"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Baglar — zemin bezegi

Keremli topragymyzy bagy-bossanlyga büremek işine welaýat tokaý hojalygynyň bagbanlary işjeň gatnaşýarlar. Olar welaýatymyzyň etraplaryndaky nahalhanalarynda dürli agaçlaryň nahallaryny köpçülikleýin ösdürip ýetişdirýärler we olary edara-kärhanalara we raýatlara ýerleşdirýärler. — Şanly ýylymyzyň geçen döwründe hojalygymyz boýunça pürli, ýaprakly we miweli agaç nahallarynyň 445 müň düýbi ösdürilip ýetişdirildi. Bulardan başga-da üzümiň, bezeg agaçlarynyň, çöl ösümlikleriniň hem on müňlerçe düýbüni ýetişdirdik. Geljekki işlerimiz üçin agaçlaryň we çöl ösümlikleriniň tohumlaryny ýygnamak işlerini hem üstünlikli alyp barýarys — diýip, hojalygyň baş bagbany Rüstem Joraýew gürrüň berýär.

Goraghanalar barada täsin maglumatlar

Häzirki wagtda dünýäniň 120 döwletinde jemi 654 sany biosfera goraghanasy bar. Dünýäde ilkinji goraghana Beýik Britaniýanyň Günbatar Ýorkşir sebitinde 1821-nji ýylda tebigaty öwreniji Çarlz Uorterton tarapyndan öz seýilgähini bikanun awçylardan, ýagny, brakonýerlerden goramak maksady bilen döredilipdir.

Ary guşy

Ary guşy Merops (Meropicea) maşgalasyndan bolup, ol esasy iýmiti ary bolan guş görnüşlerine degişli. Bu guşlar Ýewropa we Afrika sebitlerinde giňden ýaýrandyr. Yssy yklymlary söýýän ary guşlary uçýan mör-möjekleri aňsatlyk bilen tapyp boljak suwly zolaklaryň ýakynlarynda ýaşaýarlar. Toprak oýuklarynda ýa-da gaýalaryň aralarynda höwürtge edýärler. Ary guşlary reňkli guşlaryň biri bolup, boýun bölegi ýaldyrawuk sary, kelle üst ýelekleri gyzyl ýa-da goňur, göwresiniň ýelekleri bolsa mawy ýa-da ýaşyl bolýar. Gözleriniň daş-töweregi sürme çalnan ýaly, gara reňkde bolýar. Guýruklarynyň we ganatlarynyň aşagy ak reňklidir. Hereket eden wagtlary gün şöhlesine ýaldyraýarlar. Bu guşlar göçýän guşlara degişlidirler.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... +3 gradusdan +2... +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +9... +14 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +6... +11 gradus maýyl bolar.

Ýagýar ýagyş...

«7/24.tm»: №49 (236) 02.12.2024

De­kabr — gy­şyň buş­luk­çy­sy

«7/24.tm»: №49 (236) 02.12.2024 Pa­syl­lar aý­la­nyp, aý­lar do­lan­dy. He­mi­şe­ki­si ýa­ly şat­lyk-şow­hu­ny bi­len aja­ýyp gy­şyň owa­zy alys­lar­dan eşi­di­lip, her bir yn­sa­nyň ýü­re­gi­niň tö­rün­de şow­hun­ly gy­şyň gel­ýän­di­gi­niň buş­luk­çy­sy bol­dy. El­bet­de, gy­şyň iň ar­zy­ly pur­sa­dy bar­dyr. Şol pur­sa­da bü­tin adam­lar sabyr­syz­lyk bi­len garaş­ýar­lar. Ol dün­ýä­dä­ki iň uly baý­ram. Bu maş­ga­la­ny bir sa­çak­da do­gan-ga­ryn­daş­la­ry bi­len jem­le­ýän Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy. Gyş ge­len­de il­kin­ji no­bat­da hem­me­ler Tä­ze ýy­lyň ýa­kyn­lan­dy­gy­ny duý­ýarlar. Bu duý­gy­ny hem gy­şyň buş­luk­çy­sy bo­lan De­kabr aýy ber­ýär. De­kabr — gy­şyň il­kin­ji aýy. Oňa biz gy­şyň buş­luk­çy­sy di­ýip aý­dyp bi­le­ris.

Tebigatyň döreden «Eserleri»

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyza gelip gören syýahatçylar, gadymy topragymyzy ylmy taýdan öwrenen hünärmenler bu mekanyň «tebigatyň zehininden dörän» täsin eserlere baýdygyny aýdýarlar. Taýsyz gymmatlyk hökmünde garalmagy netijesinde asyrlaryň, hatda müňýyllyklaryň şaýady bolan täsinliklere bu günki gün Zeminiň alymlarynyň ünsi gönügýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen köpugurly gatnaşyklarynda tebigatyň goraglylygyna aýratyn orun degişli bolup durýar. Şeýle täsinlikler mekany Balkan welaýatynyň çäginde-de kän. Olaryň arasynda Akpatlawuk we Gökpatlawuk palçyk ýanardaglary aýratyn özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek bilen baglanyşykly işlere badalga berlendigi bu tebigy gymmatlyklarymyzyň ylmy taýdan hem ähmiýetiniň uludygyny görkezýär. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň wekillerinden, biologiýa, geografiýa we geologiýa bilen baglanyşykly iş alyp barýan alymlardan, ýurdumyzyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň işgärlerinden we Hazar deňzi institutynyň wekillerinden düzülen ýörite toparyň ol ýerlerde iş saparynda bolmaklary bu işiň ýakyn wagtlarda öz miwesini berjekdigine ynamy berkidýär. Alymlar Hazar deňziniň kenar sebitlerinde ýerleşýän Akpatlawuk we Gökpatlawuk ýanardaglarynyň baryp on-on iki million ýyl öň, gadymy Tetis deňziniň kiçelmegi sebäpli

Ýaşaýşyň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyz dünýäniň medeni hazynasyna, ýaşaýyş pelsepesine mynasyp goşant goşan milletdir. Watana bolan söýgi, onuň tebigatyna bolan söýgüden başlanýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda daşky gurşawy goramak we tebigata aýawly çemeleşmek, ýaşlaryň ekologiýa bilimini artdyrmak ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ekologik bilim bermek boýunça amala aşyrylýan işler BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) tarapyndan utgaşdyrylýar. ÝUNESKO-nyň tebigy ugur boýunça alyp barýan işleriniň hataryna «Adam we biosfera» maksatnamasy, şeýle-de bu ulgama bagly Konwensiýalar degişlidir. Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy aýawly peýdalanmakdan, şeýle-de geljekki nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmekden, bu ugurda sebit we halkara derejede ygtybarly hyzmatdaşlygy alyp barmakdan ybaratdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda ekologiýa bilimini ýokarlandyrmak babatda alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijesini berýär. Ekologik medeniýetiň esasy maksatlary jemgyýetiň, aýratyn-da, ýaş nesliň ekologik düşünjesini, terbiýesini kämilleşdirmekden, tebigat bilen adamyň özara gatnaşygynyň tejribesini ösdürmekden ybaratdyr. Şeýle çäreler adamyň sagdyn ý

Bag ekmek — sogap iş

Biziň ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa deňagramlylygyny saklamak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Hut şu nukdaýnazardan hem hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bu ugurda toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Bu asylly işler halkymyzyň sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilip, tebigatyň baýlyklaryny we gözelliklerini geljekki nesiller üçin gorap saklamakda uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen her ýyl miweli, saýaly we pürli agaçlar köpçülikleýin ekilýär. Bag ekişligi ýurdumyzyň ähli künjeginde ýokary guramaçylykly geçirilýär. Bu çärelere ildeşlerimiziň uludan-kiçisi uly ruhubelentlik bilen gatnaşýar. Ekilen baglara ideg etmek işleri hem öz wagtynda alnyp barylýar.

Gözellikde guşlaryň seresi sülgün

Guşlar dünýäsinde Türkmenlerde täze bolan gyz perzende Sülgün diýip at dakmak öňdenem ýörgünli eken. Dogrusy, men şeýle adyň näme maksat bilen dakylýandygy barada şu wagta çenli çynlakaý oýlanmandyryn. Ýöne bir zat anyk. Hemmeler gyz perzendiň geljekde sülgün ýaly owadan bolmagyny isleýärler.

Bulary bilmek gyzykly

«Bäş öwüşginli» çeşme Özüniň owadan görnüşi hem-de tebigy dünýäsi bilen haýrana goýýan Kanýo Kristales ýa-da ýerli halkyň aýdyşy ýaly, «bäş öwüşginli» çeşme ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Guşuçar belentlikden seredeniňde, bu çeşme akyp barýan älemgoşary ýatladýar. Gyzyl, sary, ýaşyl, mele, narynç, goýy gyzyl, gyrmyzy öwüşginlerde öwüsýän çeşme, hakykatdan-da, reňkleriň sazlaşygyny emele getirýär. Bu köpdürli öwüşgini çeşmä suwda ösýän ösümlikler hem-de «macarenia clavígera» atly endemik suwoty berýär. Möwsümleriň üýtgemegi bilen çeşmäniň suwunyň öwüşgini-de üýtgeýär. Ýagny bu üýtgeşmeler suwotularyň güllemegi hem-de soňra solmagy bilen baglydyr.

Bir daragtyň ýüz haýry

Häzirki ýaly ýadymda. Köçämizde ýaşaýan on-on iki ýaşly goňşy oglanjyklar bagymyza erik iýmäge geldiler. Ol oglanlaryň biri elýeterindäki eriklere kanagat etmän, şaha dyrmaşdy. Birdenkä ol oglanjygyň aýagy typdy-da, erik şahalarynyň birini döwüp, aşak gaçdy. Kakam bilen erikden typyp ýykylan goňşy oglanjygyň ýanynda häzir bolduk. Eken bagyny eý görýän kakam şahany döwenligi üçin goňşy oglanjyga käýär diýip pikir etdim.

Süýnýän ýyldyzlar

Hemmeleriň «süýnýän ýyldyzlar» diýip ynanýan jisimleri aslynda, ýyldyzlar däl-de, asman giňişliginde «syýahat edýän» gaty jisimler – meteoritlerdir. Meteoritler örän uly jisimlerdir. Kiçiräk meteoritler Ýeriň atmosferasyna girenlerinde ýanýarlar. Ýanyp ýetişmedik şeýle jisimleriň bölegi ýere düşende meteoritler diýlip atlandyrylýar. Meteoritler, köplenç arylar ýaly topar-topar bolup, «syýahat edýärler». Toparlaýyn hereket edýän jisimler Ýeriň howa giňişligine ýokary tizlik bilen girip ýanýarlar we soňra almaz ýaly ýaldyrap, ýere gaçýarlar.

Wolfiýa ösümligi

Dünýädäki iň kiçijik ösümlik Wolfiýa suw ösümligidir. Wolfiýa, esasan, wegetatiw bölünişik arkaly köpelýär. Bu ösümlik Gün şöhlesiniň düşmegi bilen, ýyly suwda gülläp ösýär. Ol Awstraliýadan Amerika çenli ähli yklymlarda duş gelýär. Şeýle hem ol Hindistanda, Orta ýer deňiz ýurtlarynda we Merkezi Ýewropada giňden ýaýrandyr. Russiýa Federasiýasynyň Brýansk, Woronež, Kursk, Lipetsk we Tambow sebitlerinde duş gelýär. Köplenç, orta we tropiki zolaklarda ösýär. Gyşda ony 14 – 16 derejedäki ýylylykda saklap bolýar.

Togdary

Ýurdumyzyň çäginde dürli görnüşli jandarlar ýaşaýar. Olaryň her biriniň öz ýaşaýyş aýratynlygy bar. Asuda asmanyň bezegi, parahatçylygyň nyşany bolan guşlar gözelligi, häsiýeti bilen beýleki jandarlardan tapawutlanýar.

Garagyş

Ata-babalarymyz milli aý-gün senenamasyny düzüp, pasyllary öz häsiýetleri boýunça möwsümlere bölüp, olary degişli atlar bilen atlandyrypdyrlar. Mysal üçin, gyş paslynyň öň ýanyndan, 22-nji noýabrda başlanyp, 7-nji dekabra çenli dowam edýän 15 günlük döwre garagyş diýipdirler. Eýsem, bu döwre näme üçin garagyş diýildikä? «Ak zat alnyňa ýagşy» diýýän halkymyz giň sährada ak öýleri dikip, mydama aklyga sygnyp ýaşapdyr. Garaňky gijeden soň gelýän ak daňdanlarda örüp, säheri ýüzüne sylypdyr. Garagyş günleri bolsa käte maldary-da, daýhany-da kyn güne goýýar. Aralyk ekinleriniň hasylyny ýygnap ýetişmedik daýhanyň käbir ýyllarda ony garyň aşagyndan alýan wagtlary hem bolýar. Hut şonuň üçin-de, garagyş döwri gyşyň ýetip gelendigini öňräginden ýatladýar. Sebäbi käbir ýyllarda akrap maýyl gelip, adamlar gyşyň düşenini hem duýman galýarlar. Şeýle ýagdaýda daýhan-da, maldar hem köp ýitgi çekmeli bolýar. Ine, şuny ýatlatmak üçin-de pederlerimiz gyşyň başyny garagyş diýip atlandyrypdyrlar. Dört bölege bölünen gyşyň iň soňky — 8-nji fewraldan 22-nji fewrala çenli dowam edýän döwrüne-de iň soňky garagyş diýilýär. Munuň özi «Entek gyş gutaranok, arkaýynlaşma!» diýýäne meňzeýär. Hakykatdan-da, togsan dolup, gyş tamam boldy diýilse-de, ol käbir ýyllarda gazabyna tutup, gar ýagdyryp, doňakçylyk hem ediberýär. Hut şonuň üçin-de, gyşyň gylyksyz oýunlarynyň kyrkysyndan-da mydama hüşgär

Fotosuratçynyň surat sergisi

Ylhamyna uçraşypdyr güýz, ine, Şygyr ýazýar şelpeleriň ýüzüne. Guldurdy SÄHETDURDYÝEW.

Garagyş

(22-nji noýabr — 7-nji dekabr) Ýyldyz senenamasy boýunça Diýarymyzda gyş pasly 22-nji noýabrda garagyş döwri bilen başlanyp, 21-nji fewralda ahyrky garagyş bilen tamamlanýar. Garagyş 7-nji dekabra çenli dowam edýär. Ahyrky garagyş bolsa, 6-njy fewraldan 21-nji fewrala çenli 15 gün dowam edýär. Galan altmyş gün uly çille, kiçi çille döwrüdir.

Tebigat

Adamzat mirasyna öwrülen gözellikler Ata Watanymyz Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolup durýar. 1994-nji ýylda ol bu guramanyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak baradaky» Konwensiýasyna hem goşuldy. ÝUNESKO medeni ýadygärlikleriň we tebigy landşaftlaryň gorap saklanylmagy babatdaky halkara hereketlerinde öňdebaryjy orny eýeleýär.

Bagy-bossan mekanym

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ýerleriniň, şol sanda gözel paýtagtymyzyň arassa ekologiýa gurşawynyň döredilmegine gönükdirilen möhüm işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýakynda, has takygy, 9-njy noýabrda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda ata Watanymyzda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasy hem bu ugurda alnyp barylýan maksatnamalaryň möhüm düzüm bölegidir. Şol gün welaýatlarymyzda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde agaç nahallarynyň müňlerçe düýbi oturdyldy. Her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen bag ekmek dabarasynyň netijesinde paýtagtymyz gür baglyga beslenýär, tokaý zolaklarynyň çägi barha giňeýär. Ýaşyl tebigy gurşaw Aşgabadyň ak mermere beslenen ajaýyp keşbi bilen kämil sazlaşygy emele getirmekden ötri, şäher ilatynyň sagdyn ýaşaýşyny üpjün etmekde hem ähmiýetli orun eýeleýär. Gyşyn-ýazyn gök öwsüp oturan paýtagtymyzyň tebigaty oňa seýle çykan her bir adama ajaýyp duýgulary bagyş edýär, ylham eçilýär. Şeýle eşretli zamanada, dünýäniň ösen we ýaşamak üçin has amatly şäherleridir obalarynda zähmet çekmek, ýaşamak bagt.