"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Aýna gabyň» islegli önümleri

Arada gerekli azyk önümlerini almak üçin daýhan bazaryna bardyk. Tekjelerde gözüňi dokundyrýan gök önümleriň ählisi, alma, erik, armyt, beýi, üzüm, garaz, islän miwäň bar. Olary synlap ýörşüme danalaryň dürdänelerindäki: «Islendik ýurduň halkynyň ýaşaýyş derejesini biljek bolsaň, onuň bazarlaryny aýlanyp gör!» diýen jümlesi ýadyma düşdi. Hudaýa şükür, döwrümizem, durmuşymyzam gowy, islän harydyň tapylýar. Bahalaram elýeterli. Ýöne gyş aýlarynda, esasan, saçagyňda gaplanan miweleri göresiň gelýär. Ine-de, üç litrlik gaplara gaplanylan gök we miwe gaplamalary, pomidor goýaltmalary! Haýsy görnüşi diýseň bar. Endigime görä önümiň gabyndaky maglumatlary okadym. Geňem bolsa, ýaşap ýören şäherimiziň golaýyndaky obada şeýle hususy kärhananyň ýerleşýändigini şol wagt bildim. Şeýdip, «Aýna gabyň» gök we miwe gaplamalaryndan kemsiz ýüklenip gaýtdyk. Baýramçylyk günlerinde desterhanlarymyzy bezän bu önümler özümiziňem, myhmanlarymyzyňam göwnüne diýseň ýarady. Aradan sähel wagt geçenden soň «Aýna gap» bilen ýakyndan tanyşmak höwesi meni Saýat etrabynyň Miweçiler obasynda ýerleşýän bu hususy kärhana getirdi. Çaý başyndaky söhbetdeşlikde «Aýna gap» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzasy Salamat Jumaýewa dolandyrýan önümçiligi hakynda şeýle gürrüň berdi.

Ene toprak bereket eçilýär

Döwlet Baştutanymyzyň dünýä bazarlarynda biziň ýurdumyzyň eýeleýän ornuny berkitmek boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli çözmekde telekeçilerimiz has möhüm orunlary eýeleýärler. Hususy önüm öndürijileriň aglabasy diňe bir içerki bazarda öňdebaryjy orunlary eýelemek bilen çäklenmeýär. Dürli görnüşli önümleri başga döwletlere-de eksport edýärler hem-de önümleri ýerlemek üçin täze bazarlary işjeň ýagdaýda gözleýärler. Şolaryň birisi hem Çärjew etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde pomidor ýetişdirmek üçin 2 gektar ýerde hususy ýyladyşhanasyny döreden Güljahan Haýidowadyr. Telekeçi zenan adamsy Ikram bilen hormatly Prezidentimiziň ilaty azyklyk önümler bilen üpjün etmek baradaky sargytlaryny ýerine ýetirmegi öz hususy işlerinde esasy ugur hökmünde saýladylar. Ekerançylyk üçin bölünip berlen ýerde bolelin hasyl ýetişdirmek üçin tutanýerli zähmet çekdiler. Bu ýerde ekin ýetişdirmek üçin ähli şertleri üpjün etdiler. Suw üpjünçiligini gowulandyrdylar, elektrik, gaz ulgamyny çekdirdiler. Ýer ekişe taýýar bolanyndan soňra 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda pomidoryň Gollandiýadan getirilen «Marwelans» görnüşiniň tohumyny ekdiler. Täze ýylyň başyndan hem hasylyny ýygnap ugradylar.

Işewürler dünýä bazarynda

Öňňiliň dowamynda lebaply telekeçileriň eksporta ugradan önümleriniň umumy bahasy 11 million 197,5 müň dollara golaý boldy. 2023-nji ýylda hem görkezijiler şondan kem bolmady. Döwletimiz tarapyndan hususy eýeçiligi ösdürmegiň we goldamagyň hukuk binýadynyň hem-de innowasion tehnologiýalara esaslanýan hojalyk ulgamynyň döredilmegi netijesinde eksporta gönükdirilen we importy çalyşýan önümçilikler giňden ösdürilip başlandy. Eksport ugrunyň ösdürilmegine uly üns berilmegi ýöne ýerden däldir. Eksport islendik ykdysadyýetiň ösüşinde uly paýa eýedir. Önümleriň bolçulygynyň döredilmegi bilen milli ykdysadyýetimiziň eksport ugry çalt depginlerde ösüp başlady. Hususyýetçileriň innowasion tehnologiýalardan peýdalanmaklary öndürilýän önümleriň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukybyny güýçlendirýär.

Telekeçilik ulgamynyň batly gadamlary

Häzirki günlerde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ýurdumyzda alyp barýan işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Telekeçiler mekdebi» Jemgyýetçilik birleşigi kärhanasynyň esasy maksady Türkmenistanda bilim ulgamynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegi iş ýüzünde üpjün etmek, hünärmenleriň hünär bilimlerini, olaryň işewürligini kämilleşdirmek, ýetginjekleriň we uly ýaşlylaryň bu ugurdaky bilime bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. Telekeçilik mekdeplerimizde iňlis, nemes, hytaý, rus dilleriniň, fizika, himiýa, taryh dersleriniň çuňlaşdyrylyp öwredilmegi ýaşlarda uly gyzyklanma döredýär. Sapaklarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda hususy telekeçiligi ösdürmeklige döredilýän mümkinçilikler, bu ugry emele getirmegiň we ýöretmegiň hukuk esaslarynyň ýurdumyzyň kanunçylyk namalaryndan gelip çykyşy hem-de döwletimiz tarapyndan berilýän ýeňillikler barada giňişleýin düşündirilýär. «Telekeçiler mekdebi» Jemgyýetçilik birleşigi kärhanasynyň döreden «https://telekechilermekdebi.edu.tm/» atly internet saýtynda, esasan, mahabat işlerini alyp barýarys. Ony mekdebimiz baradaky täze maglumatlar bilen baýlaşdyrýarys. Şeýle-de, mekdebimizi tamamlan diňleýjileriň ma

«Nurana Aýyň» önümleri

Ýurdumyzyň söwda nokatlarynyň, dükanlarynyň, bazarlarynyň ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün edilmeginde, bereket bolçulygynyň döredilmeginde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kärhanalaryň goşýan goşandy uludyr. Gyzylarbat şäherindäki «Erada» hususy kärhanasynyň «Nurana Aý» çörek we çörek önümlerini öndürýän önümhanasynda hem halkymyzy ýokary hilli çörek we çörek önümleri bilen ygtybarly üpjün etmekde öwgä mynasyp işler bitirilýär. Öz işine ussat ýaşlaryň yhlasly zähmet çekýän önümhanasynda Türkiýe, Eýran, Italiýa ýaly döwletleriň enjamlary ornaşdyrylypdyr. Bu ýerde taýýarlanýan türkmen milli çörek önümlerini: ýagly gatlamalary, petirleri, süýtli külçeleri, toý pişmelerini, tortuň, kökeleriň dürli görnüşlerini, içi bally, şokoladly çörek önümlerini müşderiler uly höwes bilen satyn alýarlar. «Nurana Aýyň» öndürýän gündelik önümleri üçin zerur bolan ýokary hilli un «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Gyzylarbat etrabynyň Sarp obasyndaky degirmenler toplumyndan şertnama esasynda satyn alynýar.

Pomidoryň bol hasyly ýetişýär

Ilatymyzy ýylyň ähli paslynda ter gök önümler bilen üpjün etmek boýunça hormatly Prezidentimiziň öňde goýan möhüm wezipelerini ýerine ýetirmekde Daşoguz welaýat «Azyk önümçilik birleşiginiň» Köneürgenç etrabyndaky ýyladyşhanalar toplumynyň agzybir işgärleri hem her ýyl ýokary netijeleri gazanýarlar. Bu ýyladyşhanalar toplumynda indi birnäçe ýyldan bäri pomidoryň «Bonditto» görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär we ilatymyzyň bu önüme bolan islegleri doly kanagatlandyrylýar. Bu toplumyň umumy tutýan meýdany 10 gektar bolup, onda 4 bölüm hereket edýär we işgärleriň 100-e golaýy zähmet çekýär. Işgärleriň ählisi özlerine berkidilen işi ýokary derejede berjaý edýärler. Toplumda ähli işler awtomatik usulda berjaý edilip, ekinleri suwarmak, iýmitlendirmek, ýyladyşhananyň ýylylyk, çyglylyk ýagdaýyny kadaly ýagdaýda saklamak kompýuterler esasynda dolandyrylýar. Toplumyň göreldeli işgärlerinden Gülendam Gazakowany, Aýnur Nuryýewany, Göwher Sabyrowany, Aýbölek Begmyradowany görkezmek bolar. Ähli işleriň sazlaşykly alnyp barylmagy, ýyladyşhananyň agzybir işgärleriniň çekýän ýadawsyz zähmeti netijesinde pomidordan bol hasyl alynýar. Gözüňi dokundyrýan bol hasyla duran pomidorlary synlanyňda, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň ýylsaýyn artýandygyna bolan buýsanjyň goşalanýar. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýerini tutýan, ekologiýa taýdan arassa, ter gök

«Oguzhan» haryt nyşanly süýji önümleri

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Oguzhan» haryt nyşanly süýji önümlerini öndürýän konditer kärhanasy geçen ýyly uly üstünlikler bilen jemlediler. Paýtagtymyzda ýerleşýän bu konditer kärhanasy 1999-njy ýyldan bäri daşary döwletleriň önümleri bilen bäsleşýän milli süýji-köke önümlerini öndürmekde netijeli işleri alyp barýar. Telekeçi Begmyrat Işanowyň ýolbaşçylyk edýän konditer önümleri kärhanasynyň önümçilik bölümlerinde Hytaýyň we Türkiýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylyp, şol tehnologiýalara başarjaňlyk bilen erk etmegiň hötdesinden gelýän hünärmenler öndürilýän önümleriň hili we ýokumlylygy ugrunda uly tagalla edýärler.

«Bagdan» gury iýmiş gerekmi?!

Gury iýmişleriň jemlenen ýeri diýilse köpleriň ýadyna «Bagdan» haryt nyşanly önümleriň düşjegi ikuçsuzdyr. Gysga wagtda halkyň islegini kanagatlandyrmagy başaran bu hususy kärhana 2017-nji ýylda telekeçi Azat Durdyýew tarapyndan esaslandyrylýar. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän «Bagdan» haryt nyşanly konditer we gury iýmişleri gaýtadan işleýän kärhanada gury iýmişleriň 41, konditer önümleriniň 24, dürli tagamly türk rahat lukumlaryň 20 görnüşi, şeýle-de çipsileriň önümçiligi amala aşyrylýar. Üç gektar meýdany eýeleýän bu kärhananyň bişirme, şokoladdan geçýän bölüm, taýýar önümi gaplama ýaly bölümleri bolup, onda «Şokotop», «Sonar», «Roman», «Newdat», «Illi», «Kempos», «Şokohan» ýaly dürli hilli miwe tagamlaryny berýän şokolad örtükli süýjüleriň, şeýle-de pisseli, fundukly, hozly, badamly, wanilli, kokos, şokolad örtülen rulet şekilli lukumlaryň köp görnüşleri öndürilýär. Şeýle-de kärhananyň çipsi we maňyz sehleri bolup, olarda «Bagdan» haryt nyşanly pisse-maňyz, çipsiler gaplanylýar.

Aýakgap önümçiliginiň öňdebaryjysy

Gadymy gowaklarda ýüze çykarylyp, ýaşy 15 müň ýyldan geçýän suratlarda aýaklarynyň daşyna deri we ýüň böleklerini dolan adamlaryň aw edýän şekilleri janlandyrylýar. Şunuň ýaly şekiller aýakgaplaryň müňýyllyklaryň dowamynda adamyň durmuşynda möhüm orun eýeläp gelýändigini tassyklaýar. Häzirki wagtda aýakgap önümçiligi ýeňil senagatyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Tehnologiýanyň kämilleşmegi esasynda aýakgaplaryň görnüşleri artyp, hili we rahatlygy barha ýokarlanýar. Öňdebaryjy dünýä tejribesini özleşdirip, halkymyz üçin ýokary hilli önümleri öndürýän türkmen telekeçileri hem soňky ýyllarda aýakgap taýýarlamakda ýokary netijeleri gazanýarlar. Bizem aýakgap önümçiliginiň aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşmak üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Gerçek» haryt nyşanly aýakgaplary öndürýän kärhanasynda myhmançylykda bolduk. Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde ýerleşýän «Gerçek» haryt nyşanly aýakgaplary öndürýän kärhanada häzirki zaman tehnologik enjamlaryň kömegi bilen dürli ölçegdäki aýakgaplaryň ençeme görnüşleri öndürilýär. Bu ýerde öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini artdyrmak, şeýle hem iş orunlaryny köpeltmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Häzirki wagtda kärhanada döredilen iş orunlarynyň sany 650-den geçýär.

Sanly ulgam bilen sazlaşykly

Telekeçiler ýurdumyzyň altyn gaznasyna deňelip, bu ugurdaky iş alyp barýan wekillere uly ynam bildirilýär. Şunlukda, importyň möçberini azaltmak, eksport ugurly harytlaryň sanawyny artdyrmak, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, söwda we hyzmatlar ulgamyny giňeltmek ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Bagtyýar döwrümiziň bu aýratynlyklary döwrebap innowasiýalary ornaşdyryp, ýokary hilli, dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümleri öndürýän Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň çäginde ýerleşýän «Ak kent» hususy kärhanasynyň işinde hem aýdyň duýulýar. Dünýä bilen hyzmatdaşlykda bolup, döwre aýakdaş gitmek islendik ugurda derwaýys bolşy ýaly, ýurdumyzyň hususy telekeçilik ulgamynda hem iňňän ähmiýetlidir. Watanymyzda häzirki we geljekki nesilleriň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak, durmuş-ykdysady wezipeleri netijeli çözmek, durnukly ösüş gazanmak, öňi bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gazanýan üstünliklerine baglydyr. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň netijesinde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bagtyýar zamanamyzda döwletimiziň okgunly öňe gitmeginde kiçi we orta telekeçiligi goldamaga uly üns berilýär.

Saçaklaryň berekedi

Döwlet Baştutanymyz öz çykyşlarynda Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda türkmen telekeçileriniň möhüm orun eýeleýändigini aýratyn nygtaýar. Şoňa görä-de, döwlete dahylsyz ulgamda ýokary tehnologiýaly innowasion önümçilikleri ösdürmek, kiçi we orta telekeçiligi yzygiderli ilerletmek işleri hemişe üns merkezinde saklanylýar. Çünki tehniki ösüş, sarp edijileriň islegleriniň kanagatlandyrylmagy, köp babatda, ykdysadyýetiň hususy böleginiň alyp barýan işiniň netijeliligine bagly bolup durýar. Döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýurdumyzyň telekeçileri milli ykdysadyýeti ösdürmäge mynasyp goşant goşmak ugrunda yhlasly işleýärler. Balkan welaýatynyň Gyzylarbat şäherinde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Erada» hususy kärhanasy-da şolaryň biri. Kärhananyň düzüminde 2015-nji ýylda işe girizilen, çörek we çörek önümlerini öndürýän «Nurana Aý» önümhanasynda oturdylan täze innowasion tehnologiýalar Türkiýe, Eýran, Italiýa ýaly döwletlerden satyn alnypdyr. Bu ýerde ýylda ýokary hilli çörek hem-de konditer önümleriniň bir müň tonnasy taýýarlanyp, täzeligi bilen sarp edijilere ýetirilýär. «Nurana Aýyň» häzirki wagtda taýýarlaýan azyk önümleriniň görnüşi 30-a ýetýär. Bu ýerde taýýarlanýan ýagly gatlamalary, ýagly petirleri, süýtli külçeleri, pişmeleri, dürli g

Bereketli saçaklaryň bezegi

Bütin älem-jahan Täze ýyly ýagşy niýetler, arzuwlar bilen garşylady. Agzybirligiň, şatlyk-şowhunyň, bereketiň baýramy bolan Täze ýyl, aýratyn-da, çagajyklaryň sabyrsyzlyk bilen garaşýan, ýatdan çykmajak şatlykly duýgulary paýlaýan baýramçylyklarynyň biridir. Olar paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän bagy-bossanly, suw çüwdürimli seýilgählere seýil edip, gözellikden teşneligini gandyrýarlar. Täze ýyl maşgala baýramçylygydyr. Bu baýramçylykda ildeşlerimiz dürli-dümen tagamlary bişirip, birek-birege iň gowy arzuwlary etdiler. Baranyňda ruhuňy göterýän ak bazarlarda gyzgalaňly dowam edýän söwda nokatlaryndaky haryt bolçulygy, hödürlenilýän önümleriň köpdürlüligi, şeýle hem azyk we senagat harytlaryň aglabasynyň öz ýurdumyzda öndürilýändigi halkymyzyň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy. Täze ýyl saçaklaryny bezemekde «Gurtly» ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän «Zyýat Hil» konditer dükany hem müşderileriň uly söýgüsini gazandy. Biz hem «Zyýat Hil» konditer dükanynyň menejeri Gurbangözel Moşikowa bilen Täze ýyl baýramy, ildeşlerimiz üçin hyzmatlaryň guralyşy babatda söhbetdeş bolduk. — Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz telekeçileri giň gerimde goldaýar. Bu günki gün türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleri diňe bir öz ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä bazarlarynda hem giň orun aldy. Biziň «Zyýat Hil» konditer dükanymyz 2021-nji ýylda açylyp, gysga wagtyň içinde ýurdumyzyň ähli ýaş

Köýtendagdaky «Ak bulut»

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň telekeçilerine giň goldaw bermegi netijesinde ýakynda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Dostluk şäherinde Türkmenistanyň Telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ak bulut» hojalyk jemgyýetine degişli «Gurluşyk gury garyndylaryny öndürýän zawody» açylyp, ulanylmaga berildi. Geoykdysady taýdan amatly künjekde ýerleşýän bu zawodyň önümçiligi üçin Köýten daglarynyň gips daşlarynyň baý känleri çig mal bolup hyzmat eder. Ýylda 4 million inedördül metr gipsokarton we 50 müň tonna gury gurluşyk garyndylary öndürmäge niýetlenen bu zawod Türkiýe, Hytaý döwletleriniň döwrebap enjamlary we tehnologiýalary bilen enjamlaşdyryldy. Bu zawodyň işe başlamagy bäsleşige ukyply ýokary hilli önümleri öndürmäge, şeýle hem raýatlaryň onlarçasyny täze iş orunlary bilen üpjün etmäge doly mümkinçilik berýär. Gipsokarton, gury garyndy şeýle hem gurluşyk gipsi, winil örtükli asma, gipsokarton akustik asma, metal asma, agaç akustik potoloklary, dekoratiw we akustik diwar gaplamalary, profil ulgamlary we beýleki gurluşyk harytlaryny öndürýän «Ak bulut» hojalyk jemgyýetiniň esasy maksatlary bolsa ýokary hilli önümleri öndürip, dünýä bazaryna çykarmakdan, önümçilige sanly ulgamy doly ornaşdyrmakdan, ýurdumyzyň iň çetki künjeklerinde hem täze iş orunlaryny döretmekden, bu ýerde işleýän işgärleriň, hünärmenleriň bilimlerini artdyrmakdan ybarat bolup durýar. Häzirki wagtda k

Türkmenistan pomidoryň uly tapgyryny eksport etdi

Ýurdumyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşup, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Altyn gala gurluşyk» hususy kärhanasy Russiýa, Gazagystana we Gyrgyz Respublikasyna pomidor hasylynyň 439 tonnasyny eksport etdi. Kärhananyň işgärleri ösdürip ýetişdirmäge durnukly görnüşleriň ekilmeginiň we döwrebap tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna hasyllylygy ýokarlandyrmaga ähmiýet berip, şu ýylyň 10 aýynda 730 tonna hasyl aldylar.

Hojalyýewleriň «Hojaly» hojalyk jemgyýeti

«Hojaly» hojalyk jemgyýetini telekeçi Tirkişmyrat Hojalyýew esaslandyrýar. Bu kärhananyň öz haryt nyşanyny «Kilwan» diýip atlandyrmagy bolsa, esasy öndürilýän önümleriň bugdaý unundan bolmagy bilen baglanyşdyrylýar. Ýeri gelende aýtsak, «Kilwan» sözi degirmen diýmekligi aňladýar. «Hojaly» hojalyk jemgyýeti 2016-njy ýylyň 18-nji martynda we 1-nji aprelinde daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşmak arkaly ýumşak, petir, şokolad we karamel örtükli köke we wafli önümlerini awtomatik usulda dünýä ülňülerine laýyk gelýän görnüşde öndürjek zawody gurýar. Hut şol senedenem, zawod öz işine başlaýar. Bu zawod Ýewropa ýurtlarynyň kompaniýalary tarapyndan taýýarlanylandyr. Zawodyň tutýan meýdany 1 gektara barabar bolup, onda, takmynan, 100-den gowrak adam zähmet çekýär. «Hojaly» hojalyk jemgyýeti özüniň konditer  önümlerini türkmen bazarlaryna «Kilwan» haryt nyşany bilen satuwa çykarýar. Enjamlaryň önümçilikde bökdençsiz işlemeginiň ýola goýulmagy bilen, ýerli çig mallary ulanmak arkaly, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önümleriniň önümçiliginiň gerimini barha artdyrýar. Kärhana ilkinji gezek 3 kilogram agramly gaplamalarda gaplanan «Altyn däne», «Seýrana» haryt nyşanly şekerli kökeleri, «Pasyllar» haryt nyşanly petir kökesi bilen bazara çykýar. Bu kökeleriň ýaramlylyk möhleti  9 aýdan 1 ýyla çenlidir. Tejribeler esasynda öz işini ymykly ele alan «H

Işleri ilerleýän ýaş kärhana

Täze ýyl baýramynyň ýakynlap gelýän günlerinde bazarlarymyzda we söwda nokatlarynda dürli görnüşli sowgatlyklaryň, azyk harytlarynyň bolçulygynyň üpjün edilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň rowaçlanýandygynyň aýdyň görkezijisidir. Haryt bolçulygyny üpjün etmekde hormatly Prezidentimiziň döredip berýän şert-mümkinçiliklerinden göwünleri galkynýan türkmen telekeçileriniň hem mynasyp paýy bar. Watanymyzyň okgunly ösüşine uly goşant goşýan hususy pudagyň ýaş kärhanalary hem sazlaşykly işleri ýola goýmak bilen, gysga döwürde oňyn netijeleri gazanýarlar. Döwlet Baştutanymyzyň kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleri öndürýän kärhanalaryň sany barha artýar. 2022-nji ýylyň fewralynda Mary welaýatynyň Mary şäherinde açylyp, ulanylmaga berlen «Altyn şöhle» haryt nyşanly konditer önümlerini öndürýän kärhana şolaryň biridir. Bu kärhana gysga döwrüň dowamynda içerki we daşarky bazarda uly islege eýe bolan önümleri öndürmegi üstünlikli ýola goýmak bilen, täze sepgitlere gadam urýar.

Mahabat işinde kämillik

Adamyň isleg-arzuwy serhetsiz bolýar. Gowy ýaşamaga, täze zatlary döretmäge bolan ymtylyş dünýä ýaşaýşynyň başlan gününden bäri adamzadyň kalbynda şinelän bolsa gerek. Dünýäni ylmy açyşlaryň täze tapgyrynyň gurşap alan zamanasynda, bu günki günde adamzadyň ýaşaýyş-durmuşy görnetin ýeňilleşdi. Häzirki wagtda täze ylmy-amaly pudaklar, kär-hünärler, täze ugurlar ösüşiň çür depesine çykdy. Innowasion tehnologiýalaryň döwrebap modelleriniň ýylsaýyn artmagy, olaryň kuwwatlylygynyň, tizliginiň özünden öňkülerden oňyn tarapa tapawutlanmagy biziň durmuş akymymyzdaky adatylyga öwrülip barýar. Bu ýagdaý dünýä ýaşaýşyndaky iň ýokary gymmatlyk hasaplanýan adam faktorynyň beýnisinden çykan ägirt uly taslamalaryň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Ata kesbi — ogla halal

 Türkmençilikde «Ata kesbi — ogla halal» diýlen jümle bar. Muny Çärjew etrabynyň çägindäki «Mizemez gadam» hususy kärhanasynyň başlygynyň önümçilik boýunça orunbasary Tagaýmyrat Guwanjowyň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. 2018-nji ýylda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny tamamlan Tagaýmyrat zähmet ýoluna Türkmenabat Halkara howa menzilinde inžener bolup girişen hem bolsa, wagtyň geçmegi bilen, kakasy, tejribeli telekeçi Guwanç Seýidowyň işlerine goldaw berip başlady. Munuň esasy sebäbi bolsa döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýaş telekeçileriň işleriniň kämilleşmegine gönükdirilen giň mümkinçiliklerdir.

Ilatyň täze ýyl saçagyna

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutjak önümleri öndürýän döwrebap desgalary gurmak, şol bir wagtyň özünde-de azyk önümleriniň öndürilişini ep-esli artdyrmak, artyk bölegini eksport etmek ugrunda netijeli işler amala aşyrylýar. Şu jähetden hem kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi, işewürlere amatly şertleriň döredilmegi öňde goýlan maksatlaryň barha rowaçlanmagyna ýardam berýär. Ýurdumyzyň gündogar sebitinde-de hususy önümçilikleriň gerimi barha giňelýär. Dürli önümler bilen birlikde gök-bakja önümlerini öndürýän ýyladyşhanalaryň işleri bolsa aýratyn öwgä mynasypdyr. Olarda zähmet çekýän işçi-hünärmenler tamamlanyp barýan ýyly uly üstünlikli jemlemek ugrunda tagalla edýärler. Ýyladyşhana şertlerinde gök we bakja önümlerini öndürmekde welaýatyň Çärjew etrabynyň çäginde hereket edýän «Altyn Bürgüt» hususy kärhanasynyň ýyladyşhanalar toplumy hem iri hususy önümçilikleriň hatarynda tanalýar. Bu toplum alty bölekden ybarat bolup, 8,5 gektar meýdany tutýar. Onda işleýänleriň üstünlikli zähmet çekmegi, dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilendigini bellemek gerek.

Ak bugdaýyň unundan toý sowgatlary

Ak bazarlaryň we söwda nokatlaryň dürli azyk harytlary bilen baýlaşmagynda ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleriniň uly goşandy bar. Şolaryň hatarynda türkmen topragynda ýetişdirilen ak bugdaýyň unundan «Tomus» haryt nyşanly çörek we konditer önümleriniň önümçiligini alyp barýan kärhanany agzamak ýakymly. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, tejribeli telekeçi Osman Muhammetnyýazowyň ýolbaşçylyk edýän bu kärhanasy Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýär. Indi ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri hereket edýän kärhanada ýokary hilli çörek we konditer önümleriniň dürli görnüşleri öndürilip, halkymyza hödürlenýär.