«MMB» haryt nyşanly aýakgaplar
«Arkadagly zamananyň dörediji ýaşlary» atly döredijilik bäsleşigine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýurdumyzda importuň ornuny tutýan önümleri öndürmekde mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Hususy telekeçi Baýramsähet Meňliýew hem Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň senagat zolagynda ýerleşýän önümçilik kärhanasyn-da «MMB» haryt nyşanly aýakgaplaryň önümçiligini ýola goýdy. Geçen ýylyň awgustynda işe girizilen kärhana Italiýa Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Önüm öndürmek üçin gerekli çig malyň agramly bölegi bolan deri «Aksuw» hojalyk jemgyýetiniň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çägindäki iri şahly mallaryň deri önümlerini gaýtadan işläp çykarmaga ýöriteleşdirilen kärhanasyndan alynýar. Kärhana doly güýjünde işledilende, bir aýda 5 müň jübüt aýakgap öndürmäge mümkinçiliklidir. 30 töweregi işgär zähmet çekýän kärhanada öndürilýän göze gelüwli we rahat aýakgaplar ýurdumyzyň ähli söwda nokatlarynda amatly bahalardan hödürlenýär.