"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Baýram han — beýik türkmen gerçegi

Taryhy kökleri alyslardan gözbaş alyp gaýdýan türkmen halky kuwwatly, dörediji we şöhratly halkdyr. Nesilbaşymyz Oguz handan başlap, milletimiz irki döwürlerden bäri kuwwatly döwletleri döretmek, dünýä ösüşine goşant goşmak we ählitaraplaýyn kämil şahsyýetleri kemala getirmek arkaly bütin adamzada nusgalyk işleri bitirdi. Biziň taryhymyzy dabaralandyrýan şahsyýetler — türkmen gahrymanlary bolsa, şöhratly halkymyzyň aňyndan öçmejek orun aldy. Şeýle şahsyýetleriň biri hem, halk arasynda «hanlar hany» diýlip atlandyrylýan Baýram han Türkmendir. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda 31-nji martda Aşgabatda sanly ulgam arkaly «Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri» atly halkara maslahat geçirildi. Meşhur serkerde, döwlet işgäri we ajaýyp şahyr Baýram hanyň döredijiligine hem-de ömür ýoluna bagyşlanan maslahaty Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Bilim ministrligi hem-de Ylymlar akademiýasy bilelikde gurady. Bu maslahat dünýäniň 20-ä golaý ýurdundan iri medeni merkezleriň we ýokary okuw mekdepleriň ýolbaşçylaryny, taryhçy-gündogarşynaslary, sungaty öwrenijileri, dilçileri, edebiýatçylary, syýasatşynaslary we diplomatlary bir ýere jemledi.

Şaý-sepleriň çeperçilik aýratynlygy

Halkymyz zergärçilik sungaty bilen irki döwürlerden bäri meşgullanyp gelýär. Türkmenistanyň çäginde täze daş asyry döwründe ilkinji zergärçilik ussahanasy bolupdyr. Ol Hazar ýakasyndaky Gubaseňňir burnunyň ýanynda ýerleşipdir. Bu ýerde balykgulakdan düzülen monjuk tapylypdyr. Birentek monjuklarda açyk gyzyl reňkiň yzy galypdyr. Şol döwürlere degişli bezeg şaýlarynyň we zergäriň daş gurallarynyň tapylmagy zergärçilik hünäriniň öz gözbaşyny iňňän gadymy döwürlerden alyp gaýdýandygyny görkezýär. Esasan hem, şaý-sep önümlerini ýasamak bilen erkek kişiler meşgullanypdyrlar. Olara zergär, hünärmen, çeper senetkär, ussanedir, ussalyguba, ussalygurba, kümüşçi ussa, kümüşçi, kümüş ussasy diýilýär. Zergär ata-babalarymyz, esasan, özbaşdak, ýekelikde zähmet çekipdirler. Sebäbi zergärçilik hünäriniň tehnikasy, iş ýagdaýlarynda ýüze çykýan tilsim-tärleri işi ýekelikde alyp barmaga mümkinçilik beripdir. Olar bezeg zynatlaryny dürli usullardyr tärlerden peýdalanyp ýasapdyrlar. Çekiçläp süýmekden, guýmakdan, basmakdan, galyplamakdan, gyzyl we kümüş çaýmakdan, haşamlamakdan, işmekden, düzmekden, eretmekden, sünnälemekden, rejelemekden, kebşirlemekden, seplemekden ybarat bolan zähmeti zergär ussalar giňden peýdalanypdyrlar. Bu usullaryň köp sanly bolşy ýaly, olaryň çeper aýratynlyklary, köp meňzeşlikleri we tapawutlyklary hem bardyr.

Şahyrana döredijilige sarpa

Şu ýyl Diýarymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, şeýle hem Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýy giňden bellenilip geçiler. Hormatly Prezidentimiz ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ýaşlary kemala getirmekde beýik işleri amala aşyrýar. Halkymyza, ýaşlara medeniýetimizi, baý geçmiş taryhymyzy we şahsyýetlerimizi öwrenmäge giň ýol açdy, olaryň dünýädäki at-abraýlaryny has-da belende galdyrmaga ähli mümkinçilikleri döredip berdi. Golaýda halkymyzyň görnükli akyldary, Muhammet Baýram hana bagyşlanyp paýtagtymyzda «Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri» atly halkara maslahat geçirildi. Bu onlaýn maslahatyna Azerbaýjandan, Täjigistandan, Hindistandan we başga-da birnäçe döwletlerden taryhçylar, muzeý ýolbaşçylary gatnaşdylar. Çykyşlaryň dowamynda türkmen halkynyň taryhynda öçmejek uly yz goýan şahyrlar, ýazyjylar, hanlar, parasatly, gaýduwsyz, merdana, gujur-gaýratly, edermen şahsyýetler barada gürrüň edildi.

Ussat şahyr hem görnükli döwlet işgäri

Türkmen edebiýatynda Baýram han Türkmeniň şygyrlary uly orun tutýar. Bu hakda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda taryhy waka öwrülen «Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri» atly halkara maslahatda çykyş edenler hem giňden durup geçdiler. Golaýda onlaýn usulda geçirilen bu tutumly maslahat Baýram han Türkmeniň döredijiligini öwrenmekde täze sahypalary açdy. Baýram han Garagoýunly türkmen döwletini (1410 — 1468-nji ýyllar) esaslandyran taýpalar birleşigine degişli baharly taýpasyndan gelip çykan meşhur şahsdyr.

Ynsanperwer köňülleriň kelamy

Paýtagtymyzda «Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri» atly halkara maslahat geçirildi Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilen halkara maslahatda ýurdumyzyň hem-de Ýewropanyň, Merkezi Aziýanyň tanymal alymlary, taryhçylary, edebiýatşynaslary, medeniýeti öwrenijileri, ýurdumyzda ýerleşýän daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň birnäçesiniň işgärleri çykyş edip, öz döwrüniň görnükli şahsyýeti, serkerde hem şahyr Muhammet Baýram han Türkmeniň ömri we durmuş ýoly barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Küştdepdi — dünýä genji

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde ýurdumyzda medeniýet ulgamy ägirt uly ösüşlere, özgerişliklere eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň “Medeniýet halkyň kalbydyr” diýip belleýşi ýaly, türkmeniň ýüregini, ata-babalarymyzdan gelýän gymmatlyklarymyzy dünýä açyp görkezmeklige-de giň ýol açyldy. Dünýäniň çar künjeginde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi munuň guwandyryjy mysalydyr. Şol gatnaşyklaryň netijesinde folklor sungatymyzyň dünýä ýüzünde seýran etmegi bolsa asyrlaryň dowamynda toplanyp, dilden-dile, kalpdan-kalba geçip gelen gymmatlyklarymyza täze ömür bagyş edýär. 2015-nji ýylda “Görogly” şadessanymyzyň, 2017-nji ýylyň ahyrynda küştdepdi milli sungatymyzyň, onuň yzysüre bolsa türkmen halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi dünýä ýüzünde-de oňa hormatyň artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Zemine bahar paslynyň gözellik eçilýän günlerinde ýurdumyz baýramçylyk lybasyna beslenýär. Süňňi millilige eýlenen ol baýramçylyklaryň hiç birini-de folklor toparlarynyň çykyşlaryndan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Sebäbi folklor toparlarynyň çykyşlary — halkymyzyň geçen durmuş we taryhy ýoly barada sungatyň dili bilen gürrüň berýär. Ol çykyşlarda pederlerimiziň, ene-mamalarymyzyň ýürek sesi, arzuw-umytlarynyň hasyl bolan keşbi bar. Küştdepdi milli sungatymyzyň dünýä gymmatlygy hökmünde ykrar edilmeginiň aňyrsynda-d

Köneden gelýän täze tilsim

Suratda: şahyr Halyl Kulyýewiň çykyş edýän pursaty.Tagtabazar, Pendi ýaýlasy, 1968-nji ýyl.Surata düşüren Gurbandurdy Myradow. Nusgawy edebiýatymyzyň däbine eýerip, işlikleriň gatlanma usulyny Kerim Gurbannepesow bilen Halyl Kulyýew täzeçe öwüşgin bilen XX asyr türkmen edebiýatyna çeper serişde hökmünde ymykly getirdi diýip, gypynçsyz aýdyp bolar.

Türkmen mirasynyň aýnasy

«Maasir-i Rahimi» («Rahimi barada ýatlamalar») atly eser XVII asyryň başlarynda Molla abd ul-Bagi Nahawendi tarapyndan resale (ýatlama) görnüşinde ýazylypdyr. Eseriň ady Baýram hanyň (1497 — 1561) ogly Abdyrahymyň (1556 — 1628) edebi lakamy bolan Rahimi bilen baglanyşyklydyr. Kitabyň ilkinji nusgasy Kalkutta şäheriniň kollejiniň mugallymy Muhammet Hudaýat Hasan tarapyndan ýygnalyp, rejeleýiş işleri geçirilenden soň, 1909-njy ýylda çap edilýär. 1924-nji ýylda bolsa üsti ýetirilen nusgada neşir edilýär. Soňra bu kitaby günbatar alymlary iňlis, fransuz we nemes dillerine terjime edýärler. Ol barada eýranly alym Abdalhasan Nowýynyň «Aýneýe miras» (Mirasyň aýnasy) atly žurnalynda (Tähran 1981ý. №4) ylmy makalasynda beýan edilýär. Orta asyr alymy Nahawendiniň «Maasir-i Rahimi» atly eseri üç jiltden ybarat bolup, onuň birinji jildinde-de Hindistanyň taryhyna degişli maglumatlar getirilýär. Ikinji jildinde Garagoýunly türkmen döwletiniň taryhy we şol sanda Abdyrahymyň maşgalasy barada maglumatlar berilýär. Eseriň üçünji jildinde Abdyrahym han hananyň Hindistandaky Mogol imperiýasynda gulluk eden ýyllary beýan edilýär. Birinji jildinde Hindistanyň taryhy Eýranyň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşykda görkezilýär. Olaryň otparazçylyk dinine ynançlary, däp-dessurlarynyň ýakynlygy beýan edilýär. VII asyryň ortalarynda araplar Eýrany (Sasany döwletini) tabyn edenden soň, parslaryň aglabasy Hind

Ussat sazanda

Türkmenistanyň at gazanan artisti Gurbannazar Nurymow bilen halypa-şägirt bolup gatnaşmak miýesser etdi. Onuň çagalyk döwri uruşdan soňky kynçylyklar bilen gabat gelýär. Şol döwürde obada iki-ýeke adamda «maşyn bagşy» — patefon bolup, oba adamlary halypa bagşylaryň plastinka ýazdyrylan aýdymlaryny şonda ürç edip diňläpdirler.

Görenlerden eşidenlerim

«Biz siziň göwnüňize ýetmeli ahyry» Nazar bagadan öwrenen zatlarymyzyň aňyrsy-bärsi ýokdur. Aýdym aýtmagy, dessan ýerine ýetirmegi öwretmezden ozal, adamkärçiligi, dutary, gyjagy gazanç çeşmesi hasap etmezligi öwrederdi. Bir gezek halypa bilen bir ortatap daýhanyň toý çakylygyna bardyk. Şonda uly halypany öz çakylygyna geler hem öýtmedik toý eýesi birbada oňaýsyz ýagdaýda galdy. Muny aňan halypa ony ýanyna çagyryp, näme ýetmeziniň bardygyny sorady. Şonda toý eýesi çekinjeňlik bilen: «Halypa, men sizi toýa çagyraýdym welin, siziň göwnüňize ýetip bilermikäm?» diýip, aladasyny bildirdi. Şonda Nazar halypanyň aýdan sözleri bize ýatdan çykmajak sapak boldy:

Elwan gülli keçeler

Halkymyz maldarçylyk önümlerini, aýratynam, derini we ýüňi gaýtadan işlemegi sungat derejesine ýetiripdir. Olaryň arasynda saldamly orny tutýan keçe we keçe önümlerine şu aşakdakylar degişlidir.  Düýp keçe — ak öýleriň törüne düşemek üçin ýörite şonuň ölçeginde edilýän keçe.

Milli ýörelgeleriň beýany

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, kämil terbiýeli bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýlelikde, Watanyň ertirki gününiň eýeleri boljak ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek işi döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Bilim ulgamyndaky, nesil terbiýesindäki özgertmeler — bilim işgärleriniň has-da höwesli işlemeklerine, bilim-terbiýe bermegiň ähli taraplaryny has içgin öwrenmeklerine itergi berýär. Bu jogapkärli işimizde Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden çykan eserleri bahasyna ýetip bolmajak gollanma bolup hyzmat edýär. Aýratyn-da milli Liderimiziň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» ýaly ajaýyp eserleri biz üçin nusgalyk kitaba öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň atasy, Berdimuhamet Annaýewiň durmuş hem zähmet ýoly hakynda gürrüň berýän kitaplary işimizde ýol görkeziji bolup durýar. Bizi guwandyrýan zat hormatly Prezidentimiziň döwet galamyndan çykan eserleriniň islendiginiň nesil terbiýesi bilen baglydygydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitaby hem halkymyzyň köp asyrlyk ýaşaýyş-durmuş tejribesiniň iň kämil taraplarynyň gysgadan sada, düşnükli dilde okyjylara ýetirilmegidir. Kitabyň aýry-aýry parçalary hakynda köňül kelamyny aýtmazdan öňürti, Gahryman Arkadagymyzyň: «Bütin ömrüme men özümi atama deňedim hem-de hemme mesele babatda oňa meňzemäge çalyşdym» diýen sö

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen türkmen halkynyň geçmiş taryhyny öwrenmek, bitiren hyzmatlary we söweş edermenligi bilen uly yz galdyran beýik şahsyýetleriň, Watanymyzy şöhratlandyran adamlaryň ömrüni, döredijiligini öwrenmek we ebedileşdirmek babatda uly işler amala aşyrylýar. Uly hormata eýe bolan meşhur şahsyýetler diňe bir türkmen halkynyň taryhynda däl, eýsem, dünýä taryhynda öçmejek yz galdyryp, ägirt uly hyzmatlary bitiripdirler. Şeýle şahsyýetleriň biri hem Muhammet Baýram han Türkmendir. Hormatly Prezidentimiziň «Mertler Watany beýgeldýär» atly eserinde Baýram hanyň edermen şahsyýetdigini beýan edýän Deli uniwersitetiniň professory Ram Kişore Pandiniň «Muhammet Baýram han Türkmeniň ömri we edermenlikleri» atly işinden getiren mysalynda şeýle bellenilýär: «Başga serdarlaryň hiç biri-de batyrlykda, döwleti dolandyrmak ussatlygynda, alymlykda, edebiýaty oňat bilmekde we söweş tejribesinde Baýram han bilen bäsleşip biljek däldi, çünki ol mogol däl-de, türkmendi». Han-hanan adyny göteren Muhammet Baýram han Türkmen öz döwrüniň ökde harby serkerdesi, parasatly danasy, ýiti zehinli türkmen şahyrydyr. Garagoýunly türkmenlerinden bolan Baýram han Türkmen takmynan 1500-nji ýylda Seýfaly begiň maşgalasynda dünýä inýär. Baýram han başlangyç bilimini we terbiýäni Badahşanda kakasy Seýfaly begden, soň Balhda daýysy Emir beg

Asly bar bedewiň, asly bar, asly!

Ýaşyl ýaýrawly ýaýlalarymyzyň asyl görki, zeminiň iň saýlama ylahy, behişdi jandary ganatly bedewler bu gün Watanymyzyň ýüzüniň tuwagydyr, halkymyzyň ýüreginiň buýsanjydyr. Ulgam-ulgam ýollarda, dagy-düz, çöl-beýewanda eýesini paýy-pyýada goýman, her pursatda oňa ýoldaş bolan, göwün myradyna öwrülen bedewler türkmen durmuşynda, däp-dessurlarynda, halk döredijiliginde we edebiýatynda aýratyn orny eýeleýär. Taryhyň alyslyklaryna ser salanymyzda, dünýäniň çar künjüne ýaýran, at salan türkmen halky, bedew atynyň üstünde ençe döwletleri gurdy. Nijeme ülkelere jahangirlik etdi. Nesilbaşymyz Oguzhan döwründen bize miras galan «Oguznamada» «Saňa at diýmerin gardaş diýerin, ýöne sen dogandan hem zyýada» diýen jümleleriň üsti bilen inçe aýakly, serwi kamatly syrdaşynyň dogandan hem ezizdigini mälim edýär. Bu bolsa «Türkmen eýerde doglandyr» diýen aýtgynyň ýöne ýerden döremändigine şaýatlyk edýär. Altaý daglaryndaky gadymy Pazyryk depelerinde saklanyp galan çapuw atynyň mazaryny öwrenen birnäçe atşynaslar nesillerine belli bolan görnükli alym, atlaryň janköýeri W. Witt gürrüň edilýän atyň örän gadymydygyny, Assiriýanyň, Müsüriň we Elladanyň beýik ussatlarynyň eserlerinde şekillendirilen Orta Aziýanyň söweşjeň atlarynyň neslindendigini belleýär. Taryh sahypalarynda ýagty geljege tarap okgunlylygy beýan edýän bedewlerimiz azatlygyň we garaşsyzlygyň nyşany, halklaryň arasyndaky gatnaşyklary

Halkymyzyň milli guwanjy

Gahryman Arkadagymyzyň milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, olary dünýä ýaýmak babatda uly işleri durmuşa geçirýär. Milli mirasymyzy gorap saklamak, ösdürmek, kämilleşdirmek baradaky tagallalar netijesinde, halkymyzyň milli mirasy bu günki gün gymmatly baýlygymyza, buýsanjymyza öwrüldi. Türkmen halky behişdi bedewlerine, alabaý itlerine hemişe uly söýgi-buýsanç bilen garap, olary goramak, köpeltmek babatdaky aladany hiç haçan ünsden düşürmän gelýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe toý-baýramlarymyzyň bezegi bolan ýelden ýüwrük bedewlerimiziň, ynsanyň dosty hasaplanýan alabaýlarymyzyň sarpasy, gadyr-gymmaty has-da belende göterilip, olaryň şan-şöhraty dünýä ýaýrady.

Halkara maslahata gatnaşyjylara söz berýäris

Gyzylgül TAGANDURDYÝEWA, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri: — Gülbeden begimiň «Humaýunnama» atly kitabynda Baýram han bilen Selime soltan begimiň eje tarapyndan garyndaşdygy nygtalýar. Şahyr hökmünde-de tanalýan Selime soltan begim Baýram han Türkmeniň:

Hanlar hany Baýram han

Hormatly Prezidentimiziň geçmişde uly yz goýan taryhy şahsyýetlerimiziň ömür ýoluny, olaryň goýup giden ruhy we ündew mirasyny çuňňur öwrenip, ýaş nesle ýetirmek baradaky sargytlaryna eýerilip, ýurdumyzda uly işler bitirilýär. Baýram han Türkmen gelip çykyşy boýunça türkmeniň baharly tiresine degişlidir. Bahar, bahar ili, baharly tiresi Oguz hanyň bäşinji ogly Dag handan we onuň ogly Imrden gözbaş alyp gaýdýar. Imr boýy, Imr ili, hususan-da, onuň baharly şahasy taryha Ýunus Emre, Baýram Hoja, Gara Ýusup, Jahanşa Hakyky, Aly Şükür beg, Baýram han, Abdyrahym han-hanan, Soltanguly Kutubşa, Emirhan Mosully, Magrupy ýaly beýik şahslary we türkmenleriň Garagoýunly, Kutubşalar döwletlerini berdi.

Türkmeniň wepaly dosty

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli mirasymyzy ösdürmäge we ony dünýä ýaýmaga uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň üstümizdäki ýylyň 25-nji fewralynda türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek barada gol çeken Permanyny muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Bu resminama laýyklykda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen birlikde türkmen alabaýynyň güni uludan belleniler. Türkmen alabaý itleri pederlerimizden miras galan milli gymmatlyklarymyzyň biri hasaplanylýar. Halkymyz milli halyçylyk sungatymyza, owadan, ýyndam ahalteke bedewlerimize sarpa goýşy ýaly, wepaly itlerimize hem guwanýar, buýsanýar. Hormatly Prezidentimiziň alabaýlaryň şöhratyny artdyrmak, milli itşynaslygy ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda amala aşyrýan uly işleri medeni mirasymyzy dünýäde giňden wagyz etmek babatda alnyp barylýan ilhalar tagallalardan nyşandyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly eserinde türkmen halkynyň ykbalynda alabaýlaryň eýeleýän orny, olaryň ruhy gymmatlyklarymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy, bu wepaly itleriň ösdürilip ýetişdirilişi, terbiýelenilişi, saklanylyşy barada giňişleýin beýan edilýär. Halk seçgiçilik usulyny hem-de milli itşynaslyk mekdebini giňden peýdalanyp, dünýäde wagyz etmek maksady bilen geçen ýylyň maý aýynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy döredildi. Geljekde ýurdumyzda tü

Çarwa paýhasyndan parçalar

Giň sähralaryň öz goýnunda saklaýan täsin syrlary bahar aýlary gözellige teşne göwnüňi göterip, bilesigelijiligiňi has-da artdyrýar we ünsüňi özüne çekýär. Hydyr gören çölüň dilini tapsaň, ol durşuna — hazyna. Şonuň üçin çarwa durmuşy bilen baglanyşykly ýandepderçäme bellän belliklerimi bir ýere jemläp, size ýetirmegi makul bildim. Mart aýynyň ortalaryndan başlap, çopanlaryň durmuşynda aladalar has-da artýar. Olar «Ýelinaýy» diýlip atlandyrylýan owlak-guzy möwsüminde aladalara üstümizi basdyraýmaly diýen niýet bilen fewralda örä çykyp, agyldyr çalmarlaryny gurup başlaýarlar. Çalmar — çopan öýüniň bir görnüşi. Ol yklamak üçin gowy, çarwany sowukdan goraýar. ***Çarwalar möjegiň çagasyna «üzit» diýýärler. Meýdan iti hasaplanylýan börüleriň käbir mert häsiýetleri bar. Olar süreniniň töweregindäki sürülere aňsat-aňsat degmeýärler. Ýöne sürenine degseň, hökman aryny alýar, çopana-da başgaça daraýar. Ol sürenindäki çagalaryny janyndan eziz görýär. Şonuň üçin çopanlar öz çoluklaryna: «Möjegiň sürenine degäýme!» diýip, sargyt edýärler. ***Çopanlaryň arasynda «Dar örüden giň çygyr» diýen nakyl has-da ýörgünli. Olar goýny agylda köp saklamaýarlar. Goýun maly özüniň gabawda bakylmagyny halamaýar. Çarwalaryň arasynda aýdylýan: «Çaga eje diýip aglar, goýun gije diýip aglar» diýen nakyl hem şondan döräpdir. Goýun janawar gije sürüm alsa, ýuwaşlyk bilen ine-gana otlap gezýär.

Jahana ýaýylan aýdym-sazymyz

Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan türkmen mukamlary we aýdym-sazlary gaýtalanmajak gözelligi, şireli owazy, çuňňur pelsepä ýugrulanlygy bilen nesilleriň iň ýakyn hemrasyna öwrülip gelýär. Öz ozanlaryna törden orun beren halkymyzyň aýdym-saz däpleri we mirasy, bagşy-sazandalarymyzyň ussatlygy bu mekana ýoly düşen jahankeşdeleri hem biparh goýmandyr. Köňülleri ganatlandyrýan, dünýäleri zynatlandyrýan milli aýdym-saz sungatymyzyň şan-şöhraty ýedi yklyma ýaýrapdyr. Goşa taryň jana ýakymly owazy, köňüllere bal bolup damýan halk aýdymlary, dessanlarymyz dünýä meşhur sazşynaslarda uly gyzyklanma döredipdir. Türkmen aýdym-saz sungatyny dünýä ýaýan gündogarşynas, terjimeçi we syýahatçy Aleksandr Hodzko Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň taryhyny, medeniýetini, dilini we sungatyny hem öwrenipdir. Onuň iňlis, fransuz dillerinde neşir edilen türkmen, pars, azerbaýjan edebiýaty baradaky ylmy işleri uly ähmiýete eýedir.