Belent maksat bilen arzyly menzile
Bedew türkmeniň ganaty hem-de zynatydyr. Ol nepis halylarymyz, beýleki milli gymmatlyklarymyz ýaly dünýä halklaryny haýrana goýýar. «Maral basyşly, towşan turuşly, bozduman aýakly, bazbent toýnakly, jeren bakyşly» diýlip wasp edilýän bedewleriň çapuwda laçyna, gylyk-häsiýetde hüýrmelek gyza, wepalylykda dosta deňelmegi ýönelige däldir. Türkmen jigitleri bedewleri çyn dosty saýyp, atlaryny dürli şaý-sepler bilen bezäpdirler. Döşi, boýny gaýyş guşakly, zer çaýylan şaý-sepler bilen bezelen bedewlerimizi görmäge göz gerek. Tebigatyň türkmene eçilen şeýle owadan hem ýüwrük, adam häsiýetli, uzyn aýakly, sagrysy belent, alma gözli bedewlerimiz bu günki gün hem halkymyzyň buýsanjy, toý-baýramlarymyzyň bezegidir. Halaç etrabynyň Pelwert geňeşliginde doglan, il içinde «Jangeldi seýis» ady bilen meşhur bolan, özüniň jahyllyk döwrüni gumda mal, düýe, at bakyp, çopançylykda geçiren Jangeldi agany indi atsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. «Alma Jeren, münme Jeren, münseň Jeren, satma Jeren» diýip, jeren atynyň sagrysyny sypalap oturan halypa seýsiň ömür ýoly bu behişdi bedewler bilen berk baglanyşykly. Özüniň gürrüň bermegine görä, Jangeldi aga heniz 10-12 ýaşly oglanka, şol obalaryň ady belli at çopany Jumageldi Italmazow diýen ýaşuly oňa bir dor at sowgat berýär. Ýaş ýigidi ata çykarýar. Ine, şondan bäri hem Jangeldi aga at üstünde bolup, ondan birjik-