"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Esasy Kanunymyz — döwrebap ösüşiň binýady

Hukuk ulgamynda geçirilen oňyn özgertmeler, gazanylan guwandyryjy üstünlikler hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesini dabaralandyryp, amala aşyrýan taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Türkmenistanyň Konstitusiýasy kanunyň hökmürowanlygyny ykrar etmek bilen, hemmeleriň kanunyň öňünde deňligini, adamyň jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygydygyny, adam hukuklarynyň milli kanunçylyk ulgamy tarapyndan kepillendirilýändigini aýdyň görkezýär. Hukuk ylmynda özygtyýarly döwlet häkimiýetine jemgyýetiň jemlenen erk-isleginiň beýany hökmünde garalýar. Hukuk döwleti, ilki bilen, döwletde kanunyň hökmürowanlygynyň berkarar edilmegini, jemgyýetiň raýat jemgyýeti derejesinde kämilleşmegini, ynsan mertebesiniň iň ýokary gymmatlyk hökmünde görülmegini aňladýar. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eserinde: «Adam gymmatlygy hakyndaky düşünje şu zamanyň derwaýys ýörelgesidir. Çünki taryh ýaşaýşyň asyl maksadynyň adamlardadygyny, olaryň durmuşa gatnaşygyndadygyny anyk beýan etdi» diýip belleýär. Taryhy tejribäniň görkezişi ýaly, jemgyýetiň ösüşiniň her bir täze basgançagy adam hukuklaryny üpjün etmek we onuň mazmunyny baýlaşdyrmak bilen aýrylmaz bagly bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, her bir döwletiň Konstitusiýasynyň ony kabul edýän halkyň milli adatyna, däp-dessuryna, edim-gylymyna esaslanýan özboluşly aýratynlyklary bolýar.

Ulag ulgamy: häzirkizaman giňişligindäki giň mümkinçilikler

Ýurdumyzyň üstaşyr ýük geçirijiligini ýokarlandyrmak boýunça hormatly Prezidentimiz gümrük gullugynyň öňünde anyk wezipeleri goýýar. Olary ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde gümrük işi çygryndaky milli kanunçylygymyz yzygiderli kämilleşdirilýär. Geçen ýyl Türkmenistanyň Gümrük kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, oňa daşary ýurtly ýük daşaýjylar, şol sanda konteýnerli ýük daşaýjylar üçin ýurdumyzyň çäginde ýük daşamakda amatly şertleri we ygtybarly hukuk esaslaryny göz öňünde tutýan düzgünler girizildi. Şonuň ýaly-da halkara konwensiýalaryndan ugur alnyp, geçen ýyl ýurdumyzda ýük daşaýjylar we logistik kompaniýalar, şol sanda multimodal ýük daşamagy, konteýnerli ýük daşamagy amala aşyrýan şahslar, ýük alyjylar we eksport edijiler üçin ýük amallaryny geçirmekde amatly şertleri göz öňünde tutýan gullugyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hem birnäçesi kabul edildi. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň gümrük edaralarynda gümrük amallary sanly ulgam arkaly amala aşyrylýar. Bu bolsa sarp edilýän wagty gysgaldýar. 2020-nji ýylyň başyndan gümrük gullugynda «ASYCUDA World» atly utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamy işe girizilip, serhetde üstaşyr deklarasiýasyny hem-de ulag serişdeleriniň giriş we çykyş deklarasiýalaryny doldurmak we resmileşdirmek işleri sanly ulgam arkaly bökdençsiz amal edilýär.

Parahatçylyk ýoly — bagtyýarlygyň şuglasy

Eziz ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyny kalbymyza besleýän günlerimizde ýurdumyzyň beýik ösüşlerine tüýs ýürekden buýsanýarys. Şeýle ajaýyp döwürde ýurdumyz parahatçylyk ýörelgesini dünýä ýaýýar. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan Türkmenistan dünýäde uly abraý-mertebä eýedir. Ýurdumyz baky Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolup, dünýä we umumadamzat bähbitli başlangyçlar bilen çykyş edýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy halkymyzyň ençeme ýüzýyllyklardan bäri dowam edip gelýän ynsanperwerlige ýugrulan asylly däplerini hem-de medeni mirasymyzyň baý çeşmelerini özünde jemleýär. Onuň esasynda ynsanperwerlik, adalatlylyk, ruhubelentlik ýaly baş ýörelgelerimiz bar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary netijesinde hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzy durmuşa geçirmek bilen, häzirki zaman ösen demokratik raýat jemgyýetimizi kämilleşdirmek üçin ajaýyp mümkinçiliklere eýe bolýarys. Şeýle giň mümkinçilikler üstünlikleriň, rowaçlyklaryň hem-de ösüşleriň gözbaşydyr. Şunuň ýaly öňdengörüjilikli we giň göwrümli syýasat milli ykdysadyýetimiziň geljekki gülläp ösüşleriniň girewidir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň içinde gazanylan beýik ösüşleriň ählisiniň esasy we mizemez daýanjy halkymyzyň ata Watanymyza bolan çäksiz söýgüsi we ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatlanmagyna goşýan goşandydyr.

Beýik ösüşleriň ýoly

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri bilen diplomatik, işewür, ylmy we medeni gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin uly tagallalary edýär. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bedew bady bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda ösüş üçin giň mümkinçilikler açylýar. Türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgeleri Berkarar döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasatynda şöhlelenýär. Ýurdumyzyň daşary syýasy ugry halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy mundan-da beýläk giňeltmäge we ösdürmäge, dünýä jemgyýetçiligini gyzyklandyrýan meseleler boýunça başlangyçlary beýan etmäge hem-de olary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Dünýäde parahatçylygy, abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek, has-da pugtalandyrmak, halklaryň arasynda ynanyşmagy rowaçlandyrmak öňde goýlan belent maksatlardyr.

Umumadamzat bähbitli işler

Parahatçylygy dünýä ýaýmak, umumadamzat bähbitli beýik işleri durmuşa ornaşdyrmak bagtyýarlyk döwrümiziň asylly ýörelgesine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyklar has-da pugtalandyrylýar. Munuň özi baky Bitaraplyk syýasatymyzyň asylly ýörelgesi bolup, ählumumy parahatçylygy has-da ösdürmäge uly goşantdyr. Eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ählumumy parahatçylykdyr, bagtyýarlykdyr. Özem belli bir wagt bilen çäklendirilmedik, hemişelik bagt! Dünýäde parahatçylygy, abadançylygy hem durnukly ösüşi gorap saklamak, has-da pugtalandyrmak, rowaçlandyrmak ýaly belent ynsanperwer maksatlar bilen döredilen Birleşen Milletler Guramasy bilen Türkmenistan hyzmatdaşlygy barha ösdürýär. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan halkara borçnamalaryny indi çärýek asyr bäri gyşarnyksyz berjaý edýär, özüniň bu abraýly orna mynasypdygyny kemsiz subut edip gelýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan häzirki döwürde adamzadyň bähbidine esaslanýan başlangyçlar bilen işjeň çykyş edýär. Baky Bitarap Watanymyzyň halkara derejede gazanan syýasy üstünliklerini, ýeten mertebeli menzillerini älem görýär, dünýä bilýär. Çünki, olar halkara habarlar giňişliginde uly gyzyklanma döredip, yzygiderli beýan edilýär. Aýratyn nygtama

Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk AŞGABAT, 7-nji maý (TDH). Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologik merkeziniň (CAREC) taslamasynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamyndaky jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi.

2021-nji ýylyň apreli: Döwlet Baştutanymyzyň daşary syýasy başlangyçlaryna eýerip

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan saýlap alan ösüş ýoly bilen ynamly öňe gidip, köpugurly halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýär. Şol hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugrunyň esasyny düzýär. Bu babatda şu ýylyň aprel aýynyň wakalary hem uly ähmiýete eýe boldy. Geçen aýda geçirilen syýasy we işewür duşuşyklar, gepleşikler, daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler, halkara forumlar we maslahatlar, beýleki möhüm wakalar ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň milli Liderimiziň başyny başlan we üstünlikli amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça netijeli iş alyp barýandygyny aýdyňlyk bilen görkezdi.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk AŞGABAT, 6-njy maý (TDH). Şu gün BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebit edarasy hem-de onuň ýurt boýunça edarasy bilen bilelikde onlaýn duşuşyk geçirdi. Ol ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmekde we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde habar beriş serişdeleriniň mümkinçiliklerini işjeň peýdalanmak meselelerine bagyşlandy.

Türkmenistan – BMG: strategik hyzmatdaşlyk giňeldilýär

Hormatly Prezidentimiziň oňyn bitaraplygyň ýörelgelerine esaslanýan hem-de ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli, täzeçillik syýasaty Türkmen döwletiniň dünýädäki abraýyny barha artdyrýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi munuň nobatdaky subutnamasy boldy. Döwlet Baştutanymyz bu başlangyjy 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda 75-nji ýubileý sessiýasynyň çäklerinde öňe sürüpdi. Dürli ugurlar boýunça işlemek üçin özboluşly edara bolan Sebit merkezi döwrüň möhüm meseleleri boýunça sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly goşant goşýar. Kararnamada bu merkeziň Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Owganystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen tagallalary, BMG-niň ýurt boýunça toparlary, gapma-garşylyklaryň öňüni almak meselelerinde Parahatçylyk gurluşygy gaznasy, şonuň ýaly-da, ýaşlaryň we zenanlaryň jemgyýetdäki, syýasatdaky hem-de ykdysadyýetdäki ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen we ýolbaşçy zenanlaryň toparyny okatmak üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň akademiýasy bilen hyzmatdaşlykdaky oňyn orny bellenilýär.

Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar AŞGABAT, 4-nji maý (TDH). Şu gün Milli Geňeşiň Mejlisiniň wekilleri wideoaragatnaşyk arkaly Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament assambleýasynyň Sekretariaty tarapyndan guralan duşuşyga gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda bu guramanyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Baky bagtyň aýdyň ýoly

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde her bir günümiz üstünlige, ösüşlere beslenýär. Eziz Diýarymyzdaky göwün guşuňy ganatlandyrýan şanly senelerdir ýatda galyjy toý çäreleri beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna barha ýakynlaşdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän aýdyň maksatly özgerişler, ilkinji nobatda ynsan hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyna güwä geçýär. Halkymyzyň iň arzyly gymmatlygy bolan Garaşsyzlyk beýik ösüşlerimiziň binýady bolup durýar. Eziz Diýarymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda özygtyýarly, asuda, parahat ýurt hökmünde dünýä döwletleri bilen giň göwrümli gatnaşyklary has-da ösdürip, halkara giňişliginde ählitaraplaýyn ösen döwlet hökmünde ykrar edildi. Şeýlelikde, halkyň ýaşaýşy täze many-mazmun bilen barha baýlaşýar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň durnukly ösüşi nazarlaýan mukaddes ýörelgelerinde öz beýanyny tapýar.

Hoşniýetliligiň we parahatçylygyň ýörelgesi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan özara bähbitli hyzmatdaşlygy, hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary ileri tutýan, möhüm halkara başlangyçlary öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak hem-de ynanyşmak eziz Diýarymyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Şuňa laýyklykda, Türkmenistan halkara giňişliginde hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, şeýle hem sebitde we bütin dünýäde emele gelen ýagdaýy nazara almak bilen, ählumumy abadançylygy we parahatçylykly ösüşi üpjün etmäge, häzirki döwrüň wajyp meselelerini oňyn çözmäge, dünýäde özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgeleriniň ýola goýulmagyna gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýar.

Baky berkarar Watan

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen Bitarap ýurdumyzyň parahatçylyk dörediji mümkinçiligi günsaýyn barha artýar. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasaty transkontinental ulag-kommunikasion geçelgelerini döretmek baradaky giň möçberli taslamalarda, energiýa serişdelerini dünýä bazaryna eltmegiň ykdysady taýdan has amatly ugurlaryny kesgitlemekde we beýleki başlangyçlaryny amala aşyrmakda şanly rowaçlyklara beslenýär. Muňa özygtyýarly, baky berkarar Watanymyzyň indi birnäçe gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň wise-başlyklygyna, bu iri halkara guramasynyň abraýly toparlarynyň we ykdysady edaralarynyň düzümlerine saýlanylmagy hem aýdyň güwä geçýär. Diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak, dostana gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen daşary syýasatda ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine laýyk gelýän işjeň syýasat alnyp barylýar. Güneşli Diýarymyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň we Türkmen alabaýynyň baýramynyň şanyna tutulýan toý-dabaralaryň öň ýanynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilm

Parahatçylyk ýörelgesiniň belent nusgasy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy hem-de Aşgabat şäherimiziň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uludan belleniler. Bu ajaýyp seneler halkymyzyň bagtyýarlygyny, eziz Diýarymyzyň ösüşli ýollaryny aýdyň beýan edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasaty dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Baky Bitaraplygy, parahatçylyk söýüjiligi, abadançylygy, hoşniýetli goňşuçylygy ýörelge edinýän Türkmenistan barha belent üstünliklere eýe bolýar. Bu günki gün ýurdumyzyň dünýädäki abraý-mertebesi has-da ýokarydyr. Biz muňa hormatly Prezidentimiziň her bir parasatly başlangyjynyň, çuňňur paýhasa ýugrulan taglymatynyň dünýäde uly goldaw tapýandygyndan hem aýdyň göz ýetirýäris.

Parlamentara gatnaşyklar işjeňleşdirilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her bir günümiz şanly wakalara, oňyn özgertmelere beslenýär, ýurdumyz ösüş bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň bütin dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen syýasatynyň, halkyň bähbidi üçin amala aşyrýan giň möçberli özgertmeleriniň netijesinde döwletimiziň halkara abraýy arşa galýar. Türkmenistan Ýer ýüzünde ählumumy parahatçylyk, azyk howpsuzlygy, ekologiýa abadançylygy, gender deňligi we energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilişinde howpsuzlygy gazanmak meseleleri boýunça yzygiderli çykyş edip gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden öňe sürýän başlangyçlary bu gurama agza döwletleriň ählisi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde bu abraýly gurama agza döwletleriň ählisi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi muňa aýdyň mysaldyr.

Demokratik ýörelgeler rowaçlanýar

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň bilelikdäki mejlisinde hormaty Prezidentimiziň maksatnamalaýyn çykyşyny diňläp, ýurdumyzy ählitaraplaýyn ösdürmek, ony dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna goşmak ugrunda edýän aladalarynyň örän giň gerimlidigine we halkyň bagtyýar ýaşaýşynyň bähbidine gönükdirilendigine ýene bir ýola doly göz ýetirdik. Bir ýarym ýyl gowrak mundan ozal Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen başlangyjyň esasynda alnyp barlan işleriň netijesinde iki palataly kanun çykaryjy edarasy döredildi. Mejlisde döwlet Baştutanymyzyň eden çykyşy bizde uly täsir galdyrdy. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda alnyp barylýan uly möçberli özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny berkitmek arkaly ilatyň medeni-durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegini gazanmak bilen bagly meseleleriň maksady we möhüm ähmiýeti barada giňişleýin söz sözledi. Olaryň ählisi halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmaga, ylym, bilim almak, ruhy baýlyklaryny artdyrmak ýaly talaplaryny kanagatlandyrmaga gönükdirilendir. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň, Mejlisiň deputatlarynyň öňünde bu we beýleki meseleleri çözmäge gönükdirilen täze konsepsiýalary, döwlet maksatnamalaryny hem-de meýilnamalaryny işläp taýýarlamak we olary durmuşa geçirmek babatynda anyk wezipeler goýuldy. Bu ugurda ministrlikler we pudak edaralary bilen ysnyş

Parahatçylygyň we ösüşiň ýoly

Beýik taryha eýe bolan türkmen halky asyrlarboýy parahatsöýüjiligi, hoşniýetliligi, dost-dogana ygrarlylygy ýaly birnäçe päk ahlak ýörelgeleri bilen şöhratlanypdyr. Umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemleýän bu ynsanperwer ýörelgeler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem ýurdumyzyň daşary syýasatynyň we dünýä döwletleri bilen ýola goýlan özara gatnaşyklarynyň esasy binýady hasaplanylýar. Bu ynsanperwer ýörelgeler Milli Liderimiziň bimöçber aladalary netijesinde gadymy milli gymmatlyklara eýerilip, işjeň ýöredilýär. Her bir halkyň öz däp-dessurlary, milletine, häsiýetine kybapdaş ýörelgeleri bar. Şol aýratynlyklary çuňňur öwrenip, Merkezi Aziýa sebitini parahatçylygyň, ynanyşmagyň we durnuklylygyň merkezine öwürmekde bolsa oýlanyşykly, yzygiderli syýasatyň alnyp barylmagy esasy zerurlyga öwürýär. Bu ugurda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň ylalaşdyryjylyk diplomatiýasy boýunça baý tejribe toplanylyp, netijeli işleriň durmuşa geçirilendigini buýsanç bilen belläp geçmek gerek. Sebit döwletleriniň goldamagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasynyň merjen paýtagtymyzda bolmagy hem ýurdumyzyň parahatçylyk dörediji, özara ynanyşmagy berkidiji başlangyçlaryna, daşary syýasatymyzyň netijeliligine dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary baha berýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Watanym

Watanym!Men seniň bagtly perzendiň,Mylaýym howaňdan doýman gananym.Keşbiňde Aý nury, Güneşiň çogy,Mekany sen şahyrlaryň, danalaň. Seniň bilen gözeldir bu ykbalym,Sähraň gülälekli, sazak-selinli. Ak bagtymyň çür başyna deňedim,Jägildäp goýnuňda dünýä gelenmi.

Türkmen diplomatiýasynyň täze üstünligi

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň bütin dünýäde ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmäge we köpugurly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de berkitmäge gönükdirilen daşary syýasat strategiýasy has-da dabaralanýar. Milli Liderimiziň öňdengörüjilik we täzeçillik syýasatyna esaslanýan bu ugur giň dünýä jemgyýetçiliginde doly ykrar edilýär. Muňa 16-njy aprelde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisinde «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk köpugurly we netijeli häsiýete eýedir. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan daşary syýasaty netijesinde bu abraýly halkara gurama bilen köpugurly gatnaşyklar depginli ösdürilýär. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde halkara başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär hem-de olary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Bu babatda BMG ýurdumyza ýokary ynam bildirýär, ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde garaýar. Bu bolsa Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň 72-siniň awtordaşlygynda kabul edilen täze Kararnamada öz beýanyny tapýar.

Parahatçylygyň röwşen ýoly

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Muny ýakynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisinde «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem aýan edýär. Kararnamada sebitde parahatçylygy, durnuklylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekde, şeýle hem sebit we halkara hyzmatdaşlygy höweslendirmekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň möhüm orny ykrar edilýär.