"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmen topragynyň sahawatynyň şanyna

Hasyl toýy mynasybetli welaýat häkimliginiň, welaýatyň medeniýet müdirliginiň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň  ajaýyp meýdançasynda guran baýramçylyk dabarasy çuň many-mazmuna eýe boldy. Giňden guralan toý çäreleri welaýatymyzyň ussat babadaýhanlarynyň, ýaşuly nesliň wekilleriniň,  talyp ýaşlaryň, medeniýet, saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň işgärleriniň  gatnaşmagynda dabaraly baýramçylyk ýörişi bilen başlandy.  Hormatly Prezidentimiziň Hasyl toýy mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna iberen Gutlagyndan ruhlanan hasyl ussatlary bu ýerde çykyş edip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň düýpli galkynyşa eýe bolýandygyny aýratyn buýsanç bilen nygtadylar. Belentden tutulan baýramçylyk çäresiniň dowamynda welaýatyň oba hojalyk pudagynyň öňdebaryjylarynyň uly toparyna hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. 

Eziz ýurdum — bagy-bossan

Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyjyna eýerip, ählihalk bag ekmek dabarasyna welaýatymyzyň ilaty hem ýokary watançylyk hyjuwy bilen gatnaşdy. Köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak üçin saýlanyp alnan ýerler, sözüň doly manysynda, baýramçylyk keşbine beslendi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel  tebigatyny has-da baýlaşdyrmak we bu il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işi yzygiderli dowam etdirmek boýunça beren anyk tabşyryklaryndan göwünleri galkynan welaýat merkeziniň ýaşaýjylary «Türkmeniň ak öýi» binasynyň golaýyndaky ýere bag ekmek dabarasyna ýygnandylar. Bu işe bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we beýleki ulgamlaryň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri, edara-kärhanalaryň zähmet toparlary, talyp ýaşlar hem-de welaýatyň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar. Watançylyk şygarlary, türkmeniň ak öýleri bilen bezelen meýdançada guralan dabarada welaýatymyzyň tanymal bagşy-sazandalarynyň, adygan tans, halk döredijilik toparlarynyň milli öwüşginli, şirin owazly, belent mukamly çykyşlary giňden ýaýbaňlandyryldy. Olarda ösüşdir özgertmelere beslenen bagtyýar durmuşymyzyň, päk zähmetiň waspy beýanyny tapdy.

Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Welaýat adalat bölüminde geçirilen duşuşykda ildeşlerimize ýurdumyzda täze kabul edilen kanunçylyk namalary we olaryň ähmiýeti dogrusynda düşündiriş berildi. Bu duşuşyga Türkmenabat şäherindäki bilim we saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar. Şeýle hem duşuşykda ildeşlerimiz gozgalmaýan emläge bolan hukuklar dogrusynda özlerini gyzyklandyrýan sowallary orta atdylar. Welaýat adalat bölüminiň işgärleri tarapyndan bu sowallaryň ählisine göwnejaý jogap berildi.

Bag — durmuşymyzyň bezegi

Ekologiýa abadançylygyna mynasyp goşant Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 1-nji noýabrynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde gül Diýarymyzy bagy-bossanlyga büremek, tokaý zolaklaryny giňeltmek we baglara ideg etmek işlerini geçirmek maksady bilen, güýzki bag ekmek möwsümine başlamak barada aýdanlary halkymyz tarapyndan giň goldawa eýe boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpanyň beýanydyr

Ýurdumyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi Aşgabat, 10-njy noýabr (TDH). Şu gün ýurdumyzda türkmen topragynyň sahawatyny alamatlandyrýan Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi. Garagum derýasynyň Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän böleginiň kenary esasy baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Balkan welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi

Uly zähmet üstünlikleri bilen şöhratlanýan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda Hasyl toýunyň giňden bellenilýän günlerinde Balkan welaýatynyň babadaýhanlary pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamasyny ýurdumyzda ilkinji bolup ýerine ýetirdiler. Olar 16 müň tonnadan gowrak «ak altyny» Watan harmanyna tabşyrdylar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalyk pudagyny özgertmek boýunça başlangyçlarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen amala aşyrylýan özgertmeleriň çäklerinde pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, önümçilige oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýän innowasion usullar giňden ornaşdyrylýar. Balkan welaýatynyň edermen pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmek, daýhanlaryň netijeli we öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin amatly şertleri döretmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky güwäsidir. Diýarymyzyň günbatar sebitiniň edermen pagtaçylarynyň bu zähmet ýeňşi türkmen topragynyň sahawatyny, daýhanlaryň halal zähmete bolan söýgüsini alamatlandyrýan Hasyl toýuna mynasyp sowgat boldy.

Zähmetden bagt tapanlar

Hasyl toýy topraga maňlaý derini siňdirip, halal zähmet çekýän daýhanlar üçin aýratyn ähmiýete eýe. Düýn bu şanly sene mynasybetli Diýarymyzyň çar künjeginde aýdym-sazly dabaralar geçirildi. Şeýle dabaralaryň biri hem S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde guraldy. Onda oba hojalyk önümlerini öndürmekde tapawutlanan kärendeçilerdir hünärmenleriň ençemesine Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, zähmetde tapawutlanan watandaşlarymyzyň köp sanlysyna hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Biz hem bu şatlykly günde döwlet Baştutanymyzyň Permany bilen «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyna mynasyp bolan ildeşlerimiziň käbiriniň buýsançly gürrüňlerini ýazga geçirdik. Mämmetgylyç BERDIÝEW,Gökdepe etrabynyň «Gökdepe» daýhan birleşiginiň baş agronomy:

Ýeriň ýaşyl ýaraşygy

Ýurdumyzda her ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde ählihalk bag ekmek çäreleriniň geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek babatda Türkmenistanda dünýä nusgalyk işleriň durmuşa geçirilýändigini görkezýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da bu asylly ekologik çäre tutuş ýurdumyz boýunça giňden ýaýbaňlandyryldy. Güýzki ählihalk zähmet baýramy Hasyl toýunyň dabaralary bilen utgaşyp, döwletli Diýarymyzda toýlaryň goşa-goşadan gelýändiginiň, abadan, bagtyýar durmuşda agzybirlikde başyna barlan il-ýurt bähbitli her bir tutumyň rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň mysaly boldy. Hasyl toýunyň öňüsyrasynda — 9-njy noýabrda tutuş ýurdumyzda — Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda guralan köpçülikleýin bag ekmek çärelerinde-de turuwbaşdan baýramçylyk ruhy höküm sürdi. Ählihalk bag ekmek çäresine Milli Liderimiziň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde ir säherde badalga berildi. Oňa täze şäheriň ýolbaşçy düzümleri, bu ýerdäki edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we köp sanly ýaşlar gatnaşdylar. Aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşykly guralan dabara oňa gatnaşyjylarda uly ruhubelentlik duýgusyny döretdi. Akar suwly giňişlikde guralan dabaranyň geçirilýän ýerinde al-elwan güllerden döredilen şekiller we ýazgylar çärä özboluşly baýra

Süýjülik sahawaty

Düýn, Hasyl toýunyň giňden baýram edilen gününde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän hem-de bilim alýan, şeýle hem Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglyklaryny dikeldip, bejergi alýan çagalara bereketli türkmen topragynda ýetişdirilen dürli datly miwelerden, gök önümlerden, ak bugdaýdan taýýarlanylan çörek önümlerinden, süýjüliklerden we beýleki naz-nygmatlardan ybarat bolan sowgatlar dabaraly gowşuryldy. Olar sowgatlary uly şatlyk we tüýs ýürekden çykýan hoşallyk duýgulary bilen kabul etdiler. Türkmen topragynyň berekediniň, zähmetsöýer ekerançylarymyzyň yhlasy bilen ýurdumyzda döredilýän azyk bolçulygynyň nyşany bolan Hasyl toýunyň hormatyna çagalara şeýle sowgatlaryň paýlanylmagy sogap işleriň naýbaşysydyr. Asylly ýörelgä öwrülen şeýle işler jemgyýetçilik durmuşynda möhüm orun eýelemek bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Halkymyzyň çagalary alada we söýgi bilen gurşamak ýaly milli häsiýetleri häzirki zaman türkmen jemgyýetinde aýdyň ýüze çykýar.

Ýaşlar — ýurdumyzyň geljegini gurujylar

Hormatly Prezidentimiziň şu ýyl geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki taryhy çykyşynda: «Biziň esasy maksadymyz eziz Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr» diýen ajaýyp sözleri bagtyýar raýatlarymyzyň her birine egsilmez ynam döredýär, belent maksatlara amal etmeklige borçlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz esasy maksada ýetmekde, ata Watanyň, halkyň bähbidi üçin beýik işleri amala aşyrmakda türkmen ýaşlaryna aýratyn bil baglaýar. Çünki hormatly Prezidentimiz özüniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda bagtyýar ýaşlara ata Watanymyzyň şöhratyny beýgeltmek, ony zähmet üstünlikleri bilen galkyndyrmak babatda ýol-ugur görkezýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bu asylly maksada amal etmekde, ýaşlary goldamakda, olaryň işjeňligini artdyrmakda möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnaly hem indi iki ýyldan bäri, ýaşlaryň döredijiligine goldaw bermek, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan beýik işlere seslenmelerini, ýürek buýsançlaryny bagtyýar halkymyza ýetirmek babatda uly işleri alyp barýar.

Ar­ka­dag şä­he­ri — bag­ty­ýar­ly­gyň şä­he­ri

«7/24.tm»: №46 (233) 11.11.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len Arkadag şäheriniň at-owazasy dünýä dolýar. Mil­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry­my­zyň we ede­bi gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň kä­mil ru­hu­ny, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň giň top­lum­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän ak mer­me­re bü­re­nen Ar­ka­dag şä­he­ri bu gün­ki gün dün­ýä ja­han­keş­de­le­ri­niň üns mer­ke­zi­ne öw­rül­di. San­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni özün­de jem­le­ýän bu şä­he­riň äh­li ýer­le­rin­de 4G ul­ga­my we «e.gov.tm» döw­let hyz­mat­la­ry saý­ty, mer­ke­zi se­ýil­gäh­de Wi-Fi zo­la­gy hem-de äh­li ýer­ler­de «akyl­ly» wi­deo­gö­zeg­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň we ýe­ne-de bir­nä­çe şeý­le san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy ýaş ne­sil­le­re aý­ra­tyn oňyn tä­sir­le­ri­ni ýe­ti­rýär.

Sagdynlygyň hem sportuň baýramy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 2-nji noýabry Türkmenistan Watanymyzyň sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň ýurdy hökmünde dünýäde gazanan at-abraýynyň täze belentliklere göterilen güni bolup dabaralandy. Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýörişiň geçirilmegi jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde, aýratyn-da, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklarynda möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen birlikde, şanly taryhy waka hökmünde kalplarda orun aldy. Mälim bolşy ýaly, 25-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz möhüm ähmiýetli bu Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli 2-nji noýabrda sport çäresini geçirmegi, hemmeleriň bilelikde jemgyýet bolup sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, Saglyk ýolundan geçmegi, bu çärede ýylyň dowamynda halkara ýaryşlarda gowy netije gazanyp, ýaşyl Tugumyzy belentde parladan türgenlerimizi gazanan sport üstünlikleri bilen gutlamagy, mynasyp bolan sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy teklip etdi.

Aşgabat — sport ýur­du­nyň paý­tag­ty

Tennis — sportuň bütin dünýäde meşhurlygy barha artýan görnüşleriniň biri. Ýurdumyzda hem tennis bilen meşgullanýan ýaşlaryň köpelýändigi begendirýär. Halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, Watanymyzyň abraýyny artdyrýan türgenleriň hatarynda ýaş tennisçilere aýratyn orun degişlidir. Munuň özi ýurdumyzda sportuň bu görnüşini ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň döredilmegi, şeýle hem soňky ýyllarda halkara ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Diýarymyzyň sport düzümleri iň iri ýaryşlary ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik berýär. 40-a golaý desgany öz içine alýan hem-de sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara derejeli ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik döredýän paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesi Aziýa sebitiniň türgenlerini, milli ýygyndy toparlaryny dünýä hem-de yklym çempionatlaryna, Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamak üçin okuw-türgenleşik merkezine we kuwwatly binýada öwrülýär. Bu ýerdäki Tennis toplumy birbada 4 müň adama duşuşyklara tomaşa etmäge mümkinçilik berýär. Şu ýylyň 1-nji iýunynda Aziýanyň Tennis federasiýasy (ATF) tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyşy boldy. Bu wakanyň Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen çagalaryň tennis festiwaly bilen utgaşmagy sport hyzmatdaşlygyny ösdürmek

Agzybirligiň hem jebisligiň binýady

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan çuňňur oýlanyşykly syýasy, ykdysady özgertmeleriň netijesinde Bitarap Türkmenistan ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge uly goşant goşýan döwlet hökmünde belent abraýa eýe bolýar. Ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan asylly başlangyçlary dünýäde goldanylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 6-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi milli diplomatiýamyzyň nobatdaky ýeňşidir, sport ulgamyndaky üstünliklerimiziň ykrarnamasydyr. Kararnama dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmegi onuň tutuş adamzat üçin möhüm resminamadygyny aýdyň görkezýär.

Sagdyn durmuşa çagyryş

Sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar edilmegi Watanymyzda jemgyýetiň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladanyň gözbaşydyr. Çünki bagtyýarlyk saglykdan başlanýar. Golaýda Saglyk ýoluna guralan köpçülikleýin ýöriş hem watandaşlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesini gündelik hemrasyna öwürmegini gazanmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Şol gün köpçülikleýin ýörişe gatnaşyjylaryň saglyklaryny berkitmek bilen birlikde, dag tebigatynyň maýyl ediji gözelliklerini synlandyklaryny hem bellemek gerek. Elbetde, Güýz paslynda gojaman Köpetdagyň etegi has-da gözel keşbe eýe bolýar. Tämiz dag howasynda goýry kölegeli baglaryň özboluşlylygyna syn edip, arassa hem giň ýollardan ynamly hereket etmek şähdiňi açýar, bedeniňi berkidýär we täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Dag gerişlerinden seleňläp görünýän paýtagtymyzyň gözelligi bolsa hiç bir zat bilen çalşyp bolmajak ýakymly duýgulary bagyşlaýar.

Melhemler hazynasy

Sahawatly türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleriň, aýdylyşy ýaly, sanasaň sogaby bardyr. Bu ösümlikler ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakda uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň XVI jildini okap çykanyňdan soňra bu hakykat ýene bir ýola bütin aýdyňlygy bilen dabaralanýar. Gymmatly gollanma bolan ylmy-ensiklopedik eseriň täze jildi türkmen halkynyň Milli Lideriniň giň okyjylar köpçüligine niýetlenen ajaýyp kitaplarynyň üstüni ýetirdi. Onda jana şypa berýän dermanlyk ösümlikleriň 106-synyň melhemlik häsiýetleri, ýaýran ýerleri, tebigy gorlary, olardan derman taýýarlanylyşy hem-de lukmançylykda ulanylyş usullary barada jikme-jik söhbet edilýär. Kitapda öň öwrenilmedik we halk lukmançylygynda ägirt uly ähmiýete eýe bolan dermanlyk ösümlikleriň suratlarynyň we olar baradaky ylmy maglumatlaryň ýerleşdirilmegi eseriň mazmunyny has-da baýlaşdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň düýpli ylmy-ensiklopedik işiniň dowamy bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XVI jildi ynsan saglygyny goramakda we dikeltmekde, fitoterapiýany ösdürmekde gymmatly çeşme hökmünde giň okyjylar köpçüliginiň ünsüni özünde jemleýär.

Behişdi bedewlere buýsanç

Bu gün ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek at çapyşyklaryny we atly sport bäsleşiklerini halkara talaplaryna laýyklykda guramak we geçirmek, şeýle hem ussat türgenleri ýetişdirmek, janköýerler üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Aşgabatda we welaýatlarymyzda döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň birnäçesi guruldy, ozal bar bolanlarynyň durky täzelenildi. Bu toplumlarda mähriban halkymyzyň milli baýlygy we buýsanjy bolan, tebigat bilen sazlaşykda dörän gözelligiň ajaýyp nusgasyny alamatlandyrýan naýbaşy bedewleri ösdürip ýetişdirmek hem-de seýislemek üçin ähli şertler döredildi.

Pyragynyň goşgulary – durmuş mekdebi

Özüniň ölmez-ýitmez döredijiligi bilen dünýä edebiýatynyň ösmegine uly goşant goşan beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň ady halkymyzyň kalbynda baky ýaşaýar. Akyldar şahyrymyzyň baryp XVIII asyrda saglyk barada aýdan nesihatlary, öwüt-ündewleri, goşgulary bu gün ýaşlarymyzyň durmuş mekdebine öwrülýär. Magtymguly Pyragy şahyrana döredijiliginde sagdynlygy we ruhubelentligi, sagdyn durmuş ýörelgesini ilkinji orunda goýupdyr. Akyldar şahyr: «Saglygyň gadryn bilgil, hasta bolmazdan burun», «Dürdür bu janyň lezzeti, // Saglyk onuň soltanydyr» diýmek bilen, saglygyň gadyryny bilmegi, ony gorap saklamagy nesihat edipdir. Söz sungatynyň zergäri hasaplanylýan şahyrymyzyň şygyrlarynda päk ahlaklylyk, ruhubelentlik, geljege ýagşy umyt-niýet, adamkärçilik duýulýar.

Welaýatlardan habarlar

Aja­ýyp za­ma­na­myz­da ge­çi­ril­ýän bedenterbiýe we sport çä­re­leri, bäs­le­şik­ler ýaş­la­ryň has ze­hin­li­le­ri­ni ýü­ze çy­kar­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lup dur­ýar. Bi­ziň şä­he­ri­miz­de hem or­ta mek­dep­le­riň okuw­çy­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da «Sag­dyn jem­gy­ýet – ber­ka­rar döw­let», «Sag­dyn ne­sil – gel­je­gi­miz», «Sport – bag­ty­ýar­lyk», «Sag­dyn ne­sil – kuw­wat­ly Wa­tan» di­ýen şy­gar­lar bi­len spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ýa­ryş­lar yzy­gi­der­li gu­ral­ýar. Şo­la­ra bi­ziň mek­de­bi­mi­ziň okuw­çy­la­ry-da iş­jeň gat­naş­ýar­lar. Şeý­le bäs­le­şik­le­riň ola­ryň derslere ýe­ti­şigi­ni ýo­kar­lan­dyr­ýan­dy­gy­ny hem bel­le­mek ge­rek. Çün­ki sport­da tap­la­nan okuw­çy­nyň pi­kir­le­niş uky­by has-da art­ýar. Sag­dyn be­den­li, ru­hu­be­lent ýaş­la­ry­my­zyň gel­jek­de Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ata Wa­ta­ny­my­zy gül­le­dip ös­dür­mek­de alyp bar­ýan be­ýik iş­le­ri­ne my­na­syp go­şant goş­jak­dyk­la­ry­na pug­ta ynan­ýa­rys.

2024-nji ýylyň oktýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu hakykat ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçen aýda geçirilen syýasy geňeşmeleriň, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşdäki köp sanly duşuşyklaryň, işewürlik gepleşikleriniň, sergileriň, maslahatlaryň, medeni çäreleriň mysalynda-da öz beýanyny tapdy. 1-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýaponiýanyň DIM-niň Merkezi Aziýa we Kawkaz sebiti boýunça ýörite wekili Işikawa Masaki bilen duşuşyk geçirildi. Onda dürli ulgamlarda, sebit we halkara düzümleriň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň ähmiýeti nygtaldy.