"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Şanly senäniň şanyna

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň geçip barýan her bir güni bizi mähriban halkymyzyň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp senelere — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna hem-de her bir türkmenistanly üçin mukaddes bolan Aşgabat şäheriniň gününe barha golaýlaşdyrýar. Şu mynasybetli ýurdumyzyň baş şäherinde baýramçylyklary mynasyp garşylamak boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini yzygiderli gözegçilikde saklaýar we adamlaryň ýaşaýşy üçin amatly şertleri döretmek, öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere möhüm üns berýär.

Oňyn özgertmeler ýoly bilen

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň ikinji aýy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasy we ykdysady strategiýasynyň, giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň täze subutnamalaryny äşgär etdi. 1-nji fewralda döwlet Baştutanymyz Harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işleriň barşy bilen tanyşdy.

Öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşilmelidir

1-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy. Döwlet Baştutanymyz gün tertibindäki meselelere geçip, Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Olar ýurdumyzyň baş şäheriniň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça milli Liderimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda alnyp barylýan işler, Aşgabadyň binagärlik keşbini gözelleşdirmäge gönükdirilip, bina edilýän iri, täze desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty

1-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy. Döwlet Baştutanymyz gün tertibindäki meselelere geçip, Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Olar ýurdumyzyň baş şäheriniň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda alnyp barylýan işler, Aşgabadyň binagärlik keşbini gözelleşdirmäge gönükdirilip bina edilýän iri, täze desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Milli mirasymyza belent sarpa

2-nji martda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Sport myhmanhanasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda dabara geçirildi. Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergi bilen tanyşdylar. Onda hormatly Prezidentimiziň kitaplary we beýleki çeper eserler görkezildi. Alabaý hormatly Prezidentimiziň edebi döredijiliginiň aýratyn mowzugy bolup durýar. Milli Liderimiziň şahyrana zehini netijesinde, milletiň buýsanjy bolan ahalteke bedewleri bilen birlikde alabaýlaryň gaýduwsyzlygynyň, wepadarlygynyň waspy ýetirilýär.

Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk

2-nji martda Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygyna bagyşlanyp, “Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň barşynda ikitaraplaýyn resminamalara onlaýn tertipde gol çekmek dabarasy boldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) arasynda bilelikde maliýeleşdirmek hakynda Ylalaşyga, şeýle hem Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we ÝUNFPA arasynda 2021-nji ýyl üçin “Ýaşlaryň milli ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge hem-de gender deňligini ilerletmäge gatnaşmagynyň gurallaryny pugtalandyrmak” taslamasynyň çäklerinde Iş meýilnamasyna gol çekildi.

Milli itşynaslyk sungatyny kämilleşdirmek ugrunda

2-nji martda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Sport myhmanhanasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda dabara geçirildi. Bu ýere ýygnananlar asylly däplere, milli mirasa hormat goýmagyň hem-de wepalylygyň özboluşly nyşanyna öwrülen gadymy alabaý itlerini gorap saklamak we bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine yzygiderli üns berýändigi üçin milli Liderimize hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Paýtagtymyzy ösdürmegiň möhüm ugurlary

Mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylýan her bir işiň aňyrsynda halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrundaky beýik maksatlaryň bardygyny görmek bolýar. Munuň şeýledigi Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyz we paýtagtymyzyň töweregi boýunça amala aşyran iş saparlarynyň dowamynda hem-de birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygy, durmuş düzüminiň toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylmagy boýunça taýýarlanan taslamalaryň beýanynda aýdyň görünýär. Paýtagtymyzyň özboluşly mermer keşbi Türkmenistanyň at gazanan arhitektory hormatly Prezidentimiziň binagärlik ukybynyň, döredijilik zehininiň miwesidir. Şäheriň ak mermere beslenen binalaryň iň köp jemlenen ýeri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi munuň beýanydyr. Gahryman Arkadagymyz Aşgabat şäherini ösdürmek boýunça gurluşyk taslama maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini hemişe üns merkezinde saklaýar, gurluşygy alnyp barylýan desgalara yzygiderli iş saparlaryny amala aşyrýar. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň çözgüdine oýlanyşykly, toplumlaýyn hem-de uzakmöhletleýin esasda çemeleşmegiň wajypdygyny nygtaýar. Paýtagtymyzyň şeýle ýörelgelere esaslanylyp, bina edilen durmuş-medeni maksatly binalary, ýaşaýyş jaý toplumlary gurlup, paýtagtymyzdaky binalaryň sanawynyň üstüne goşulýar.

Milli kanunçylykda zenan sarpasy

Hormatly Prezidentimiziň belent tagallalary netijesinde ýurdumyzda zenanlaryň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda erkekler bilen deňhukuklylygy milli kanunçylyk arkaly doly berkidilendir. Türkmen jemgyýetinde aýal-gyzlaryň işjeňligini artdyrmak maksady bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli kanunçylygy kämilleşdirmek babatda hem wajyp ädimler ädildi. Muňa mysal hökmünde «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegini görkezmek bolar. Keramatly Käbä deňelýän enelerimiz, gelin-gyzlarymyz ýurdy goramakda merdana atalalarymyz bilen egin-egne durup, gözüň görejine deňelýän Watany gorap saklapdyrlar. Parahatçylykly döwürlerde il içinde we maşgalada agzybirligi, päk zähmet çekip ýaşamagy, halallygy ündäp, ýaşlaryň aňynda milli däp-dessurlarymyzy, ruhy gymmatlyklarymyzy terbiýeläp, ojaklaryň hemişe otly bolmagyny ündäp gelipdirler. Halkymyz ýürek yhlasynyň, çeper elleriniň gudratyndan inçe sungata öwrülen nepis halysy, keşdesi, egin-eşigi bilen dünýäde meşhurlyk gazanan zenanlarymyza çuňňur hormat goýup, olaryň mertebesini hemişe belent saklap gelipdir.

Geljegi nazarlaýan ösüşlere tarap

1-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy. Döwlet Baştutanymyz gün tertibindäki meselelere geçip, Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Olar ýurdumyzyň baş şäheriniň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça milli Liderimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda alnyp barylýan işler, Aşgabadyň binagärlik keşbini gözelleşdirmäge gönükdirilip bina edilýän iri, täze desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda goşuny kämil ýagdaýa getirmegiň iň möhüm wezipeleriniň biri hem, harby okuw-terbiýeçilik ulgamyny kämilleşdirmek arkaly, häzirki zaman innowasion enjamlary hem-de maglumat tehnologiýalaryny, sanly ulgamlary ulanyp, harby taýýarlygyň has amatly, şol sanda netijeli görnüşlerini we usullaryny gözläp tapmakdan ybaratdyr. Maglumatlaşdyrmak harby okuw-terbiýeçilik ulgamyny ösdürmegiň iň netijeli ýollarynyň biridir. Şu nukdaýnazardan Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň terbiýeçilik düzüminiň serkerdeleri bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Terbiýeçilik işleri boýunça müdirligi tarapyndan okuw-usulyýet maslahatlaryny geçirmek işleri polkownik Amangeldi Berdiýewiň ýolbaşçylyk edýän garnizonynyň çäklerinde dowam edýär. Onuň esasy maksady goşunlarda terbiýeçilik işini, harby düzgün-nyzamyň ýagdaýyny pugtalandyrmakdan, harby psihologlaryň hünär taýýarlyklaryny has-da ösdürmekden, geçirilýän işleriň netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy. Ýygnanyşygyň dowamynda geçen ýylda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerinde meýilnama esasynda ýerine ýetirilen işleriň hasabatlary hem diňlenildi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň harby howpsuzlygyny üpjün etmekde terbiýeçilik işiniň öňünde durýan wezipeleri we maksatlary nukdaýnazary bilen geçirilen ýygnanyşyk döwlet syýasatyny w

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

1-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy. Döwlet Baştutanymyz gün tertibindäki meselelere geçip, Aşgabat şäheriniň häkimi Ý. Gylyjowy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş. Durdylyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Olar ýurdumyzyň baş şäheriniň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça milli Liderimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Türkmen alabaýy halkymyzyň mizemez medeni mirasydyr

Halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny saklamak hem-de dünýäde giňden wagyz etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu ugurda alnyp barylýan giň möçberli özgertmeler alabaýlaryň tohumçylyk işiniň ösdürilmegini hem-de kämilleşdirilmegini nazarlaýar. 2-nji martda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň Sport myhmanhanasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň başlygy S. Berdimuhamedowyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda dabara geçirildi.

Türkmen alabaýy halkymyzyň mizemez medeni mirasydyr

Milli itşynaslyk sungatyny kämilleşdirmek boýunça maslahat geçirildi Aşgabat, 2-nji mart (TDH). Halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny saklamak hem-de dünýäde giňden wagyz etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu ugurda alnyp barylýan giň möçberli özgertmeler alabaýlaryň tohumçylyk işiniň ösdürilmegini hem-de kämilleşdirilmegini nazarlaýar.

Hemmetaraplaýyn ösüşe gönükdirilen işler

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy. Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynda ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew ýurdumyzyň baş şäheriniň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça milli Liderimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda alnyp barylýan işler, bina edilýän iri, täze desgalardaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň güni we onuň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 1-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy. Döwlet Baştutanymyz gün tertibindäki meselelere geçip, Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Olar ýurdumyzyň baş şäheriniň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça milli Liderimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda alnyp barylýan işler, Aşgabadyň binagärlik keşbini gözelleşdirmäge gönükdirilip, bina edilýän iri, täze desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine seredildi

26-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ilki bilen, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer, daşary işler ministri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Resmi habarlar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli künjeklerini gurşap alan giň gerimli özgertmeleriň öňbaşçysy bolan paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň döwletimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň aýdyň nyşany bolup durýandygyny dünýä giňden ýaýmak, Aşgabadyň ýurdumyzyň baş syýasy, durmuş-ykdysady, tehnologik ösüşiň we innowasiýalaryň milli merkezi, döwletimiziň ylym-bilim hem-de medeni merkezi bolup, dünýäniň öňdebaryjy we ösen şäherleriniň hatarynda mynasyp orun alýandygyny halkara jemgyýetçilige açyp görkezmek, baş şäherimiziň geçen taryhy ösüş ýolunyň özboluşlylygyny wagyz etmek hem-de häzirki döwürde Aşgabatda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň dünýä nusga alarlyk bolup durýandygyny äşgär etmek, şeýle hem Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllyk baýramyny guramaçylykly we ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Hökümet topary döredildi hem-de bu toparyň düzümi, geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna hem-de Aşgabat şäheriniň häkimligine Meýilnamada bellenen dabaralaryň we çäreleriň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

26-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ilki bilen, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer, daşary işler ministri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Möhüm wezipeler kesgitlenildi

26-njy fewralda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Häzirki wagtda bu guramanyň 2021-nji ýylyň 4-nji martynda Türkiýe Respublikasynyň guramagynda wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek ýokary derejeli 14-nji mejlisine türkmen tarapynyň gatnaşmagy bilen baglanyşykly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şu ýylda Türkmenistan YHG-a başlyklyk eder. Bu wezipäni üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, degişli konsepsiýanyň taslamasy taýýarlanyldy we onda birnäçe möhüm wezipeler kesgitlenildi. Şolaryň hatarynda YHG-a agza ýurtlarda maýa goýum işini ösdürmek, erkin söwda-ykdysady zolaklary döretmek, söwda, ulag we logistika, energetika ugurlaryny nazara almak arkaly täze ykdysady geçelgeleri kemala getirmek ýaly ugurlar bar.