"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Magtymguly Pyragy Gerek

Adamzadyň köňül nagşy

Hormatly Prezidentimiz: «Magtymguly Pyragynyň eserleri dürli döwürler üçin bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlykdyr» diýmek bilen, onuň watançylyk, ynsanperwerlilik, il-halka wepalylyk, belent adamkärçilik düşünjelerine ýugrulan eserleriniň terbiýeçilik ähmiýetine eýedigini nygtaýar. Merdana halkymyzyň döreden ruhy we medeni gymmatlyklaryny, şol sanda, akyldar şahyryň nusgalyk edebi mirasyny çuňňur öwrenmeklige, ony wagyz etmeklige, şeýle hem ýaşlaryň terbiýesinde ýakyndan peýdalanmaklyga uly ähmiýet berýär. Gahryman Arkadagymyz özüniň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda şeýle belleýär: «Ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, ruhubelentligiň, agzybirligiň aýdymy bolup ýaňlanýan Magtymguly Pyragynyň şygyrlary her bir ynsanyň köňül nagşydyr ýa-da şahyryň ynsan mertebesi, watansöýüjilik, hoşniýetlilik ýaly gymmatly pikirleri täze türkmen jemgyýeti, şu günki we geljekki nesillerimiz üçin ruhy ýörelgedir».

Pyragynyň şygyrlary — terbiýe mekdebi

Adamzadyň döreden gymmatlyklarynyň altyn hazynasyna ägirt uly goşant goşan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygryýeti ýaş nesli Watançylyk, dostluk, zähmetsöýerlik, tutanýerlilik, päk ýüreklilik we adamkärçilik ruhunda terbiýelemekde hem-de olaryň gözellik duýgularyny ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Şöhratly taryhymyzy öwrenmekde, milli medeniýetimizi, nusgawy edebiýatymyzy dünýä ýaýmakda asylly işleriň amal edilýän zamanasynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladasy bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sarpasy has-da belende galdy. Ol diňe öz iliniň «sözlär tiline» öwrülmek bilen çäklenmän, dünýä halklarynyň arasynda hem giňden meşhur boldy. Ussat Magtymgulynyň ömrüni we edebi mirasyny bu gün her jähtden çuňňur öwrenmeklige giň mümkinçilikler döredildi.

«Magtymguly Pyragy — umumadamzat paýhasynyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşige

Merjen şäher Aşgabat Gözel Diýarymyzyň ýüregi ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, döwrüň beýik binagäri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, dünýäniň iň owadan, ýaşaýyş üçin ähli amatlyklaryň jemlenen ajaýyp şäherleriniň birine öwrüldi. Bu gözelligi synlanyňda, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň:

Edebiýat hakynda, kitap hakynda

Kelleden galama barýan ýol kelleden dile barýan ýoldan has uzyn we agyr. Frans Kafka.*  *  *Edebiýat halkyň kalbynyň çuňlugyndan döreýär.

Ene söýgüsi (Tymsal)

Ojagyny mähir-alada bilen gurşap oturan bir enäniň gol doly maşgalasy, ese-boýa galyp barýan çagalary bar eken. Çagalaryň her biri ejesiniň özüni beýleki doganlaryndan has üýtgeşik, has artyk söýýändir öýder eken. Bir gün olar bu barada öz aralarynda çynlakaý jedele başlapdyrlar. Ahyry dawalaryny çözüp bilmän, ejesiniň ýanyna baryp, haýsysynyň onuň iň söýgüli çagasydygyny sorapdyrlar. Ene bolsa, olaryň soragyna ýylgyryp, mähribanlyk bilen başlaryny sypapdyr-da: — Men siziň hemmäňizi hem deň gowy görýärin. Emma ene ýüregi araňyzda haýsyňyz syrkawlasa, tä gutulýança oňa, haýsy biriňiz ýolda bolsaňyz öýe dolanyp gelýänçäňiz oňa, haýsyňyz aşa ýadaw bolsaňyz, tä dynjyny alýança oňa, haýsy biriňiz tä naharlanyp, doýýança oňa, haýsyňyz aglap duran bolsaňyz, tä köşeşip diňýänçä oňa, iň körpäňize bolsa, tä ulalýança has ünsli, has aladaly, has mähriban bolýaryn. Ýöne men ömrümiň soňky demine çenli siziň hemmäňizi söýýändirin diýipdir.

Güýzüň soňky günleri (Oýlanma)

Güýzde täsin mähir bar. Men güýz paslyny söýýärin, onuň şähdiňi açýan tämiz howasyna ýylboýy garaşyp ýetýärin. Güýzüň sary ýapraklary, ganat gerip, hatar gurap uçýan durnalar bolsa kalbyma aram berýär. Ine-de, güýzüň soňky günleri. Ol ýene biz bilen tutuş bir ýyllyk hoşlaşyp, taryhyň gatyna girer. Emma onuň ýakymly ýatlamalary her birimiziň aň älemimizde hemişelik galar. Aslynda güýz diýlende ejelerimiziň boýumyza guwanyp, ellerimizden tutup, ilkinji gezek ak mekdebe eltip gaýdyşy, olaryň mekdebiň gyzykly günleri hakyndaky beren gürrüňleri, galyberse-de ýetginjeklik ýyllary, şol döwürde bolan iň täsin pursatlar, gyzykly wakalar seriňe dolýar. Türkmençilikde güýz pasyllaryň paýhaslysy hasaplanýar. Güýzde edilen yhlas, çekilen zähmet öz netijesini berýär. Şonuň üçin hem ilimizde «jüýjäni güýz sanaşarlar» diýilýän aýtgy bar. Çünki güýz ähli çekilen zähmeti terezä salyp ölçäp bilýän pasyl.

Döredijiligiň edebi meýdany

Güýze ýüzlenme Giň asmanda dogduň altyn Aý bolup,Sahylygyň bilen Hatam Taý bolup,Zähmete, yhlasa rysgal-paý bolup,Akar suwy bala dönderdiň, güýzüm!

Körpelere okap beriň!

Kak Gök, gübürdäp, depiňi kak,Ýagyş ýagyp, goý, dolsun kak!

Akyldar şahyra belent sarpa

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri nusgawy edebiýatymyzyň, meşhur şahsyýetleriň sarpalanýan ajaýyp zamanasydyr. Türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň şöhrat-şanynyň tutuş Ýer ýüzünde täze öwüşgin, täze ruh bilen belentden ýaýbaňlandyrylmagy bagtyýar halkymyzyň köňlüne joşgun berýär. Çünki beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragy döwürleriň hem nesilleriň şahyry hökmünde biziň kalbymyzda hem aňymyzda hemişelik ýaşaýar. Türkmeniň ruhy äleminde öçmejek yz goýan, söz mülkünden köşk gurup, adamzat ähliniň ruhy gymmatlygyna öwrülmegi başaran dana Magtymguly Pyragynyň sarpasy ýurdumyzda belentden tutulýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine iňňän ýokary ähmiýet bermek bilen, şeýle belleýär: «Ruhy baýlyk ebedi ýaşaýar. Magtymguly akyldaryň mirasy hem şeýle baýlykdyr. Halkymyzyň hakydasynda ýaşaýan, zandyna ornan mirasydyr». Akyldaryň il-halkyň, adamzat kowmunyň agzybirligine, jebisligine, ynsanperwerligine bagyşlanan pikirlerini döwletara gatnaşyklara geçirmekde Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary taýsyzdyr. Dostlukly ýurtlarda akyldaryň ýadygärlik heýkelleriniň oturdylmagy, goşgularynyň çap edilmegi onuň ýagty pikirleriniň muşdaklarynyň köpdügini aňladýar. Magtymgulynyň ýoly, goýup giden beýik mekdebi özünden soňky nesiller tarapyndan hemmetaraplaýyn dowam etdirildi hem-de ösdürildi. Onuň edebi mekdebini ençeme n

Magtymguly we dünýäniň saz medeniýeti

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Öz goşgularynda halkynyň beýikligini we sabyr-kanagatlylygyny, buýsanjyny we köňül sahawatyny, erkinlige bolan söýgüsini hem-de tutanýerliligini wasp edip, onuň kalbyny şygryýetde bütin dünýäniň öňünde açan hem Magtymguludyr. Şahyr öz Watanyny şeýlebir wasp etdi, onuň goşgularynyň üsti bilen Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde ýaşaýan okyjylar Magtymguly üçin gymmatly bolan zatlary öz tapan baýlyklary hökmünde kabul etdiler, biziň ülkämizi söýdüler, türkmen halkyny has-da ýakyndan tanamak islediler» diýip belleýär. Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň asyrlar aşyp gelen dürdäne goşgulary dünýä dilleriniň ençemesine terjime edildi. Akyldar şahyryň ýürek aýdymy bolup ýaňlanan goşgularynyň ençemesi dünýäniň belli kompozitorlarynyň özboluşly eseri bolmak bilen, ajaýyp aýdymlar hökmünde asyrlaryň dowamynda alyslarda-da belentden ýaňlandy. Dana şahyryň goşgularyna döredilen şol köpöwüşginli saz eserleriniň hem özboluşly taryhy bar.

«Bar nygmatdan ýegdir saglyk mazasy»

Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly, ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr» diýip, külli türkmeniň ruhy hemaýatkärine we onuň umman ýaly döredijiligine ýokary baha berýär. Täze taryhy döwürde türkmen danasynyň sarpasy dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary derejede saklanylýar. Şahyryň edebi mirasynyň many çuňluklaryny, logiki hem-de pelsepewi garaýyşlaryny öwrenmekde, olary il-ulsa, bütin adamzada wagyz etmekde bimöçber işler amala aşyrylýar. Magtymguly atamyzyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan özboluşly, baý döredijiligi bar. Şol döredijiligiň dürli-dürlüligi bolsa, akyldaryň islendik ugurdan habarly bolandygyny görkezýär. Olaryň arasynda ynsanyň beden we ruhy saglygy, jemgyýetiň sagdynlygy bilen bagly birnäçe öwüt-ündewe, pelsepewi pikirlere ýugrulan ençeme goşgy setirlerine gabat gelýärsiň.

Sungata siňen ömür

Ýaşan ömründe indiki nesillere-de nusga boljak işleri bitiren ussatlaryň döredijiligini öwrenmek ýaşlar üçin uly mekdep bolup durýar. Türkmen şekillendiriş sungatynda öçmejek yz galdyran şeýle ussatlaryň biri-de Türkmenistanyň halk suratkeşi, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, professor Aýhan Hajyýewdir. Aýhan Hajyýew Magtymguly Pyragynyň kanoniki keşbini dörediji hökmünde tanalýar. Beýik şahyryň keşbini döretmek üçin irginsiz zähmet çekmek bilen, suratkeşiň alyp baran giň gerimli gözleg we döredijilik işleriniň netijesinde, 1947-nji ýylda Magtymgulynyň portreti döredilýär. Bu eser bäsleşikde birinji orna mynasyp bolan-da bolsa, Aýhan Hajyýew üçin onuň iň ähmiýetli tarapy garyndaşlary tarapyndan şahyryň keşbiniň gowy kabul edilmegi bolýar. Ol söz ussadynyň hakyky keşbine golaý kanoniki nusga hökmünde ykrar edilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň, şu ýylyň aprel aýynda Aýhan Hajyýewiň hem 100 ýaş toýunyň bellenilmegi aýratyn bellärliklidir.

Daglar

Oglanlykda gezdim ýördüm,Hergiz göwnüm açdy daglar.Taryh hakda sowal berdim:«Sizden kimler geçdi, daglar?» Depäňize çykyp gördüm,Başyňyz ak garly daglar.Gyýak, sonaryňdan ordum,Ir-iýmişli, barly daglar.

Halypa sarpasy

Mollanepes Hywa medresesinde okap ýörkä Magtymguly Pyragynyň şygyrlary bilen ymykly tanşyp, çuňňur oý-pikirlere berildi. Bu täzeçe oýlanyş öz-özünden döremedi. Magtymguly Pyragynyň şygyr diwanyny okap çykan Mollanepes çuňňur gözýetmez umman bilen ýüzbe-ýüz boldy. Bu ummanyň haýsy kenaryndan baryp, haýsy many joşgunyna eýe bolmaly? Mollanepes köp pikirlenensoň: «Bu uç-gyraksyz edebi ummanyň bir şahasyny saýlap almaly» diýen karara geldi. Ýogsam «Aňsa» atly şygryny okap gören danyşment Sadyk molla haýran galyp, Mollanepese şeýle diýipdi: — Ertiriň özünde baş pire aýdaýyn. Sen arkaýyn Magtymgulynyň hüjresinde ýaşaber.

Magtymgulynyň döredijiligi milli medeniýeti ösdürmekde ähmiýetlidir

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň şahsyýeti has belent mertebä göterildi. Akyldaryň döredijiligi nusgawy edebiýatymyzyň görnükli şahyrlarynyň, soňky döwürlerdäki döredijilik adamlarynyň kämilleşmegine batly itergi berdi. Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekiliniň eserleri milliligi we halka ýakynlygy bilen kalplarda baky orun aldy. Milli medeniýetimizi öwrenmekde Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsi gymmatly hazynadyr. Halkymyz şygryýet äleminiň ägirdi Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýup, ony ýankitap hökmünde peýdalanýar. Türkmeniň beýik akyldar şahyry durmuşyň dürli taraplary barada ajaýyp şygyrlary döretmek bilen, baý edebi mirasy galdyrdy. Magtymguly Pyragy ynsan kalbynyň şahyry hökmünde meşhurdyr, çünki akyldaryň goşgulary ähli ynsanlar üçin paýhasdyr, öwüt-nesihatdyr. Şahyryň millilige, ynsanperwerlige ýugrulan çeper döredijiligi ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde, kämil şahsyýetleri kemala getirmekde uly ähmiýete eýedir. Akyldar şahyryň edepliligi, agzybirligi, halallygy wagyz edýän goşgulary ynsan ruhuny baýlaşdyrýar.

Güýz gürrüňlerinden (Oýlanma)

Içimden geçip barýan sowugy daşarda goýup, ahyr öýe girdim. Guratmak üçin elimi peje tutdum. Ekine seretdim penjireden. Ýene aýwalar gaçypdyr. «Özüňde bolsa, hiç zadyň gadyry ýok-da» diýip, yzyma çykdym. Haýdap ýygnamaga durdum olary. Çagakam hezil edip iýsemem, indi nämeden aýwa iýesim gelenokka? Jaň kakyldy. Alazenzele bolup okuwçylar geçip gitdi deňimizden. «Ha-lap ikilikçi! Ha-lap ikilikçi!» diýip, üýşüp bir oglanjygyň çetine degýärler. Olam aýagaldygyna hersini bir kowalaýar. «Durmuş nähili gowy» diýýän olaryň sesini eşidip. «Ömür nähili süýji» diýýän aýwalara seredip. «Şol wagt çagalyk edip, hernä, Gülşirine bir şeý diýen däldiris-dä?» diýip, iňkise gidýän.

Sözden köşk galdyran

Umumadamzat kalbynyň şahyry, türkmen edebi diliniň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň şahyrana döredijiligi söz baýlygy, çeperçiligi, many çuňlugy bilen tapawutlanyp, çeper edebiýatymyzda özboluşly durmuş mekdebine öwrüldi. Sözden beýik köşk galdyran şahyryň döredijiligi nusgawy şygryýetiň naýbaşy däplerini özünde jemleýär. Ol şygyrlar akgynly okalýanlygy we çeperçilik gymmaty bilen özboluşlylyga eýedir. Şahyryň edebi mirasynda diliň çeperçilik serişdeleriniň ähli görnüşlerine gabat gelmek bolýar. Ussadyň gyzyldan gymmatly, baý edebi mirasynda deňeşdirmeler, meňzetmeler, janlandyrma, sypatlandyrma ýaly diliň çeperçilik serişdeleri, antiteza, inwersiýa, gradasiýa ýaly şahyrana görnüşler örän ussatlyk bilen öz ornuny tapypdyr. Şahyryň edebi mirasynda diliň çeperçilik serişdesi bolan deňeşdirmeler, meňzetmeler, sypatlandyrma hem metaforalar has köp duş gelýär. Diliň çeperçilik serişdelerinden has giňden duş gelýän deňeşdirmeler söz ussadynyň öwüt-nesihat temasyndan ýazan «Atça bolmaz» atly goşgusynda örän täsirli ulanylypdyr. Şygryň tutuş süňňünde «ça», «çe» goşulmasy arkaly ýasalan, biri-birine meňzedilýän düşünjeler sanalýar. Oňa:

Magtymguly Pyragynyň janköýeri

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dana şahyrymyzyň 300 ýyllyk ýubileýi bilen baglanyşykly ýurdumyzda ençe işler amala aşyrylýar. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny düýpli öwrenmek, halk içinde wagyz etmek işleri giňden alnyp barylýar. Biz hem mirasgär, «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesi, hormatly dynç alyşdaky mugallym Ahmet Abdyllaýew bilen söhbetdeş bolmak üçin Kerki etrabynyň 31-nji orta mekdebinde döredilen «Magtymguly Pyragy» edebi mirashanasyna geldik. Mugallym soňky toplan maglumatlaryny gözden geçirip oturan eken. Gysgajyk hal-ahwal soraşmadan soň, sowal-jogaba girişip gitdik.

«Ol şygy Fuzulyga sözüm bolsa barabar»

Türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragy özünden öňki ýaşap geçen ägirtleriň döredijiligine ýygy-ýygydan salgylanypdyr. Munuň şeýledigine şahyryň ençeme şygyrlary hem şaýatlyk edýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiligini dünýä edebiýatynyň wekilleriniň çeper döredijiligi bilen deňeşdirsek, olaryň şygyrlarynda diliň çeperçilik serişdeleriniň, söz düzümleriniň we tematikasynyň meňzeşligini görmek bolýar. Muňa mysal edip, Pyragy bilen ondan iki asyr ozal Yrakda ýaşap geçen türkmen şahyry Muhammet Fuzuly Baýatlynyň şygyrlaryndaky umumylyklary agzamak bolar.  Magtymguly Pyragy Yrakda ýaşap geçen türkmen şahyry Muhammet Fuzuly Baýatla uly hormat goýupdyr we onuň edebi döredijiliginden täsirlenipdir. Dana şahyr «Ol şygy Fuzulyga sözüm bolsa barabar» diýen setirleriniň üsti bilen Muhammet Fuzuly kimin aryf, akyldar derejesine ýetmegi höwes edipdir.