SUNGATDA ALABAÝYŇ WASPY
Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Karary bilen alabaýlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde,fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen bäsleşige hödürlenen döredijilik işleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, sungaty öwrenijiler gatnaşdylar. Hüşgärligi, çydamlylygy, wepalylygy, duýgurlygy, bilen tapawutlanýan türkmen alabaýlary bu gün milli gymmatlygymyz derejesinde sarpalanýar. Türkmen alabaýlarynyň arasynda geçirilýän bäsleşikler bolsa olaryň aýratynlyklaryny açyp görkezmäge mümkinçilik berýär. Wepadarlygy bilen ynsanlaryň hemişelik hemrasyna öwrülen türkmen alabaýynyň hormatyna ýurdumyzda bellenilýän şanly sene mynasybetli geçirilýän bäsleşige hödürlenen işler çeperçiligi, nepisligi bilen biri-birinden tapawutlanýar. Halylarda häzirki wagtda haly gölleri bilen bilelikde türkmen alabaýynyň keşbiniň sazlaşykly dokalmagy, alabaýlaryň türkmen durmuşynda uly orun eýeleýändigini suratlandyrýar. Sergi eserlerinden görnüşi ýaly, awtorlar milli gymmatlygymyz bolan türkmen alaba