"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmen telekeçileri: milli ykdysadyýetimiziň synmaz kuwwaty

Häzirki wagtda Türkmenistan bazar ykdysadyýetini gurýan we telekeçiligi ösdürýän güýçli senagat döwletine öwrüldi. Ykdysady taýdan ösen ýurdumyzda telekeçilere yzygiderli döwlet goldawlary berilýär we hususy pudagy ösdürmek üçin giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi, hususy başlangyçlary netijeli ösdürmekde amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleriniň döredilmegi bilen döwlet goldawlaryndan peýdalanýan telekeçilerimiz bolsa, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga mynasyp goşant goşýarlar. Muňa «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Söwda-senagat edarasynda telekeçilerimiziň gatnaşmagynda guralan sergi we maslahat aýdyň şaýatlyk edýär. Berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň toýlanýan ýylynda Söwda-senagat edarasynda geçirilýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahaty telekeçilerimiziň gazanan üstünliklerini we ýeten sepgitlerini doly açyp görkezýär. Türkmen telekeçileriniň 26 müňe golaýyny birleşdirýän agzalan düzümiň döredilen gününe bagyşlanan bu sergi san görkezijiler we täzeçillik babatda-da beýlekilerden has-da tapawutlanýar. Oňa iki ýüze golaý telekeçiler gatnaşyp, olar häzirki zaman usullary esasynda öndürýän ýokary hilli önümlerini köpçüli

Telekeçilik — ykdysady ösüşiň baş şerti

Mälim bolşy ýaly, 17-nji martda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli öz işine başlan sergi we birleşmäniň agzalarynyň maslahaty şu günler hem gyzgalaňly dowam edýär. Bu ýerde sergä gatnaşyjylaryň iki ýüze golaýy hem-de paýtagtymyzda we welaýatlarda iri möçberli döwlet taslamalaryny durmuşa geçirýän TSTB-niň düzümleri, «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky, iri kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri öz diwarlyklaryny görkezýärler. Olarda milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine mynasyp goşant goşýan we täze önümçilikleri alyp barýan işewürlik düzümleriň gazanan üstünlikleri hem-de ykdysady mümkinçilikleriniň kuwwaty giň halk köpçüligine hödürlenilýär. Telekeçiligi ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ykdysady strategiýasynda möhüm orun eýeleýär. Ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň ösdürilmegi bazar ykdysadyýetini kemala getirmegiň, ahyrky netijede bolsa, durnukly ykdysady ösüşi gazanmagyň baş şerti bolup durýar. Çünki telekeçilik ulgamynyň ykdysady mümkinçilikleri ýurtda halk hojalygyny senagatlaşdyrmaga we bäsdeşlige ukyply häzirki zaman önümçilikleri ýola goýmaga ýardam berýär. Muny Söwda-senagat edarasynda häzirki wagtda dowam edýän we türkmen telekeçileriniň ýeten sepgitlerini doly açyp görkezýän sergi hem delillendirýär.

Hususy telekeçilik: ýokary hil, amatlylyk, köpdürlülik

Bilşimiz ýaly, Söwda-senagat edarasynda 17-nji martda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli sergi we birleşmäniň agzalarynyň maslahaty öz işine başlady. Oňa ýurdumyzyň telekeçileri, hojalyk jemgyýetleriniň we hususy kärhanalarynyň wekilleri öz öndürýän önümleri bilen gatnaşdylar. Serginiň çäklerinde dürli ugurlar boýunça «Ýylyň iň gowy telekeçisi» atly bäsleşigiň jemleri jemlendi. Bu köptaraply gözden geçiriliş türkmen telekeçileriniň mümkinçiliklerini we milli önümlerimiziň ýokary hil derejesini hem-de täzeçillige esaslanýan ýerli önümçiligiň kuwwatyny doly äşgär edýär.

Üstünlikleriň aýdyň beýany

Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli sergi we birleşmäniň agzalarynyň maslahaty üstünlikli dowam edýär. Onda ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginde mynasyp orun eýeleýän hususy pudagyň işini döwrüň talaplaryna laýyk ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikler hem-de ýetilen belent sepgitler görkezilýär. Türkmenistanda telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, döwrebap bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň ornuny giňeltmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyzyň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda hem-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde telekeçilige aýratyn orun berilýär.

Hususy telekeçilik: ösüşiň wajyp ugurlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa we innowasiýa ýoly bilen ösdürmäge, maýa goýumlaryň möçberlerini yzygiderli artdyrmaga, täze döwrebap durmuş-önümçilik maksatly binalarydyr desgalary gurmaga, pudaklary hem-de ýurdumyzyň sebitlerini sazlaşykly ösdürmäge, ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatlylygyny pugtalandyrmaga, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan ýerli döwrebap önümçilikleri döretmäge, ykdysadyýetiň hususy bölegini goldamaga hem-de ösdürmäge uly ähmiýet berlip, asyrlara barabar işler durmuşa geçirilýär. Ykdysadyýetiň hususy böleginde öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan, senagat, oba hojalyk we gurluşyk kärhanalaryny özünde jemleýän senagatçylar gatlagy emele geldi, hususy bölegi döwlet tarapyndan goldamagyň hukuk binýady we hojalyk ulgamy döredildi, ýeňillikli karzlaşdyrmak işi ýola goýuldy, eksporta gönükdirilen we importy çalyşýan önümçilikleri ösdürmegiň hojalyk ulgamy yzygiderli kämilleşdirildi. Milli ykdysadyýetiň wajyp pudaklarynda, ilkinji nobatda, senagatda, gurluşykda, gurluşyk materiallary senagatynda, oba hojalyk toplumynda döwlet tarapyndan döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygy ýola goýlup, ýokary depginler bilen ösdürilýär.

Ýokary hil — esasy görkeziji

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň hususy işewürlerine alyp barýan işlerini has-da kämilleşdirmekleri üçin uly mümkinçilikler, döwrebap şertler döredilýär. Ýurtda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek babatda edilýän tagallalara jogap edip, türkmen telekeçileri hem ilatyň ösen isleglerini kanagatlandyrmak, importyň ornuny tutýan önümleriň görnüşleridir möçberlerini artdyrmak, umuman, döwrüň talaplaryndan ugur alyp işlemek bilen, zähmetiň netijeliligini ýokarlandyrmak ugrunda yhlasyny, ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmaýarlar. Şu nukdaýnazardan olar täze gözleglere ymtylýarlar hem-de dürli ugurlar boýunça kämil önümçilikleri ýola goýýarlar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli gurluşyklar üçin zerur bolan gurluşyk serişdelerini öndürýän hususy kärhanalaryň barha artýandygy hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Möwlam Çalyýewiň ýolbaşçylyk edýän, işçi-hünärmenleri dowamly, üznüksiz ösüş gazanmagy baş maksat edinip işleýän “Çaly” hususy kärhanasy-da şolaryň biridir. Biz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen sergide bu kärhananyň eksport bölüminiň menejeri Şatlyk Gaýypow bilen söhbetdeş bolduk. — Bilşimiz ýaly, «Çaly» gurluşyk serişdelerini öndürmekde adygan, ö

Arkadag hemaýatynyň miweleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy dünýäniň öňdebaryjy, ykdysady taýdan kuwwatly, ösen döwletleriniň birine öwürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan-da ýokary galdyrmak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Hut şu maksat bilen-de, ähli ugurlarda bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz telekeçiligi goldamak babatda-da, ägirt uly işleri durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen sergisi we maslahaty Gahryman Arkadagymyz tarapyndan hususy telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen syýasatyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny, ýurdumyzyň telekeçilerine edilýän döwlet goldawlarynyň öz miwelerini berýändigini äşgär görkezdi. Sergide ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler, şonuň ýaly-da, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, işjeňligi görkezýän işewürlik düzümleriniň uly mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy.

Hususy pudakda gazanylan üstünlikleriň sergisi

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde ýurdumyzyň telekeçileriniň 26 müňe golaýyny birleşdirýän Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi we maslahaty geçirildi. Türkmenistanda telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, döwrebap bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň ornuny giňeltmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu barada milli Liderimiziň TSTB-niň sergisine we maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlag hatynda «Biz geljekde hem kiçi, orta we iri telekeçiligi ösdürmäge ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde garap, bu ugurda döwlet tarapyndan goldaw berilmegini dowam etdireris. Dürli pudaklarda telekeçiligiň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak bilen, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldap, maýa goýum işjeňligini höweslendireris» diýlip, aýdylýar.

Telekeçilik — Türkmenistanyň bazar ykdysadyýetiniň hereketlendiriji güýji

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi we maslahaty AŞGABAT, 17-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi we maslahaty öz işine başlady. Olar ýurdumyzyň telekeçileriniň 26 müňe golaýyny birleşdirýän bu iri düzümiň döredilen gününe bagyşlanýar.

Hususy pudagyň tejribesi we gazananlary

nobatdaky gözden geçirilişde aýdyň şöhlelenýär Düýn Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli sergi we birleşmäniň agzalarynyň maslahaty öz işine başlady. Onda ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşlerinde mynasyp orun eýeleýän hususy pudagyň işini döwrüň talaplaryna laýyk ösdürmek boýunça gazanylan üstünliklerdir ýetilen belent sepgitler aýdyňlygy bilen açylyp görkezilýär.

Belent sepgitleriň buýsanjy

Döwletli Diýarymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde halk hojalygynyň ähli ugurlarynda giň gerimli, toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Şol özgertmeleriň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň döwlete degişli bolmadyk ulgamyny, ýagny telekeçiligi goldamak we ösdürmek döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda Arkadag Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, parasatly syýasaty netijesinde 2008-nji ýylyň 17-nji martynda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bu gün özlerine bildirilen belent ynama jogap edip, mynasyp işleri bitirmegi başarýarlar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda kiçi we orta telekeçiligi, hususy başlangyçlary netijeli ösdürmek üçin hemmetaraplaýyn şert-mümkinçilikler döredildi. Bular bolsa telekeçilerimizi has-da döredijilikli, öndürijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Häzirki wagtda türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleriniň içerki bazarlarda bolşy ýaly, daşary ýurt bazarlarynda hem uly isleglere eýe bolmagy diýseň guwandyryjydyr. Şol arzyly önümleriň, döwrebap harytlaryň içerki we daşarky bazarlarda hyrydarlarynyň köp bolmagy olaryň ýokary hil derejesi we ekologiýa howpsuzlygy bilen tapawutlanýanlygyndadyr.

Telekeçilik: hususy başlangyçlar, sazlaşykly işewürlik

Düýn paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli sergi açylyp, onuň işine birleşmäniň dürli ugurlar boýunça iş alyp barýan agzalarynyň ençemesi gatnaşdy. Şeýle hem bu ýerde birleşmäniň agzalarynyň maslahaty geçirilip, onda hormatly Prezidentimiziň hususy telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygy, ýurdumyzyň telekeçilerine berilýän döwlet goldawlarynyň öz miwelerini berýändigi nygtaldy. Mälim bolşy ýaly, telekeçiligi ösdürmek, kiçi we orta telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermek milli ykdysadyýetimizi hil taýdan täze derejä çykarmak bilen bir hatarda, ykdysadyýetimiziň kadaly hereket etmeginiň kepili hökmünde çykyş edýär. Ykdysadyýetiň kadaly hereket etmegi bolsa, öz gezeginde döwletiň kuwwatyny artdyrmagyň, ilatyň bolelin ýaşamagynyň zerur şertidir. Şoňa görä, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisiniň geçirilmegi aýratyn ähmiýetlidir. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň hem-de paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda has-da dabaralanýan bu taryhy waka ýurdumyzyň telekeçileriniň ägirt uly kuwwatyny we mümkinçiliklerini açyp görkezýär

Sergä gatnaşyjylara söz berýäris

Hojaguly MUHAMMETNUROW,«Derýaplastik» hojalyk jemgyýetiniň hünärmeni: — Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2008-nji ýylyň 17-nji martynda döredildi. Häzirki wagtda bu jemgyýetçilik guramasynyň 26 müňe golaý agzasy bolup, olar ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine saldamly goşant goşýarlar. Şu ýyl eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy, şeýle hem Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uly dabara bilen bellenilip geçiler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolup, biz hem baýramlary mynasyp garşylamak ugrunda yhlasly zähmet çekýäris. «Telekeçiler ýurdumyzyň altyn gaznasydyr» diýip belleýän milli Liderimiziň goldamagy bilen ýurdumyzda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagynyň işi ýylsaýyn kämilleşdirilýär. Munuň aýdyň netijelerini şu günki gün ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýän serginiň mysalynda hem görmek bolýar. Biziň «Derýaplastik» hojalyk jemgyýetimizde plastmassadan hojalyk harytlarynyň köpsanly görnüşi öndürilýär. Olar özleriniň ýokary hilliligi bilen tapawutlanyp, ýurdumyzda giňden tanalýar.

Telekeçileriň belent sepgitleri

Düýn paýtagtymyzda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegi mynasybetli geçirilýän sergi hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahaty öz işine başlady. Häzirki wagtda bu düzüm özüne milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işleýän hususy işewürleriň wekilleriniň onlarça müňüsini birleşdirýär. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary we deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ösüşlerde altyn gaznaň ady bar

Düýn — 17-nji martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisiniň hem-de maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Däp bolşy ýaly, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda iş alyp barýan hususy işewürleri birleşdirýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen gününe gabatlanyp guralýan gözden geçirilişiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary we deputatlary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, ministrlikleriň we edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisine hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde hususy pudagyň ornunyň barha artýandygy aýratyn bellenildi. Döwlete dahylsyz ulgamyň ykdysadyýetde eýeleýän ornunyň barha artdyrylmagy ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilýär. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleriň giňeldilmeginde, ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artdyrylmagynda, bäsdeşlige ukyply önümçiligiň ösdürilmeginde telekeçilige möhüm orun degişlidir. Kiçi we orta telekeçilik innowasion ykdysady

Hususy pudagyň rowaç menzilleri

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:— Biz öz milli telekeçilerimiziň alyp barýan giň gerimli işlerine guwanmaga haklydyrys. Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň binýatlaýyn esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagy, onuň halkara abraýyny ýokarlandyrmagy, eksport kuwwatyny düýpli artdyrmagy hem-de bu ugurda hususy başlangyçlary goldamagy ösüşleriň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitleýär. Şonuň netijesinde, türkmen kärhanalary daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutup biljek önümleri öndürmek, olaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin giň mümkinçiliklere eýe bolýarlar.

Ösüşlere beslenýän pudak

Arkadag Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ilhalar taglymatynyň berk binýady bolup durýan asylly maksat-tutumlar milli ykdysadyýetimiziň telekeçilik pudagynda, hususy ulgamynda amala aşyrylýan ilhalar özgertmelerde hem öz mynasyp beýanyny tapýar. Belent maksada ýetmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň degişli düzümlerinde alnyp barylýan işleriň çäklerinde türkmen telekeçilerine gurmak, döretmek, öndürijilikli we döredijilikli zähmet çekmek üçin döwlet tarapyndan ähli döwrebap şertlerdir mümkinçilikler döredilýär.  Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň döredilmegi hem-de onuň agzalarynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna işjeň gatnaşmagy hususy işewürligi ösdürmek, telekeçilik işi bilen meşgullanýan raýatlary goldamak üçin nusgalyk derejedäki amatly şertleriň döredilmegi bilen pugta baglanyşyklydyr. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Telekeçileri hemmetaraplaýyn goldamak döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugry bolup durýar. Bu goldaw türkmen telekeçilerine ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny ösdürmäge, içerki we daşarky bazarlary bäsleşige ukyply harytlar bilen üpjün etmäge, öňdebaryjy tilsimatlary önümçilige ornaşdyrmaga, täze önümleri çykarmaga giň mümkinçilik berýär» diýip nygtaýar. Gahryman Arkadagymyzyň bu sözleri hem-de

«7 gün» — ja­na lez­zet­li

«7 gün» ha­ryt ny­şan­ly şer­bet­li iç­gi­ler bu gün içer­ki ba­zar­da uly meş­hur­ly­ga eýe bo­lup, her bir maş­ga­la we toý sa­ça­gy­na be­zeg goş­ýar. Dür­li mi­we suw­la­ryn­dan, şeý­le-de bak­ja önüm­lerin­den taý­ýar­lan­ýan bu lez­zet­li içgi­le­riň we­la­ýa­ty­my­zyň Bä­her­den et­ra­by­nyň Sün­çe ge­ňeş­li­gi­niň çä­gin­dä­ki döw­re­bap kär­ha­na­da ön­dü­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­mek örän ýa­kym­ly­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Bä­her­den et­rap bir­leş­me­si­niň baş­lan­gy­jy esa­syn­da «Ak ýap­rak» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­ne de­giş­li bo­lan bu kär­ha­na­da bo­lup, ol ýer­de iş­le­riň ýo­la goý­lu­şy bi­len ta­nyş­mak mi­ýes­ser et­di. 2014-nji ýyl­da gur­lup, da­ba­ra­ly ýag­daý­da ula­nyl­ma­ga ber­len hä­zir­ki za­man kär­ha­na­sy Şwe­si­ýa­nyň «Tet­ra­pak», Tür­ki­ýä­niň, Gol­lan­di­ýa­nyň we Ita­li­ýa­nyň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan­dyr. Bu iň kä­mil, hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­lar ol ýer­de sa­gat­da 7 ton­na şer­bet­li iç­gi­le­ri ön­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.

8-nji martda işe başlan kärhana

Aşgabat paýtagt derejesine eýe bolandan soň, ykdysady taýdan ösüş ýoluna düşýär. Geçen asyryň 30 — 40-njy ýyllary aralygynda şäherde işe girizilen kärhanalar milli ykdysadyýetimiziň ilerlemeginde uly hyzmaty bitiripdir. Olaryň biri-de 1928-nji ýylyň 8-nji martynda işe girizilen Aşgabadyň «8-nji mart» ýüpek fabrigidir. Häzirki wagtda hem hereket edýän Aşgabadyň ýüpek kärhanasy çig ýüpek öndürmäge ýöriteleşdirilipdir. Kärhana şäheriň we etek obalarynyň ýaşaýjylary işe alnypdyr. Wagtyň geçmegi bilen, işçileriň tejribesi artyp, çig ýüpegiň öndürilişi ýokarlanypdyr. Fabrigiň önümçilik kuwwaty 96 sany mehaniki stanokdan ybarat bolupdyr. Ulag we ýük ýükleýiş, düşüriş işleriniň doly enjamlaşdyrylmagy netijesinde önüm öndürilişi artyp, hil taýdan ýokarlanypdyr. 1931 — 1969-njy ýyllar aralygynda kärhana birnäçe ordenlerdir diplomlara mynasyp bolupdyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2020-nji ýyl

8. Söwda we telekeçilik ulgamy Bäsdeşlige ukyply harytlaryň we hyzmatlaryň giň görnüşleri, goşulan bahaly önümleri öndürmek, ykdysady diplomatiýa we eksporty artdyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň söwda we telekeçilik ulgamyny ösdürmekde kesgitlän esasy ugurlarydyr.