"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Harby özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, Watan goragçylarynyň durmuşy, gulluk etmegi üçin ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz Harby doktrinadan gelip çykýan bu wezipeleriň üstünlikli çözülmegini hemişe üns merkezinde saklaýar. 1-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň barşy bilen tanyşdy.

Rowaç menzilleriň gözbaşy

«Parahatçylyk» ynsan kalbyna iň ýakyn sözleriň biri. Şonuň üçin parahatçylyk, asudalyk hakynda gürrüň etmegem ýakymly. Aýratyn-da, kalbymyza mähir çaýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyzda bular dogrusynda söz açsaň has-da ruhlanýarsyň. Şu ýerde ilki bilen bir zada ünsi çekmek isleýäris. Eziz Watanymyzyň parahatçylykda gülläp ösmegi, düýpli özgertmeler netijesinde şäherdir oba-kentlerimiziň keşbiniň has-da gözelleşmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy, ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň dünýä dolmagy — bularyň bary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik işleri bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Ösüşli menzilleriň gözbaşy hakynda oýlanýarsyň. Elbetde, ynsan bagtly durmuşyň gujagynda döwran sürende, onuň bütin dünýäsini gözellikler gurşap alýar. Parahat durmuşda ähli zat ajaýyp, birek-birege bolan mähribanlyk has-da artýar. Ine, şundan çen tutsaň, ynsan dünýäsi parahat durmuşa, gözellige, mähre teşne. Hut şonuň üçin-de, her bir adam ýaşaýan öýüni, ýurduny ajaýyplyklar bilen bezemäge, berkarar etmäge çalyşýar. Şeýle durmuşy gurmak üçin ilkinji nobatda özygtyýarlylyk zerur. Muňa eziz Watanymyzyň ýurt Garaşsyzlygyny gazanmagy bilen geçen 30 ýylyň dowamynda ýeten belent sepgitlerine nazar aýlanymyzda has aýdyň göz ýetirýäris.

Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylyşy bilen tanyşdy

AŞGABAT, 1-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň barşy bilen tanyşdy. Wakanyň bolan ýerinde milli Liderimizi Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary garşyladylar.

Bagtyýar zenanlar — Watan buýsanjy

Welaýat häkimliginde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň we jemgiýetçilik guramalaryň jogapkär wekilleri, iri edara-kärhanalaryň ilkinji zenanlar guramalarynyň başlyklary, talyp ýaşlar we kümüş saçly eneler gatnaşdylar. Maslahatda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen zenanlar barada döwlet derejesinde edilýän aladalar, ýurdumyzda hemmetaraplaýyn gazanylýan ösüşlere gelin-gyzlaryň goşýan saldamly goşandy dogrusynda giňişleýin söhbet edilip, geçen ýylyň dowamynda zenanlar birleşiginiň welaýat, etrap-şäher bölümleri tarapyndan alnyp barlan işleriň netijesi seljerildi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde goýýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatda edilen çykyşlarda ýaş maşgalalary goldamak üçin döwlet tarapyndan döredilýän oňyn şertler we amatly mümkinçilikler dogrusynda hem giňden durlup geçildi. Halkymyzyň maşgala ojagynyň mukaddesligini goramak, onuň abadançylygyny gazanmak babatda nesilden-nesle geçip gelýän ajaýyp däp-dessurlarymyzyň, baý medeni mirasymyzyň häzirki döwürde wagyz-nesihat edilişi dogrusynda döwrüň öňde goýýan wajyp wezipelerine üns ç

Yhlasly zähmete ruhlandyryş

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetinde üstümizdäki ýylda ýaýbaňlandyrylýan giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilişine bagyşlanan maslahat geçirildi. Oňa partiýanyň etrap we şäher komitetleriniň ýolbaşçylary, işjeň agzalary, öňdebaryjy kärendeçiler bilen birlikde Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary hem gatnaşdylar. Maslahatda milli Liderimiziň başlangyjy bilen welaýatymyzda durmuşa geçirilýän hem-de Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşine we obasenagat toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilýän maksatnamalaryň, wezipeleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabatlar diňlenildi. Hasabatlarda ýurdumyzda oba hojalyk önümçiligini bazar gatnaşyklaryna geçirmek, ýeriň hakyky eýelerini tapmak, daýhanlar üçin amatly iş şertlerini döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijelerine giňişleýin seljerme berildi. Partiýanyň agzalary ýyl-ýyldan gerimi giňeldilýän bu işleriň oba hojalyk toplumyny ylmy esasda düýpli özgertmäge giň şertleri döredýändigini uly buýsanç bilen bellediler. Olar hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wajyp wezipelerinden we tabşyryklaryndan ugur alnyp oba hojalyk işgärlerini we daýhanlary höweslendirmek, olaryň çekýän zähmetiniň netijeliligini gazanmak ugrunda alnyp barylýan işleriň ilatyň eşretli, bolelin ýaşaýşyny we azyk bolçulygyny üpjün etmekde möhüm orna eýedigini nygtadylar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna resmi taýdan badalga berildi

29-njy ýanwarda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen dabara daşary ýurtly diplomatlar, ýurdumyzda işleýän abraýly halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hem-de Mejlisiň deputatlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi

AŞGABAT, 30-njy ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň iň iri ýöriteleşdirilen edarasy bilen hyzmatdaşlyga degişli giň gerimli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Esasy meseleleriň hatarynda “Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi” ulgamlaýyn nominasiýasy boýunça milli ýadygärlikleriň birnäçesini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmegi teklip etmek baradaky mesele boldy.

«Pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak me­de­ni­ýe­ti­ni ber­kit­mek umu­my wezipämizdir»

diýip, wekilçilikli maslahata gatnaşyjylar biragyzdan nygtadylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:— «Parahatçylyk we ynanyşmak» şygary biziň ozal yglan eden «Ösüş arkaly parahatçylyk» şygarymyzyň pikir dowamy diýilse, has dogry bolar. Çünki ynam gowşak bolsa, gatnaşyklaryň doly mazmunda dowam etmejekdigi düşnükli. Biziň Bitaraplygymyz ynama esaslanýan dostluga, dostluk arkaly ösüşe, ösüş arkaly parahatçylyga ýol açýar.

Gurluşykçy telekeçileriň hoşallygy

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň edara binasynda «Arkadagly ýurduň gurluşykçy telekeçileri» ady bilen hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol hormatly Prezidentimiziň ýakynda paýtagtymyza amala aşyran iş saparlaryna bagyşlandy. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşlygynyň barşynda ýurdumyzyň hususy pudagynyň öňünde birnäçe wezipeleriň durandygyny aýratyn nygtady. Hoşallyk maslahatynda çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda hususyýetçiligi ösdürmäge we yzygiderli goldamaga degişli anyk işler durmuşa geçirilýär. Şoňa görä, milli Liderimiziň ýurdumyzyň hususy pudagynyň öňünde goýýan wezipelerine mynasyp jogap edip, häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleri ýokary hilli we döwrebap derejede ýerine ýetirmek möhüm talapdyr.

Bedew bady bilen beýik ösüşlere tarap

Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerine buýsanýan türkmen halkymyzyň her bir güni şanly wakalara, zähmet ýeňişlerine beslenýär. Her bir gün Berkarar döwletimizi, bagtyýar halkymyzy täze ösüşlere atarýar. Özi-de, ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda eýelenýän sepgitleriň mysalynda biz şu buýsançly hakykata şaýat bolýarys. Gazanylan üstünlikler eziz Watanymyzyň ösüş-özgerişleriň, bagtyýar milletiň ýurdudygyna güwä geçip, has-da netijeli işlemäge ruhlandyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň düýpli ylymlara daýanýan beýik tutumlaryny özünde jemleýän giň möçberli maksatnamalary netijesinde ýurdumyzda höküm sürýän asudalyk dünýä jemgyýetçiligi bilen hoşniýetli gatnaşyklaryň has-da giňeldilmegine badalga bolýar. Türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgesini rowaçlandyrýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýöredilýän öňdengörüjilikli, hoşniýetli syýasat netijesinde dünýäniň ençeme döwletleri bilen köpugurly hem-de giň möçberli hyzmatdaşlyklaryň gerimi barha giňelýär.

Üns beriň, bäsleşik!

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi, «Mugallymlar gazeti» gazetiniň redaksiýasy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli hem-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bilim işgärleriniň makalalaryny, hekaýalaryny we goşgularyny çap etmegi nazarda tutup, «ARKADAGYŇ PAÝHASYNDAN GÜLLEÝÄR GARAŞSYZ DIÝAR, PARAHATÇYLYK, YNANYŞMAK BU GÜN DÜNÝÄDE YKRAR» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýärler. Bäsleşigiň düzgünnamasy

Ynam üstünligiň hem parahatçylygyň açary

Ynsan üçin öz doglup-dörän, önüp-ösen ýeri bolan Watany hemişe ähli zatdan gözüne yssy görünýär. Adama mahsus bu tebigylyk onuň dünýä gelip, gözüniň açyp, ilki gören zadyndan, gurşawyndan başlanýar. Megerem, il içinde «Dogduk obam, eziz mekanym, ata Watanym» diýen jümleleriň has ýörgünli bolmagy hem şonuň üçin bolsa gerek. Watana bolan söýgi ähli söýgülerden beýik. Çünki nirede bolsaňam Watanyň yssy mähri seni hemişe özüne çekip durandyr. Watanyň goýnunda hemişe özüňi bagtly duýýarsyň. Uzak ülkelere saparlara gideniňde hem Watan küýsegi ýüregiň töründedir.

Şöhrata beslenjek ýyl

2021-nji, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyny uly ruhubelentlikde garşylan ildeşlerimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň belleniljek ýylyna gadam basdylar. Täze ýylyň şygary hem ýurdumyzyň dünýäde ykrar edilen parahatçylyk syýasatyny alyp barýandygyny ýene bir ýola görkezýär. Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň esasy maksady ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, olary jemgyýete wepaly, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil şahsyýetler edip ýetişdirmek bolup durýar. “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin TMÝG-niň welaýat, şäher, etrap geňeşleri ýaş nesillerimiziň döwletiň we jemgyýetiň doly hukukly agzasy hökmünde ähli ugurlarda amala aşyrylýan işlere işjeň gatnaşmagy üçin oňaýly şertleri döretmäge, ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny, döwletiň we jemgyýetiň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklige uly üns berýärler. Şeýle-de, olarda belent ruhy-ahlak ýörelgeleriniň emele gelmegine, ösüp gelýän nesli watançylyk,

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna resmi taýdan badalga berildi

BMG-niň we halkara guramalaryň wekilleri dünýä ähmiýetli möhüm wakany mübäreklediler AŞGABAT, 29-njy ýanwar (TDH). Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

Röwşen geljege rowaç gadamlar

28-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Lebap welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, şeýle hem saglygy goraýyş we derman senagaty ministri gatnaşdylar. Iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak bilen baglanyşykly hem-de eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şu ýyl belleniljek şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy baradaky meselelere garaldy.

Şanly toýumyzyň mertebesi

Bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bütin dünýäde ösen döwletleriň hatarynda tanalýar. Ine, şeýle kuwwatly Watanymyzda şöhratly türkmen halky erkana, agzybir, abadan we parahat durmuşda ýaşaýar, döredijilikli zähmet çekýär. Bularyň ählisi ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuwlap gelen mukaddes gymmatlygymyzdan — döwlet Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýar. Bilşimiz ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny uludan toýlar. Garaşsyzlyk ýyllarynda giň gerimli özgertmeleriň we taryhy ähmiýetli maksatnamalaryň durmuşa geçirilýän ýurduna öwrülen Türkmenistan häzirki wagtda ähli ugurlarda bedew bady bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan işlerden ruhlanýan halkymyz bolsa ýokary zähmet üstünlikleri bilen bu şanly baýramçylyga taýýarlyk görýär.

Ösüşli menzilleriň şuglasy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinden Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz täze sepgitlere tarap ynamly öňe barýar. Bu ynam Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň rowaçlanýandygy bilen has-da berkeýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň umumadamzat bähbidini nazarlaýan hoşniýetli, ynsanperwer, ylalaşykly işleri bu günki gün tutuş dünýä halklaryny bir-birine ýakynlaşdyrýar hem-de halkara jemgyýetçiliginde döwletimiziň ornuny pugtalandyrýar. Ýurdumyz ykdysadyýetde, senagatda, medeni-ynsanperwer ugurlarda ýokary ösüş depginini gazandy. Bu bolsa Watanymyzyň kuwwatlanmagyny şertlendirdi hem-de dünýä döwletleri bilen giň esasda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barmaga, öz mümkinçiliklerini ýaýmaga uly şertleri döretdi. Döwletimiziň şeýle ösüş depgini halkymyzyň bagtyýar hem eşretli durmuşynyň, abadan ýaşaýşynyň gazanylmagyny üpjün etdi. Gahryman Arkadagymyzyň: «Meniň ähli aladam halkyma hyzmat etmekden ybaratdyr. Şoňa görä-de, men öz halkymyň öňündäki borjumy raýatlarymyzyň abadan we parahat durmuşyna ynamly bolmagy üçin ähli şertleri döretmekde, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny pugtalandyrmakda, mähriban Watanymyzy gülledip ösdürmekde görýärin» diýen ganatly sözleri bagtyýarlyk döwrümiziň süňňüni düzýän beýik işlerde has aýdyň görünýär.

Asudalygyň goragynda

Golaýda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine, jemgyýetimizde tertip-düzgüni berkitmek, degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly wezipelere we bu ugra degişli beýleki birnäçe wajyp meselelere garaldy. Mundan başga-da, harby düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, Garaşsyz döwletimizde mundan beýläk-de howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek boýunça olaryň alyp barýan işlerini kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Pudagara toparyň mejlisi

Golaýda Daşary işler ministrliginiň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlise gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde öňe süren başlangyçlaryndan hem-de degişli ugurda pudagara toparyň işini kämilleşdirmek babatda beren tabşyryklaryndan ugur almak bilen, adam hukuklaryny üpjün etmek hem-de halkara ynsanperwer hukugyň kadalaryny durmuşa geçirmek barada döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň ýerine ýetirmeli işleriniň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Beýik başlangyçlar rowaçlanýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp ýylynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň il-ýurt bähbitli alyp barýan giň möçberli işleriniň netijesinde ýurdumyz ähli ugurlar boýunça uly ösüşleri gazanyp, aýdyň geljege tarap ynamly öňe barýar. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda hem işleri döwrüň ösen talaplaryna laýyk guramak, maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak we sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda bu öňdebaryjy ulgam örän çalt depginler bilen ösüp, dünýäniň köp ýurtlarynda giňden ulanylýar. Bu ulgam önümçilik, bilim, saglygy goraýyş, ulag kommunikasiýa ulgamlarynda, işewür telekeçilikde hem-de beýleki dürli ugurlarda giňden peýdalanylýar. Sanly ykdysadyýet ýokary hil we amatlylyk babatynda has netijeli, köptaraplaýyn ähmiýete eýe bolup durýar. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen harytlaryň we hyzmatlaryň ählumumy bazarlar gurşawyna çykmak we olaryň dünýäniň islendik ýerindäki sarp edijiler üçin elýeterli bolmak şerti has-da ýokarlanýar. Harytlary we hyzmatlary göni aragatnaşyk ulgamynda hödürlemek mümkinçiligi artýar. Şeýle hem sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy esasy ykdysady işleriň ähli görnüşleriniň awtomatlaşdyrylmagyny we merkezleşdirilen tertipde dolandyrylmagyny üpjün edýär. Önümçilik we sarp ediş bazarlarynyň ösdürilmegine, özara maglumat alyşmagy