Ekologiýa abadançylygy
18-nji martda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Watanymyzy gülläp ösýän künjege öwürmek boýunça giň möçberli ählihalk bag ekişliginiň ýazky möwsümine badalga berildi. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde saýaly, pürli we miweli bag nahallarynyň ýüz müňlerçesi ekildi. Bu ählihalk çäresi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Arkadag şäherinde hem gyzgalaňly ýagdaýda dowam etdi. Umuman, şu gezekki ýazky möwsümiň dowamynda Arkadag şäheriniň çäklerinde 20 müňe golaý bag nahaly ekiler. Ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň mähriban topragymyzyň ekologik abadançylygyny we halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça başyny başlan işleriniň häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli dowam etdirýändigi üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli pähim-paýhasy bilen ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli işler özüniň oňyn netijelerini hem görkezýär. Mähriban Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, daşky gurşawa aýawly garamak, bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek häzirki we geljekki nesilleriň abadan durmuşda ýaşamagy hem-de saglygy baradaky alada bilen berk baglany