"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Dünýäniň gymmatbahaly daşlary

(Başlangyjy žurnalyň geçen sanynda.) Taaffeit — ýene bir öz täsinligi bilen tapawutlanýan, seýrek duşýan gymmatbahaly daşlaryň biridir. Mineral ony ilkinji açyş eden graf Riçard Taaffeniň hatyrasyna «taaffeit» diýlip atlandyrylýar. Ol 1945-nji ýylda duýdansyz ýagdaýda bu daşyň öň hiç kime mälim bolmadyk üýtgeşik görnüşine gabat gelýär. Bu mineral näzik benewşede açyk gülgüne reňkde bolýar. Bu günki gün ajaýyp mineralyň kiçiräk möçberlerine Şri-Lankanyň, Tanzaniýanyň ýataklarynda duş gelmek bolýar.

Altyn we kümüş metaly: gyzykly maglumatlar

Altyn dünýäde meşhur metallaryň biri bolup, maddy baýlygyň we gymmatlygyň nusgasy hökmünde müňlerçe ýyl bäri hyzmat edip gelýär. Ol häzirki zaman dünýä ykdysadyýetiniň esasy hasaplanýar, sebäbi bu metal poslamaýar, hemişe gymmatyny saklaýar we önümçilikde giňden ulanylýar. * * *

Ýyldyzlar näme diýýär? Size gowulyk garaşýar

2021-nji ýyl Aprel 1.Hamal (Guzy 21.03—20.04)

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +2... +7 gradusdan +10... +15 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +26... +31 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +12... +17 gradus maýyl bolar.

Bahar säher bilen başlady işe

Ak süýt guýdy erikleriň üstüne.Baldaklary gök reňke boýady,Gülälekler al öwüsdi dessine. Şahyr Gurbannazar Ezizowyň goşgy setirleri ülkämize toý bolup gelýän ýazlarymyzyň mynasyp waspyny ýetirýär. Depe-gollara reňkdar-reňkdar köýnegini paýlaýan, bulak bolup gaýadan şaglap inýän, gara daşy ukusyndan oýadýan bahar tebigatyň iň gözel paslydyr. Baglaryň şahalaryna penje-penje ak gülleri gondurýan, ýaýlalaryň gursagyna gül ýagdyryp, älemgoşar öýmesini göge bulaýan ýazlaryň tarypyny köp ýazyjylar, ençeme şahyrlar ajaýyp eserleri bilen ýetirdiler. Çünki bahar pasly döredijilik adamlarynyň ylham çeşmesidir. Geliň, indi bolsa ýaz paslynyň aýratynlyklary baradaky käbir täsin maglumatlara ünsümizi çekeliň!

Ýagyş nädip emele gelýär?

Tebigatyň gaýtadan janlanýan döwri bolan bahar paslynyň gelmegi bilen ýagyş has köp ýagyp başlaýar. Ýer ýüzünde geografik şertlerine baglylykda ygalyň dürli görnüşleri bolýar. Howanyň has sowuk ýerlerinde gar, buz, doly ýa-da jöwenek ýagýan bolsa, yssy ýerlerde ýagyş ýagýar. Ygalyň gaty seýrek ýagýan çöllerinde bolsa ýylyň belli bir paslynda diňe çyg düşýär. Ygalyň bir görnüşi bolan ýagyş diňe bir dag eteklerinde ýa-da sähralarda otlaryň gögermegine şert döretmän, eýsem, towlanyp akýan derýalary, giň howdanlary hem suwdan doldurýar. Suw bolsa janly-jandarlaryň ählisi üçin ýaşaýyş çeşmesi hasaplanýar. Eýsem, ýagyş nähili emele gelýärkä?! Ýagyş damjalarynyň ululygy 0,5 millimetrden 6-7 millimetre çenli bolup bilýär. Pürküp ýagýan maýda ýagşa «çisňi» diýilýär. Ownujak damjalaryň tozgalap, jybarlap ýagmagyna «ýagyş çisňeýär» diýilýär.

Adaty sosnanyň melhemlik häsiýetleri

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmyensiklopedik işinde türkmen tebigatynyň, ösümlik dünýäsiniň melhemlik häsiýetleri hemmetaraplaýyn häsiýetlendirilýär. Ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikleri tebigy maddalar bolup, bedende ýeňil özleşýär. Adaty sosna bezeg hemde derman ösümligidir. Onuň dünýäde, takmynan, 100 görnüşi, şol sanda GDA ýurtlarynda, takmynan, 12, ýurdumyzda 5 görnüşi duş gelýär.

Daşky gurşawyň goragy : her bir raýatyň ahlak borjy

Diýarymyzda tebigaty goramak, onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak we daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak döwlet syýasatynyň wajyp wezipeleriniň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde hormatly Prezidentimiz daşky gurşawy goramagyň, tebigy serişdeleri, şol sanda suw serişdelerini rejeli peýdalanmagyň, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly töwekgelçilikleriň derejesini peseltmegiň, «Ýaşyl» innowasiýalar tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň hem-de ýurdumyzda aýratyn üns berilýän ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň ileri tutulýan wezipeler bolup durýandygy barada nygtaýar. Ýurdumyzyň milli baýlygy bolan täsin tebigatymyzy gorap saklamak, ony netijeli peýdalanmak, şol baýlyklary halkymyzyň eşretleri üçin ulanmak, ýurtda we sebitde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek baradaky tagallalar Türkmenistanyň ykdysady, medeni we durmuş taýdan ösüş ýolunyň esasy ugrudyr. Munuň özi biziň döwlet-hukuk ulgamymyzyň binýady bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy arkaly bellenen ýörelgelere esaslanýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň tebigaty goramaga gönükdirilen 53-nji maddasynda her bir adamyň jany we saglygy üçin amatly daşky gurşawa, onuň ýagdaýy barada hakyky maglumata we ekologiýa kanunçylygynyň bozulmagy ýa-da tebigy betbagtçylyk netijesinde saglygyna we emlägine ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna hukugy bardygy kepillendirilýär. Şeýle hem döwletiň ilatyň sagdy

Arassa tebigat – gözel dünýä

Dünýäde ynsanperwer başlangyçlary, umumadamzat bähbitli beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyz gözel tebigaty gorap saklamakda köp tagalla edýär. Döredilýän oňaýly şertler ýurdumyzyň gözel tebigatyny gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan giňişleýin öwrenmäge giň mümkinçilikleri açýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli hem-de parasatly ekologiýa syýasaty dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ekologiýa syýasaty hem-de üstünlikli amala aşyrylýan Milli tokaý maksatnamasy netijesinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döredilen hem döredilýän tokaýlyklar gözüňi dokundyrýar. Gahryman Arkadagymyz tebigatyň eçilen şeýle ajaýyp peşgeşlerini, mümkinçiliklerini rejeli peýdalanmak bilen bilelikde olaryň ygtybarly goralmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny hem ýygy-ýygydan nygtaýar. Bu babatda kanunçylyk-hukuk binýady kämilleşdirilýär, umumylykda ykrar edilen halkara kadalaryna laýyk gelýän Kanunlar kabul edildi. Şonuň netijesinde ýurdumyzda eýeçiligiň görnüşine garamazdan, edaralardyr kärhanalar, daşary ýurtly edara görnüşli taraplar, olaryň şahamçalary ýaly telekeçilik işi bilen meşgullanýan şahsy taraplar üçin hökmany ekologiýa ätiýaçlandyrmasy girizildi.

Baharystana öwrülýän mekan

(ýa-da Bötendag ýaýlasynda döredilýän tokaý zolagy barada kyssa) Sarygamyşdan gündogara tarap, Köllük zeý akabasynyň Derýalyk zeý akabasy bilen birigýän ýerine çenli aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän, sygyryp seredip oturmaly meýdanlara umumylykda Bötendag ýaýlasy diýilse-de, her bir ýeriň aýratynlykda ady bar. Garataýyň howzy, Söýün ýatan, Balykly, Ýerburun, Akgala, Bent... Bu sähranyň ýazylman galan taryhy onuň ýer atlarynda saklanyp galana meňzeýär. Bagtyýarlyk döwrüniň şemaly bu meýdanlara hem gelip ýetdi. Özem görlüp-eşidilmedik bu özgerişler diňe bir Bötendag ýaýlasyny däl, onuň bilen goňşulykdaky Şasenem, Atgyrlan ýaýlalaryny hem gurşap aldy.

Şahyrlaryň döredijiliginde baharyň waspy

Eziz Diýarymyz gözelligi, daglary, düzleri, jana şypa beriji, özüne maýyl ediji tebigaty bilen tapawutlanýar. “Pasyllaryň soltany” hasaplanýan bahar paslynyň üýtgeşik bir gözelligini taryplamaga söz gerek. Türkmen ýazyjy-şahyrlarymyzdan tebigatymyzy, onuň jana tenekar howasyny, bahar paslyny wasp etmedik, megerem, ýokdur. Islendik şahyryň döredijiliginiň özenini bezeýän zat onuň Watanyna, il-gününe, topragyna, her damja suwuna, howasyna bolan söýgüsiniň esasynda döreden şygyrlarydyr. Biz hem tebigatymyzyň gözelligini, baharyň mylaýymlygyny wasp eden zehinli şahyrlarymyzyň birnäçesiniň nowjuwan bahar paslyna bagyşlap ýazan şygyrlary dogrusynda makalamyzda gürrüň etmegi makul bildik. Nusgawy edebiýatymyzda “Baharyň şahyry”, “Bahar waspçysy”, “Mugallym şahyr” ady bilen tanalýan söz ussadymyz Halyl Kulyýewdir. Näme üçin şahyr “Gyzym bolsa, Bahar dakjak adyna” diýdikä?!

Uz eýlär

Bahar gelse gül açylar baglarda,Gül yşkyna şeýda bilbil saz eýlär.Mergenler mesgeni goja daglarda,Saba ýeli öser-ösmez näz eýlär. Bahar gelse joşa geler bulaklar,Kenarynda ýaşyl öwser gyýaklar,Güne salam berer ak kömelekler,Çigildem lälesin açar köz eýlär.

Iň ulular, uzynlar hem beýlekiler

Dünýäde iň uly haýwanlar süýdemdirijilere degişlidir. Olaryň iň äpedi gök kitdir. Onuň uzynlygy 33 metre, agramy 150 tonna barabardyr. Gök kitiň ýüreginiň agramy 700 kilograma, böwrekleriniň agramy 1 tonna, diliniň agramy bolsa 2 tonna deňdir. Kitiň aşgazanynyň uzynlygynyň 3 metre, içegeleriniň uzynlygynyň bolsa 250 metre ýetýändigi geň galdyryjydyr. Täze doglan kitiň uzynlygy 8 metre, agramy 6 tonna ýetýär. Kitleriň kiçi görnüşleri hem bar. Olaryň käbirleriniň uzynlygy 1,5 metr, agramy bolsa 50 kilogramdyr.

Uzak ýaşaýan agaç

Hoz agajy uzak ýaşaýan agaçlaryň hataryna degişlidir. Dermanlyk we azyklyk häsiýeti bolan bu agajyň ýurdumyzda bir görnüşi duşýar. Oňa grek hozy ýa-da adaty hoz hem diýilýär. Adaty hoz hozlar maşgalasyna degişli bolup, boýy 20-25 metre çenli ýetýän, bir ýa-da köp sütüni emele getirýän agaçdyr. Onuň şar şekilli ýokary başynyň gabarasynyň giňligi 20 metre çenli ýetýär. Ýapraklary örän uly bolýar. Hoz agajy, adatça, ýapragyny çykarýan wagtynda, aprel-maý aýlarynda gülleýär. Gülleri aýry ownuk, ýaşylymtyl reňkli bolýar, ýeliň kömegi bilen tozanlanýar. Miwesi sentýabr--oktýabr aýlarynda ýetişýär. Miwesi togalak ýa-da süýnmegräk şar görnüşli, gara-ýaşyl reňkli galyň gabyk bilen örtülen uly şänik bolýar. Agaçlaşan gabygynyň içinde ikileýin tohum-maňyz ýerleşýär. Hoz agajy tohumyndan we düýbünden çykan ösüntgilerinden köpelýär. Bu agaç 10-12 ýaşynda miwe berip başlaýar. Doly miwe berip başlamak, adatça, 30-40 ýaşynda başlanýar.

Joşgunly zähmetiň baýramçylyk öwüşgini

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Diýarymyzda bak ekmek, saýa berýän, bar getirýän daragtlary ýetişdirmek işleriniň gerimi barha giňelip, bu asylly işler yzygiderli dowam etdirilýär. Her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda geçirilýän ählihalk bag ekmek dabarasy özboluşly baýramçylyk çäresine öwrülýär.

Barlyga bezegdir bu gözel baglar

Her ýylyň ýaz we güýz möwsüminde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabaralarynyň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň gözel görke beslenip gelen ýazynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda geçirilen bag ekmek dabarasy hem bütin halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Bu asylly ýörelge täze tokaý zolaklaryny döretmegiň, tebigata aýawly çemeleşip, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň bähbidine ýurdumyzda şäherleriň we obalaryň töwereklerini, awtomobil hem-de demir ýollarynyň ýakalaryny bagy-bossanlyga öwürmek wezipelerini öz içine alýan bag ekmek Milli tokaý maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine giň mümkinçilikleri açýar. Şu ýylda hem bag ekmek dabarasynyň Milli bahar baýramyna — Halkara Nowruz gününe gabatlanmagy özboluşly mana eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzda 30 million düýp agaç nahalynyň ekilmegi hem ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleriniň dabaralanmasyna öwrüldi. Dogrudan-da, tebigat bilen ynsanyň arasynda täsin sazlaşyk bar. Adam olary eken gününden başlap, oňa ideg edip başlaýar, eýeçilik gözi bilen garap, wagtynda suwarýar, ideg edýär. Ýapraklary şemalyň ugruna saz ediberende oňa guwanýar. Onuň kemala gelşi hem şoňa görä bolýar. Suw berip, esewan bolan günüň ýapraklar

Iň owadan gül

Bägül dünýäde iň owadan gül hasaplanýar. Alymlaryň çaklamalaryna görä, bägüller miladydan öňki 500-nji ýylda ösdürilip başlanypdyr. Bägüller söýgini, hormaty, gözelligi we hyjuwy alamatlandyrýar. Dünýäde bägülleriň 300-den gowrak görnüşine duş gelmek bolýar. Täsin güllere, esasan, Aziýa yklymynda, mundan başga-da, Ýewropada, Demirgazyk Amerikada we Afrikada seýrek gabat gelmek bolýar. Bägül «rosa» diýen latyn sözünden gelip çykandyr. Olaryň her birine özboluşly gözellik mahsusdyr. Adatça bägülleriň 5 sany ýapragy bolýar. Ýöne olaryň «Sericea» görnüşi 4 ýaprakdan ybaratdyr. Bägüllere gyzyl, sary, gülgüne, ak we mämişi reňklerde duşmak bolýar. Bägülleriň gök we gara reňklerine duş gelinmeýär. Käbir ýurtlarda bägüller «bagyň şa zenany» diýlip atlandyrylýar. Bu güller toý-dabaralarda, şanly senelerde bezeg işlerinde, şeýle hem atyr önümçiliginde giňden peýdalanylýar. Bägülleriň köp görnüşiniň uzynlygy 5 — 15 santimetre barabardyr. Bilermenleriň bellemeklerine görä, häzirki wagtda duş gelýän bägüller Hytaýdan gelýär. Bägülleriň her reňki bir alamaty aňladýar. Olardan gyzyl söýgini, gülgüne nepisligi, ak bägüller dostlugy, sary reňk bolsa aýralygy alamatlandyrýar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +2... +7 gradusdan +11... +16 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +26... +31 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +13... +18 gradus maýyl bolar.

Tebigatyň abadançylygy — sagdynlygyň baş şerti

Tebigata gadyr-gymmat goýýan halkymyzyň köpasyrlyk däpleriniň täzeçe dowam etmegine giň ýollary açýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ekologiýa howpsuzlygynyň üpjünçiligi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenýär. Ynsan saglygyny goramak, jemgyýete sagdyn durmuş endiklerini giňden ornaşdyrmak işi tebigy gurşawyň abadanlaşdyrylmagyna gönükdirilen çäreler bilen utgaşdyrylýar. Dünýä derejesinde öň hatara çykýan ekologiýa meseleleriniň çözülmegi nukdaýnazaryndan milli ýörelgelerimize eýerilip, ýaşlara janly tebigat, gigiýena hakdaky ylymlaryň çuňňur öwredilmegine, jemgyýetimizde ekologiýa medeniýetliliginiň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär.

Gül görkli pasyl

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gözel Diýarymyza ynsan kalbyna şatlyk eçilen nurana bahar-ýaz geldi. Ýaz pasly ýurdumyza üýtgeşik röwşi, özboluşly ýakymy bilen gelýär. Bahar gül-pürçük çemenzarlygy, reýhan gülleri, mahmal owazly şat bilbilleri, hiňňildigi bilen gelip, halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar. Ol şahyryň köňül beýdine, bagşynyň ýürek taryna, sazandanyň şirin nagmasyna öwrülýär. Bu ajaýyp möwsümiň dowam edýän pursatlarynda kalby ylhamlanmaýan şahyr-ýazyjy, ýüregi joşmaýan aýdymçy, megerem, ýok bolsa gerek?! Ilkinji ýaz ýagşynyň topragymyza bol-telki bereket eçilmegi baharyň ilkinji şirin mukamynyň owazydyr. Baharda tebigatymyzyň gözel ýaýlalarynda, dagynda-düzünde gözüň eglenende göwnüň göterilip, kalbyň heýjana gelýär. Türkmen sährasyna, tebigatyna bolan buýsanjyň has-da artýar. Her gün ir säher bilen garşy alýan nurly Günümiz, zemin zynaty bolan al-elwan güller, bilbilleriň ýakymly owazy ruhuňy göterýär.