«Phillips 66» kompaniýasynyň baş direktory işden gidýär
Amerikanyň «Phillips 66» köpmilletli energiýa kompaniýasynda 10 ýyl işlän Greg Garland 2022-nji ýylyň 1-nji iýulyndan kompaniýanyň baş ýerine ýetiriji direktory wezipesinden gidýändigini yglan etdi. Garland direktorlar geňeşiniň ýerine ýetiriji başlygy wezipesini ýerine ýetirer, kompaniýanyň prezidenti we baş iş dolandyryjysy Mark Laşer bolsa, baş direktor wezipesini öz üstüne alar. Kompaniýanyň kärhanalarynda senagat, awtoulag, deňiz we awiasiýa ýaglary, oba hojalyk tehnikasy, ýük awtoulaglary we gar awtoulaglary üçin ýaglaýjy jisimler öndürilýär. Geçen birža söwdalarynda «Phillips»-iň paýnamalary 0,63% ösdi we ABŞ-nyň 81,97 dollaryna deň boldy.