"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Işewürleriň işleri ileri...

Hormatly Prezidentimiziň: «Her bir raýat, her bir adam «Döwletiň berkemegi we gülläp ösmegi üçin men näme edip bilerin?» diýen sowaly öz-özüne bermelidir» diýen parasatly jümlesi bütin adamzat nesli üçin asuda we abadan ýaşaýşyň, ösüşleriň aýdyň ýoluny nazarlamagyň çelgisi bolmak bilen, agzybir watandaşlarymyzy öz zähmet çekýän pudaklarynda il-halkyň bähbidini arap, höwesli zähmet çekmeklerine iterýär. Munuň aýdyň mysalyny Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ýurdumyzda haryt bolçulygyny döredýän telekeçilerimiziň öndürýän önümleriniň ýokary hilli we ilat üçin elýeterliligi bilen delillendirmek mümkindir. Ajaýyp zamanamyzda hormatly Arkadagymyzyň ak patasy bilen açylyp ulanylmaga berlen hojalyk jemgyýetleriniň islendik hünärmeni bilen söhbetdeş bolanyňda-da, olar hojalyk jemgyýetlerindäki işleriň gün-günden ilerleýändigini tekrarlaýar. Bu günki gün işleri ileri işewürleriň öndürýän önümleriniň daşary ýurt bazarlaryna yzygiderli ugradylyp başlanylmagy bolsa aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Çünki işewürleriň gazanýan üstünlikleri güneşli Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň hususyýetçilige döredýän giň mümkinçiliginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ýokary hil — esasy ölçeg

Ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly innowasion önümçilikleri ösdürmäge, kiçi we orta telekeçiligi düzümleýin üýtgedip gurmaga aýratyn üns berilýär. Häzirki döwürdäki tehniki ösüş, sarp edijileriň islegleriniň has döwrebap kanagatlandyrylmagy, köp babatda, ykdysadyýetiň hususy böleginiň alyp barýan işleriniň netijeliligine baglydyr. Bu gün türkmen telekeçileri dürli pudaklarda giň gerimli işleri alyp barmak bilen, çylşyrymly we iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmekde belent sepgitlere ýetýärler. Soňky on bäş ýyla barabar wagtyň dowamynda Balkan welaýaty boýunça açylyp, ulanylmaga berlen, häzirki zaman hil ülňülerine doly laýyk gelýän medeni-durmuş maksatly binalaryň, oba hojalyk önümlerini, senagat harytlaryny öndürýän, gurluşyk serişdelerini taýýarlaýan önümçilik desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ymaratlaryny ýerli hususy kärhanalaryň gurluşykçylarynyň ýokary ölçeglere laýyk bina edendiklerini hem aýratyn nygtamak gerek.

Öňdebaryjy çörek kärhanasy

Boldumsaz etrap Lomaý bölek-söwda nokadynyň çörek bişirilýän bölüminde öndürilýän çöreklere halkymyzyň arasynda uly isleg bildirilýär. Kärhanada, esasan, çörekleriň birnäçe görnüşi öndürilýär. Bu ýerde öndürilýän çörekler hiliniň gowulygy bilen tapawutlanýarlar. Kärhananyň işçi-hünärmenleri ilatyň gündelik isleg bildirýän azyk önümleri bilen üpjünçiligini ýokary derejede saklamak ugrunda ýadawsyz zähmet çekýärler. Şeýle bolansoň, kärhanada oňyn zähmet netijeleri gazanylýar. Şu ýylyň başyndan bäri hem kärhananyň işçileri özleriniň ýokary önümçilik depginini saklamagy başardylar. Has takyk aýdylanda, geçen aýlarda kärhanada çörek önümleriniň 50 müňden gowrak tonnasy öndürilip, ilata ýetirildi. Bu netije şu döwür üçin meýilnamada göz öňünde tutulandakydan ep-esli ýokary boldy.

Il-halka hyzmat — ömrüň manysy

Her ýyl Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen güni mynasybetli guralýan forumda türkmen işewürlerine dürli ugurlarda gazanan üstünliklerini açyp görkezmäge, pikir we tejribe alyşmaga, öňde goýlan maksatlary beýan etmäge giň mümkinçilik döreýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen döredilip, häzirki wagtda 26 müňe golaý agzany özüne birleşdirýän bu birleşmäniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda geçirilen türkmen önümleriniň sergisi hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahaty döwlet Baştutanymyzyň goldamagynda ýurdumyzyň hususy pudagynda ýetilen belent sepgitleriň, gazanylan beýik ýeňişleriň dünýä nusgalykdygyny ýene-de bir gezek subut etdi. Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň, Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilen bu sergide harytlaryň bolçulygy-da, diwarlyklaryň bezegi-de öňkülerden has üýtgeşik boldy. Onda şanly toýlara zähmet sowgatly barýan türkmen telekeçileriniň täze önümleri bada-bat gözüňe ilýär. Şonuň ýaly-da, nobatdaky gözden geçirilişde täze ýüzleriň, ýagny sergä ilkinji gezek gatnaşýan hususy kärhanalaryň öňkülerden agdyk bolandygyny bellemeli. Munuň özi döwlete dahylsyz pudagyň hatarynyň innowasion tehnologiýalarda işleýän täze önümçilikler bilen artýandygynyň alamaty. Esasan-da, dürli görnüşli az

Kiçi telekeçilige amatly mümkinçilikler

Önümçilik pudagyny ösdürmegiň iň kämil nusgalarynyň biri hem karzlaşdyrma bilen baglydyr. Dürli görnüşli karz serişdeleriniň hasabyna senagat, oba hojalyk, söwda ulgamlary, şeýle hem, giňeldilen üznüksiz önümçilik işleri maliýeleşdirilýär. Durmuşa gönükdirilen häzirki bazar ykdysadyýetinde çekilen karz serişdeleriniň hasabyna maýanyň gaýtadan paýlanylmagy, önümçiligiň üznüksiz alnyp barylmagy, pul dolanyşygynyň tizligi üpjün edilýär, pudaklaryň düşewüntliligi ýokarlandyrylýar. Häzirki wagtda dünýäniň ösen döwletleriniň iş tejribesinde diňe bir ýuridiki taraplar däl, eýsem, dürli görnüşli önümçilik (oba ýerlerinde ýaşaýan ilatyň ekerançylyk, balykçylyk, maldarçylyk, guşçulyk; şäher ýerlerinde ýaşaýan ilatyň, esasan hem, gaplama hyzmatlary, daşama hyzmatlary, tiz tagam hyzmatlary, tikinçilik, nou-hau we ş.m.) işini alyp barýan şahsy taraplaryň sany hem barha artýar. Şeýle görnüşli önümçilikleriň giňden ýaýramagynyň döwlet üçin bähbitli taraplaryna ýurtda azyk garaşsyzlygyny hem-de hödürlenilýän harytlaryň we hyzmatlaryň köpdürlüligini döretmek, bäsdeşlik esasynda bahalaryň elýeterliligini üpjün etmek, ýurtda işsizligi azaltmak we beýlekiler degişli edilýär. Ýurtda kiçi möçberdäki önümçilikleri alyp barmaga şert döretmegiň esasy aýratynlygy hem raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmek bolup durýar.

Asylly işlere mynasyp goşant

Şu ýylyň 19-njy fewralynda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimize «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda welosiped sportuny ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy barada hasabat berlipdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, hödürlenen maksatnama boýunça birnäçe öwüt-ündewlerini bermek bilen, ýurdumyzda welosiped sportuny ösdürmegiň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebap ulgamyny döretmek boýunça birnäçe işleriň göz öňünde tutulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şolaryň hatarynda welosiped duralgalaryny gurmak, ýöriteleşdirilen dükanlary, ussahanalary, söwda merkezleriniň ýanynda olaryň goýulýan ýerlerini açmak hem-de welosiped ýodalaryny çekmek, welosiped bejerýän ussalary taýýarlamak, seýilgählerde ulular we çagalar üçin welosipedleriň hödürlenýän nokatlaryny açmak hem bellenilipdi. Ýurdumyzyň altyn gaznasyna deňelýän telekeçiler hem hormatly Prezidentimiziň döredip berýän şert-mümkinçiliklerinden ruhlanyp, eziz Watanymyzda ähli ulgamlarda gazanylýan üstünliklere önjeýli goşant goşýar. Garaşsyz Watanymyzda her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni giňden bellenip geçilýär. Biz hem ynsan saglygy we ekologiýa üçin peýdaly ulaglary — welosipedleri kireýine bermek, bejermek we ideg etmek boýunça hyzmatlary hödürleýän «Uçgu

Kärhananyň ümzügi ileri

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýeten derejesi, gazanan üstünlikleri, «Tüweleme!» diýdirýär. Hormatly Prezidentimiziň iri önümçilik kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, ak pata beren gününden bäri, bu ýerde zähmet çekýän telekeçiler her iş gününi uly üstünliklere besleýärler. Kärhana 2016-njy ýylyň 15-nji fewralynda açylyp, onda täze iş orunlarynyň 200-den gowragy döredildi. Öndürilen önümleriň möçberi bir ýylda 800 müň inedördül metre barabar boldy. Satuwa çykarylanda, owadan hem nepis, berk hem ýumşak halylara müşderiler tarapyndan dessine isleg bildirilip, olar döwletli öýleriň törüniň bezegine öwrüldi. Türkmen topragynda öndürilýän önümler ekologiýa taýdan arassa, hil derejesi ýokary bolup, daşary ýurt bazarlarynda bäsdeşlige ukyply, bahalary-da elýeterli. Milli nagyşly, şeýle-de döwrebap nusgaly halylar göreniň ünsüni özüne çekýär. Tiz wagtdan olara isleg has-da artdy. Müşderiler öz isleglerine görä, dürli reňkli, dürli nagyşly ululy-kiçili halylary buýrup başladylar. Bu ýagdaý önümçiligiň giňeldilmegini, önümiň möçberiniň artdyrylmagyny talap etdi. Netijede, kärhanada täze, öňdebaryjy enjamlar ornaşdyrylyp, işçi sany hem köpeldildi. Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde alnyp barylýan işler bilen tanşanymyzda, bu hakykat

«Ak çeşmäniň» abraýy artýar

Ýurdumyzda öz ýokary hilli azyk önümleri bilen adygan, alyjylaryň isleglerini kanagatlandyrmakda nusga alarlyk zähmet çekýän hususy kärhanalar Mary welaýatynda-da az däl. Şolaryň biri hem Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Baýramaly etrabynyň «Täze durmuş» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän «Ak çeşme» haryt nyşanly süýt önümlerini öndürýän hususy kärhanadyr. Indi ençeme ýyllardan bäri bu ýerde bäsleşige ukyply azyk önümleriniň dürli görnüşlerini öndürip gelýän işewürler häzir gatyk, gaýmak, aýran, dorog, mesge ýaly ýokumly önümleriň 22 görnüşini öndürip, halka hödürleýärler. Bu ýerde taýýarlanýan ýokary hilli we tagamly süýt önümleri dürli ölçegdäki gözegelüwli gaplara gaplanyp, alyjylara ugradylýar. Döwlet derejesinde geçirilýän sergilerde-de mynasyp orny eýeleýän şeýle önümler bolsa, alyjylar tarapyndan uly höwes bilen satyn alynýar. Hususy kärhananyň işçileridir hünärmenleri alyjylaryň isleglerini öwrenmäge-de uly üns berýärler. Netijede, süýt önümlerini taýýarlamak üçin gerek bolan süýdi oba ilatyndan, maldarlardan, «Ak hünji» hususy kärhanasynyň maldarçylyk toplumlaryndan alýar.

Önümçiligiň gerimi giňeldilýär

Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ba­zar gat­na­şyk­la­ry şert­le­rin­de ýig­ri­mi ýyl bä­ri yg­ty­bar­ly he­re­ket ed­ýän «Hi­lal» hu­su­sy kär­ha­na­syn­da ýum­şak me­bel­le­ri ön­dür­ýän tä­ze za­wo­dy gur­mak bo­ýun­ça iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Umu­my tut­ýan meý­da­ny 2 gek­ta­ra ba­ra­bar bo­lan tä­ze kär­ha­na­da ýa­şa­ýyş jaý­la­ry hem-de eda­ra bi­na­la­ry üçin ni­ýet­le­nen dür­li me­bel­le­riň, bir­nä­çe bö­lek­den yba­rat bo­lan me­bel dü­züm­le­ri­niň ýyl­da 2 müň sa­ny­sy­ny ön­dür­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Da­şa­ry ýurt­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan ýer­li önüm­le­riň gör­nüş­le­ri­ni hem-de ön­dü­ril­ýän möç­be­ri­ni art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­jek tä­ze za­wo­dyň işe girizil­me­gi bi­len, dür­li hü­när­li ýaş­la­ryň 200-si iş bi­len üp­jün edi­ler. Hä­zir­ki wagt­da bu hu­su­sy kär­ha­na­nyň öň­den he­re­ket ed­ýän önüm­çi­lik bö­lüm­le­ri­niň dör­dü­sin­de sarp ediş ba­za­ry­nyň ös­ýän ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän önüm­le­riň 20-den gow­rak gör­nü­şi ön­dü­ril­ýär. Şeý­le önüm­le­riň ag­la­ba­sy kär­ha­na­nyň «Je­ren­ler» at­ly dü­ka­ny ar­ka­ly ila­ta sa­tyl­ýar. We­la­ýa­tyň dür­li kün­jek­le­rin­de gu­rul­ýan tä­ze bi­na­lar­da, ýa­şa­ýyş jaý­la­ryn­da «Hilal» hu­su­sy kär­ha­nasynyň ön­dü­r­ýän plas­tik pen­ji­re­leri, agaç­dan we de­mir­den ýa­sa­lan ga­py­lary otur­dyl­ýar. Gur­lu­şyk edara­la­ry­nyň, hu­su­sy bu­ýrujy­la­ryň sar­gyt

Bereket mekany

Watanymyzyň çar ýanynda yzygiderli gurlup, dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berilýän dürli maksatly desgalar ýaşaýyş-durmuş şertlerimiziň has-da ýokarlanmagyna, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna itergi berýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna barýan günlerimizde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Kaka etrabynda döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyp, işe girizilmegi bu ugurda uly ähmiýete eýe boldy hem-de etrabymyzyň ilatynda egsilmez şatlyk duýgusyny döretdi. Häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan bu ýyladyşhana etrabymyzyň çäginde öňden bar bolan döwrebap ýyladyşhana toplumlarynyň üstüni ýetirdi hem-de ildeşlerimiziň onlarçasyny iş orunlary bilen üpjün etdi. Hormatly Prezidentimiziň telekeçilere berýän goldawy netijesinde sanlyja ýyl mundan ozal etrabymyzyň çäginde «Röwşen—Rahym» daýhan hojalygyna, «Ýigit» hojalyk jemgyýetine degişli bolan döwrebap ýyladyşhana toplumlary açylyp, olarda bu gün guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär. Bu ýyladyşhanalarda etrabymyzyň ýaşlarynyň uly topary zähmet çekip, Watanymyzda azyk bolçulygynyň pugtalanmagy ugrundaky asylly işlere saldamly goşant goşýarlar. Olaryň tagallalary bilen ýetişdirilýän ýokumly gök önümler dünýäniň ençeme ýurdunyň bazarlarynda uly meşhurlyga eýedir.

Ýüpekçilik pudagy we tut agajy

Häzirki döwürde ýurdumyzda ýüpekçilik pudagynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Bu pudagy yzygiderli ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, piläniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak baş wezipeleriň biridir. Ýüpek gurçugyndan alynýan pile hasylynyň mukdaryny artdyrmak boýunça işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 12-nji martynda geçiren Hökümet mejlisinde 2021-nji ýylda pile öndürmek hakyndaky resminama gol çekdi. Şu ýyl ýurdumyz boýunça jemi 2 müň 100 tonna pile öndürmek meýilleşdirilýär. Şol sanda Ahal welaýatynda 155 tonna, Balkan welaýatynda 25 tonna, Daşoguz welaýatynda 500 tonna, Lebap welaýatynda 1010 tonna, Mary welaýatynda 410 tonna çig pile öndürmek göz öňünde tutulýar. Ýüpegi gaýtadan işleýän kärhanalary gymmatly, ýokary hilli çig mal bilen üpjün etmekde tut agaçlaryny ösdürip ýetişdirmek möhüm ähmiýete eýedir. Tut agajynyň ýapraklary ýüpek gurçuklarynyň esasy iýmiti bolup durýar. Ýöriteleşdirilen ekin meýdanlarynda, şeýle hem daýhan birleşikleriniň ençemesinde her ýyl tut agaçlarynyň müňlerçe nahallary ösdürilip ýetişdirilýär. Ekerançylyk ýerleriniň gyrasynda tut agaçlarynyň ekilmegi pagtany, beýleki oba hojalyk ekinlerini epgekli ýelden goraýar. Bu agaç suwaryş kanallarynyň kenarlarynyň berkleşmegine we daşky gurşawyň ekologiýa abadançylygyny

Ýyladyşhana önümleri – saçaklarymyzyň berekedi

Ulanylmaga tabşyrylan ýyladyşhana toplumlarynyň altysy hem ähli görkezijiler, şol sanda tehnologik üpjünçiligi boýunça dünýä ölçeglerine kybap gelýär. Olarda her ýylda gök önümleri öndürmek üçin zerur bolan ähli mümkinçilikler döredildi. Öndürilen önümler içerki we daşarky bazarlarda ýerleniler. Obasenagat toplumynyň bu desgalarynyň açylmagy ilatyň iş bilen üpjünçilik meseleleriniň çözülmegi bilen baglylykda hem uly ähmiýete eýe bolup, täze iş orunlarynyň döredilmegini şertlendirýär. Ýyladyşhanada ekinleri ekmekden, olary ösdürip ýetişdirmekden we ideg etmekden başlap, işgärleriň zähmetini guramaga çenli önümçilik işleriniň dolandyrylyşy sanly ulgam arkaly amala aşyrylýar. Ýylylygyňdyr çyglylygyň, hasyllylygyň görkezijileri, hasylyň ýygnalan möhleti, taýýar önümiň ulag serişdesine ýüklenendigi, onuň içerki we daşarky bazarlara ugradylandygy, ulagly alnyp barylýan wagtynda saklanyş şertleri hem-de paýlanylyşy baradaky maglumatlar onlaýn görnüşde merkezleşdirilen dolandyryş ulgamyna gelip gowuşýar.

Döwletli döwrüň berekedi

Garaşsyzlyk diýen düşünje berdaşly daragt deý şaha-şaha ýaýylyp gidýär. Diňe azyk garaşsyzlygynyň özi nämä degmeýär?! Azyk bolçulygy, azyk howpsuzlygy dünýä derejesinde hem ählumumy howpsuzlygyň wajyp bölegi hasaplanýar. Munuň özi diňe bir ilatyň azyk önümleri bilen üpjünçiligi diýmek däldir. Şunda önümiň hili esasy talap bolup, ol iň ýokary gymmatlyk — adam saglygy babatdaky tagallalar bilen baglanyşýar.

Ýylyň öňdebaryjy işewürleri

Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli Söwda-senagat edarasynda guralan forum üstünlikli jemlendi. Onuň çäklerinde birleşme hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan yglan edilen «Ýylyň öňdebaryjy işewüri» atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy, şeýle-de foruma işjeň gatnaşyp, has tapawutlanan hususyýetçilere diplomlar gowşuryldy. Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, telekeçileriň ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde 2020-nji ýylyň jemleri boýunça gazanan netijeleri seljerildi. Iş toparynyň çözgüdine laýyklykda, «Ýylyň işewür oba hojalykçysy» ugry boýunça «Nurly meýdan» daýhan hojalygy, «Ýylyň söwda we hyzmatlar pudagynyň öňdebaryjy işewüri» ugry boýunça telekeçi Nurmuhammet Gapurow, «Ýylyň işewür gurluşykçysy» ugry boýunça «Altyn» hojalyk jemgyýeti, «Ýylyň işewür senagatçysy» ugry boýunça telekeçi Aýhan Rejepowa birinji orna mynasyp boldular. Telekeçi Baýramgül Ýagmurowa ýylyň işewür zenany, «Parahat» hususy kärhanasy ýylyň täze oba hojalyk önümini öndürijisi, «Begler ýoly» hususy kärhanasy ýylyň täze senagat önümini öndürijisi, telekeçi Ada Gutlyýew ýylyň işewür çeper ussady, «Datly şerbet» hususy kärhanasy ýylyň işewür eksportçysy hökmünde yglan edildi. «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti innowasion tehnologiýalary we sanly ykdysadyýeti önümçilige ornaşdyrmakda

Döwrebap ýyladyşhanalar — ýurdumyzyň azyk bolçulygynyň we eksport kuwwatynyň ygtybarly kepili

Mälim bolşy ýaly, 25-nji martda hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde gurlan döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gurlan ýyladaşhanalaryň açylyşyna sanly ulgam arkaly ak pata berdi. Bu taryhy waka «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gözel Diýarymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk senesini has-da dabaralandyrdy. Şeýle hem ilatymyzy daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün etmek, bazar bolçulygyny döretmek, ilatyň iş bilen üpjünçiligini, halk hojalygynyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmak babatda ýurdumyzyň uly tejribä eýedigini ýene bir gezek äşgär etdi. Şol gün milli Liderimiziň sahawaty bilen welaýatymyzyň Görogly etrabynyň çäginde gurlan döwrebap ýyladyşhana toplumy hem açylyp ulanylmaga berildi. Bu dabaraly çärä welaýatyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, il sylagly ýaşulular, mährem eneler we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda ýyladyşhananyň gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetiren «Altyn gala gurluşyk» hususy kärhanasynyň direktory Maksat Gurbandurdyýew çykyş edip, ýurdumyzda hususyýetçiligi ösdürmäge, telekeçilik işi bilen meşgullanmaga giň mümki

Döwrebap tehnologiýalara daýanyp

Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda oba hojalygy hem öz ösüşinde kuwwatly itergä eýe boldy. Bu pudakda häzir hususy ulgam özüni has işjeň görkezýär. Telekeçilige hemmetaraplaýyn goldaw berilmegi, bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň kuwwatynyň pugtalandyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli amala aşyrýan durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Öňňin milli Liderimiz Kaka etrabynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — «Oguz ýol» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan hem-de ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümçilik düzüminiň üstüni ýetiren döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şeýle hem, döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň açylyşyna ak pata berdi.

Bol hasyl almagyň täzeçe usuly

Düýn hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýurdumyzda döwrebap ýyladyşhanalar açylyp, ulanylmaga berildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan hususy kärhanalara degişli täze ýyladyşhanalar özümizde öndürilýän önümler bilen ilaty doly üpjün etmek, ýokary isleg bildirilýän gök önümleriň daşary ýurtlara eksport edilişiniň möçberini artdyrmak babatda ýurdumyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn işleriň nobatdaky mysalyna öwrüldi. Habarçylarymyz dabara gatnaşan ildeşlerimiziň birnäçesi bilen gürrüňdeş bolup, olaryň ýürek buýsançlaryny ýazga geçirdiler.

Döwrebap ýyladyşhana toplumlary telekeçilerimiziň işiniň rowaçlanýandygynyň dabaralanmasydyr

Düýn eziz Watanymyzyň sebitlerinde döwrebap ýyladyşhanalaryň birnäçesi toý ruhunda açylyp, işe girizildi. Şonuň bilen baglanyşykly, döwlet Baştutanymyzyň Kaka etrabynyň G.Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde «Oguz ýol» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy, bu ýerden teleköpri arkaly ýurdumyzyň sebitlerinde gurlan innowasion tehnologiýaly häzirki zaman ýyladyşhanalarynyň işine ak pata bermegi hem-de olara “John Deere” kysymly tehnikalary sowgat etmegi şol taryhy wakalaryň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Gözellik döredýän «Mähirli zenan»

17-23-nji mart aralygynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisiniň çäklerinde ökde dizaýnerler tarapyndan taýýarlanylan milli we döwrebap lybaslaryň dabaraly görkezilişi boldy. Onda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýüniň, «Mähirli zenan» modalar öýüniň, «Gül Zaman» gül we modalar merkeziniň milli lybaslary görkezildi. Biri-birinden ajaýyp milli lybaslar türkmen gözelleriniň gözelligi bilen utgaşyp, dabara gatnaşan myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy. Dabarada «Mähirli zenan» hususy kärhananyň «Mahmal ýürekli mähirli zenan» atly kolleksiýasyndan görkezilen saýlama lybaslar özboluşly gözelligi bilen tapawutlandy. Biz hususy kärhananyň bölüm müdiri Jemal Ataýewa bilen söhbetdeş bolanymyzda alyp barýan işleri dogrusynda şeýle gürrüň berdi:

«Miweli obanyň» alma bagynda

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak we azyk bolçulygyny pugtalandyrmak ugrundaky tagallalaryna hususy pudagyň wekilleri hem saldamly goşant goşýarlar. Telekeçileriň ir-iýmişiň we miwäniň dürli görnüşlerini ýetişdirmek ugrunda alyp barýan tutanýerli işleri bu ugurda bellenilmäge mynasypdyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Miweli oba» hojalyk jemgyýetiniň Gökdepe etrabynyň çägindäki kömekçi hojalygynda miweli baglary ýetişdirmekde we olardan bol hasyl almakda uly tagallalar edilýär. Kömekçi hojalygyň 36 gektara ýaýylyp gidýän giň meýdanyna alma baglary bezeg berýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat we Gökdepe etrap birleşmeleriniň başlangyjy esasynda ol ýerde bolup, bagçylyk işleriniň alnyp barlyşy bilen tanşanymyzda, hususy pudagyň wekilleriniň bu ugurdaky rowaçly gadamlary bizde ýakymly duýgulary döretdi.