"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty — röwşen geljegiň kepili

Türkmenistanda ýaşlaryň hukuklarynyň üpjün edilmeginiň we giňeldilmeginiň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşygyny öwrenmegiň wajyp ähmiýete eýedigi barada netijä gelmek bolar. Ýaşlaryň hukuklary adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň bitewi ulgamynyň aýrylmaz düzüm bölegidir. Ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň ykrar edilmegi hem-de üpjün edilmegi üçin adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň amala aşyrylmagynyň kepillendirilmegi düýpli ähmiýete eýedir. Ýaşlaryň hukuklaryny goramak we giňeltmek babatda strategiýalaryň, ileri tutulýan ugurlarynyň emele getirilmegi hem-de durmuşa geçirilmegi arkaly ýaşlar syýasatynyň amala aşyrylmagy döwletiň borjy hökmünde çykyş edýär. Ýaşlar çygrynda döwlet dolandyrylyşy ýaşlar bilen işlemegiň konseptual ugurlaryny işläp taýýarlamagy, ýaş nesil üçin hukuk kepilliklerini, onuň durmuş taýdan erkin ösüşine, döredijilik başlangyçlaryna bolan hukuklaryny üpjün etmek maksady bilen, durmuş-ykdysady, guramaçylyk çäreleriniň bitewi ulgamyny döretmegi öz içine alýar. Şu jähetden ähli derejedäki häkimiýet edaralarynyň işi ýaşlaryň ösüşi üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilýär. Bu şertler ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda milli kanunçylykdan gelip çykýar.

Ösüşleriň täze belentliginde

Düýpli ösüş-özgerişlere beslenýän üstümizdäki ýyl tamamlanyp barýar. Halk hojalygynyň pudaklarynyň agzybir işgärleri şanly ýyly şowly jemlemek ugrunda joşgunly zähmet çekýärler. Olaryň arasynda welaýatymyzyň senagat kärhanalarynyň işgärleri hem bar. Möhüm pudagyň kärhanalarynda şu ýylyň geçen on aýynda öndürilen senagat önümleriniň hereket edýän nyrhlardaky möçberi 20466,4 million manatlyga barabar boldy. Şonda döwlete degişli kärhanalaryň paýy 5346,6 million manatlykdan gowrak boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende iri we orta senagat kärhanalarynyň öndüren önümleriniň ýokary artyş depginleri himiýa senagaty, un üweýji-ýarma we dürüşdelenen iým senagatynda we ýeňil senagatynda emele geldi.

«Bize Töräni iberiň!»

Ilkinji gezek hatarara bejergi geçirmek üçin traktory bilen gowaçaly pele gireni edil düýnjük ýaly Töräniň ýadyna düşýär. Örän tolgunypdy. Hatda: «Bu meniň işim däl bolaýmasyn, traktorçylygy öwredýän üç aýlyk gysga möhletli okuwy tamamlap, irräk begenäýipdirin öýdýän» diýen ýaly şübheli oý-pikirlerem serine gelmän durmandy. Şonda gowaçaly peliň gyrasynda duran baýry traktorçy Muhammet aga nazary düşende, geçen gün daýhan birleşiginiň başlygy bilen bolan söhbetdeşlik dessine hyýalynda gaýtalandy. — Ilkinji gezek bejergi geçirmek seniň ýaly ýaş traktorçylara kyn düşjegini bilýäris. Şonuň üçin Muhammet Ýangibaýewe ýörite tabşyryk berendiris. Ol saňa işiň aýratynlyklaryny öwreder. Bir atyzda ol hem seniň ýanyňda bejergi geçirer. Ol öz traktorynda, sen öz traktoryňda. Bilmeýäniňi soranyň hiç hili aýby ýok — diýip, başlygyň aýdanlary oňa teselli bolup eşidildi.

Dünýä — parahatçylyk, ýurda — abadançylyk

Agzybir we ruhubelent halkymyz ýene bir şanly senäni — Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygyny uly tutum bilen bellemäge giňden taýýarlyk görýär. Ýerlerde geçirilýän çärelerde diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde parahatçylygy berkitmekde, döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmekde, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda uly hyzmaty ýerine ýetirýän türkmen Bitaraplygy, bu ugurdan Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň alyp barýan dünýä nusgalyk işleri hakynda giňden durlup geçilýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi we parahatçylyk söýüjilige esaslanýan daşary syýasaty dünýäniň ähli döwletleri we halkara guramalary bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz bular barada sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň 8-nji noýabrda geçen mejlisinde aýratyn belläp geçdi. Mejlisde bellenilişi ýaly, şu ýylyň geçen on aýynda döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerine laýyklykda Bitarap Türkmenistanyň daşary ýurtlar we halkara guramalary bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary barha ýygjam häsiýete eýe boldy. Şeýle özara bähbitli, dünýä ähmiýetli gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlaryny giňden gurşap alýar. Şeýle gatnaşyklar bolsa ählumumy parahatçylyga we abadan

Watana söýgi — iň beýik duýgy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletiniň şan-şöhraty halkymyzyň eşretli durmuşynyň, parahatçylygyň we abadançylygyň, özara ynanyşmagyň hem-de ylalaşygyň kepili bolup, dünýä ýüzüne aýlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ösüşlerden-ösüşlere barýan halkymyzyň kalbynda Watan beýikligi, Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk mukamy belentden-belent ýaňlanýar. Watan düşünjesi örän uly we çuň mana eýe bolmak bilen, her bir ynsanyň diliniň senasy, kalbynyň joşgunydyr. Watanyň näderejede belentdigine, onuň ýönekeý bir düşünje däl-de, bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyna, mukaddeslikdigine Gahryman Arkadagymyzyň ýürek joşgunyndan, milli buýsanjyndan syzylyp çykan «Watan goragy mukaddesdir», «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitaplaryny okanyňda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Rowaç ertirlere rowana ýollar

Biziň her birimiziň nesibämize bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşamak ýaly beýik hem mukaddes ykbal ýazylypdyr. Men muny Garaşsyz döwletimiziň asuda daň-säherlerini, arassa asmanyny, ak ertirleriniň ak bagtyny gulaçlap çagalar bagyna gatnaýan körpelerini, ak mekdepleriň gujagyna dolýan okuwçylaryny, ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýan ýaşlaryny, halal zähmetiň eşret-hözirini görüp, döwletimiziň ösüşlerine saldamly goşant goşýan merdana zähmet adamlaryny görüp aýdýaryn. Çünki men hem şol bagtyýar nesliň biri. Şeýle bolansoň bu bagtly pursatlary her gün synlap, kalbym begenç-buýsançdan püre-pürlenýär. Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz bolsa il-ulsumyzyň bu bagtyýarlygynyň üstüne ýene-de we ýene-de eşret goşmak üçin taýsyz tagallalary edýärler. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň eden taryhy çykyşy hem aýdyň subut edýär.

Göwni kiçi, sarpasy uly

Ömür kerweni yraň atyp gidip otyr. Sen bolsa kerwene çatylan arwananyň üstünde hataba ýapyşyp oturşyňa ömür salynyň tanapyny külterleýärsiň. Şonda, bu durumsyz dünýäniň dört künjünde bolup geçen wakalar bilen bir hatarda, öz başyňdan geçen ahwalatlar hem hatar-hatar bolup hakydaňda janlanýar. Olaryň käsi seni agyr oýlara atarsa, käsi ýakymly ýylgyryşa, käsi bolsa gülküdir şatlyk-şagalaňly pursatlara gaplar. Hakyda horjunynda olaryň aglabasy ýagşylyk ýatlamalary bolup ornap galypdyr. Köpekmyrat Akow hem ýagşylykda ýatlanylmaga mynasyp adam. 1976-njy ýylda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mejlisler zalynda talyplar klubynyň sahnalaşdyran täze spektakly görkezilýärdi. Biz ýokary okuw mekdebiniň talyplary bolup sapakdan soň hezil edip, täze sahna oýnuna tomaşa edýärdik. Sahnada dürli keşpleri döredýän talyplaryň arasynda öz bile okaýan ýoldaşlarymyzyň çykyş etmegi bizi diýseň buýsandyrýardy. Spektakl tamamlanandan soň alyp baryjy oňa gatnaşyjylaryň ählisini, şol sanda talyplar klubunyň direktory Köpekmyrat Akowy hem sahna çagyrdy. Güwwüldili el çarpyşmalar tamamlanandan soň talyplar klubunyň direktory söz sözläp, çykyşynyň soňunda şol gün agşam şäheriň medeni-dynç alyş seýilbagynda ýokary okuw mekdebiniň «Jeýhun» wokal-instrumental ansamblynyň ýörite konsert berýändigini aýdyp, hemmeleri oňa tomaşa etmäge çagyrdy. Asyl, ol şol ansamb

Türkmenistan — parahatlyk, ynanyşmak Watany!

Halkymyzy öňdengörüjilikli, çuň pähim-paýhasa ýugrulan döwlet syýasaty bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eşretli durmuşda bagtyýar ýaşadýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda güneşli Diýarymyz tutuş dünýäde parahatçylygyň we asudalygyň, agzybirligiň hem-de jebisligiň höküm sürýän, demokratik özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýan ýurdy hökmünde giňden tanalýar. Ata Watanymyzyň ykdysadyýetde, syýasatda hem-de ynsanperwer ulgamlarda çalt depginler bilen ösýän kuwwatly döwlet hökmünde ykrar edilmegi belent abraý-mertebäniň, gazanylýan köptaraply üstünlikleriň kepilidir. Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň döwlet syýasatynyň hem-de durmuş-ykdysady ösüşleriň ählisiniň özenini düzýän «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp ýörelgelere berk eýermek bilen gazanylýan üstünlikleriň netijesinde merdana, zähmetsöýer, agzybir halkymyz abadan, bolelin, eşretli durmuşyň hözirini görýär. Dünýäniň gülläp ösýän döwletleriniň biri bolan eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän guwandyryjy hem buýsandyryjy işleriň, öňe sürülýän beýik başlangyçlaryň ählisiniň özeninde adam hakyndaky alada durýar. Bu gün halkymyz beýik ösüşleriň, düýpli özgerişleriň belent ruhy bilen galkynýar. Ata Watanymyzda gurulýan ajaýypdan-ajaýyp binalar, ägirt uly ykdysady ähmiýeti bolan önümçilik desgala

Beýik ösüşleriň mekany

Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkymyzyň bagtyýar, eşretli durmuşyny üpjün etmek ugrunda taýsyz tagallalary edýärler. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda yzygiderli geçirilýän düýpli özgertmeleriň netijesinde gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler biziň her birimiziň buýsanjymyzy artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly başlangyçlary esasynda işlenip taýýarlanan uzak möhletleýin maksatnamalara daýanýan köptaraply özgertmeler abadan şu günümize we bagtyýar geljegimize gönükdirilendir. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ilatyň saglygyny goramak, sowatly, belent adamkärçilikli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary kemala getirmek boýunça amala aşyrylýan tutumly işler ata Watanymyzyň abraýyny dünýä derejesinde belende göterýär. Şeýle hem köpugurly tutumlaryň rowaçlygy berkarar döwletimizi syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriň hataryna çykardy. Milli Liderimiziň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän tutumlaryň dünýä jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanmasyna we goldawyna eýe bolmagy örän buýsandyryjydyr. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň her bir işde dünýä halklarynyň bähbitlerini milli bähbitler bilen deň derejede goýýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Sebäbi ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ynsanperwer ýörelgelerine berk eýermek bilen, o

Agzybir iliň işi rowaç

«Garaşsyz ösüşimiziň häzirki tapgyrynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe demokratik we adalatly jemgyýetimizi has-da kämilleşdirmek, adam hakyndaky aladany, il-ýurt bähbitlerini ileri tutmak bilen, biz Türkmenistany ynamly öňe alyp barýarys» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ajaýyp zamanamyzda türkmen halkynyň agzybirligi, jebisligi, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha berkeýär. Häzirki wagtda beýik ösüşleriň we özgertmeleriň ýoly bilen bedew badynda öňe barýan berkarar döwletimizde durmuşa geçirilýän oňyn özgertmelerde, alnyp barylýan giň gerimli işlerde döwrüň öňe çykarýan möhüm talaplaryndan hem-de milli ýörelgelerimizden, asylly däplerimizden ugur alynýandygy aýratyn bellärliklidir. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeleriniň rowaçlyklara beslenýändiginiň subutnamasyna öwrülen wakalaryň döwletimiziň gündelik durmuşyny gurşap alandygyna her birimiz şaýat.

Dilleriň dessany, kalplaryň bossany

Günbe-günden gözelleşýän, juwanlaşýan eziz Watanymyzda ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgelerine uly sarpa goýýan, olary mynasyp dowam etdirýän Gahryman Arkadagymyzyň paýhasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde sebitde deňi-taýy bolmadyk täze, döwrebap şäher döredi. Arkadag şäheri Gahryman Arkadagymyzyň mukaddes türkmen topragynda, gadymy Oguz ýurdunda ak mermerli binalardan döreden deňsiz-taýsyz eseridir. Bu şäher gojaman Köpetdagyň etegindäki jana şypaly tebigy aýratynlyklaryň hem-de ynsan eli bilen döredilen gözellikleriň ajaýyp sazlaşygydyr. Gündizine Gün şöhlesi düşende, şäheriň binalarynyň biri-birine yşyk berýän ýaly öwşün atyşyny synlamagyň özi kalbyňa üýtgeşik ýakymlylyk eçilýär. Dünýäniň häzirki zaman şäherleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýän Arkadag şäheriniň agşamky görnüşlerinde-de halkymyzyň milli ruhuna kybap gelýän özboluşly gözellik bar. Bu künjegiň döwrebap ýagdaýda abadanlaşdyrylan çäkleri şäheriň tyllaýy agşamlary bilen utgaşyp, gaýtalanmajak sungat eserine çalymdaş gözelligi emele getirýär.

Türkmen topragynyň sahawatynyň şanyna

Hasyl toýy mynasybetli welaýat häkimliginiň, welaýatyň medeniýet müdirliginiň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ajaýyp meýdançasynda guran baýramçylyk dabarasy çuň many-mazmuna eýe boldy. Giňden guralan toý çäreleri welaýatymyzyň ussat babadaýhanlarynyň, ýaşuly nesliň wekilleriniň, talyp ýaşlaryň, medeniýet, saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda dabaraly baýramçylyk ýörişi bilen başlandy.  Hormatly Prezidentimiziň Hasyl toýy mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna iberen Gutlagyndan ruhlanan hasyl ussatlary çykyş edip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň düýpli galkynyşa eýe bolýandygyny aýratyn buýsanç bilen nygtadylar. Belentden tutulan baýramçylyk çäresiniň dowamynda welaýatyň oba hojalyk pudagynyň öňdebaryjylarynyň uly toparyna hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. 

Eziz ýurdum — bagy-bossan

Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyjyna eýerip, ählihalk bag ekmek dabarasyna welaýatymyzyň ilaty hem ýokary watançylyk hyjuwy bilen gatnaşdy. Köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak üçin saýlanyp alnan ýerler, sözüň doly manysynda, baýramçylyk keşbine beslendi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak we bu il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işi yzygiderli dowam etdirmek boýunça öňde goýan wezipelerinden göwünleri galkynan welaýat merkeziniň ýaşaýjylary «Türkmeniň ak öýi» binasynyň golaýyndaky ýere bag ekmek dabarasyna ýygnandylar. Bu işe bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň, edara-kärhanalaryň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri, talyp ýaşlar hem-de welaýatyň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar. Watançylyk şygarlary, türkmeniň ak öýleri bilen bezelen meýdançada guralan dabarada welaýatymyzyň tanymal bagşy-sazandalarynyň, adygan tans, halk döredijilik toparlarynyň milli öwüşginli, şirin owazly, belent mukamly çykyşlary giňden ýaýbaňlandyryldy. Olarda ösüşdir özgertmelere beslenen bagtyýar durmuşymyzyň, päk zähmetiň waspy öz beýanyny tapdy.

Sanly hyzmatlar — hemmeleriň bähbidine

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, ilata durmuş taýdan hyzmat etmek ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen netijeli işler hem üstünlikli amala aşyrylýar. Durmuş hyzmatlarynyň düzümini we hilini kämilleşdirmek meselesi «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» bellenen wezipeleriň hatarynda durýar. Milli aragatnaşyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen, ýurdumyzda internetiň tizligi yzygiderli ýokarlandyrylýar, raýatlaryň sanly hyzmatlara bolan isleglerini kanagatlandyrmak boýunça işler dowam etdirilýär. Ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, durmuş hyzmatlary döwlet we döwlete degişli däl edaralar tarapyndan amala aşyrylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň web saýtynyň binýadynda (www.mlsp.gov.tm) «Türkmenistanyň ilatynyň iş bilen üpjünçiligi» atly portal hereket edýär. Onda kärhanalar, edaralar, guramalar, aýry-aýry fiziki şahslar — hususy telekeçiler boş iş orunlary üçin zerur hünärmenler we işçiler barada maglumatlary ýerleşdirýärler. Hasaba alnan iş gözleýänleriň iş berijiler bilen gös-göni habarlaşmaklary hyzmatlar ulgamyna ornaşdyrylan innowasion tehnologiýalaryň netijesidir.

Arkadag şäheri — ösüşleriň mekany

Sebitde ilkinji «akylly» şäher hökmünde ykrar edilen Arkadag şäheri «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýan ekologiýa ulgamyna eýe bolan, tapgyrlaýyn gurulýan merkeze öwrüldi. Arkadag şäherini ösdürmek işleri maksatnamalaýyn esasda durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynda «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Permana gol çekmegi bilen, şäheri ösdürmekde täze wezipelere badalga berildi. Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy şäheriň ähli ulgamynda durnukly ösüşi gazanmagy, şäheriň dolandyryş ulgamyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy, olary yzygiderli kämilleşdirmek arkaly ilatyň ýaşamagyna, zähmet çekmegine, dynç almagyna gönükdirilen amatlyklary yzygiderli üpjün etmegi, şäheriň ilatynyň iş üpjünçiligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy nazarlaýar. Konsepsiýa ýerine ýetirilýän we geljekde ýerine ýetirilmeli wezipeleriň toplumyny öz içine alýar. Arkadag şäherini ösdürmegiň häzirki we geljekki meýilnamalary, onuň ikinji tapgyryny gurmak bilen bagly işler ylmy taýdan esaslandyrylandyr. Täze ilatly merkezde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine, senagat we önümçilik desgalarynyň ýokary ekologik talaplara laýyk gelmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şäherde ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, dolandyryş binalary, bilim we saglygy g

Bereket-bolçulygyň toýy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynyň ylmy esasda ösdürilmegi, maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, pudagy dolandyrmagyň, hojalygy ýöretmegiň täze usullarynyň ornaşdyrylmagy, ýer eýeleriniň, daýhanlaryň täzeçil işlemegi üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi netijesinde önümçiligiň ähli ugurlary boýunça uly üstünlikler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň köpugurly tagallalary esasynda ýetilýän belent sepgitler, ajaýyp zähmet ýeňişleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden bellenilen Hasyl toýunyň şatlygyny has-da artdyrdy. Baýramçylyk mynasybetli, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda geçirilen toý dabaralary bereket-bolçulygyň, döwletliligiň, döredijilikli zähmete hormat-sarpanyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. ARKADAGDA

Senagat özgertmeleri rowaçlanýar

Golaýda bellenilen Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha ýokarlanýandygyny alamatlandyrýan birnäçe möhüm wakalara beslendi. Bu sene mynasybetli 3 — 5-nji noýabr aralygynda ýurdumyzyň gurluşyk, senagat önümçiligi, energetika, himiýa senagaty hem-de ýol gurluşygy pudaklarynda gazanylan üstünlikleri we geljegi uly ösüş meýilnamalaryny giňden ýaýbaňlandyran «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly halkara sergi hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahat guraldy. Bu giň gerimli çäreler bilen birlikde, Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda güýjenmesi 220 kilowolt bolan «Etrek» elektrik bekedi we Aşgabat şäherinde güýjenmesi 110 kilowolt bolan «Bagyr» elektrik bekedi açylyp ulanmaga berildi. Söwda-senagat edarasy, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, «Türkmen energiýa forum» hojalyk jemgyýeti tarapyndan bilelikde guralan «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly halkara serginiň maksady gurluşyk, senagat we himiýa senagaty, energetika ýaly möhüm pudaklarda wajyp meseleleri hem-de geljegi uly taslamalary ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Sergide öňdebaryjy kompaniýalaryň, şeýle-de döwlet kärhanalarynyň döwrebap önümleri we hyzmatlary bilen tanyşdyrmaklary hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň ýola goýulmagyna giň mümkinçilikleri açdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpanyň beýanydyr

10-njy noýabrda ýurdumyzda türkmen topragynyň sahawatyny alamatlandyrýan Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi. Garagum derýasynyň Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän böleginiň kenary esasy baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi. Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Halk Maslahatynyň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar.

Welaýatymyzyň pagtaçylarynyň ajaýyp zähmet ýeňşi

Uly zähmet üstünlikleri bilen şöhratlanýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 13 müň gektar meýdanda «ak altynyň» bereketli hasylyny ösdürip ýetişdiren welaýatymyzyň babadaýhanlary Hasyl toýunyň giňden bellenilýän günlerinde pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamasyny ýurdumyzda ilkinji bolup ýerine ýetirdiler. Olar 16 müň tonnadan gowrak «ak altyny» Watan harmanyna tabşyrdylar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalyk pudagyny özgertmek boýunça başlangyçlarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Welaýatymyzyň edermen pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmek, daýhanlaryň netijeli we öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin amatly şertleri döretmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky güwäsidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen amala aşyrylýan özgertmeleriň çäklerinde pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, önümçilige oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýän innowasion usullar giňden ornaşdyrylýar. Munuň özi welaýatymyzyň zähmetsöýer babadaýhanlaryna bol hasyl ösdürip ýetişdirmekde uly ýardam edýär. Türkmen topragynyň sahawatyny, daýhanlaryň halal zähmete bolan söýgüsini alamatlandyran Hasyl toýunyň giňden bellenilen günlerinde welaýatymyzyň

Türkmen topragynyň sahawatynyň şanyna

Hasyl toýy mynasybetli welaýat häkimliginiň, welaýatyň medeniýet müdirliginiň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň  ajaýyp meýdançasynda guran baýramçylyk dabarasy çuň many-mazmuna eýe boldy. Giňden guralan toý çäreleri welaýatymyzyň ussat babadaýhanlarynyň, ýaşuly nesliň wekilleriniň,  talyp ýaşlaryň, medeniýet, saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň işgärleriniň  gatnaşmagynda dabaraly baýramçylyk ýörişi bilen başlandy.  Hormatly Prezidentimiziň Hasyl toýy mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna iberen Gutlagyndan ruhlanan hasyl ussatlary bu ýerde çykyş edip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň düýpli galkynyşa eýe bolýandygyny aýratyn buýsanç bilen nygtadylar. Belentden tutulan baýramçylyk çäresiniň dowamynda welaýatyň oba hojalyk pudagynyň öňdebaryjylarynyň uly toparyna hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.