekde azerbaýjanly hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyrylar. Şeýlelikde, biz Arkadag Prezidentimiziň ägirt uly meýilnamalarynyň, hakykatdan-da, durmuşa geçirilýändiginiň şaýady bolýarys. Milli Liderimiziň baştutanlygynda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 14-nji ýanwarda Lebap welaýatyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi.

Türkmenistanyň sport abraýy barha artýar

Agyr atletikaçy türgenimiz Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda gazanan görkezijileri bellärliklidir. Ozal türgen gyzymyz itekläp götermekde kümüş medalyň we silterläp götermekde bürünç medalyň eýesi bolupdy. Ýaňy-ýakynda 2018-nji ýylyň dünýä çempionatynyň netijelerine gaýtadan seretmegiň hem-de dopinge garşy toparyň talaplaryna laýyklykda, medallary gaýtadan paýlamagyň esasynda türgen gyzymyza altyn medalyň gowşurylýandygy barada hoş habar gelip gowuşdy. Mundan başga-da, türgenimiz itekläp götermekde 104 kilogram agram bilen we jemi 179 kilogram agram bilen ýaşlaryň arasynda dünýä rekordyny täzeledi. Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysynyň Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda bellenilişi ýaly, türkmen türgeniniň mynasyp bolan sylagy oňa şu ýyl geçiriljek agyr atletika boýunça halkara ýaryşyň barşynda gowşurylar. Şu hatda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzda sportuň agyr atletika görnüşini hem-de, umuman, sporty ösdürmäge, Olimpiýa hereketini wagyz etmäge goşýan goşandy barada aýdylýar.

Parahatçylyk — bagtyň binýady

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2021-nji ýylyň şygarynyň şanyna bagyşlanyp geçirilen maslahat «Türkmenistan — hoşniýetliligiň, asudalygyň, ygrarlylygyň ýurdy» diýlip atlandyryldy. Maslahata Mejlisiň deputatlary, syýasy synçylar, döredijilik işgärleri hem-de ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň dowamynda döreden baý hem-de köpöwüşginli milli mirasyny toplamak, öwrenmek hem-de wagyz etmek boýunça uly işler alnyp barylýar.

Merdanalyk ýörelgesiniň dabaralanmagy

Welaýatymyzda Watan goragçylarynyň güni giňden bellenilip geçildi Watan goragçylarynyň güni mynasybetli, welaýatymyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan baýramçylyk dabaralary geçirildi. Dabaralaryň dowamynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bu düzümleriň işiniň döwrebap derejesini üpjün etmekde durmuşa geçirilýän wezipeler, harby gullukçylaryň iş, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda edilýän tagallalar hakynda buýsançly hem täsirli söhbetler edildi.