"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Şapakdaky şuglalar (Ýene kitaplar hakynda)

KUÇKOR NORKOBIL,(Özbegistan). ■ Dünýe — meniň öýüm. Kitaplar onuň çyraglarydyr.

Magtymgulynyň döredijiliginiň terbiýeçilik ähmiýeti

Häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesilleriň giň dünýägaraýyşly, beden we ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri, Watana söýgi, wepalylyk ruhunda terbiýelenmekleri ugrunda beýik işler durmuşa geçirilýär. Halkymyzyň dana şahyry Magtymguly Pyragynyň şygyrlary ýaş nesilleri terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak genji-hazyna bolup durýar. Magtymguly Pyragynyň setirlerinde öňe sürülýän pikirler, beýan edilýän meseleler, öwüt-ündewler örän çuň mana ýugrulandyr. Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk kitaplary Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň mazmuny bilen utgaşyp, nesilleri milli ruhda terbiýelemekde gymmatly gollanmadyr. Gahryman Arkadagymyz «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda: «Nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň bize goýup giden mirasy özboluşly terbiýe mekdebidir» diýip belleýär. Dana şahyryň eserleri ýaşlarda watançylyk duýgusyny ösdürmegiň egsilmez çeşmesi hökmünde çykyş edýär. Magtymguly Pyragynyň umumadamzat jemgyýetçiligi üçin saýlap alan iň bähbitli ýoly öwüt-nesihat ýoludyr. Bu babatda şahyr «Maksadym nesihat etmekdir halka» diýip, nesihat edipdir. Şahyryň taraşlap, şagladyp, bize ýadygärlik goýan edebi mirasy örän giň we köptaraplydyr. Akyldaryň şygyrlary häzirki wagtda ýaş nesilleri halkymyzyň milli ruhy baýlyklary esasynda terbiýelemekde gymmatly çeşmedir. Dana Pyragynyň döredijiliginiň umman ýaly giňdigi, Z

Türk­men di­li — mil­li dil

«7/24.tm»: №47 (234) 18.11.2024 Türk­men di­li halk­la­ry, kalp­la­ry, bü­tin adam­za­dy dost­laş­dyr­ýan, ýa­kyn­laş­dyr­ýan gymmatlykdyr. Türk­men di­li tür­ki dil­le­riň iň öz­bo­luş­ly we ta­ry­hy kö­kü­ni asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den alyp gaý­dyp, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de has-da baý­la­şyp, onuň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­dä­ki we me­de­ni­ýe­tin­dä­ki bi­ti­ren hyz­mat­la­ry­ny açyp gör­kez­mek üçin türk­me­niň be­ýik şah­sy­ýet­le­ri­niň tut­ýan or­ny diý­seň ulu­dyr.

Gysgajyk kyssalar

«7/24.tm»: №47 (234) 18.11.2024 Siz nähili ýatlanmak isleýärsiňiz?

Janym, tenim, ruhum şu Watandadyr

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew öz ömründe uly şahsyýet derejesine göterilmegi başardy. Meşhur şahyr. «Uly», «meşhur» ýaly garamatly epitetleri her kime rowa görmek, ýabşyrmak mümkin däl. Ýöne men Atamyradyň öz şahsyýetine-de, tutuş döredijiliginde kemala gelen, formirlenen şahyrana şahsyýetine-de belet bolanym üçin bu epitetleri ulanýaryn. Muny subut etmek üçin birnäçe kitap ýazyp bolardy. Men onuň durmuşdaky, jemgyýetdäki, dost-ýarlarynyň, dogan-garyndaşlarynyň, ony tanaýan adamlaryň arasyndaky abraýynyň örän uly bolandygyny bilýänim üçin oňa uly şahsyýet diýýärin. Onuň, türkmeniň ýene bir meşhur şahyry Nobatguly Rejebow aýtmyşlaýyn, «Azaballa» bilen ýetişdiren şahyrana şahsyýetiniň halkymyzyň begenjine begenip, agysyna aglap bilýän ýürekdeşine, akyldarlarynyň birine, watançysyna... öwrülendigini bilenim üçin meşhur şahyr diýýärin. Garaşsyz Watanymyzda öz halkynyň, öz bagtynyň, öz ýurdunyň şahyry bolmagy başaryp, söz söýerleriň hakydasynda we ýüreginde, milli edebiýatymyzyň sahypalarynda orun almagy başaran A.Atabaýewiň şygyrlary, hemişe bolşy ýaly, şu günem söýlüp okalýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli medeniýetimizi, edebiýatymyzy galkyndyrýan döwründe, megerem, şahyr üçin iki dünýe şundan zyýada mertebe bolmasa gerek. Muhammetguly AMANSÄHEDOW,filologiýa ylymlarynyň doktory, professor.

Ylham ýaýlasy

Atamyrat ATABAÝEW,Türkmenistanyň halk ýazyjysy. Arkalaşyk

Berkarar döwletdir arzuw eýläni

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynyň netijesinde, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeler medeni gymmatlyklary, taryhy, edebiýaty, sungaty, ylym-bilimi ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Şeýle gymmatlyklar ata Watana bolan söýgini, buýsanjy artdyrmakda, ynsanperwer duýgulary kemala getirmekde, aňyýeti, aň-düşünje hem akyl-paýhas goruny baýlaşdyrmakda bahasyz baýlykdyr. Şu nukdaýnazardan, türkmen edebiýaty hem giňişleýin öwrenilip, halkymyza ýetirilýär. Bu işlerde, esasan, geçmiş mirasymyza daýanylýar, nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň eserleri öwrenilýär, halka ýetirilýär. Şeýle şahyrlaryň biri-de türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragydyr. Dana Pyragy halkymyzyň buýsanjy hem guwanjy bolmak bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda: «Barymyzy şärik edýär ägirt şöhrat-şanyna» diýip beýan edişi ýaly, halkymyzyň, bedew batly ösüşler bilen ynamly öňe barýan berkarar döwletimiziň at-abraýyny dünýä doldurýar.

Nesilleriň aýdymy

Ýyldyrym deý çakyp, sil kibi joşup,Asman deý gümmürdäp, deňiz deý daşyp,Öz ýurdunyň aşygydyr hak aşyk,Şu Diýardyr owal-ahyr yşkymyz,Şu Watanyň,                     şu milletiň nesli biz! Şu ýurt diýip, şirin jandan geçip bor,Huzurynda Hakdan kasam içip bor.Hyzmatyna ýaramasak niçik bor?Miras aldyk bu mukaddes keşgi biz,Şu Watanyň,                     şu milletiň nesli biz!

Duýguly dünýä

AHWAL Asmanyň böwrüni ýyldyrym kesdi,Agaçlaň saçlaryn syranda şemal.Gamgyn gamyşlaram sygyrdy esli,Ýüregme geň duýgy ornadyp şo hal.

Şygryýet bossany

MAGTYMGULY PYRAGA Ýaňlanyp dur dünýäde mukamlaryň seresi —«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy».Danalaryň danasy, akyl ýetmez dereje —«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy».

Şygryýet çemeni

ISLEG Meniň ýaşap ýören owadan dünýäm —Süýjüje hyýaldan gurulan wysal.Kakam gursagynda gaýapdyr yşky,Arzyly arzuwyn almaz ýaly a:l.

Bagyşlamak (Oýlanma)

Oňa hiç haçan «Gel» diýmändim. Kiçijek derýa mysaly dünýämiň içinde ýalňyz gämim bilen oňňut ederdim. Oňňut etmän nätjekdiň diýsene?! Hemme zada kaýyl bolup ýaşaýan günlerimiň birinde sataşypdym oňa. Ýalňyz gämini bilelikde küreklemek isleginiň bardygyny ýaňzydypdy. Men onuň bu islegini ilki gözlerinden okapdym. Üýtgeşikdi ol. Tanan we tanaýan ähli ynsanlarymdan parhlydy. Ýeke kişilik dünýämiň çäginden oňa-da orun bermegim, belkem, şonuň üçindir. Ýok, hut şu sebäpden orun beripdim oňa ýürek törümden. Men we ol — ýürekdeş hemem kürekdeş. Indi gäminiň kürekleriniň herimiz birine erk edýärdik. Şeýdip durmuş derýasyndaky menzilleri külterläp boljakdygyna ynanypdyk. Ilkibadalar derýa örän asudady, parahatdy. Asman bilen reňkdeş suwunyň içinde söýgi gämimiz aňsatlyk bilen öňe omzaýardy. Onuň üçin men dünýäniň iň gözel gyzydym, meniň üçin ol dünýädäki iň görmegeý ýigitdi. Aslynda, biz ýüzleriň däl, ýürekleriň aşygydyk. Edil şol derýanyň suwy kimin dury hem päk ýüregi bardy. Belki, beýle-de däldir, şol ajaýyp duýgularyň täsirine düşüp, ýüregini duýmak isleýşim ýaly duýandyryn. Aýdýan datly kelamlarynyň yzyna, köplenç, menlik ýöňkemesiniň goşulmasyny tirkärdi. Soňlugy bilen bu mende-de endige öwrüldi. Şahyr aýtmyşlaýyn, merjen dänesi deý düzülen günleriň hersinde biri-birimiz hakdaky bilmeýän zatlarymyzyň üstüni açýardyk. Edil owal gezim edip görmedik ýerleriňe syýahat etmek ýaly ajaýyp

Ylham joşguny

DURALGADA Awtobuslar gatnap dursun wagtynda,Hemem uzak garaşmaly etmesin.Şonsuzam köp zada garaşýas munda,Alýar durmuş wagtymyzyň essesin.

Şygryýet

Bagban Bagban kän bag ekdi, miwe getirdi,Baglar ony arzuwyna ýetirdi.

Nur (Oýlanma)

Şahyr ol. Özem ýaşan gysga ömrüniň dowamynda türkmeniň kalby ýaly giň sährany synlap, onuň bilen ýüzbe-ýüz bolmagy halan şahyrdy. Sähra onuň üçin sallançak ýaly mukaddes ýerdi: Bizi üwrän sallançaga,

Bagtdan paýlylyk (Oýlanma)

Atam hemişe: «Mukaddeslik düşünjesine manydaş sözler bolýar. Şolaryň esasylarynyň biri-de Watandyr. Sebäbi bu mukaddes sözüň içine ynsan üçin gymmatly bolan zatlaryň ählisi girýär» diýerdi. Kiçiräkkäk bu sözleriň uly manysynyň bardygyny aňsagam, onuň çuňňurlygyna göz ýetirip bilmezdik. Ýöne wagtyň agdarylan sahypalarynyň sany artdygyça, ol sözleriň manysy-da, datlylygy-da, çuňňurlygy-da aýdyňlaşyp gidip otyr. Asyl ol sözler ýaňy bir many aňşyryp ýören döwürlerimizden bizi durmuş ýolunda abraý lybasyna beslemegiň aladasy ekeni. Çünki Watana söýginiň ömür menziliniň başlangyç ädimlerinde kalba siňňitli edip guýulmagy bizi üstünlikden, ýeňişden doly menzillere atarýar. Many aňşyryp, aňymyz goýalyp ugrandan biziň kalbymyzda bir duýgy hemişelik orun alýar. Ol duýgy — Zemin togalagynyň üstünde Türkmenistan atly ajaýyp Watanlydygymyza, bagt atly üleşikden paýlydygymyza buýsanç, şüküranalyk duýgusy. Watanymyzyň mundan müňläp ýyl öňki geçen ýoly hakda oýlananyňda, kalbymyzda süýjümtik gussanyň peýda bolmagy-da hut şol duýgynyň täsiridir. Ol bilniksizje täsin duýgy biziň şu Watan, şu toprak bilen göze görünmeýän eriş-argaçlar arkaly birikýän bitewülikdigimizi aňladýan mukaddes hakykat.

Altynsow şäher

Ülňüsi deý kalba salan keşdämiň,Änew — ak bugdaýly, altynsow şäher.Köňlüniň küýsegi jahankeşdäniň,Änew — ak bugdaýly, altynsow şäher. Goýny jennet içre bagy-Eremdir,Asmany keramat, üsti keremdir.Belent waspy asly deýin tereňdir,Änew — ak bugdaýly, altynsow şäher.

Maksada okgunlylyk (Rus tymsaly)

Oglanjyk atasyndan: «Ata, mugallymymyz: «Üstünlige ýetmek üçin maksada okgunly bolmaly» diýdi. Maksada okgunly bolmak üçin näme etmeli?» diýip soraýar. — Maksada okgunly bolmak — başga ownuk-uşak zatlara ünsüňi bölmän, öňüňde goýan niýetiňi amala aşyrmak üçin yhlas etmek — diýip, ýaşuly gysgajyk jogap bilen sypaýjak bolýar. Ýöne jogapdan kanagatlanmandygy agtyjagynyň gözlerinden görnüp duransoň, oňa tymsal aýdyp bermegi ýüregine düwýär.

Gündogara gönügen gözler

— Magtymguly Jemşidiň jamydyr.Ýewgeniý Bertels. Magtymguly Pyragynyň dünýäsi — egsilmez hazyna. Şonuň üçinem ol hazynanyň şu günki güne ýetirilmeginde, Zemin ynsanlaryna ýaýylmagynda uly yhlas siňdiren ynsanlary-da halkymyz hormat bilen ýatlaýar. Şolaryň biri-de öňki SSSR YA-nyň habarçy agzasy, Türkmenistanyň, Eýranyň, Siriýanyň Ylymlar akademiýalarynyň hormatly agzasy, Özbegistanyň, Täjigistanyň ylymda at gazanan işgäri Ýewgeniý Eduardowiç Bertelsdir.

Körpelere okap beriň!

Sary ýaprajyk Sary ýaprajykÝüwürdýär göwün.Asmana uçmakArzuwy onuň.