"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Goşgular çemeni

Watan waspy Arkadagly WatandaJoşýar aýdym-mukamym.Dost-doganlyk ýurdudyrNebit-gazly mekanym!

Çaga kalbynyň owazy

Pasyllar Gyş geldi, aklyk bezedi, Älemi, belendi-pesi. Ýaz gelende güller açan Tebigat geýdi begresi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine

DÖWRÜMIZIŇ GANATY SIZ, ARKADAG! Asuda asmanly Garaşsyz ýurdum,Döwrümiziň ganaty Siz, Arkadag!Zemine behişdiň nuruny çaýdyň,Döwrümiziň ganaty Siz, Arkadag!

Aždar

Hekaýa Döwli çopan dagy onunjy gün diýlende goşlaryna gaýdyp geldiler. Ýöne eşegiň üstünde çopan taýagyny gujaklap, kese oturyp gelýän baş çopanyň ýüzünden gar ýagaýyn diýýärdi. Olaryň gelýänini uzaklardan gören Akbilek ýatan ýerinden sürä tarap ok bolup, atylyp gitdi. Muny görüp, süri bilen gelýän itler «wowf-da-wowf» boluşdylar. Itler bir salym biri-biri bilen ysgaşyp duransoňlar, Akbilek Döwli çopana golaýlaşyp, onuň eşeginiň daşyndan naýynjar çyňsap, aýlanyp başlady. Muny gören goja çopan eşeginden böküp düşüp, itiniň başyny sypalap:

Şäherli myhman (Hekaýa)

Şäherli garyndaşlarynyň oguljyklary Şöhrady-da alyp, myhmançylyga gelmekleri Sährajyk bilen jigilerini örän begendirdi. Çagalar hezil edip oýnadylar. Şöhratjyk üçin oba durmuşy diýseň gyzyklydy. Dodaklary salpy, haýbatly düýeleri, şahlary burum-burum gaharjaň goçy, gölejigini gabanyp, golaýyna goýbermeýän ala sygry, hatda petekesini gaýşardyp, towuklary gorap ýören gopbamsy horazy gören Şöhratjygyň birbada sussy basylan ýaly boldy. Sährajyk oňa saklaýan öý haýwanlarynyň içinde iň gaharjaňy şol gopbamsy gyzyl horazdygyny gürrüň berdi. Beýlekileri bilen basym dostlaşyp bolýandygyny aýtdy. Şöhratjyk bolsa: «Be, ullakan haýwanlardan gorkman, men indi şu horazdan gorkmalymykam?! Sähra meni aldaýan bolaýmasa» diýip, pikir etdi. Şol pikir bilen hem Sährajyga özüniň bu gopbam horazdan birjik-de gorkmaýandygyny subut etmek üçin herekete geçdi. Ol özüne göwni ýetýän şol gyzyl horazy gorkuzmak üçin amatly pursat gözledi. Myhman oglanjyk hemmeleriň içerde güýmenýän wagtynda howla çykdy-da, şol horazy tutup, Sährajygyň öňünde: «Şumy siziň gaharjaň horazyňyz?!» diýmek maksady bilen, gyzyl horazy kowalap ugrady. Horaz birbada gaçmaga hyýallananam bolsa, birden aýak çekdi-de, Şöhratjygyň garşysyna geçdi. Iki garşydaş bir-biri bilen ýüzbe-ýüz boldy. Birdenem, gorkunç sesi bilen «Wagyr-wagyr» edip, hüžžerip özüne topulan horazy gören Şöhratjygyň zähresi ýarylan ýaly boldy. Hamana diýersiň, bu ga

Täze hat (Hekaýa)

Jerenjik Aýazbaba sargan sowgadyna gününi sanap garaşypdy. Şol sebäpli hem Jerenjik bu gün säher bilen oýanyp, ejesiniň ýanyna ylgady. Ejesi Maral gelneje baýramçylyk saçagy üçin dürli tagamlary bişirip başlapdy. Gyzjagazyna gözi düşen ejesi: — Näme beýle ir turduň, balam? Entek ir-ä, ýatybermeli ekeniň-dä — diýdi.

Goraghanadaky sapak (Hekaýa)

Hemişeki ýaly okuwdan gelşine, ylgap gapydan giren Ahmet öýde kakasynyň kimdir biri bilen gürleşýän sesini eşidip, biraz diňşirgendi. «Beh, öz-ä tanyş ses. Kakam kim bilen gürleşýärkä?» diýip, içini gepletdi. Birdenem tebigaty öwreniş dersinden okadýan Myrat mugallymdyr öýdüp, ziňkildäp gitdi. «Eý-waý, indi näderkäm?! Myrat mugallym meniň ikiligim barada kakama aýtmaga öýe geläýipdir» diýip, öz otagyna tarap ýöneldi. Ahmetjik mugallym gidýänçä öz otagynda ümsüm oturdy, emma ýerinden turanda, hälki ýere oklan ýantorbasyna büdräp ýykylmagy jaýyň içindäkileriň ünsüni özüne çekdi. Gapydan kakasynyň seredip durandygyna gözi düşeninden Ahmet tisginip gitdi. Kakasy:

Sen tapmaça çözýärmiň?

Tapmaça çözmek boş wagtyňy gyzykly geçirmegiňe ýardam edýär. Ondan başga-da, tapmaça çözmekligiň ähmiýetli taraplary köpdür. Has takygy, edil fiziki türgenleşikde adam bedenindäki myşsalaryň ösüşi ýaly, tapmaçalar hem aň-beýni ulgamynyň kämilleşmegini, ýatkeşligiňi has-da gowulandyrýar. Eger adam çylşyrymly meseleleri çözmek bilen beýnisini yzygiderli türgenleşdirýän bolsa, onuň aň işjeňligi öňküsinden has ýokarlanyp başlaýar. Tapmaça çözmek hem edil şol usula görä, beýni üçin ýerine ýetirilýän maşk kysmy bir hereketdir. Bedenterbiýe maşklaryndaky her hereketiň belli bir beden agzasyna täsir edişi ýaly, dürli görnüşli tapmaçalar hem beýniniň dürlüçe böleklerini ösdürmäge ýardam edýär. Mysal üçin, «Towşanjyga käşiri almaga kömek et!» diýen ýaly labirintli tapmaçalar giňişlikde ugur kesgitlemegi öwredip, nätanyş şäherlerde ýa-da sähradyr tokaýda azaşmazlygy öwredip biler. Galyberse-de, şeýle tapmaçalar kiçijik çagalaryň barmaklarynyň işjeňligini artdyrýar.

Baky nebisjeň (Türkmen halk ertekisi)

Bir bar eken, bir ýok eken, gadym zamanda bir çopanyň bäş sany ogly bar eken. Bu oglanlaryň dördüsi çopanyň özi ýaly elaçyk, göwnaçyk ýigit bolup ýetişipdir. Olaryň bäşinjisi bolsa husyt, nebsiniň ugrunda hallan atyp ýören ýigit bolup çykypdyr. Onuň gylygyndan heder eden çopan: «Doganlaryna bir kösti ýetmesin» diýip, ony ur-tut öýeripdir-de, öýüni aýrypdyr. Bu oglanyň ady Baky eken. Baky atasynyň beren dört sany dowarynyň sanyny bir ýylda on bäşe, iki ýylda otuza, bäş ýylda ýüze ýetiripdir. Onuň küýi-köçesi baýlyk toplamak bolupdyr. Il ýaly ne iýipdir, ne-de geýipdir. Şeýdip, elli ýaşa ýetende, bäş süri goýnuň eýesi bolupdyr. Il-gün her kimiň gylygyna görä lakam goýýar. Bakynyň adynyň yzyna hem ol entek otuz ýaşyna ýetmänkä, «nebisjeň» diýen lakamy tirkäpdirler.

Syrly gar (Ýapon halk ertekisi)

Gadym döwürde bir daglyk ýerde garypja oba bar eken. Golaýdaky dagda üç ýyl owalky atylan wulkanyň Göge sowran külleri zerarly, obanyň ekin meýdanlary hasyl bermez hala gelipdir. Bir gezek bu oba açlykdan taby gaçan bir jahankeşde gelipdir, emma oba adamlarynyň onuň bilen azygyny paýlaşmaga ýagdaýy ýok eken. Açlykdan surnugan jahankeşde ahyrynda obanyň çetinde özünden gidip ýykylypdyr. Şol ýerden geçip barýan garryja aýal jahankeşdäni öýüne getirip, oňa odur-budur hödür edipdir. Ýöne ýekeje lukma az bolup, öý bikesi myhmany ýene biraz naharlamak isläpdir. Şeýlelikde, garry aýal goňşusy Şoýanyň ekininden turp köwläpdir-de, ondan turp şiresini taýýarlap, myhmanyna hezzet edipdir.

Tapmaçalar

1) Ol otagyň içinde, otag onuň içinde. 2) Şekere meňzär, tagamy ýok, Gökde gaýar, ganaty ýok.

Ýalňytmaçlar

Ilerden gelýän bir topar garaman garaloňk gara garga. Gaýradan gelýän bir topar garaman garaloňk gara garga. Indi sen şu ýerde meniň bilen garaman garaloňk gargalaşsaňam garaman garaloňk gargalaşarsyň, garaman garaloňk gargalaşmasaňam, garaman garaloňk gargalaşarsyň. Şeýdip, ikisi şol ýerde garaman garaloňk gargalaşyp başladylar. * * *

Söýgi haty (Gülküli hekaýa)

Garagolluk nämeleri etdirmeýär?! Orta mekdebiň ýedinji-sekizinji synplarynda okap ýören ýetginjekdik.

Gapymyz sygyrly, ýüregimiz şygyrly bolsun!

Ýaşaýan ýerimiz Garagumuň jümmüşindäki kiçijik obady. Ondaky bakylýan mal-a goýun-geçi, sagylýan malam düýedi. Şonuň üçinem, Berdinazar aganyň «Gumlular» atly kitabyny eý görüp, ondaky bolup geçýän wakalary obamyza hem degişli saýardym. Has dogrusyny aýtsam, kitaby ýanymdan aýyrmazdym. Ýazyjynyň goşgularyndaky tarypyny edýän gyrkylyk yzly çägeleri hut biziň obamyzda-da bardy. Men hem edil ýazyjymyz ýaly «Bu çägeleri bir ýere üýşürseň uly dagy hem döredip bolardy. Çägeden dag! Ol diýseň üýtgeşik «dag» bolar!..» diýip, süýji arzuwlary ederdim. «Suw ýaly akyp duran ürgün çägelikde edýän arzuwlarym amala aşýar» diýip düşünerdim. Olary: Ýetiberensoň ýugrumy, Çagam deý söýýän şygrymy, Oýkaplar ýere bagrymy ýatdygym, guba çägeler! —

Goşgular çemeni

ArkadagWatanymyz kuwwatlandy, galkyndySaýaňyzda sahawatly Arkadag!Daşyňyza jebisleşdi halk indi,Milletiň Gün kibi çoýýaň Arkadag! Pyragyň arzuwyn edensoň amal,Berkarar döwletim tapyndy kemal,Öwüsýär üstümizde bagtyýar şemal,Şoň üçin ýürekden söýýäs Arkadag!

Şygryýet älemi

Oba säheri Saba, oba säheri,Päkize hem arassa.Çyg örtdi ene ýeri,Göwünlerde ýok gussa.

Sen — bagtymyň ganatlary

«Duýgular ummany» hekaýatlar toplumyndan Seniň kalbyma haçan aralaşandygyňy, seni haçan söýüp başlandygymy hem anyk aýdyp bilmerin. Çünki haçan seniň yşk oduň kalbymy daglandygyny anyk bilmeýärin. Ony bilibem biljek däl. Indi ony diňe yşkyň dünýäsi bilýär. Syrly günler, yşk owazlary, mukamlary bilýär. Ol indi hiç wagt açyp bolmajak syra öwrülip, yşkdan doly dünýämize ömürbaky siňdi. Bakylyga tarap ädim ätdi.

Döwletlilik ýörelgesi türkmeniň

Däbinde sylag bar, dessurda sarpa,Dostluk ýoly uzar ählije halka,Jebis, agzybirlik ýetirer bagta,Döwletlilik ýörelgesi türkmeniň. Ula hormat goýmak, kiçini söýmek,Ýigidi gaýratly, gyzynda görmek,Atyny segredip, messana ýörmek,Döwletlilik ýörelgesi türkmeniň.

Magtymgulyda peder waspy

Azerbaýjan Respublikasynyň Baku döwlet uniwersitetiniň türkologiýa kafedrasynyň professory Firuza Abdulla gyzy Agaýewanyň ady dünýäniň magtymgulyşynaslarynyň arasynda giňden bellidir. Onuň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlap ýazan ylmy makalalary Azerbaýjanyň hem-de Türkiýäniň, Hindistanyň, Eýranyň, Russiýa Federasiýasynyň ylmy neşirlerinde çap edildi. Ol Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan, rus we azerbaýjan dillerinde neşir edilen «Magtymgulynyň döredijiligi», «Nusgawy türkmen şahyry», «XVII asyr türkmen edebiýaty» ýaly kitaplaryň awtory hökmünde-de tanalýar. Firuza Agaýewa 2014-nji ýylda türkmen nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini daşary ýurtlarda giňden wagyz etmekde bitiren hyzmatlary üçin hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Magtymguly Pyragy» ýubileý medaly bilen sylaglandy. Biz gazetimiziň şu sanynda azerbaýjan alymy Firuza Agaýewanyň türkmeniň berkarar döwletli bolmak ýörelgesini ösdüren akyldar şahyr baradaky makalasyny okyjylarymyza ýetirýäris.

Şygyr halamaýar saly gowşagy

Şahyryň sözi Edebiýat — döwrüň ýol görkezijisi, şahyrlar bolsa döwrüň baýdak göterijileri hasaplanýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz beýleki ugurlar bilen birlikde, çeper edebiýaty ösdürmeklige, edebi mirasymyzy öwrenmeklige we wagyz etmeklige uly ähmiýet berýär. Şygyr bolup, ajaýyp eser bolup gelýän günler bolsa kalby joşgunly şahyrlarymyza ylham paýlaýar. Döwrümiziň waspy, döwletimiziň ýeten belent sepgitleri şygyr setirlerinde öz beýanyny tapyp, halkymyzy döredijilikli zähmete we bagtyýar geljege ruhlandyrýar. Milli şygryýetimiziň mylaýym mähri müňlerçe, millionlarça ýüreklere ornaşyp, şol ýüreklere halallygyň, ynsabyň, ruhubelentligiň şöhlesini çaýýar. Ynsan ýüregini şygyr ýaly mähremleşdirýän başga bir jadyly güýç, megerem, ýok bolsa gerek. Şonuň üçin-de şygryýetiň daragty bitewidir. Şol daragtyň kökleri halk durmuşynyň köklerinden yzgar alýar. Şygryýet daragtynyň bolsa ençeme şahalary bar. Biz okyjylarymyzdan we ýaş şahyrlarymyzdan gelip gowuşýan teklipdir islegleri nazara alyp, inçe lirika, milli pelsepä ýugrulan şol şygryýet daragtynyň şahalary dogrusynda söhbet etmek maksady bilen, “Şahyryň sözi” atly täze rubrikany açýarys. Bu rubrikada ussat şahyrlarymyzyň, edebiýatçy alymlarymyzyň milli şygryýetimiz, onuň görnüş we mazmun aýratynlyklary, tema dürlüligi, şeýle-de öz döredijilik ýollary dogrusyndaky pikirlerini ýerleşdirer