"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Demokratik ýörelgelere daýanyp

Türkmenistanda saýlawlaryň öňüsyrasyndaky möhüm tapgyr — Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek tamamlandy. Ýurdumyzyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, 6-njy fewralda badalga alan bu möhüm syýasy çäräniň çäklerinde welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň mejlislerinde dalaşgärler ara alnyp maslahatlaşyldy, olaryň sany çäklendirilen däldir. Mejlise gatnaşyjylaryň her biri dalaşgärlige hödürlenilýänler hakynda teklip girizmäge, ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşmaga, olary goldamaga ýa-da ret etmäge, hut özüni hem dalaşgär hökmünde hödürlemek üçin ara alyp maslahatlaşylmagyny teklip etmäge bolan hukuklaryndan kanuna laýyklykda peýdalandylar.

Milli gymmatlyklara sarpa

Öňňin paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Sport myhmanhanasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda dabara geçirildi. Mähriban halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny saklamak hem-de dünýäde giňden wagyz etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu ugurda alnyp barylýan giň möçberli özgertmeler alabaýlaryň tohumçylyk işiniň ösdürilmegini hem-de kämilleşdirilmegini nazarlaýar.

Belent ösüşleriň binýady

Hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýylyň fewral aýynyň 25-ine Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen Ruhyýet köşgünde duşuşyk geçirdi. Maslahatda milli Liderimiz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda kanunçykaryjylyk işiniň meýilnamasy bolup çykyş etjek strategik ugurlar hakynda gürrüň etdi. Gahryman Arkadagymyz çykyşynda üstümizdäki ýylda «Prezident Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan özgertmeleriň hukuk esasyny döretmek barada aýdyň wezipeleri kesgitledi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 134-nji maddasynda «Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar. Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär» diýlip bellenilýär.

Aşgabadym — göwün şadym

Ähli döwletlerde paýtagt diýlip ykrar edilen şäher şol döwletiň ýüregi hasaplanýar. Şeýle bolansoň, paýtagtyň özge şäherlerden has üýtgeşik, gözel, owadan bolmalydygy öz-özünden düşnüklidir. Eýsem, biziň gözel paýtagtymyz Aşgabat hakynda nämeleri aýdyp bolar? Köpetdagyň belent gerişleri, Garagumuň altynsow çägelikleri bilen galtaşýan Aşgabat Türkmenistanyň baş şäheridir. Ýurduň syýasy, ykdysady ösüşleri, ruhy-jemgyýetçilik durmuşy bilen bagly iň möhüm resminamalar, çözgütler şu ýerde kabul edilýär. Dostlukly ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň şu güni we ertiri bilen bagly möhüm meseleleriň çözgütleri Aşgabatda tapylýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň köpüsi, ylmy ojaklary paýtagtda ýerleşýär, Aşgabat şeýle hem ýurduň medeni paýtagtydyr. Bu ýerde teatrlar, ençeme muzeýler, döwlet medeni merkezi, onuň düzümine girýän aýdym-saz, simfoniki, hor, tans we beýleki ugurlar boýunça edaralar bar.

Arkadagyň ak şäheri Aşgabat

«Aziýanyň merjen şäheri» diýlip tanalýan gözel paýtagtymyz Gahryman Arkadagymyzyň arhitektorlyk zehininden hem paýhasyndan bina bolup, gün-günden gözelleşýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynyň netijesinde, döwletimiziň paýtagty dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Her bir döwletiň ösüş derejesini onuň paýtagtynyň keşbinde görmek bolýar. Paýtagtymyzyň gözelliklerine nazar aýlap, döwletimiziň, döwrümiziň, durmuşymyzyň, halkymyzyň keşbini synlamaga, olara baha bermäge mümkinçilik tapýarys.

Garaşsyzlyk — döwrümiziň ganaty

Merdana halkymyzyň mizemez bagty, döwrümiziň goşa ganaty baky Bitaraplygymyzyň we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şuglasy bu günki gün eziz Diýarymyza bagtyýarlyk nuruny çaýýar. Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary esasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyzda Türkmenistan öz Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýuny toýlar. Özygtyýarly ösüş ýolunda geçilen 30 ýylyň içinde ýurdumyzda asyrlara barabar işler amala aşyryldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize beren miweleri sanardan kän. Täze taryhyny, milli döwletini kemala getirmekde halkymyzyň öz ýoluny tapandygyna biziň asuda, parahat durmuşymyz, okgunly ösüşlerimiz, dünýäniň ähli ýurtlary bilen ýola goýlan dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyz şaýatlyk edýär.

Bagtymyzyň gözbaşy

Dünýäde parahatçylygy üpjün etmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Dünýä döwletleri we iri halkara guramalary Garaşsyz Türkmenistany ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi eziz Diýarymyzyň agzybirligi we parahatçylygy söýýän merdana halkynyň göwnüni galkyndyrdy. Çünki halkymyz asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan durmuş ýolunyň bütin dowamynda parahatçylyksöýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna uly sarpa goýup gelýär. Ata-babalarymyzdan miras galan ajaýyp ýol-ýörelgelere halkymyzyň döwletlilik ýörelgesi hökmünde uly hormat goýýan hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde bu ýol-ýörelgeleri döwrebaplaşdyryp, kämilleşdirip, dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde üstünlikli işleri amala aşyrýar. TDP-niň Tejen şäher komitetiniň işgärleri tarapyndan hormatly Prezidentimiziň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen 2020-nji ýylyň 16-njy dekabrynda geçiren wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygynda beren tabşyryklaryny berjaý etmek boýunça 2021-nji ýylyň dowamynda alnyp baryljak işleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Häzirki döwürde bu meýilnama esasynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuny mynasyp zähmet üstünlikle

Möhüm möwsümiň bosagasyndaky tutumly tagallalar

Geçen duşenbe güni welaýat häkimliginde hormatly Prezidentimiziň 1-nji martda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda öňde goýan wajyp wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça maslahat geçirildi. Oňa etrapdyr şäherleriň häkimleri, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibinde hormatly Prezidentimiziň şol gün irden sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda häzirki döwürde welaýatymyzda ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleri talabalaýyk guramak barada beren görkezmelerini günübirin ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. Welaýatymyzyň häkimi Şöhrat Amangeldiýew maslahaty açyp, ilki bilen welaýatda Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde amala aşyrylan işleriň netijesi, ýerlerde gowaça, ýeralma we gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk işleriniň gidişi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň guralyşy, şeýle hem Halkara zenanlar güni mynasybetli meýilleşdirilen baýramçylyk çäreleriniň ýaýbaňlandyrylyşy barada giňişleýin gürrüň etdi.

Täzelikler

Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň Ram­sar se­bit­le­ýin baş­lan­gy­jy­nyň ut­gaş­dy­ry­jy ko­mi­te­ti­niň ýol­baş­çy­sy E.A.Rus­ta­mow wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly Döw­let­li et­ra­by­ndaky 30-njy or­ta mek­dep­de Dur­na­lar gü­nü­ne ba­gyş­la­nyp geçirilen du­şu­şy­ga gat­naş­dy. Ol mek­dep okuw­çy­la­ry­na bu owa­dan guş­lar ba­ra­da tä­sir­li gür­rüň­ ber­di. Mek­dep okuw­çy­la­ry­nda uly gy­zyk­lan­ma­ döreden eko­lo­gi­ýa baý­ra­my bu guş­la­ryň iň owa­dan gör­nüş­le­ri­niň bi­ri bo­lan çal dur­na­nyň Amy­der­ýa jül­ge­sin­de we we­la­ýa­tymyzyň gü­nor­ta­syn­da­ky oňa go­laý ýer­ler­de gyş­la­ýan döw­ri saý­la­nyl­dy. Ola­ryň mu­gal­lym­la­ry­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Döw­let­li et­ra­by­nyň Tal­ly­mer­jen jül­ge­sin­de, Ker­ki et­ra­by­nyň Wa­tan, Daş­kak oba ho­ja­lyk top­lum­la­ryn­da, Ga­raş­syz­ly­gyň 15 ýyl­ly­gy how­da­nyn­da we Amy­der­ýa go­rag­ha­na­sy­nyň Ke­lif çäk­li go­rag­ha­na­syn­da dur­na­la­ryň düş­le­ýän ýer­le­ri­ne ba­ryp gör­mek­le­ri has-da gy­zyk­ly bol­dy.

Garaşsyzlyk ― belent ykbal

Mil­le­tiň bag­ty çü­wen­de şeý­le bol­ýar: toý­la­ry toý­la­ra ulaş­ýar, baý­ram yzy­na baý­ram sep­leş­ýär. Biz mu­ňa mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 30 ýyl­lyk şan­ly to­ýy tu­tul­jak «Türk­me­nis­tan ― pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­lyn­da ýe­ne bir ýo­la göz ýe­tir­ýä­ris. Bu toý eziz Di­ýa­ry­myz­da Aş­ga­ba­dyň 140 ýyl­ly­gy, ta­ryh­da il­kin­ji ge­zek bel­le­nil­jek Türk­men ala­ba­ýy­nyň baý­ra­my we köp­san­ly beý­le­ki toý­dur-baý­ram­lar bi­len ut­ga­şyp ge­ler. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy hut Türk­me­nis­ta­nyň tek­li­bi bi­len 2021-nji ýy­ly «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» di­ýip yg­lan et­di. Dün­ýä­niň iň iri gu­ra­ma­sy­nyň bu çözgüdi şan­ly ýy­lyň ýur­du­myz­da hem «Türk­me­nis­tan ― pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» diý­lip yg­lan edil­me­gi­niň göz­ba­şy bol­dy. Pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ― go­şa ga­nat, go­şa güýç. Olar bag­ty­ýar ýa­şaý­şy­my­zyň go­şa sü­tü­ni. Şu ýyl­da­ky tu­tum­ly toý­lar hut şu go­şa güý­jüň sa­ýa­syn­da toý­lan­ýar diý­sek, ha­ky­kat­dan daş düş­me­ris.

Arkadagyň Şa serpaýy

gelin-gyzlaryň baýramçylyk şatlygyna şatlyk goşdy Güneşli ülkämize pasyllaryň soltany baharyň gelmegi bilen tebigat gaýtadan janlandy, degre-daşymyz al-elwan güllere beslendi. Baglardaky daragtlar hem ak patrak kimin gül açyp, enaýy keşbe girdi. Ynha, tebigatyň şeýle ajaýyp keşbe giren çagynda, baharyň ilkinji günlerinde ýurdumyzda Halkara zenanlar güni giňden bellenilýär. Oba-şäherlerimizde uludan tutulýan toý-dabaralarda ýerine ýetirilýän joşgunly aýdym-sazlar hem, aýdylýan ýagşydan-ýagşy arzuw-dilegler hem hut aýal-gyzlarymyza bagyşlanýar. Hawa, türkmen jemgyýetinde zenanlaryň sarpasy belent tutulýar, olar üçin durmuşda ähli ýeňillikler döredilýär. Her ýyl hormatly Prezidentimiziň sahawatly başlangyçlary esasynda zenanlarymyza pul sowgadynyň gowşurylmagy-da munuň aýdyň subutnamasydyr.

Zenan mertebesiniň orny

Ýakynda gözel paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşen Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşik bagtyýar zamanamyzda zenanlara goýulýan çuňňur sarpanyň aýdyň nyşanydyr. Ene-mamalarymyzdan biziň gelin-gyzlarymyza miras galan däp-dessurlar, ýol-ýörelgeler we ruhy gymmatlyklar bäsleşigiň dowamynda aýdylyp geçilen çykyşlaryň we şekillendirilen filmleriň ählisinde aýdyň duýulýar. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan guralýan bu bäsleşik ýylda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden, dürli pudaklarda zähmet çekýän gelin-gyzlary özüne jemleýär. Ezberligi, tutanýerliligi, türkmen gelin-gyzlaryna mahsus bolan içki we daşky medeniýeti ýüze çykarýan bu bäsleşik üç tapgyrda geçirildi. Bäsleşigiň guramaçylyk topary her tapgyryň ýokary hilde geçirilmegi ugrunda birnäçe çäreleri alyp bardy. Dürli ugurlar boýunça bäsleşen zenanlar özleriniň ukyp-başarnyklaryny tejribeli emin agzalarynyň öňünde subut etmek bilen, üstünlikli çykyş etdiler. «Ýylyň zenany» atly bäsleşik diňe bir çeper elli zenanlaryň ukyp-başarnyklaryny däl-de, eýsem, ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň özboluşly aýratynlyklaryny açyp görkezýän bäsleşikleriň hataryna girýär, çünki oňa gatnaşýan zenanlar bäsleşigiň şertine görä, öz hünärlerini hemmetaraplaýyn suratlandyrýan gysga wideofilmler

Ak mermerli paýtagtymyz özüniň binagärlik aýratynlygy, sazlaşykly ösüşi bilen haýran galdyrýar

Şu ýyl gözel paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylanyna 140 ýyl dolýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna gabat gelen bu şanly sene uly dabara bilen bellenilip geçiler. Aziýanyň merjeni bolan Aşgabat — Watanymyzyň ýüregi, gözlerimiziň göreji, kalplarymyzyň guwanjy, buýsanjy. Biz paýtagtymyzyň gözelliginden, aklygyndan, nuranalygyndan ylham alýarys. Mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň ähli ugurdaky ösüşleri paýtagtymyzdan gözbaş alýar. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy ösdürmek meselelerini hemişe berk gözegçilikde saklaýar. Aşgabadyň keşbinde Watanymyzyň ýokary durmuş-ykdysady derejesi, intellektual kuwwaty, halkymyzyň baý taryhy we medeni däpleri aýdyň beýanyny tapýar. Şahyr Gara Seýitliýewiň sözleri bilen aýtsak, söýgüli paýtagtymyz — şatlyk çeşmesi. Şonuň üçinem gün-günden güýç alyp, ösýär Aşgabat! Ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik toplumynyň üsti her ýyl täze özboluşly binalar we desgalar bilen ýetirilip, Türkmenistanyň aýratyn buýsanjyna, depginli ösüşiniň görkezijisine öwrülýär. Ýaşaýşyň ýokary ölçeglerini üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryň görülmegi netijesinde, Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamaga iň amatly şäherleriniň biri, iri çäreleri geçirmek hem-de köp sanly daşary ýurtly myhmanlary mynasyp garşylamak üçin ähli şertler döredilýän sebit we halkara hyzmatdaşlygyň

Watana buýsanç — ömrüň manysy

Ýurt asudalygynyň bahasy ýok! Watanymyzyň berkararlygy, asudalygy, il-günümiziň bagtyýarlygy bizi ählitaraplaýyn ösüşe alyp barýar. Çünki asudalygyň, agzybirligiň, sagdynlygyň höküm sürýän Diýarynda ähli ýagşy işler, beýik maksatlar diňe öňe ilerlemek, ösüşlere beslenmek hem-de täze-täze belentliklere göterilmek bilendir. Munuň üçin bolsa hormatly Prezidentimiz öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatyny üstünlikli ýöretmek arkaly belent tutumly işleri amala aşyrýar. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly ýurdumyzyň dost-doganlyk serhetleriniň asudalygynda, ýurtda bagtyýarlygyň güllemegi üçin durmuş ähmiýetli derwaýys meseleleriň oňyn çözgütleriniň aňyrsynda mähriban Arkadagymyzyň çuňňur pähim-parasada ýugrulan asylly başlangyçlary bar. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Watany söýmekden, Watany gözüň görejine deňäp goramakdan, Watana wepaly gulluk etmekden beýik mertebe we şol mertebeden uly bagt ýokdur. Şu Watanyň barlygy — biziň barlygymyzdyr. Bizi bagtly ertirlere atarýan, ýaşaýşa bolan umydymyzy alawlandyryp, has-da belent işlere ruhlandyrýan beýiklik hem — eziz Watanymyza bolan söýgümizdir. Ömrümiziň ähli manysy şu mukaddes topraga, ata Watana baglydyr. Ykbal her ynsanyň öz Watanyna bolan söýgüsiniň ölçegine barabar bagt-rysgal eçilermiş. Hut şonuň üçinem, eziz Watanyna, mähriban halkyna ak ýürekden hyzmat eden adamyň ýedi arkasy döwlet tapypdyr. Watana wepaly gulluk

Parahatçylyk — döwlet syýasatynyň esasy ugry

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiz milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda görlüp-eşidilmedik eşretli zamana ýetdi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen içeri hem daşary syýasatymyzda giň möçberli işler durmuşa ornaşdyrylýar. Parahatçylygyň tarapdary bolan Türkmenistan döwletimiziň halkara giňişliginde at-abraýy barha rowaçlanýar. Munuň düýp özeninde ýurdumyzyň Garaşsyzlygy hem hemişelik Bitaraplygy bar. Çünki, Garaşsyz döwletimiz parahatçylyk ýoly bilen ähli ulgamlarda dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Parahatçylyk we ynanyşmak adamzat üçin iň zerur düşünjelerdir. Häzirki wagtda biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bu ýörelgeler hyzmatdaşlygyň we ösüşiň baş şertine öwrülýär.

Üns beriň, bäsleşik!

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen ganatly şygara beslenen üstümizdäki ýylymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň we Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň hormatyna welaýat «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasynyň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň bilelikde guramaklarynda «Garaşsyzlyk — baky bahar, ak Aşgabat — merjen şäher» ady bilen döredijilik bäsleşigi yglan edilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny pugtalandyrmak, şeýle-de gözel Aşgabady Gündogaryň merjen şäherine öwürmek boýunça köp işler edilýär. Şöhratly taryhymyzdan belli bolşy ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň, gözel paýtagtymyz bolsa ýurdumyzyň ýüregi hasaplanylýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2020-nji ýyl

10. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň üstünligi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysyna täze ajaýyp sahypalary ýazan 2020-nji ýyl aýratyn baýramçylyk senesiniň — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygynyň nyşany astynda geçdi. Ýylyň “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” diýen şygary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän parahatçylyk döredijilikli hem-de netijeli daşary syýasy strategiýasynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Şol strategiýa bolsa deňhukukly hyzmatdaşlyga, ählumumy durnukly ösüşe we howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Ak nura beslenen şäher

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ak mermerli Aşgabat okgunly ösýär, günsaýyn özgerýär we gözelleşýär, çäkleri giňelýär. Ata Watanymyzyň ýüregi saýylýan Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň şanly 140 ýyllyk toýuna uly taýýarlyklar bilen barýan günlerimizde ak mermerli paýtagtymyzyň görkanalygyny synlamagyň we täze gurluşyk taslamalarynyň amala aşyrylýandygyna göz ýetirmegiň özboluşly lezzeti bardyr. Häzirki wagtda Aşgabat sebitiň merjeni hökmünde Ýer ýüzünde giňden meşhurdyr. Ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun alan gözel paýtagtymyzyň täsin desgalarynyň başga-da birnäçesiniň agzalan kitaba girendigini bellemegiň özi hem juda ýakymlydyr.

Ak şäherim — Aşgabat

Ýurdumyzy, Watanymyzy, halkymyzy söýmegiň nusgalyk mekdebini görkezýän milli Liderimiziň her bir başlangyjy ildeşlerimiziň kalbyny buýsanja besleýär. Hormatly Prezidentimiziň gözel paýtagtymyz — ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllyk toýuny uludan toýlamak baradaky başlangyjy bolsa, uludan kiçä hemmeleriň buýsanjyny goşalandyrdy. Aşgabat, ozaly bilen, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň, her bir türkmeniň, her bir türkmenistanlynyň ýüreginiň örki bolup durýandygy üçin şeýle derejä mynasyp. Hut şonuň ýaly-da, ol Türkmenistanyň at gazanan arhitektory hormatly Prezidentimiziň binagärlik-döredijilik paýhasynyň miwesi bolan ak mermere beslenen binalary bilen şeýle belent derejä mynasypdyr.

Öňe, eziz Watan, Arkadag bilen!

2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçirilen duşuşykda eden maksatnamalaýyn çykyşyny «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýen şygar bilen jemledi. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda geljegine ynamly garaýan we oňa rowaçlyk ýoly bilen barýan halkymyzyň diliniň senasyna öwrülen bu şygar indi birnäçe ýyl bäri döwrümiziň depesinde ganat ýaýýar, bizi üstünliklere ruhlandyrýar, eziz Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine ýetirýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümiz beýik ösüşlere beslenýär, bedew bady bilen öňe barýar.