"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bugdaýly meýdandaky owaz

Bu owazy diňlejek bolsaň, çilden aňyrrak geçmeli. Şahyr aýtmyşlaýyn: «At göwsüne ýeten bugdaý» diýdirýän ak ekiniň hoşasyny sypalap, baldagyny gysymlap görmeli. «Göz çeni» diýleniňem beýle şap geläýşini! Bize ýolbeletlik edýän adam — Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň bölüm başlygy, ýeri çilinden, daýhany aýasyndan tanaýan Hudaýberdi Hajyýew giden bugdaýly meýdanyň içine girdi-de, derrew bir hoşasyny şatyrdadyp döwdi. Aýasynda owuçlap, towzasyny üfläp, oglanlykda gatan aýasynda goýup sanap ugrady. Ilki üns bermedigem bolsam, ahyrynda: — Bir hoşada 72 sany däne bar — diýip, gysymyndakyny maňa uzadanda, gyzyklanmam artdy. Gurbany gitdigime: «Bereket başy» diýilmegi bihal däl-ow! Sered-ä, hersi «Atyp sanabermeli» diýilýän gyzylymtyl däneleriň öwşün ataýşyna! Meýdany aýtsana! Çar töweregini dag gurşap, belent depeleriň ortasynda tegelenip oturan bugdaýly meýdan çala öwüsýän şemala tolkun atyp gidýär weli, kemsiz bişen hoşalaryň başy bir-birine degip, üýtgeşik owaz edýär. Aňyrsy gözýetime ulaşýan meýdanda bolsa, bugdaý däl-de, bir gudrat bilen tylla göterilip çykan ýaly, şeýlekin altyn reňk öwüsýär. Şonda: «Ýere urdum paltany, agzy gyzyl haltany, ýerden bir oglan çykdy, uly iliň soltany» diýleni çyn-ow» diýlen pikir göwün guşuňa perwaz berip goýberýär.

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler

Türkmenistanda galla oragy möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 14-nji iýunda bu işe girişdiler. Ýurdumyzyň demirgazyk we günbatar sebitlerinde il sylagly ýaşulular halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän asylly däbine görä, Beýik Biribardan orak möwsüminiň üstünlikli geçmegini dileg etdiler. Soňra ýaşuly nesliň wekilleri: «Harmanyňyza bereket, çäjiňize bereket!» diýen sözler bilen ilkinji bugdaý sünbüllerini ordular hem-de orlan bugdaý bogdagyny möwsümiň rowaçlanmagynyň nyşany hökmünde kombaýnçylara berdiler. Ýeri gelende bellesek, şu ýyl türkmen gallaçylarynyň öňünde güýzlük bugdaý üçin bölünip berlen jemi 690 müň gektar meýdandan 1 million 400 müň tonna, şol sanda Daşoguz welaýatynda 265 müň, Balkan welaýatynda bolsa 80 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnap almak wezipesi goýuldy.

Çäjiňize bereket, edermen gallaçylar!

Galla — 2024  Welaýatymyzda galla oragyna guramaçylykly girişildi

Gallaly il – rysgally il

Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen, welaýatymyzda galla oragyna badalga berildi Hormatly Prezidentimiziň galla oragyna girişmäge beren ak patasy, il sylagly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen goýny üç ýüz altmyş pirli Daşoguz welaýatynda hem bu möhüm möwsüme guramaçylykly girişildi.

«Ak üzüm» arzyly sepgide ýetdi

Ak bugdaý etrabynyň «Ak üzüm» daýhan hojalygy etrabymyzda öňdebaryjylaryň biri hasaplanýar. Hojalykda geçen ýyllarda bolşy ýaly, üstümizdäki şanly ýylda hem galla taýýarlamak boýunça tabşyryk ilkinjileriň hatarynda berjaý edildi. Daýhan hojalygy boýunça däne ýetişdirilen 75 gektar meýdandan ak bugdaýyň 168 tonnasyna derek 475 tonna golaýy ýygnalyp, şertnamalaýyn borçnamada göz öňüne tutulandakysyndan 307 tonnadan köp hasyl taýýarlanyldy. Ýusup Bäşimowyň ýolbaşçylyk edýän daýhan hojalygynyň bu zähmet üstünligi her birimizi begendirýär.

“Ýaz meýdanyň” zähmet ýeňşi

Kaka etrabynyň “Ýaz meýdan” daýhan hojalygy galla taýýarlamakda ilkinjileriň biri bolup şertnamalaýyn borçnamasyny berjaý etdi. Arslan Nuryýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän bu daýhan hojalygy boýunça häzirki güne çenli ak bugdaýyň 1 müň 788 tonnasynyň ýerine 1 müň 830 tonnadan gowragy ýygnalyp, bu babatdaky tabşyryk 103 göterime barabar boldy. Ýeri gelende, üstümizdäki şanly ýylyň hasyly üçin gürrüňi edilýän daýhan hojalygynyň ekerançylyk meýdanlarynyň 900 gektarynda guşgursak ak bugdaýyň bereketli hasylynyň ýetişdirilendigini, şonuň 150 gektarynda oragyň indi geçiriljekdigini bellemelidiris. Munuň özi öňdebaryjy daýhan hojalygynyň zähmet üstünliginiň has-da berkidiljekdigini görkezýär.

Ýüpek parça bol bolar

Ýurdumyz boýunça 2 müň 100 tonnadan gowrak çig pile öndürmegi başaran ýüpekçilerimiz bu gün Gün nuruna öwşün atýan ak piläniň çäjine seredip, ony ýüzüne sylýarlar. Elbetde, bu ýöne ýerden däl, ýüpek bu gün diňe bir gelin-gyzlarymyzyň egnindäki lybaslar bolman, eýsem, ol ýeňil senagatyň birnäçe pudaklarynda giňden ulanylýar. Çig ýüpege daşary ýurtlaryň kompaniýalary-da uly isleg bildirýärler. Lukmançylykda, dokma we himiýa senagatynda giňden ulanylýan türkmen ýüpegi öz çygryny barha giňeldýär. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda türkmen ýüpeginiň Hytaýda, Hindistanda we dünýäniň beýleki ýurtlarynda islenilýän harytlaryň biri bolandygyny görkezýän taryhy maglumatlary getirýär. Ine, şeýle islegli haryda öwrülen türkmen ýüpegi bu günki günde hem öz gadyryny, hümmetini peseldenok. Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginde göreniň ünsüni özüne çekýän dürli görnüşli ýüpek parçalar bilen birlikde, ýüpek halylar hem dokalýar. Alymlarymyz we hünärmenlerimiz ýüpek gurçugynyň ýurdumyzyň tebigy şertlerine uýgunlaşan we ýerli tutdan gowy ýüpek saraýan «Türkmen — 13», «Türkmen — 16», «Ak pile — 1» ýaly saýlama tohumlaryny hem döretdiler. Häzirki wagtda bu iş Türkmenabadyň we Marynyň ýüpek gurçugynyň tohumyny öndürýän zawodlarynda dowam etdirilýär.

Hojalygyň guwandyryjy üstünligi

Ak bugdaý etrabynyň «Ak üzüm» daýhan hojalygy galla taýýarlamak boýunça tabşyryga Ahal welaýatynda ilkinjileriň hatarynda hötde geldi. Tejribeli daýhan Ýusup Bäşimowyň ýolbaşçylyk edýän daýhan hojalygy boýunça üstümizdäki ýylyň hasyly üçin 75 gektar meýdanda bugdaýyň «Alekseiç» görnüşi ýetişdirilip, orak möwsümine ilkinji günlerden jogapkärli çemeleşildi. Yhlas bilen çekilen zähmetiň netijesinde, şertnamalaýyn borçnama üstünlikli ýerine ýetirildi. Daýhan hojalygy tarapyndan guşgursak ak bugdaýyň 168 tonnasynyň ýerine 475 tonna golaýy ýygnalyp, harmana tabşyryldy. Munuň özi meýilnamada göz öňüne tutulandakysyndan 307 tonnadan hem artykdyr. Gallanyň döwlet satyn alyş bahasynyň ýokarlanmagy, şeýle-de daýhanlaryň ýylyň dowamynda goldaw-hemaýatlar, aladalar bilen gurşalmagy şu ajaýyp günlerde gazanylan zähmet üstünliginiň esasy şertine öwrüldi.

Ýeralma hasyly ýygnalýar

Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň öz topragymyzda öndürilen ýeralma, şeýle hem gök önümler bilen bolelin üpjün edilmegi barada öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine saldamy goşant goşmagy maksat edinen welaýatymyzyň ekerançylary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gaýratly zähmet çekýärler. Şeýlelikde, ekerançy daýhanlar şu ýylda ýeralma ekilen 8800 gektar meýdanda ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak ugrundaky işlere öz wagtynda girişip, häzirki günlerde olary öndürijilikli dowam etdirýärler. Bu babatda welaýatymyzyň Şabat etrabynyň ekerançylarynyň has-da tapawutlanýandyklaryny bellemek bolýar. Ýagny olar özleri üçin döredilen şertlerden ýerlikli peýdalanmak bilen, şu ýyl 1995 gektar meýdanda ýeralmanyň bol hasylyny ýetişdirdiler hem-de ony ýygnamaklyga öňdäkileriň hatarynda ähli gujur-gaýratlaryny gönükdirdiler. Şeýlelikde, şu wagta  çenli etrabyň «Nowbahar» daýhan birleşiginde 1 müň, «Dostluk» daýhan birleşiginde 600, «Azatlyk» daýhan birleşiginde 500 tonnadan gowrak ýeralma ýygnalyp, döwlet harmanyna tabşyryldy. Ýetişdirilen ýeralmany öz wagtynda ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrmak babatyndaky işler Görogly, Boldumsaz we beýleki etraplarda hem günsaýyn ýokary depginlere eýe bolýar. Munuň özi halkymyzyň bu önüme bolan isleginiň doly kanagatlandyrylmagyna önjeýli ýardam berer.

Işine yhlasly telekeçi

Ýurdumyzy ýokary depginler bilen ösdürmeklige, milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaklyga saldamly goşant goşmak ugrunda telekeçilerimiz guwandyryjy işleri alyp barýarlar. Olar öndürýän önümleriniň görnüşlerini, hilini, bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak bilen öz öňlerinde goýlan wezipeleri mynasyp ýerine ýetirýärler. Ýurdumyzda önüm öndürijilere goldaw bermek baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde welaýatymyzda hususy hojalyklarynda halkyň islegli önümlerini öndürýän, iş başarjaň hususyýetçiler az däl. Olaryň biri hem Köneürgenç etrabynyň Täze güýç geňeşliginiň Gumgala obasynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Ýagşymyrat Altyýewdir. Ol birnäçe ýyldan bäri oba hojalyk ekinleri üçin örän peýdaly, ekologik taýdan arassa dökün bolan biogumus öndürýän gyzyl kaliforniýa ýagyş gurçuklaryny köpeldip, ony welaýatymyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrmak bilen meşgullanyp gelýär. Biogumus düzümindäki iýmit maddalary ösümlik üçin örän peýdaly bolan organiki dökün. Ol topragyň tebigy gurplulygyny tiz dikeldýär, ösümligiň gögermegini, ösüşini çaltlaşdyrýar we hasyllylygyny ýokarlandyrýar. Düzümi dürli mikro elementlere baý bolan bu dökün ekinleriň immunitetini ýokarlandyrmak bilen, olaryň sowuga, gurakçylyga we zyýankeşlere garşy göreşmek häsiýetini güýçlendirýär. — Gyzyl kaliforniýa gurçuklaryny welaýatymyzyň ýerl

Uly iliň soltanynyň şanyna

Halkymyz gallany berekediň gözbaşy, mele-myssyk nany nygmatlaryň naýbaşysy hasaplaýar. Şol sebäpli daýhanlar topraga tohum sepmäge girişenlerinde birek-birege «Her bir dänäň müň bolsun!», oraga girişenlerinde bolsa «Harmanyňa bereket!» diýip, ýagşy dileg edýärler. Garaşsyzlyk ýyllarynda bolsa bu dabaralar uly toý tutumy bilen bellenilýär. Üstümizdäki ýylyň galla oragyna girişilmegine bagyşlanan dabara hem ýatdagalyjy wakalara baý boldy. Ol bereketliligiň, bolçulygyň, rowaçlygyň aýdyň ýüze çykmasy bolup, joşgunly kalplara ýakymly nuruny çaýdy. Aýdym-sazyň şirin owazyna beslenen dabara bereketli türkmen topragynyň dürli naz-nygmatlarynyň, desterhanlaryň bezegi bolan çörek we çörek önümleriniň özboluşly gözden geçirilişine öwrüldi. Ol Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň azyk Garaşsyzlygyny berkitmek maksady bilen başyny başlan beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýändiginiň aýdyň şöhlelenmesi boldy.

Ene ýeriň berekedi

Kerki etrabynda oba hojalyk ekinlerinden ýylyň-ýylyna bol hasyl toplamagy başarýan «Hatap» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer adamlary etrapda ilkinji bolup döwlete bugdaý tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler. — Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen daýhanlarymyzyň ýokary netijeleri gazanmaklary üçin oňaýly şertler döredilýär. Ýer eýeleriniň önüm öndürmäge bolan höwesini artdyrmak, hasyllylygyň derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagy hakyndaky çözgüt daýhanlarymyzyň ruhlaryny belende göterdi — diýip, daýhan birleşiginiň başlygy Merdan Hakyýew şatlygyny paýlaşýar.

Altynsow çäç beýgelýär

Ekin ene ýeriň bezegidir, ýaraşygydyr. Olaryň arasynda uly iliň soltany saýylýan bugdaý aýratyn orny eýeleýär. Bugdaý nygmatlaryň naýbaşysy, berekediň gözbaşy hasaplanylýar. Gallanyň bolçulygyny döretmek işine etrabymyzyň ussat ýer eýeleri agzybirlik bilen gatnaşýarlar. Şu möwsümde etrabymyz boýunça 15,9 müň gektar meýdanda orak geçirilýär. Bu işe kuwwatly kombaýnlaryň 40-sy çekildi. Olaryň güýji bilen her günde ýüzlerçe gektar meýdanda bugdaý orulýar. Etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň tejribeli kombaýnçylary Begzad Oralow, Narzulla Ýangibaýew dagy her günde 15 — 20 gektar meýdanda orak geçirip, bu işde öz kärdeşlerine görelde bolýarlar. Şeýle gaýratly adamlaryň birleşen tagallalary arkaly altynsow çäjimiz barha belende galýar.

Hususyýetçileriň goşandy

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň içerki bazarlarynda öz topragymyzda öndürilýän önümleriň hasabyna azyk bolçulygyny pugtalandyrmak, önümleriň bahalarynyň elýeterliligini gazanmak hakyndaky sargytlaryna mynasyp jogap berýän babadaýhanlarymyz ýylyň-ýylyna azyklyk ekinleriň dürli görnüşini ýetişdirip, önümleriň bol hasylyny kemala getirýärler. Bu işe Kerki etrabynda oba hojalyk ekinlerini ekip, bol hasyl alýan hususyýetçiler hem uly goşant goşýarlar. Şeýle hususyýetçileriň birisi Artur Hallakow hem topraga ak ýürekden hyzmat edýär. Ol geçen ýylyň güýzünde sogan eken 5 gektar meýdanyndan 125 tonnadan geçirip hasyl almagy başardy. Artur özüniň zähmetiniň ýerine düşendigini begenç bilen bize buşlady. Batyr Rozyýew hem etrapda ýerden bol hasyl öndürmegi başarýan tejribeli hususyýetçileriň biri hasaplanylýar. Ol ýylyň-ýylyna özüniň 4 gektarlyk ýyladyşhanasynda pomidor ösdürip ýetişdirip, ýurdumyzyň azyk bolçulygyna mynasyp goşant goşýar. Batyr geçen ýyl 338, 5 tonna pomidor hasylyny ýygnap, ildeşlerimize hödürledi. Üstümizdäki ýylda hem telekeçi ýigidiň yhlasly zähmeti ýerine düşýär. Pomidoryň bol hasyly kemala getirildi. Häzire çenli 230 tonnadan gowrak pomidor hasyly ýygnalyp, bazarlara çykaryldy. Biýaralarda hasyl entek köp. Ýene-de 100 tonnadan gowrak hasyl ýygnamaklyk göz öňünde tutulýar. Ýeralmadan we gök-bakja ekinlerinden bol hasyl ýetişdirmekde hem hususyýetç

Galla — 2024

Ýygymyň bady artýar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetimiziň oba hojalyk pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça uly ösüşler gazanylýar. Döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli göwrümli işler durmuşa geçirilip, ýokary netijelere eýe bolunýar.

Gallaçylaryň armasy ýetirilýär

Galla oragynyň gyzyşýan häzirki günlerinde oba zähmetkeşlerini zähmet üstünligine ruhlandyrmak, ýetişdirilen gymmatly hasyly öz wagtynda ýygnap almak we möwsüme gatnaşyjylaryň armasyny ýetirmek babatdaky tagallalarda welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalary hem işjeňlik görkezýärler. Möwsümiň dowamynda welaýat häkimliginiň meýilnamasy esasynda etraplaryň daýhan hojalyklarynyň we daýhan birleşikleriniň meýdan düşelgelerinde gallaçylar üçin guralýän medeni-dynç alyş dabaralarynyň täsirli bolmagyny gazanmakda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat, etrap Geňeşleriniň işgärleri hem mynasyp tagalla edýärler. Oba hojalygynda gyzgalaňly dowam edýän galla oragy möwsümine gatnaşyjylaryň arasynda meýdan düşelgelerindäki dabaralarda aýdym-sazly çykyşlara, kitap sergilerine we azyk önümleriniň söwda-satuwyna giň orun berilýär. Olaryň barşynda ýaş gallaçy kärendeçilere, kombaýnlaryň mehanizatorlaryna, şeýle-de awtoulag sürüjilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat, etrap Geňeşleriniň sowgatlary hem gowşurylýar. Şeýle çäreler jogapkärli möwsüme gatnaşýan gallaçylaryň ruhuny göterýär.

Ýaşaýşyň dowamat-dowamy, bugdaý!

31-nji maýda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň azyk bolçulygyny artdyrmakda saldamly goşant goşýan gallaçy daýhanlarymyzyň tutuş ýylyň dowamynda çeken asylly zähmetleriniň miwesi bolan galla oragyna Ahal, Mary, Lebap welaýatlarynda 7-nji iýunda, Balkan, Daşoguz welaýatlarynda bolsa 14-nji iýunda başlanmagyna ak pata berdi. Döwlet Baştutanymyzyň beren ak patasyndan ruhlanan gallaçy daýhanlarymyz geçen hepdäniň anna güni ýurdumyzyň üç welaýatynda il sylagly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen, galla oragyna girişdiler. Biz hem galla oragyna badalga berliş dabarasyna gatnaşan ildeşlerimiziň birnäçesiniň ýürek buýsançlaryny okyjylara ýetirýäris.

Gowaçalarda hatarara bejergi işleri

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda azyk bolçulygyny döretmek üçin esasy oba hojalyk ekinleri bolan bugdaýyň, gowaçanyň, gök we bakja ekinleriniň, miweli baglaryň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmäge hem-de maldarçylyk önümleriniň mukdaryny artdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Gowaçadan ýokary pagta hasylyny almak üçin esasy agrotehniki çäreler, ýagny gämikler gögerip çykandan soň, hatarara bejergi işleri geçirilýär. Gowaçadan doly gögeriş alnandan soň ilkinji hatarara bejergi işleri geçirilýär, toprak ýumşadylýar.

Taýýarlyklar ýokary derejede

Boldumsaz etrabynyň gallaçylary geçen ýylyň güýzünde 22 müň 500 gektar ýerde bugdaý ekip, ýetişdirilen hasyldan şu ýyl 41 müň 550 tonna däne almagy maksat edinýärler. Etrabyň oba zähmetkeşleri şu asylly maksada ýetmek üçin möwsüme ýokary taýýarlyklar bilen barmagyň we galla oragyna guramaçylykly girişmelidigine oňat düşünýärler. Şeýle bolansoň, häzirki wagtda Boldumsaz etrabynyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynda däne orujy kombaýnlaryň 49-sy irgözinden taýýar edilip, olar tejribeli mehanizatorlara berkidildi. Elewatorlardyr kabul ediş nokatlary möwsüme doly taýýarlyk ýagdaýyna getirildi, galla hasylyny daşamaga gatnaşdyryljak awtoulaglaryň sany hem kesgitlenildi. Etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen bir hatarda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Boldumsaz etrap komitetiniň işgärleri gallaçy kärendeçileriň arasynda bolup, olaryň armasyny ýetirip, höweslendiriş çärelerini geçirmäge meýilleşdirýärler. Jogapkärli möwsümiň dowamynda geçiriljek şeýle çäreleriň däne oragynyň depginine oňyn täsirini ýetirip, kärendeçileri zähmet üstünligine ruhlandyrjakdygyna ynanýarys.

Çäjiňe bereket, gallaçy!

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 31-nji maýda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren mejlisiniň barşynda welaýatlarda gallanyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini belläp, ýurdumyzyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda şu ýylyň 7-nji iýunynda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa, 14-nji iýunynda galla oragyna hormatly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen başlamaga ak pata berdi. Şonuň bilen baglylykda, geçen hepdäniň anna güni welaýatymyzda galla oragyna dili senaly ýaşulularyň gatnaşmagynda toý ruhunda girişildi. Welaýatymyzda galla oragyna oňat taýýarlyklar bilen gelindi. Däne orujy tehnikalar, ammarlardyr elewatorlar, bassyrmalar, hasyly bökdençsiz daşamaga gatnaşjak awtoulaglar öňünden doly taýýarlyk ýagdaýynda goýuldy. Möwsüme gatnaşyjy degişli hünärmenler bilen hasyly ýangyndan goramak, tehniki howpsuzlygynyň düzgün-kadalaryna berk eýermek boýunça okuw maslahatlary geçirildi. Galla oragyna badalga bermek bilen baglanyşykly dabaranyň öňüsyrasynda Änew şäherindäki Medeniýet öýünde bolan maslahatda hem şular dogrusyndaky gürrüňe aýratyn üns gönükdirildi.